Taryhy asyrlara uzaýan gadymy künjek

11 Fewral 2024
746

Änew şäheriniň 2024-nji ýylda Türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi türkmen medeniýetini we taryhyny dünýä ýaýmakda aýratyn orna eýedir. Mälim bolşy ýaly, Änew şäherini 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek boýunça degişli çözgüt Türkiýäniň Bursa şäherinde geçirilen Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň nobatdaky mejlisinde biragyzdan kabul edilipdi. Munuň özi halkymyz üçin şatlykly waka boldy.

Arheologik maglumatlar Änew şäheriniň eneolit döwründe — biziň eýýamymyzdan öňki IV — III müňýyllyklarda peýda bolandygyna şaýatlyk edýär. Bu bolsa diňe bir türkmen halkynyň taryhyny däl, eýsem, adamzat siwilizasiýasynyň ösüşini öwrenmekde-de möhüm ähmiýete eýedir. Änew şäheriniň baý taryhy bolup, ol tutuş sebitde ilkinji oturymly ekerançylyk ojagynyň — Jeýtun medeniýetiniň mirasdüşeridir. Taryhda Änew ak bugdaýyň ilkinji ýetişdirilen mekany hökmünde şöhratlanýar. Bu ýerde 120 ýyl ozal amerikaly geolog Rafael Pampelliniň hem-de nemes arheology Gubert Şmitiň ýolbaşçylygynda geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ak bugdaýyň gadymy nusgalarynyň galyndylary ýüze çykaryldy.

Şirinjemal ŞIRGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar