Türkmenistan — milli hem-de medeni gymmatlyklaryň mekany

10 Awgust 2022
1001

Sungat diýmek — gözellik diýmegi aňladýar. Gözelligiň bar ýerinde bolsa parahatçylyk, ynanyşmak, abadançylyk, dost-doganlyk, agzybirlik, jebislik, kämillik, ösüş, özgeriş, garasaý, gowulyklar diýlende ýada düşýän ähli zat bar. Çünki bular gözelligi döredýärler. Hut şoňa görä-de, sungatyň sarpalanýan Diýaryny — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzy dünýä halklary parahatçylygyň, ynanyşmagyň, abadançylygyň, dost-doganlygyň, agzybirligiň, jebisligiň, kämilligiň, belent ösüşleriň we giň gerimleýin özgerişleriň mekany diýip tanaýarlar. Bu günki günde eziz Diýarymyzyň milli we medeni gymmatlyklarynyň sungatyň iň naýbaşy derejesidigini tutuş dünýä ýüzi ykrar etdi. Munuň şeýledigini bolsa, ýurdumyzyň ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilen gymmatlyklary aýdyňlygy bilen delillendirýär.

Bilşimiz ýaly, Garaşsyz Türkmenistan Watanymyz 1993-nji ýylda ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy boldy. 1994-nji ýylda bolsa, ýurdumyz ÝUNESKO-nyň «Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak baradaky» Konwensiýasyna goşuldy. Häzirki wagtda bilim, ylym we medeniýet ulgamynda ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi arkaly parahatçylygyň we howpsuzlygyň ösdürilmegini gazanýan Diýarymyzyň dünýä beren gymmatlyklary ÝUNESKO-da özüniň mynasyp ornuny tapdy. Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň, Nusaý ýadygärlikler toplumynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň görnükli sanawyna girizilmegi, şeýle-de «Görogly» dessançylyk sungatynyň, Nowruz baýramynyň, Küştdepdi aýdym we tans dessurynyň, halyçylyk sungatynyň, dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi halkymyzyň milli we medeni gymmatlyklaryna, taryhy ýadygärliklerine goýulýan dünýä derejesindäki belent sarpanyň subutnamasydyr.

«Esger».
Beýleki habarlar