Ýere yhlas eden ýalkanar

15 Fewral 2024
713

Güneşli Diýarymyzyň her bir künjeginde şanly taryhy bolan, zähmet ýeňişlerine beslenýän obalaryň, geňeşlikleriň, daýhan birleşikleriniň onlarçasy bar. Öňden gelýän asylly däplere giň gerim berlip, halypa-şägirtlik ýörelgeleri yzygiderli ösdürilýär. Obalaryň taryhy ösüşlerine, zähmet üstünliklerine uly goşant goşan şahsyýetleriň ykbalyny, hasyl ussatlarynyň tejribeleridir hojalygy dolandyrmakdaky netijeli iş usullaryny öwrenmekde bimöçber işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde oba hojalyk pudagyny ösdürmekde, hasyllylygyň derejesini ýokarlandyrmakda, zähmet medeniýetini kämilleşdirmekde, obalaryň ykdysady-maliýe düşewüntliligini artdyrmakda tejribeli daýhanlaryň goşandy juda uly. Bu babatda gürrüň gozgalanda, ilki bilen, Orazgeldi Ärsaryýew, Guwanç Atamedow, Sadulla Rozmetow, Goşa Begmedow, Hüdük Myradow, Aşyr Kakabaýew, Nazly Gylyjow, Togta Saburowa, Ýazbike Toýlyýewa, Sapyş Çerkezow, Rejepguly Ataýew, Berdi Seýitmädow ýaly ussatlar ýadyňa düşýär.

Hawa, ýurdumyzda yhlas bilen halal zähmet çekip, sahawatly topraga mähir siňdirip, ondan kemal tapan, oba hojalyk işiniň döwrebap önümçilik usullaryny netijeli durmuşa geçirmekde tapawutlanan halypalaryň onlarçasy bar. Şolaryň birem Çoşşy Arazgylyjowdyr. Tejribeli ýolbaşçynyň, zähmetden bereket tapan daýhanyň aýratyn yhlaslylygy, ukyp-başarnyklylygy bu günki gün hormat bilen ýatlanýar.

Dädebaý PÄLWANOW,
Görogly etrap häkimliginiň hünärmeni.
Beýleki habarlar