''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Änewli şahyr

Änew özüniň geçmiş taryhynda dürli medeniýetleri başdan geçirip, dürli döwürlerde zehinli şahsyýetleriň kemala gelmeginde tanalan mekanlaryň biridir. Şeýle zehinleriň biri hem XIX asyryň ahyrynda, XX asyryň başlarynda Änewde Kelteçynar diýlen ýerde dünýä inen Sahypjemal atly şahyr zenandyr. Sahypjemal aýdym-saza, sungata sarpa goýulýan, döwletli, abraýly maşgalanyň gyzy bolupdyr. Ol ene-mamasyndan türkmen halk döredijiligine degişli lälelerdir hüwdüleri, ertekilerdir rowaýatlary eşidip, kalbyny gandyran bolsa, kakasynyň bagşy bolandygy sebäpli, onuň ýerine ýetirýän halk aýdymlaryny hem gana-gana diňläpdir, olaryň sözlerini ýat tutupdyr. Bile bir ojakda önüp-ösen doganynyň hem ata kesbini ýöredip, bagşyçylygy saýlamagy ony söz sungatyna has-da golaýlaşdyrypdyr. Sahypjemalyň doganyna Durdy bagşy diýer ekenler. Durdy bagşy Änew topragynda tutulýan toýlaryň bezegi bolupdyr. Gulagy, göwni hemişe milli halk aýdym-sazlaryndan ganan gyzyň kalbyndan çykan sözler şygra öwrülipdir. Änew topragynyň gözelligi, deň-duşlary bilen geçiren bagtyýar pursatlary, ene-atasynyň mährinden, söwer ýarynyň söýgüsinden, perzendine bolan enelik duýgularyndan ylhamlanan zenanyň goşgulary döwürdeşlerine ruhy lezzet beripdir. Ýöne, ol sowatsyz bolup, goşgularyny ýazga geçirip bilmändir. Diňe

Beýik Seljuklaryň goşun gurluşy

Gahryman Arkadagymyz «Watan goragy mukaddesdir» atly ajaýyp eserinde: «Taryhymyzy, Watan goragynda är işini bitiren serdarlaryň, gerçekleriň, batyrlaryň, gahrymanlaryň ömri, söweş ýoly, edermenligi bilen baglanyşykly taryhy maglumatlary içgin öwreniň, olardan görelde alyň, Watanymyzyň, Ýaragly Güýçlerimiziň gahrymançylykly taryhyny baýlaşdyryň!» diýip jaýdar belleýär. Bu paýhasly sözler ruhuňy ganatlandyryp, gahrymançylykly taryhymyzyň gatbar-gatbar sahypalaryny açmaga, olary halkymyza ýetirmäge uly hyjuw döredýär. Beýik Seljuk türkmenleri kämil goşun gurluşy, adalatly dolandyryşy, giň çäklerde köp milletleri agzybir, ylalaşykly ýaşadandygy bilen taryh sahypalaryna adyny ýazdyrdy. Taryhy maglumatlara esaslansak, nähili kämil goşuny bolandygyna garamazdan, ýöne ýere gylyçlar gynyndan çykmandyr. Çünki ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik olaryň döwründe hem türkmeni beýlekilerden tapawutlandyrýan esasy taglymat boldy. Eýsem, şeýle güýçli döwletde goşun nähili bolduka? Bu sowalyň jogabyny Ibn Esiriň «Kämil taryhyndan», S.Agajanowyň «Селжукиы и уркмения в XI-XII вв.», Ö.Gündogdyýewiň «Прошлое уркмен» hem-de türk seljukşynaslary — S.Kojanyň «Selçuklular' da Ordu ve Askeri Kültür», M.A.Köýmeniň «Büyük Selçuklu Impa

Ahalteke atçylygynyň şöhratly ýolundan parçalar

Türkmenistanda ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäherinde ýerleşýän Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 10-njy fewralyndaky Karary esasynda döredildi. Bu ýokary okuw mekdebinde atçylyk; seýisçilik; weterinar lukmançylygy; weterinar we sanitar ekspertizasy; atly sport we atly syýahatçylyk; milli at üstündäki oýunlar; sirk sungaty; oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy; buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (oba hojalygynda) hünärleri boýunça bilim berilýär we bakalawrlar taýýarlanylýar.

Nebitçileriň waspçysy

Tanymal ýazyjy Şäher Borjakowyň döredijiligi bilen tanşanyňda, onuň kino sungatynda-da, terjimeçilik sungatynda-da bitiren işleriniň az däldigine göz ýetirip bolýar. Onuň edebi esasyny ýazan «Suw hakda aýdym», «Göwün-göwünden...», «Altyndan hem gymmat», «Garabogaz», «Bagt» ýaly dokumental filmleri öz döwründe tomaşaçylara ýetirildi. Ol meşhur rus şahyrlary M.Lermontowyň, N.Tihonowyň, S.Ýeseniniň, A.Twardowskiniň we beýleki doganlyk halklaryň ençeme şahyrlarynyň goşgularyny hem poemalaryny türkmen diline geçirdi. Şonuň ýaly-da, şahyryň öz eserleri hem rus diline hem-de doganlyk halklaryň dillerine terjime edildi. Ol «Deňizde dogan ýyldyzlar», «Gomlaryň arasynda» we başga-da dürli mowzuklara ýüzlenilip döredilen ençeme kitaplaryň ýazary, ýöne okyjylaryň köpüsi oňa «Nebitçileriň waspçysy» diýýärler. Sebäbi ol döredijiliginde, esasan, nebitçileriň zähmeti bilen bagly eserleri kän döretdi. Şonuň üçin merhum şahyr Şäher Borjakow hakynda ýatlama taýýarlap, «Nebit-gaz» gazeti arkaly okyjylara ýetirmegi makul bildik. Şäher Borjakow 1929-njy ýylyň 18-nji sentýabrynda Mary şäherinde gullukçynyň maşgalasynda doglan. Häzirki Türkmenbaşy şäherinde orta bilim alýar. Zähmet ýoluny 1946-njy ýylda öňki oblast gazetinde edebi işgär wezipesinden başlaýar. So

Taryh

Türkmeniň meşhur taryhy şahsyýetleri, olaryň bitiren edermenlikleri ýaş nesil üçin görelde we terbiýe mekdebidir. Redaksiýamyza gelip gowşan köpsanly haýyşlary kanagatlandyrmak maksady bilen, gazetimizde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory, taryh ylymlarynyň kandidaty Jumamyrat Gurbangeldiýewiň «Meşhur türkmen serkerdeleri» atly makalalar toplumyny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. Oguz han — türkmen milletiniň nesilbaşysy, dünýäde ilkinji türkmen döwleti bolan gadymy Oguz döwletiniň düýbüni tutujy, türkmen ruhunyň birinji eýýamynyň ruhy ýolbaşçysy. Oguz han Türkmen dünýä öz elipbiýini, ak bugdaýyny, arabany, türkmen halysyny, gözüňi gamaşdyrýan şaý-sepleri, gamyşgulak bedewini, şol wagt dünýäde deňi-taýy bolmadyk harby sungatyny beren türkmen halkynyň nesilbaşysydyr. Nesil beýany, şejeresi Nuh pygamberden gelip, kakasyna Gara han diýlipdir. Şahsyýet hökmünde ir kemala gelen Oguz han kakasy bilen gapma-garşylyga girip, kakasynyň dini ynanjyndan ýüz öwrüpdir. Täze bir ynanja gol ýapypdyr. Oguz han ýekehudaýlylyk ynanjynyň, kakasy bolsa köphudaýlylyk ynanjynyň tarapynda bolupdyr.

Gadymy çeperçiligiň syrly sazlaşygy

Milli ýadygärliklerimiz Merkezi Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň beýleki halklarynyň medeniýeti bilen aýrylmaz baglanyşykly bolup, ol sungatda öz beýanyny tapýar. Duldegşir goňşy ýurtlar bolan Türkmenistan we Eýran irki ekerançylygy hem-de ajaýyp sungat ýadygärlikleri bilen dünýä bellidir. Eýranda hem, bizde bolşy ýaly, irki ekerançylyga degişli gadymy ýadygärlikler köp. Şunda, ilki bilen, ýurduň merkezindäki, Kaşan şäheriniň günortasyndaky oazisiň çäginde ýerleşýän gadymy Sialk şäherçesiniň adyny tutmak ýerliklidir. Kaşan oazisiniň taryhynda uzak döwrüň dowamynda ýaşaýyş bolupdyr. Sialk I ýadygärliginiň gatlaklarynyň umumy galyňlygy, takmynan, 12 metre ýetýär. Ol iň gadymy ekerançylar barada düşünje berýän esasy ýadygärlikleriň biridir. Günorta Türkmenistanyň Garadepe, Göksüýri ýadygärliklerinden ýüze çykarylan nagyşly keramikanyň nusgalarynyň Eýranyň Gissar, Şahri-söhte we Seýistan ýaly ýadygärlikleriniň keramikasy bilen örän meňzeşdigi alymlarda uly gyzyklanma döredýär. Käbir ýagdaýlarda bu meňzeşlik has haýran galdyrýar. Gadymy adamlaryň ruhy dünýäsini öwrenmek arheologiýa ylmynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Gabyň ýüzüne şekil görnüşinde boýag çalynmak bilen, bezegiň ilkinji başlangyç görnüşleriniň döremegi neolit d

Ýere yhlas eden ýalkanar

Metjitdäki aždarha şekili

Abiwerdden Nusaýa barýan kerwenleriň soňky düşleg ýeri gadymy Änew şäheridir. Orta asyrlardan galan Änew şäherinde ata-babalarymyzyň XV asyryň ortalarynda bina eden täsin metjidiniň harabalygy saklanyp galypdyr. Onuň gurlan senesi binanyň öň tarapynda, girelgesinde ýazylypdyr. 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinden soň, gynansak-da, metjit weýran bolýar. Onuň ozal nähili bolandygyny diňe galan suratlardan görüp bolýar. Ýene-de bu metjidiň öz rowaýaty hem bar, ondaky geň-taň şekilleriň taryhyny hem şol rowaýat gürrüň berýär. Metjidiň esasy girelgesiniň ýokarsynda iki sany aždarhanyň şekili bar. Bu metjit il içinde hormatlanylýan adam, dini ylymlaryň ussady Seýit Jemaleddiniň guburynyň öňünde gurlupdyr. Seýit Jemaleddin barada onuň oglunyň soltan Abul Kasym Baburyň dikmesi — ýerli emir bolandygyndan başga maglumat galmandyr. Änewliler metjitde aždarhanyň şekillendirilmeginiň sebäbini düşündirýän şu rowaýaty gadymdan bäri gürrüň berýärler: «Has gadym zamanlarda bu ýerde kuwwatly gala hem-de şäher bolup, oňa Jemal atly zenan maşgala (rowaýatyň beýleki bir nusgasynda Seýit Jemal atly erkek kişiniň hökümdar bolandygy hem aýdylýar) hökümdarlyk edipdir. Ol hökümdar örän pähimli hem-de adalatly ekeni. Gala diwarynyň düýbünde, metjidiň häzirki duran ýerinde jaňjagaz

Ilkinji magaryfçylar Magtymguly barada

Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýakynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde: «Biz her ýyly belli bir şygar boýunça geçirýäris. Şu ýyly «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan etdik. Bu şygar uly many-mazmuna eýe bolup, watançylygymyzy ýokarlandyrmaga, ýaşlarymyzy terbiýelemäge, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen işleri amala aşyrmaga ruhlandyrýar. Munuň özi biziň üstümize uly jogapkärçiligi ýükleýär. Şoňa görä-de, bu şygary iş ýüzünde amala aşyrmak üçin tutanýerli zähmet çekmelidiris» diýip nygtady we söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň çärelerine ýokary derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi XX asyryň başynda çynlakaý öwrenilmäge başlanýar. Beýik şahyryň döredijiligi onlarça ylmy barlaglaryň esasy bolup, türkmen edebiýatynyň dürli meselelerini öwrenen alymlar hem, ilkinji nobatda, Magtymgulynyň şygyrlaryna ýüzlenipdirler. Meşhur dilçi Şeýh Süleýman Efendiniň (1821/22 — 1847 ý.ý.) «Lugaty Çagataý we Türki-i Osmany» atly eserini muňa mysal görkezmek mümkindir. Sebäbi şahyryň şygyrlary türkmen halkynyň ruhy mirasynyň aýrylmaz bölegidir. Şol bir wagtyň özünde ol türki dünýäniň dil we edebiýat babatyn

Taryhy asyrlara uzaýan gadymy künjek

Änew şäheriniň 2024-nji ýylda Türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi türkmen medeniýetini we taryhyny dünýä ýaýmakda aýratyn orna eýedir. Mälim bolşy ýaly, Änew şäherini 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek boýunça degişli çözgüt Türkiýäniň Bursa şäherinde geçirilen Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň nobatdaky mejlisinde biragyzdan kabul edilipdi. Munuň özi halkymyz üçin şatlykly waka boldy. Arheologik maglumatlar Änew şäheriniň eneolit döwründe — biziň eýýamymyzdan öňki IV — III müňýyllyklarda peýda bolandygyna şaýatlyk edýär. Bu bolsa diňe bir türkmen halkynyň taryhyny däl, eýsem, adamzat siwilizasiýasynyň ösüşini öwrenmekde-de möhüm ähmiýete eýedir. Änew şäheriniň baý taryhy bolup, ol tutuş sebitde ilkinji oturymly ekerançylyk ojagynyň — Jeýtun medeniýetiniň mirasdüşeridir. Taryhda Änew ak bugdaýyň ilkinji ýetişdirilen mekany hökmünde şöhratlanýar. Bu ýerde 120 ýyl ozal amerikaly geolog Rafael Pampelliniň hem-de nemes arheology Gubert Şmitiň ýolbaşçylygynda geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ak bugdaýyň gadymy nusgalarynyň galyndylary ýüze çykaryldy.

Daýahatyn — Soltan Sanjaryň sähradaky köşgi

Jahanşa — adyl hökümdar

Jahanşa Garagoýunlylar türkmen döwletini esaslandyran Gara Ýusubyň üçünji ogly bolup, 1397-nji ýylda Hoý şäheriniň golaýyndaky kiçiräk obada dogulýar. Jahanşanyň kemala gelmegi onuň atasynyň Teýmirilere we Jelairilere garşy söweş alyp baran döwrüne gabat gelýär. Şol söweşleriň netijesinde, 1410-njy ýylda kuwwatly Garagoýunlylar döwleti döreýär. Ol häzirki Azerbaýjanyň, Ermenistanyň ýerlerini, Gündogar Gruziýany, Yragy we başga-da ençeme ýerleri öz düzümine birleşdirýär. Jahanşa eýýäm ýetginjek döwründen mydama kakasynyň ýanynda bolup, uruş alyp barmagyň tärlerini we döwleti dolandyrmagyň inçe syrlaryny öwrenipdir. Jahanşa ençeme harby ýörişlere gatnaşandygyna garamazdan, gowy bilim almaga-da wagt tapypdyr, öz döwrüniň iň ylymly-bilimli adamlarynyň biri bolup ýetişipdir. Mundan başga-da, ol uruş alyp barmagyň we diplomatik «göçümleri etmegiň» ussady bolupdyr. Üstesine-de, tebigat oňa inçe çeperçilik duýgurlygyny-da bagyş edipdir. Jahanşanyň bu ajaýyp zehini Garagoýunlylar döwletiniň başyna geçende äşgär derejede ýüze çykypdyr.

Geçmişiň şöhratly ýaňy

Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) Änew şäherini «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýip yglan etdi. Gadymy Seýit Jemaleddin ýadygärlik toplumy, Änewiň galalary we beýleki taryhy ýerler bu topragyň irki şan-şöhratyndan habar berýär. Seýit Jemaleddin metjidi ady bilen belli bolan bu ymarat hakykatdan hem örän çylşyrymly desgadyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylan 2024-nji ýyl ýurdumyz üçin iň bir şanly ýyllaryň biri boljagy belli. Bu ýyl beýik türkmen akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen birlikde Änew şäheri hem Türki dünýäniň medeni paýtagty hökmünde halkara derejesinde dabaralanar. Aslynda, peştagy aždarha şekilli bu ýadygärlik Horasanda teýmirleriň neslinden bolan Abul Kasym Baburyň dolandyran döwründe XV asyrda gurulýar. Metjidiň peştagynda aždarhalaryň şekillendirilmeginiň manysy bar. Rowaýata görä, birwagtlar şäheriň gala diwarynyň düýbünde bir agaç dikilip, ondan uly jaň asylyp goýlupdyr. Başyna iş düşen her bir ýolagçy jaňy kakmak bilen şähere duýduryş berýär eken, ilat bolsa oňa kömege gelip, başyna düşen işden ony halas edýär eken. Bir gezek, adalatly we parasatly Jamalyň ýurdy dolandyrýan wagtynda adamlar jaňyň gaty we howsalaly kakylýandygyny eşidipdirler. Derwezäniň agzyna y

Türkmeniň sungaty jahana mälim

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:— Dünýäniň hiç bir döwleti hem muzeýsiz, halkyň taryhy geçmişi baradaky gymmatly maglumatlary bir ýerde jemleýän mirashanalarsyz oňup bilmeýär. Bu özboluşly hakykat hazynalary halkyň asylly ýolunyň, medeniýetiniň we sungatynyň, toplan ylmynyň, döreden ruhy gymmatlyklarynyň genji-hazynasydyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň medeniýet we sungat ulgamynyň ösdürilmegi babatda ileri tutýan oňyn syýasaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen suratkeşleriniň döredijilik mümkinçilikleriniň has-da ösdürilmegine, bu ugurda halkara döredijilik bäsleşikleriniň geçirilmegine giň ýollary açýar.

Taryhy ýadygärlikleriň goýnunda

Paryzdepe – Änew ýadygärlikleri hakynda Halkymyzyň örän baý we köptaraply taryhy-medeni mirasy bar. Biziň ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden medeni gymmatlyklary diňe bir sebitiň däl, eýsem tutuş adamzat siwilizasiýasynyň ösüşine uly goşant boldy. Olaryň şol uzak asyrlaryň dowamynda döreden taryhy gymmatlyklary dürli-dürli ýadygärlikleriň görnüşinde biziň günlerimize gelip ýetdi.

ÄNEW AK BUGDAÝYŇ WATANYDYR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda halkymyzyň baý mirasyny, milli ahlak gymmatlyklaryny düýpli öwrenmäge uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilip, ýurdumyzda edebi mirasymyzy öwrenmäge, ýaş nesli milli terbiýäniň ýörelgeleri esasynda kemala getirmäge giň ýol açylýar. Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly türki dünýäde «Beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ýyly» hem-de gadymy türkmen şäheri bolan Änewi 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek hakyndaky Türkmenistanyň teklibini goldamagy halkymyzyň taryhyna goýulýan belent sarpadan nyşan. Munuň özi taryhy we kökleri bir bolan goňşy döwletleriň hem-de doganlyk halklaryň agzybirligini, jebisligini berkitmekde berkarar ýurdumyzyň has ynamdar hyzmatdaşlygy gazanmakdaky ykrarnamasydyr. Bu çözgüt gadymy türkmen halkynyň ruhy-edebi gymmatlyklarynyň halkara derejede wagyz edilmeginde uly ähmiýete eýedir. Türkmeniň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň eserleri umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasydyr. Onuň halkymyzyň ahlak kadalaryna öwrülen pähim-parasatly jümleleri halk arasynda

Gadymy medeniýetiň ojagy

Halkymyzyň örän baý we köptaraply taryhy-medeni mirasy bar. Ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden medeni gymmatlyklary diňe bir sebitiň däl, eýsem, tutuş adamzat siwilizasiýasynyň ösüşine uly goşant boldy. Olaryň uzak asyrlaryň dowamynda döreden taryhy gymmatlyklary dürli ýadygärlikler görnüşinde biziň günlerimize gelip ýetipdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda müňýyllyklara utgaşyp gidýän milli gymmatlyklary özünde jemleýän taryhy ýadygärliklerimizi düýpli öwrenmek, olary geljekki nesillerimize ýetirmek boýunça döwlet derejesinde uly işler amala aşyrylýar. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde Türki medeniýetiniň halkara guramasy TÜRKSOÝ tarapyndan gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi hem sözüň doly manysynda taryhy wakadyr.

Seljuk soltanlary

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow:— Meniň baş maksadym garaşsyzlygymyzyň we bitaraplygymyzyň esaslaryny has-da berkidip, ýurdumyzy beýik geljegimize tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr. Ömür beýanyII jilt1.

Magtymguly Pyragynyň kanoniki portretiniň döreýşi

Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýiniň zallarynyň birini Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň döreden beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň kanoniki portreti bezeýär. Bu portret Magtymgulynyň keşbiniň hut şeýle bolandygyna ynamymyzy berkitdi. Ýogsa, eseriň döredilen wagty suratkeş bary-ýogy 23 ýaşynda eken, ol şonda-da fotosuraty bolmadyk şahyryň keşbini şekillendirmäge ýaýdanmandyr. A.Hajyýewiň ýerine ýetirmeginde Magtymgulynyň asyl keşbiniň emele gelşine düşünmek üçin bu eseriň döreýşiniň taryhyny ýatlamagy makul bildik. 1947-nji ýylda, Aýhan Hajyýewiň Moskwanyň W.I.Surikow adyndaky çeperçilik institutynyň 3-nji ýyllygynda bilim alýan wagty Aşgabatda Magtymgulynyň keşbini döretmek ugrunda bäsleşik yglan edilýär, oňa gatnaşmaga ýaş suratkeş hem çagyrylýar. Emma beýik türkmen şahyrynyň suratyny çekmek pikiri onda bäsleşikden kän wagt ozal döräpdi. Bäsleşige A.Hajyýew soňky çeken suratynyň eskiz görnüşini ugradýar, şol surata hem bäsleşigiň birinji baýragy gowşurylypdyr. Bu waka ýaş suratkeşiň göwnüni ganatlandyrýar, ol esasy portreti döretmäge girişýär.

Seýit Jemaleddin metjidi: taryhy maglumatlar

Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 3-nji ýanwarynda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Şol mejlisde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gadymy Änew şäheriniň adamzat medeniýetiniň gülläp ösen merkezleriniň biridigini nygtady. Bu şäheriň asyrlaryň dowamynda dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekip gelýän we gadymy döwürlerden bäri tutuş Ýer ýüzünde bellidigini nygtamak bilen degişli ýolbaşçylara Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere düýpli taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yhlasly tagallalary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şöhratly taryhymyzy has içgin we düýpli öwrenmäge giň mümkinçilikleri açýar.