Nebitçileriň waspçysy

19 Fewral 2024
796

Tanymal ýazyjy Şäher Borjakowyň döredijiligi bilen tanşanyňda, onuň kino sungatynda-da, terjimeçilik sungatynda-da bitiren işleriniň az däldigine göz ýetirip bolýar. Onuň edebi esasyny ýazan «Suw hakda aýdym», «Göwün-göwünden...», «Altyndan hem gymmat», «Garabogaz», «Bagt» ýaly dokumental filmleri öz döwründe tomaşaçylara ýetirildi. Ol meşhur rus şahyrlary M.Lermontowyň, N.Tihonowyň, S.Ýeseniniň, A.Twardowskiniň we beýleki doganlyk halklaryň ençeme şahyrlarynyň goşgularyny hem poemalaryny türkmen diline geçirdi. Şonuň ýaly-da, şahyryň öz eserleri hem rus diline hem-de doganlyk halklaryň dillerine terjime edildi. Ol «Deňizde dogan ýyldyzlar», «Gomlaryň arasynda» we başga-da dürli mowzuklara ýüzlenilip döredilen ençeme kitaplaryň ýazary, ýöne okyjylaryň köpüsi oňa «Nebitçileriň waspçysy» diýýärler. Sebäbi ol döredijiliginde, esasan, nebitçileriň zähmeti bilen bagly eserleri kän döretdi. Şonuň üçin merhum şahyr Şäher Borjakow hakynda ýatlama taýýarlap, «Nebit-gaz» gazeti arkaly okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Şäher Borjakow 1929-njy ýylyň 18-nji sentýabrynda Mary şäherinde gullukçynyň maşgalasynda doglan. Häzirki Türkmenbaşy şäherinde orta bilim alýar. Zähmet ýoluny 1946-njy ýylda öňki oblast gazetinde edebi işgär wezipesinden başlaýar. Soňra şäher gazetiniň redaksiýasynda, radiokomitetde işleýär. Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy şäher komitetiniň kätipligine saýlanylýar. Ol 1951-nji ýylda Moskwanyň A.M.Gorkiý adyndaky Edebiýat institutyna okuwa girýär we 1956-njy ýylda ony üstünlikli tamamlap, «Sowet Türkmenistany» gazetiniň redaksiýasynda, «Komsomolskaýa prawda» gazetiniň Türkmenistan boýunça habarçysy wezipesinde, şeýle hem Türkmenistan Kompartiýasynyň MK-synyň diwanynda işleýär.

Akgül SAPAROWA,
«Nebit-gaz».
Beýleki habarlar