Taryh

18 Fewral 2024
653

Türkmeniň meşhur taryhy şahsyýetleri, olaryň bitiren edermenlikleri ýaş nesil üçin görelde we terbiýe mekdebidir. Redaksiýamyza gelip gowşan köpsanly haýyşlary kanagatlandyrmak maksady bilen, gazetimizde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory, taryh ylymlarynyň kandidaty Jumamyrat Gurbangeldiýewiň «Meşhur türkmen serkerdeleri» atly makalalar toplumyny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Oguz han — türkmen milletiniň nesilbaşysy, dünýäde ilkinji türkmen döwleti bolan gadymy Oguz döwletiniň düýbüni tutujy, türkmen ruhunyň birinji eýýamynyň ruhy ýolbaşçysy. Oguz han Türkmen dünýä öz elipbiýini, ak bugdaýyny, arabany, türkmen halysyny, gözüňi gamaşdyrýan şaý-sepleri, gamyşgulak bedewini, şol wagt dünýäde deňi-taýy bolmadyk harby sungatyny beren türkmen halkynyň nesilbaşysydyr. Nesil beýany, şejeresi Nuh pygamberden gelip, kakasyna Gara han diýlipdir. Şahsyýet hökmünde ir kemala gelen Oguz han kakasy bilen gapma-garşylyga girip, kakasynyň dini ynanjyndan ýüz öwrüpdir. Täze bir ynanja gol ýapypdyr. Oguz han ýekehudaýlylyk ynanjynyň, kakasy bolsa köphudaýlylyk ynanjynyň tarapynda bolupdyr.

Jumamyrat Gurbangeldiýew,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory, taryh ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar