Türkmen tebigy gazynyň taryhy we şu güni

25 Iýul 2022
1160

Elli alty ýyl mundan öň, 1966-njy ýylda Üňüz aňyrsyndaky Garagumuň demirgazyk böleginiň çäklerinde ýerleşen Ojak gaz kondensatly känini senagat taýdan özleşdirmek işleri başlandy. Şeýlelikde, ýurdumyzda gaz senagatynyň düýbi tutulyp taryha girdi we sene hökmünde kabul edildi. Bir ýyldan soň bolsa türkmen tebigy gazy Orta Aziýa–— Merkez magistral gaz geçirijä iberilip başlandy. Ojak gaz ýatagyndan soňra Naýyp, Şatlyk, Döwletabat we beýleki onlarça gaz ýataklarynyň açylyp, ulanylmaga berilmegi Günbatar Türkmenistandaky nebitli ýerlerden çykýan ugurdaş gazy önümçilik maksatlary üçin doly peýdalanmaga mümkinçilik berdi.

1970-nji ýyllaryň başynda Türkmenistanda tebigy gazyň gorlarynyň uly möçberiniň bardygy kesgitlenen. Şol döwrüň metbugatynda gazyň gorlary boýunça Türkmenistanyň Orta Aziýada birinji, öňki Soýuz Respublikalaryň arasynda ikinji orny eýeleýänligi hem aýdylýar. Mysal üçin, 1976-njy ýylda Türkmenistanda 62,5 mlrd kubmetr, 1990-njy ýylda 85 mlrd kubmetr gaz çykaryldy. Garaşsyzlyk ýyllarynda 2015-nji ýylda 83,8 mlrd kubmetr, 2019 we 2020-nji ýyllarda hersinde 70-den gowrak, 2021-nji ýylda 83,7-den gowrak (mlrd kubmetr hasabynda) gaz çykaryldy. Her ýylda çykarylýan tebigy gazyň 41-48 göterimden gowragy eksporta iberildi.

Mähri MÄMMEDOWA,
«Türkmengaz» DK-nyň baş hünärmeni, Ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy.
Beýleki habarlar