Bitik galasy

10 Awgust 2022
1185

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde pederlerimizden miras galan taryhy-medeni ýadygärliklerimizi aýawly saklamak, olarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmek boýunça giň gerimli çäreler amala aşyrylýar. Biziň welaýatymyzda-da bu ugurda oňyn işler ýola goýuldy. Häzirki wagtda taryhy-medeni ýadygärliklerimizde, galalarda, gadymy desgalarda ylmy-barlag işleri alnyp barylýar.

Şeýle gadymy desgalaryň biri-de Amyderýanyň sag kenarynda, Farap etrabynda ýerleşýän Bitik galasydyr. Bu gala gadymy we orta asyrlar döwrüne degişli bolup, wagtyň geçmegi bilen ýykylyp, weýran bolupdyr. Onuň häzire çenli saklanyp galan meýdany bir gektara golaýdyr. Bitik galasynyň daş-töweregi uly bolmadyk diwar bilen gurşalypdyr we onuň öňki tutýan meýdany 20 gektara golaýlaýar. Diwarlaryň beýikligi 3 metre, ini 2,5 metre deň bolup, ýokarsy diş ýaly kertik görnüşinde edilipdir. Onuň diwarlary palçykdan we çig kerpiçlerden gurlupdyr, kerpiçleriň ölçegi 33 x 22 x 7 santimetre deňdir. Bitik galasynyň diwarlarynda dört sany agaçdan ýasalan derwezesi bolupdyr. Biziň günlerimize çenli onuň diwarlary saklanyp galmandyr. Emma tapylan tapyndylar onuň uly meýdany eýeländigine we bu ýerde ýaşaýşyň bolandygyna güwä geçýär. Bitik galasynyň arheologiki taýdan ýerleşişi öwrenilende, bu ýerde antik döwründen tä XIX asyra çenli ýaşaýşyň bolandygy bellenilýär. Bu gala Amul bilen bir wagtda döräpdir we birnäçe ösüş döwrüni başdan geçiripdir. Kuşan döwletiniň döwründe bolsa söwda ýolunyň ugrunda has amatly ýerde ýerleşipdir.

Ogulgerek AGAJANOWA,
welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar