Änewli şahyr

21 Fewral 2024
703

Änew özüniň geçmiş taryhynda dürli medeniýetleri başdan geçirip, dürli döwürlerde zehinli şahsyýetleriň kemala gelmeginde tanalan mekanlaryň biridir. Şeýle zehinleriň biri hem XIX asyryň ahyrynda, XX asyryň başlarynda Änewde Kelteçynar diýlen ýerde dünýä inen Sahypjemal atly şahyr zenandyr. Sahypjemal aýdym-saza, sungata sarpa goýulýan, döwletli, abraýly maşgalanyň gyzy bolupdyr. Ol ene-mamasyndan türkmen halk döredijiligine degişli lälelerdir hüwdüleri, ertekilerdir rowaýatlary eşidip, kalbyny gandyran bolsa, kakasynyň bagşy bolandygy sebäpli, onuň ýerine ýetirýän halk aýdymlaryny hem gana-gana diňläpdir, olaryň sözlerini ýat tutupdyr. Bile bir ojakda önüp-ösen doganynyň hem ata kesbini ýöredip, bagşyçylygy saýlamagy ony söz sungatyna has-da golaýlaşdyrypdyr. Sahypjemalyň doganyna Durdy bagşy diýer ekenler. Durdy bagşy Änew topragynda tutulýan toýlaryň bezegi bolupdyr.

Gulagy, göwni hemişe milli halk aýdym-sazlaryndan ganan gyzyň kalbyndan çykan sözler şygra öwrülipdir. Änew topragynyň gözelligi, deň-duşlary bilen geçiren bagtyýar pursatlary, ene-atasynyň mährinden, söwer ýarynyň söýgüsinden, perzendine bolan enelik duýgularyndan ylhamlanan zenanyň goşgulary döwürdeşlerine ruhy lezzet beripdir. Ýöne, ol sowatsyz bolup, goşgularyny ýazga geçirip bilmändir. Diňe ýatdan aýdypdyr, şonuň üçin onuň goşgulary biziň döwrümize doly gelip ýetmändir.

Akbäbek ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasynyň işgäri.
Beýleki habarlar