Gadymy abiwerdiň alymlary

9 Awgust 2022
967

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň «Sarahs bilen Änewiň aralygynda» atly üçünji bölüminde dürli taryhy ýerler bilen bir hatarda, gadymy Abiwerd hakynda hem täsirli söhbet açylyp, onuň atlandyrylyşy, bu gadymy künjegiň esasy merkezi hakynda gürrüň berilýär. Taryhy maglumatlara görä, Abiwerdde biziň eýýamymyzdan öňki I müňýyllykdan başlap, tä XVIII-XIX asyrlara çenli ýaşaýyş bolupdyr. Şäher gür ilatly bolup, ilat esasan ekerançylyk we maldarçylyk bilen meşgullanypdyr. Şäheriň daş-töweregini ekerançylyk ýerleri gurşap alypdyr. Şäherde üç sany howuz, birnäçe guýy bolup, olar ilaty agyz suwy bilen üpjün edipdir. Iki sany bazar meýdançasynda senetçilik we oba hojalyk harytlary satylypdyr.

Abiwerdde ylym, edebiýat, medeniýet ugrundan uly meşhurlyga eýe bolan şahsyýetler ýaşapdyr. Şolaryň biri hem edebiýatçy alym ibn Ahmet Umawy Mugawy. Onuň asly Abiwerdiň bir obasy bolan Kufendendir. Alym arap diliniň morfologiýasyny, taryhy, ritorikany we stilistikany gowy bilipdir. Onuň ylmyň bu pudaklaryna degişli birnäçe kitaplary hem bolupdyr.

Täjigül MYRADOWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň kiçi ylmy işgäri.
Beýleki habarlar