''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Türkmenistan — milli hem-de medeni gymmatlyklaryň mekany

Sungat diýmek — gözellik diýmegi aňladýar. Gözelligiň bar ýerinde bolsa parahatçylyk, ynanyşmak, abadançylyk, dost-doganlyk, agzybirlik, jebislik, kämillik, ösüş, özgeriş, garasaý, gowulyklar diýlende ýada düşýän ähli zat bar. Çünki bular gözelligi döredýärler. Hut şoňa görä-de, sungatyň sarpalanýan Diýaryny — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzy dünýä halklary parahatçylygyň, ynanyşmagyň, abadançylygyň, dost-doganlygyň, agzybirligiň, jebisligiň, kämilligiň, belent ösüşleriň we giň gerimleýin özgerişleriň mekany diýip tanaýarlar. Bu günki günde eziz Diýarymyzyň milli we medeni gymmatlyklarynyň sungatyň iň naýbaşy derejesidigini tutuş dünýä ýüzi ykrar etdi. Munuň şeýledigini bolsa, ýurdumyzyň ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilen gymmatlyklary aýdyňlygy bilen delillendirýär. Bilşimiz ýaly, Garaşsyz Türkmenistan Watanymyz 1993-nji ýylda ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy boldy. 1994-nji ýylda bolsa, ýurdumyz ÝUNESKO-nyň «Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak baradaky» Konwensiýasyna goşuldy. Häzirki wagtda bilim, ylym we medeniýet ulgamynda ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi arkaly parahatçylygyň we howpsuzlygyň ösdürilmegini gazanýan Diýarymyzyň dünýä beren gymmatlyklary ÝUNESKO-da özüniň mynasyp ornuny t

Bitik galasy

Ga­dy­my bi­na­gär­çi­lik sun­ga­ty­nyň tä­sin nus­ga­sy

Par­fi­ýa döw­le­ti­niň paý­tag­ty bo­lan Kö­ne Nu­saý ýa­dy­gär­lik­ler top­lu­my özü­niň bi­na­gär­çi­lik nus­ga­sy bi­len beý­le­ki ýa­dy­gär­lik­ler­den ta­pa­wut­lan­ýar. Dün­ýäniň me­de­ni ösü­şi­niň ga­dy­my ojak­la­ry­nyň bi­ri bo­lan Kö­ne Nu­saý özü­niň ta­ry­hy ýo­lun­da en­çe­me at­la­ra eýe bo­lup­dyr. Bu­lar ba­ra­da ýa­zuw çeş­me­le­rin­de dür­li mag­lu­mat­la­ra ga­bat gel­mek bol­ýar. Grek-rim aw­tor­la­ry­nyň iş­le­rin­de Mer­ke­zi Azi­ýa­da, Hin­dis­tan­da, Eý­ran­da, Kaw­kaz­da, Ki­çi Azi­ýa­da we baş­ga ýer­ler­de bir­nä­çe «Nu­saý» ady­nyň ge­ti­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek. Or­ta asyr çeş­me­le­rin­de we hä­zir­ki za­man to­po­ni­mi­ka­syn­da Tä­ji­gis­ta­nyň, Eý­ra­nyň, Ow­ga­nys­ta­nyň «Nu­saý» at­ly bir­nä­çe oba­sy ýat­la­nyp ge­çil­ýär. Ga­dy­my Par­fi­ýa şa­ly­gy­nyň dö­re­den bi­na­gär­çi­lik mi­ra­syn­da­ky bi­na­la­ryň be­zeg aý­ra­tyn­lyk­la­ry ba­ra­da hem bel­le­mek ge­rek. Kö­ne Nu­saý­dan ta­py­lan bi­na­nyň be­zeg bö­lek­le­ri özü­niň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi we us­sat­ly­gy bo­ýun­ça ta­ryh­çy­lar­da uly gy­zyk­lan­ma dö­red­ýär. Bi­

Ta­ry­hy gym­mat­lyk­la­r

Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň ta­ry­hy we ül­kä­ni öw­re­niş mu­ze­ýi örän baý ta­ry­hy gym­mat­lyk­la­ry özün­de sak­la­ýar. Ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­ri ge­çi­ri­len­de tapylan, bü­rünç asy­ry­na de­giş­li bo­lan zäh­met gu­ral­la­ry mu­ze­ýe ge­lýän­le­riň ün­sü­ni özü­ne çek­ýär. Bu ta­ry­hy gym­mat­lyk­lar şol dö­wür­de ýa­şa­ýyş-dur­mu­şyň has-da joş­gun­ly bo­lan­dy­gy­na, ata-ba­la­ry­my­zyň ag­zy­bir­lik­de zäh­met çe­ken­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär. Merw ga­dy­my ta­ry­hy go­rag­ha­na­sy­nyň hü­när­men­le­ri ta­ra­pyn­dan ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­ri ge­çi­ri­len­de ýü­ze çy­ka­ry­lan şeý­le zäh­met gu­ral­la­ry­nyň Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň ta­ry­hy we ül­kä­ni öw­re­niş mu­ze­ýi­ne tab­şy­ryl­ma­gy bilen mu­ze­ýi­mi­ziň gaz­na­sy­ has hem baý­laş­­dy.

Gadymy abiwerdiň alymlary

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň «Sarahs bilen Änewiň aralygynda» atly üçünji bölüminde dürli taryhy ýerler bilen bir hatarda, gadymy Abiwerd hakynda hem täsirli söhbet açylyp, onuň atlandyrylyşy, bu gadymy künjegiň esasy merkezi hakynda gürrüň berilýär. Taryhy maglumatlara görä, Abiwerdde biziň eýýamymyzdan öňki I müňýyllykdan başlap, tä XVIII-XIX asyrlara çenli ýaşaýyş bolupdyr. Şäher gür ilatly bolup, ilat esasan ekerançylyk we maldarçylyk bilen meşgullanypdyr. Şäheriň daş-töweregini ekerançylyk ýerleri gurşap alypdyr. Şäherde üç sany howuz, birnäçe guýy bolup, olar ilaty agyz suwy bilen üpjün edipdir. Iki sany bazar meýdançasynda senetçilik we oba hojalyk harytlary satylypdyr. Abiwerdde ylym, edebiýat, medeniýet ugrundan uly meşhurlyga eýe bolan şahsyýetler ýaşapdyr. Şolaryň biri hem edebiýatçy alym ibn Ahmet Umawy Mugawy. Onuň asly Abiwerdiň bir obasy bolan Kufendendir. Alym arap diliniň morfologiýasyny, taryhy, ritorikany we stilistikany gowy bilipdir. Onuň ylmyň bu pudaklaryna degişli birnäçe kitaplary hem bolupdyr.

Soltan Mahmyt Gaznaly Türkmen

Dowamy. Başlangyjy žurnalymyzyň geçen sanlarynda. Ömür beýanyV.

Geçmişiň syrly sahypalary

Gadymy Parfiýa döwleti taryhda uly yz galdyrypdyr. Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly 1-nji kitabynda gadymy Parfiýa türkmen nesilşalygynyň uly imperiýa bolan Rim bilen bäsleşendigini belläp geçýär. Parfiýa türkmeniň buýsançly taryhyna öwrülmek bilen gadymy Hytaýyň «Taryhy ýyl ýazgylarynda» we «Han shu» eserinde hem aýratyn bellenip geçilýär. Hytaýyň gadymy han nesilşalygynyň üç patyşalyk döwründe hem Parfiýa barada ýatlanyp geçilýär (biziň eýýamymyzdan öňki 206 we miladynyň 265-nji ýyllary. Şu, Wei, U patyşalarynyň döwri). Parfiýa baradaky gymmatly maglumatlar Hytaýyň «Taryhy ýyl ýazgylary» we «Han shu» eserinde han nesilşalygynyň täze we soňky döwürlerinde hem beýan edilipdir. Bu bolsa gadymy Parfiýanyň taryhyny öwrenmekde gymmatly çeşme bolup hyzmat edýär. Parfiýa Ärsek tarapyndan esaslandyrylandan soň döwletiň ady hökmünde Hytaýyň «Taryhy ýyl ýazgylarynda» we «Han shu» eserlerinde «-An Xi» ieroglifler bilen ýazylypdyr. Bu bolsa Ärsegiň döwleti diýen düşünjäni beripdir. Aslynda hytaýlylaryň «-An ieroglifiniň «howpsuz» we -Xi ieroglifiniň bolsa «dynç» manysynda berilmegi hem diýseň täsindir. Diýmek Parfiýanyň şol döwürde dynç we howpsuz döwlet hökmünde häsiýetlendirilendigini aýtmaga mümkinçilik b

Hanlar hany Baýram han

Halkymyzyň baý taryhy, medeni we ruhy mirasy bar. Milli Liderimiziň rowaçlandyran halypa-şägirtlik ýörelgesinden ugur alyp, buýsançly taryhymyzy, medeni, ruhy mirasymyzy öwrenip, ýaş nesli watansöýüjilik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemek, geçmişimiziň gymmatlyklaryny olaryň kalbyna ornaşdyrmak mukaddes borjumyzdyr. Türkmen halkynyň taryhynda uly yz galdyran şahsyýetleriň biri-de Baýram han Türkmendir. Baýram han Türkmen gelip çykyşy boýunça türkmenleriň baharly tiresine degişlidir. Bahar, Bahar ili, Baharly tiresi Oguz hanyň bäşinji ogly Dag handan we onuň ogly Imrden gözbaş alyp gaýdýar. Imr boýy, Imrili, hususan-da, onuň baharly şahasy taryha Ýunus Emre, Baýram Hoja, Gara Ýusup, Jahanşa Hakyky, Aly Şükür beg, Baýram han, Abdyrahym han-hanan, Soltanguly Kutubşa, Emirhan Mosully, Magrupy ýaly beýik şahslary we türkmenleriň Garagoýunly, Kutubşalar döwletlerini berendir.

Gadymy gymmatlyklar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz halk hojalygynyň dürli ugurlarynda uly ösüşlere, özgerişlere eýe boldy. Hormatly Prezidentimiz «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem ata Watanymyzyň taryhyny, medeniýetini we beýleki özboluşly aýratynlyklaryny öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýär. 5000 ýyldan gowrak şöhratly taryhymyzyň arheologik ýadygärlikleriniň, baý medeni-mirasymyzyň ylmy esasda öwrenilip, ýaş nesle ýetirilmegi ýurdumyzda möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Türkmen topragy dünýä medeniýetiniň, taryhynyň, özara söwda-aragatnaşyk gatnaşygynyň ösüşine ägirt uly goşant goşan gadymy ýurtlaryň biri hökmünde tanalýar. Türkmenistanyň çäklerinde orta asyrlar döwürlerine degişli ýadygärliklerden, gadymy şäherlerden ýüze çykarylan çyralar taryhy, ýasalyş usullary we ulanyş aýratynlyklary boýunça düýpli öwrenilen arheologik tapyndylardyr. Çyradanlar orta asyr döwürlerinde giňden ýaýrap, ynsanyň ýaşaýyş-durmuşynda öýi yşyklandyrmak üçin wajyp ulanylan önümleriň biri bolupdyr. Dürli maksatlara laýyklykda olaryň birnäçe görnüşleri bolupdyr. Olaryň görnüşleriniň, bezegleriniň, göwrümleriniň tapawutlylygyny çyradanlaryň ýasalyş ýerleriniň (şäherleriň, halklaryň, döwletleriň) medeni durmuşy, etnik gelip ç

Ilkinji stepler

Ilkinji stepler (berkidiji) XVIII asyrda Fransiýanyň patyşasy Lýudowik XV üçin ýasalýar. Ol stepleri ilkinji bolup ulanan adamdyr. Şol wagtlar stepler diňe şa köşgünde bolupdyr. Ýöne XIX asyrda kagyzyň giňden ulanylyp başlanmagy bilen, ol berkidijiler her bir edaralarda hem gerekli enjama öwrülipdir. 1867-nji ýylda Jorj Makgil kagyzlary baglamak üçin ýasan berkidijisi üçin ygtyýarnama alypdyr. «Stepler» sözi 1909-njy ýylda ulanyşa girýär. Şoňa çenli ol «berkidiji» diýlip atlandyrylypdyr. 1914-nji ýylda bu enjam ABŞ-nyň birnäçe şereketinde peýda bolýar. 1923-nji ýylda «Boston Wire Stitcher CO» şereketiniň öndüren stepleri ýönekeýligi bilen tapawutlanyp, ol uly meşhurlyga eýe bolupdyr.

Meşhurlaryň durmuşyndan

Dünýä belli fransuz ýazyjysy Žýul Wern 1849-njy ýylda Fransiýada hukuk ugrundan okasa-da, kär saýlamaga howlukmandyr. Ol teatry söýüpdir we belli dramaturg bolmagy arzuw edipdir. Haçan-da, ol «Üç muşketýor» kitabyny okanda, haýran galmakdan ýaňa gygyranyny duýman galypdyr we öz-özüne «Dýumanyň edebiýatda görkezen ukybyny men geografiýada görkezerin» diýip söz beripdir. Ol öz döredijilik tejribesinde «Döretmek we lezzet almak» ýörelgesini işläp düzýär. Žýul Werniň ýazan fantastik romanlary elmydama ylmy açyşlaryň özeni bolupdyr. Ýazyjy her günde 20-den gowrak gazetdir žurnaly okap, gözden geçirýän eken. * * *

Alys­lar­dan uzan ýol­lar

Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň köp şa­ha­la­ry we üz­nük­siz ta­ry­hy Türk­me­nis­ta­nyň ga­dy­my ta­ry­hy bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz «Türk­me­nis­tan – Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi» at­ly ki­ta­byn­da bu ýo­luň ýurdumyzyň çä­gin­den ge­çen eý­ýam­la­ry, onuň ýa­ka­syn­da­ky ker­wen­sa­raý­lar­dyr du­ral­ga­lar, söw­da-hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry ba­ra­da gym­mat­ly mag­lu­mat­la­ry be­ýan ed­ýär. Ki­tap­da nyg­ta­ly­şy ýa­ly, Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň göz­ba­şy bi­ziň eý­ýa­my­myz­dan öň­ki II asyr­dan baş­la­nyp­dyr. Dün­ýä­niň şol döwrüň me­de­ni-yk­dy­sa­dy ojak­la­ry­nyň bi­ri bo­lan ga­dy­my Hy­ta­ýyň mer­ke­zi we­la­ýat­la­ryn­dan göz­baş alyp gaý­dan bu ýol Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň üs­ti bi­len Or­ta­ýer deň­zi­niň gün­do­gar ke­na­ry­nyň ýurt­la­ry­na, soň­ra yk­dy­sa­dy we me­de­ni şä­her ha­sap­la­nan Ri­me ba­ryp ýe­tip­dir. Bu ba­ra­da hor­mat­ly

Gadymy ýadygärlikleriň ojagy

Garaşsyzlykdan galkynan, Bitaraplykdan ýalkanan eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen halkymyzyň gadymy hem-de baý medeni mirasyny, şan-şöhratly taryhyny ylmy taýdan öwrenmekde giň gerimli işler alnyp barylýar. Taryhy-medeni ýadygärliklerimiziň binagärlik gurluşyny sanly ulgam arkaly dikeltmek, olara syýahat etmek mümkinçiliklerini ösdürmek ýaly birnäçe işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Sarahs sebiti ýadygärliklere baý mekanlaryň biridir. Sebitiň arheologik ýadygärlikleri barada birnäçe alymlar ylmy işleri alyp bardylar we häzirki wagtda hem barlaglar geçirilýär. Adamzat medeniýetiniň baý medeni mirasy bolan bu toprak açylmadyk syrlara baý. Sarahsyň çäginde ýerleşýän Meleheýran ýadygärliginde hem türkmen alymlary, «Köne Sarahs» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň hünärmenleri Polşa döwletiniň Warşawa uniwersitetiniň professory B.Kaim bilen bilelikde birnäçe ýyllap gazuw-agtaryş işlerini geçirdiler. Netijede, bu ýadygärligiň Sasanylar döwrüne, ýagny biziň eýýamymyzyň III — VII asyrlaryna degişlidigi anyklanyldy. Ýadygärligiň beýikligi 7 metr, ini 30 metr, uzynlygy bolsa 40 metrdir. Meleheýran ýadygärliginiň 1,5 gektar meýdanda esasy depeden we günbatarynda ýerleşen 5 sany uly bolmadyk gum depejiklerinden ybaratdygy anyklanyldy. Türkmen

Bedewler — ynsan ruhunyň galkynyşy

Ahalteke bedewleriniň türkmen halkynyň durmuşyndaky ähmiýeti dogrusynda asyrlaryň dowamynda birnäçe edebi we taryhy maglumatlar saklanylyp galypdyr. Orta asyrlarda ýaşap, türkmen bedewiniň harby sungatdaky ornuny dünýä ýaýan türkmen alymy Bedreddin Bektutynyň «Harby sungat» atly eserinde şeýle bir rowaýat getirilýär: «Allatagalla Adam Atany ýere indirenden soň: «Eý, Adam, meniň ýaradan jandarlarymdam isläniňi saýla!» diýeninde, hezreti Adam bedew aty saýlaýar. Allatagalla Adam Ata: «Özüňe bir dost hem saýla!» diýeninde, Adam Ata: «Eý, Perwerdigär, men özüme ulag hem, dost, hem saýladym. Ol meniň neslime hem dost, hem ulag bolar» diýipdir. Behişdi bedewleriň döreýşi bilen baglanyşykly başga bir rowaýatda şeýle diýilýär: gadymy döwürde Türkmenistanyň çäginde ýerleşen dag çeşmeleriniň birine atlary suwa ýakmaga getirer ekenler. Atlar suw içip başlanda, suwdan bir ajaýyp at çykýan eken. Soňra baýtallardan örän owadan, güýçli taýçanaklar doglupdyr. Haçan-da türkmenler taýlary eýerläp münenlerinde, olar özlerini asman bilen ýeriň arasynda gaýyp ýören ýaly duýupdyrlar. Bedew at çapyksuwaryň hereketlerini öňünden syzmaga ukyply eken. Munuň özi bedew atlarynyň türkmen halkyna ylahy peşgeş hökmünde berlendiginden habar berýär.

Türkmen tebigy gazynyň taryhy we şu güni

Elli alty ýyl mundan öň, 1966-njy ýylda Üňüz aňyrsyndaky Garagumuň demirgazyk böleginiň çäklerinde ýerleşen Ojak gaz kondensatly känini senagat taýdan özleşdirmek işleri başlandy. Şeýlelikde, ýurdumyzda gaz senagatynyň düýbi tutulyp taryha girdi we sene hökmünde kabul edildi. Bir ýyldan soň bolsa türkmen tebigy gazy Orta Aziýa–— Merkez magistral gaz geçirijä iberilip başlandy. Ojak gaz ýatagyndan soňra Naýyp, Şatlyk, Döwletabat we beýleki onlarça gaz ýataklarynyň açylyp, ulanylmaga berilmegi Günbatar Türkmenistandaky nebitli ýerlerden çykýan ugurdaş gazy önümçilik maksatlary üçin doly peýdalanmaga mümkinçilik berdi. 1970-nji ýyllaryň başynda Türkmenistanda tebigy gazyň gorlarynyň uly möçberiniň bardygy kesgitlenen. Şol döwrüň metbugatynda gazyň gorlary boýunça Türkmenistanyň Orta Aziýada birinji, öňki Soýuz Respublikalaryň arasynda ikinji orny eýeleýänligi hem aýdylýar. Mysal üçin, 1976-njy ýylda Türkmenistanda 62,5 mlrd kubmetr, 1990-njy ýylda 85 mlrd kubmetr gaz çykaryldy. Garaşsyzlyk ýyllarynda 2015-nji ýylda 83,8 mlrd kubmetr, 2019 we 2020-nji ýyllarda hersinde 70-den gowrak, 2021-nji ýylda 83,7-den gowrak (mlrd kubmetr hasabynda) gaz çykaryldy. Her ýylda çykarylýan tebigy gazyň 41-48 göterimden gowragy eksporta iberildi.

Gadymdan galan nusgalar

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de ýur­du­my­zyň ta­ry­hy geç­mi­şi çuň­ňur öw­re­nil­ýär hem-de hal­ky­myz ede­bi-ru­hy gym­mat­lyk­la­ry­my­za eýe bol­ýar. Ata-ba­ba­la­ry­myz geç­miş­de dün­ýä ýü­zün­de bir­nä­çe be­ýik döw­let­le­ri dö­ret­mek bi­len, jahanda özü­niň nus­ga­wy sun­ga­ty­ny hem ýaý­rat­ma­gy, şöh­rat­lan­dyr­ma­gy ba­şar­dy. Se­net de­re­je­sin­de ýü­ze çy­kan mad­dy gym­mat­lyk­lar ada­myň dö­re­di­ji­lik­li ga­raý­şy ne­ti­je­sin­de sun­gat de­re­je­si­ne gö­te­ril­di. Türk­me­niň geç­miş ýa­şa­ýyş dur­mu­şy ha­kyn­da­ky um­ma­syz mag­lu­ma­ty özün­de jem­le­ýän ta­ry­hy ta­pyn­dy­lar, geç­mi­şiň syr­ly sa­hy­pa­la­ry­ny aý­dyň­laş­dyr­mak bi­len bir­lik­de, dün­ýä alym­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­ti­riliş aý­ra­tyn­ly­gy bi­len hem haý­ra­na goý­ýar.

Pelwert hakda kelam

Ýer-ýurt atlarymyz näçe gadymy boldugyça, olary öwrenmegem şonça kyn, jogapkärli wezipe. Hatda olaryň ýekejesini dogruçyl, her taraplaýyn, çuňňur öwrenmek üçin bir adam ömri, onda-da juda zehinli, sowatly, işe yhlasly alymyň ömri gerekdir. Biz bu ýerde, hemişe edişimiz ýaly, ýurduny söýýän, halkynyň şöhratly taryhy baradaky pikirlenmelerini okyjylaryna ýetirmäge howlugýan döredijilik adamy hökmünde çykyş edýäris. Hawa, biz sözümizi öz kärimiz boýunça derňewlerimize esaslanyp aýdýarys. Şeýlelikde, Pelwert hakynda.

Nusaý gymmatlyklary

Türkmenistan dünýä medeniýetiniň taryhynda uly meşhurlyga eýedir. Parfiýa ir zamanlardan başlap medeniýetiň gülläp ösen mekany bolupdyr. Munuň şeýledigine dürli döwürlerde geçirilen gazuw-agtaryş, arheologik barlaglaryň maglumatlary hem şaýatlyk edýär. Parfiýa biziň eýýamymyzdan öňki II — I asyrlarda Gündogaryň medeni taýdan ösen döwletleriniň biridir. Parfiýa döwletiniň paýtagty Nusaý öz döwrüniň medeniýet ojagyna öwrülipdir. Onda onlarça döwlet edaralary, dini ymaratlar, harby-hojalyk binalary, patyşa köşgi, ýaşaýyş jaýlary bolupdyr. Nusaýdan tapylan şirmaýydan haşamlanyp ýasalan ritonlar, heýkeller, parfiýa şalarynyň şekilleri, şa aýal Rodogunanyň daşa siňen merdemsi keşbi, zikgelenen altyn teňňeler, nakgaşlyk öz döwründe Parfiýa medeniýetiniň örän ösendiginden habar berýär. Ritonlaryň käbirleri köşkde geçirilýän meýlisler üçin has uly, 2, 2,5 litr ölçeginde hem ýasalypdyr. Häzire çenli dünýäniň dürli künjeginden tapylan ritonlaryň arasynda görnüşiniň kämilligi we sünnälenen çeper bezegi boýunça Nusaý ritonlarynyň deňi-taýy ýokdur. Bu bolsa olary dünýä sungatynyň iňňän ajaýyp nusgalarynyň hataryna goşýar.

Bu biziň geçmişimiz

Genjihazynalarymyzyň gymmaty Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda asyrlar aşyp gelýän taryhymedeni mirasy düýpli öwrenmek, aýawly saklamak hemde geljek nesillere ýetirmek maksady bilen giň gerimli işler alnyp barylýar. Şu ýylyň 16njy aprelinde “Dehistan” taryhymedeni ýadygärlik toplumynda meýdan şertlerinde geçirilen ylmyamaly maslahat hem munuň aýdyň mysaly boldy.

Geçmişiň buýsançly ýaňy

Türkmen topragynda dörän gadymy medeniýetleriň biri-de ekerançylyk medeniýetidir. Jemgyýetçilik aňynyň ösmegi bilen, ýaşaýşyň maddy esaslary hem döräpdir. Dagdan akan çeşme-çaýlar ekerançylygyň ösmegi üçin amatly şertleri üpjün edipdir. Kadaly we dogry suwarylan ýagdaýynda, ekerançylyk ýerlerinden, köp suw sarp etmezden, bol hasyl almak mümkinçiligi döräpdir. Bu şertler günorta Türkmenistanda oturymly ýaşaýşyň kemala gelmegine, ekerançylyk bilen meşgullanmaga ýol açypdyr. Ylmy barlaglaryň netijesinde, miladydan öňki VI müňýyllyk — neolit döwri, şol wagta degişli ýadygärlikleriň biri Jeýtun bilen baglanyşdyrylyp, «Jeýtun medeniýeti» diýen ada eýe boldy. Neolit döwri arpa-bugdaý ekmek, laýdan jaý salmak, küýzegärlik önümlerini döretmek ýaly dünýä belli açyşlary bilen meşhurdyr. Eneolit döwri bolsa miladydan öňki V-IV müňýyllykda Köpetdagyň etegindäki zolakda oturymly ekerançylyk medeniýetiniň merkeziniň bolandygyny subut edýän, şol döwrüň ýadygärlikleriniň biri Änew bilen baglanyşdyrylyp, «Änew medeniýeti» diýlip atlandyryldy. Bu medeniýet 1904-nji ýylda Waşingtonyň Karnegi institutynyň professory Rafael Pampelliniň gadymy Änewde geçiren arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde açyldy. Şol gazuw-agtaryş işleri Änewiň demirgaz