Hanlar hany Baýram han

9 Awgust 2022
1066

Halkymyzyň baý taryhy, medeni we ruhy mirasy bar. Milli Liderimiziň rowaçlandyran halypa-şägirtlik ýörelgesinden ugur alyp, buýsançly taryhymyzy, medeni, ruhy mirasymyzy öwrenip, ýaş nesli watansöýüjilik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemek, geçmişimiziň gymmatlyklaryny olaryň kalbyna ornaşdyrmak mukaddes borjumyzdyr.

Türkmen halkynyň taryhynda uly yz galdyran şahsyýetleriň biri-de Baýram han Türkmendir. Baýram han Türkmen gelip çykyşy boýunça türkmenleriň baharly tiresine degişlidir. Bahar, Bahar ili, Baharly tiresi Oguz hanyň bäşinji ogly Dag handan we onuň ogly Imrden gözbaş alyp gaýdýar. Imr boýy, Imrili, hususan-da, onuň baharly şahasy taryha Ýunus Emre, Baýram Hoja, Gara Ýusup, Jahanşa Hakyky, Aly Şükür beg, Baýram han, Abdyrahym han-hanan, Soltanguly Kutubşa, Emirhan Mosully, Magrupy ýaly beýik şahslary we türkmenleriň Garagoýunly, Kutubşalar döwletlerini berendir.

Orazpolat EKÄÝEW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň esasy ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar