''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

GÖROGLY BEG

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). GÖROGLY BEG — türkmeniň milli ruhunyň V eýýamynyň üçünjisiniň ruhy ýolbaşçysy. Bu döwürde türkmen ruhy bürgüt bolup, kert-kert gaýalara çykdy. Şeýdip, türkmen ruhy beýiklik, howalalylyk häsiýetine eýe boldy. Howada, ýeriň ýüzünde öz awuny uçuryp, gaçyryp aldy. Şeýdip, hereketlilik, janlylyk häsiýetlerini aldy. Bu eýýamyň ruhunda daş ýarýan, dagy ýykýan gujur jemlendi. Ol diňe bir ýeriň ýüzünde haýdaman, eýsem, gögüň ýüzüne-de göterildi. Oguz hanyň harby-syýasy tizligi medeni-taryhy tizlige öwrüldi. Görogly taryhda ýol goýan, öz taglymatyny döreden ägirtleriň hatarynda goýulýar. Görogly bir ýa-da iki nesliň sygnany bolman, ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda ata-babalarymyzyň aňynda ymykly orun alan, ýalňyzlyk basanda, horluga, süteme sezewar bolnanda, ruhundan medet dilenilýän, milletiň ruhy ýolbaşçylarynyň biridir.

Alym­lar­ba­şy — Ibn Si­na

«7/24. tm» №13 (200), 25.03.2024 Ibn Si­na ha­kyn­da söz açy­lan­da, il­ki bi­len, Mä­ne ba­ba bi­len bag­ly ro­wa­ýat ýa­da düş­ýär. Onuň Mä­ne ba­ba bi­len örän ýa­kyn gat­na­şyk sak­lan­dy­gy ba­ra­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň jöw­her paý­ha­syn­dan dö­rän «Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi» at­ly ese­rin­de: «Mä­ne ba­ba köp ge­zip, dür­li şä­her­ler­de bo­lup, alym­lar, fi­lo­sof­lar bi­len du­şup­dyr, pi­kir al­şyp­dyr. Halk ha­ky­da­sy iki sa­ny us­sat — Mä­ne ba­ba, Ibn Si­na­nyň ara­syn­da­ky söh­be­ti ha­kyn­da ro­wa­ýa­ty şu gün­le­re ýe­tip­dir. Mä­ne ba­ba gep­le­şip otyr­ka­lar, kä­sä­ni ýo­ka­ry zyň­ýar, kä­se bol­sa ho­wa­da asy­ly­şyp dur­ýar. Mä­ne ba­ba myh­ma­ny­na:

Ilkinji bug gämisini kim gurdy?

«7/24. tm» №13 (200), 25.03.2024 Robert Fulton bug gämisiniň «atasy» hasaplanýar. Bug energiýasyny ulanmak bilen baglanyşykly gämi gurluşygyndaky özgeriş ygtybarly bug hereketlendirijileri gelmezinden has öň taýýarlanyp başlandy. Bu pikiri ilkinji gezek fransuz fizigi Deni Papen öňe sürdi. Ol XVII asyryň ahyrynda, Jeýms Watt tarapyndan döredilen bug hereketlendirijisiniň peýda bolmagyndan, takmynan, 90 ýyl ozal onuň nusgasyny synagdan geçirýär. 1707-nji ýylda Papen bug hereketlendirijisi we pürs tigirleri bolan gämini taslaýar, emma bu hakda hiç hili ygtybarly maglumat ýok diýen ýaly. Käbir maglumatlarda üstünlikli synagdan soň işsiz galmakdan gorkýan gaýykçylaryň ony döwendikleri barada aýdylýar.

Luw ýylynyň Nowruzy

Ýurdumyzda 1991-nji ýyldan bäri döwlet derejesinde bellenilip gelinýän Nowruz baýramynyň taryhy kökleri yslamdan has irki döwürlere uzalyp gidýär. «Täze gün» diýmegi aňladýan bu baýramyň döränine bäş müň ýyldan köpräk wagt bolandygy hakda ylmy çaklamalar bar. Nowruz baýramyna degişli ilkinji ýazgylar Omar Haýýamyň «Nowruznama» işinde berilýär. Omar Haýýam Mälikşanyň tabşyrygy boýunça Gün senenamasyny düzende, täze ýylyň başlangyjyna 21-nji marty esas edip alýar. Gün hasaby ekerançylara amatly bolýar. Şahyryň «Nowruznama» atly işinde köneden gelýän däp-dessurlar hakynda gürrüň berilýär.

OGUZ HAN TÜRKMEN

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). «Oguz­na­ma­lar­da» Oguz ha­nyň bo­ýun sun­ma­dyk gar­şy­daş­la­ry bi­len agyp-dö­nüp sö­weş edi­şi ba­ra­da bir­nä­çe my­sal­lar ge­ti­ril­ýär. Oguz han Al­ma­lyk şä­he­ri­niň tö­we­re­gi­niň hä­ki­mi Inal­ha­ny sy­lap goý­man­dyr. «...Iki ta­rap­dan hem köp ýit­gä se­ze­war bol­du­lar. Ahyrso­ňy, se­kiz gün ga­ty urşu­p, Oguz han Inal­ha­ny tu­tup öl­dür­di».

Ýag­şy at gal­dy­ran alym

«7/24. tm» №12 (199), 18.03.2024 Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň we Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ylym­la­ryň dür­li ugur­la­ryn­da yz gal­dy­ran alym­la­ryň mi­ras­la­ry­ny çuň­ňur öw­ren­mä­ge giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär.

Uzyn Hasan döwletiň özygtyýarlylygyny goran hökümdar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: «Türkmen halky asyrlaryň jümmüşinden gaýdýan bäş müň ýyllyk taryhynyň dowamynda, dürli sebäplere görä, dünýäniň çar künjegine ýaýrapdyr» diýip belleýşi ýaly, türkmen halky, esasan, orta asyrlarda häzirki Türkmenistanyň çäginiň daşyna ýaýrapdyr. Göçüp baran ýerlerinde beglikleri, döwletleri esaslandyrypdyr. Şeýle döwletleriň biri hem Akgoýunly türkmen döwletidir. Ol häzirki Türkiýe Respublikasynyň gündogaryny, Eýranyň demirgazyk-günbataryny, Yragyň demirgazyk-gündogaryny, Azerbaýjanyň we Ermenistanyň aglaba bölegini öz içine alypdyr. Akgoýunly döwletiniň ilkinji taryhy şahsyýeti Turaly beg hasaplanýar. Onuň agtygy Gara Ýülük Osman beg döwleti esaslandyryjydyr. Ol 1403-nji ýylda merkezi Diýarbekir şäheri bolan Akgoýunly döwletini gurupdyr. Onuň agtygy Uzyn Hasanyň (1453 — 1478) dolandyran döwründe bolsa, döwlet şadöwlet derejesine ýetip, paýtagt Töwriz şäherine geçirilipdir. Uzyn Hasan Akgoýunly döwletiniň özygtyýarlylygyny goramak üçin tagta geçen hökümdar. Munuň şeýledigine döwletiň taryhyny içgin öwrenenimizde has aýdyň göz ýetirýäris.

Şahyryň şygrynda taryhyň ýady

Magtymguly Pyragynyň döredijilik zehininiň egsilmez gorundan kuwwatlanýan häzirkizaman türkmen medeniýeti, onuň ajaýyp şahyrana dünýäsinden kemal tapýar. Ynsan kalbyny heýjana salýan setirler dilden-dile geçip, gaýtalanmajak ruhy bitewüligi emele getirýär. Magtymgulynyň bahasyna ýetip bolmajak hyzmaty diňe bir Watanyň howalaly ruhuny örän ýokary çeperçilik derejesinde beýan etmeginden däl-de, eýsem, geçip barýan üznüksiz ýyllaryň aňyrsyndan nurlanyp görünýän alysdaky säheri görmegi başarandygyndan hem ybaratdyr. Akyldar şahyryň ynsan ýüregine öçmejek uçgun bolup ornan şygyrlarynyň aglabasyndan geçmişiň syrlaryny açýan örän gymmatly taryhy maglumatlary görmek bolýar. Şolaryň biri-de 1747 — 1773-nji ýyllarda Owganystanda şalyk süren Ahmet şa Dürrana bagyşlanan «Arşy-aglaýa» goşgusydyr. Ahmet şa owgan we türkmen halklaryny daşky süteme garşy bileleşip göreşmäge çagyrypdyr. Goşguda Ahmet şanyň öz halkynyň dagynyk güýçlerini birleşdirmek üçin edýän hereketleri we onuň Horasanyň sebitlerine guran ýörişleri görkezilipdir. Onda öň Nedir şanyň goşun serkerdesi bolup gulluk eden Hanaly hanyň hem ady getirilipdir.

Beýik Seljuk döwletiniň görnükli zenanlary

Halkymyz asyrlarboýy zenan maşgalalaryny ezizläp, olara uly hormat goýup gelýär. Bu hakykata taryhda yz galdyran görnükli türkmen zenanlarynyň mysalynda hem şaýat bolýarys. Biz hem şu makalamyzda taryhy çeşmelere we edebiýatlara salgylanyp, şöhratly taryhymyzyň buýsanjy — Beýik Seljuk türkmen döwletinde ähmiýetli orna eýe bolan meşhur zenanlar baradaky maglumatlary okyjylara ýetirmegi makul bildik. Türkmenlerde zenan sarpasy nesilbaşymyz Oguz han zamanasyndan gözbaş alýar. Şol döwürlere degişli taryhy çeşmeler seljerilende, zenan mertebesiniň belentde tutulandygyna, türkmen zenanlarynyň maşgala ojagyna wepaly bolandyklaryna, olara jemgyýetde erkekler bilen deň derejede garalandygyna göz ýetirmek bolýar. Oguz dessurlaryny özlerine ýörelge edinen seljuklarda hem zenanlaryň giň hukuklary bolupdyr. Taryhy çeşmelerde seljuk şazenanlarynyň ilçileri kabul etmek, giň mülk ýerlerine eýeçilik etmek, zerur halatynda özlerine degişli gorag maksatly goşuny döretmek, mirasdüşer şazadany bellemek ýaly mümkinçiliklere eýe bolandyklary bellenilýär.

OGUZ HAN TÜRKMEN

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). Oguz han Talasy we Saýramy, Mawerannahry, Buharany, Horezmi eýelänsoň, jahan ýörişine ugrapdyr. Reşideddiniň beýan etmegine görä, Oguz han Hind ülkesini, Çyn-Maçyny boýun egdirip, Türküstana dolanýar. Amuýa (Amyderýa) derýasyndan geçip, Garçystana goşun çekip, ilçi iberýär. Garçystan, Gazna Zabul we Kabul söweşmän boýun egip, mal bermekligi kabul edýärler. Şam, Eýran, Müsür, Rum, Pereň ülkelerini boýun egdirip, Beýik Jahangir Watanyna dolanypdyr. Rowaýatlara görä, 116 ýyl hökümdarlyk eden Oguz han Hak rahmetine gowşupdyr.

TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY SÜTÜNLERI

Magtymguly Pyragy türkmeniň ruhy sütünleriniň biri bolmak bilen, halkymyzyň durmuşynda we terbiýe mekdebinde mynasyp orun eýeleýär. Akyldar  şahyryň döredijiligi türkmen halkynyň ynsanperwer dünýäsiniň, çuň mazmunly edebi mirasynyň, özboluşly garaýyş medeniýetiniň, ýaş nesli ýokary ahlak ýörelgelerine laýyklykda terbiýelemegiň milli mekdebidir. Beýik şahyryň döredijiligi ynsanda iň gowy häsiýetleri, ruhy-ahlak taýdan päkizeligi, dogruçyllygy, ile-güne, Watana wepalylygy, lebzihalallygy, ylma-bilime ymtylyşy, bilesigelijiligi terbiýeleýär. Gündogaryň beýik akyldarynyň şygryýet mirasy türkmen halkynyň dünýä edebiýatyna goşan ajaýyp we özboluşly  goşandydyr. Bu miras diňe bir türkmen halkynyň milli buýsanjy bolmak bilen çäklenmän, eýsem dünýäniň ähli halklarynyň ruhy-ahlak gymmatlygyny emele  getirýär.

Gadymy medeniýetiň ojagy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň taryhyny, maddy we ruhy gymmatlyklaryny öwrenmäge, dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredildi. Gahryman Arkadagymyz şeýle belleýär: «Biziň topragymyzyň her bir daban ýeri ylmy barlaglar üçin gymmatly çeşme bolmak bilen, ýene-de näçe täsinlikleri özünde jemleýändigi doly mälim däl». Dogrudan-da, geçmiş taryhymyzyň açylmadyk syrly sahypalary örän köpdür. Gadymy medeni ojaklaryň biri hasaplanylýan Änew medeniýeti özüniň baý taryhy bilen dünýä alymlarynyň ünsüni çekip gelipdir. XIX asyryň ahyrlarynda we XX asyryň başlarynda sowet hem-de daşary ýurtly alymlar gadymy Änewi öwrenmäge girişýärler. Änew depesinde ilkinji bolup 1886-njy ýylda rus generaly A.Komarow Aşgabat garnizonynyň esgerleri bilen gadymy ýadygärligiň taryhyny öwrenmäge girişýär. Onuň Änewde geçiren gazuw-agtaryş işleri barada 1888-nji ýylda Sankt-Peterburgda Russiýa geografiýa jemgyýetiniň Gündogar bölüminde eden ylmy çykyşynyň beýany gysgaldylan görnüşinde şol ýyl «Nowosti» gazetinde, Türküstan general-gubernatorynyň «Turkestanskiýe wedomosti» gazetinde çap edilýär. A.Komarowyň hasabatyndaky görkezilen taryhy ýadygärlikleri öwrenmek maksady bilen alymlaryň ýörite arheologik gözleg topary döredilýär.

Şöhratly taryhymyzyň gadymy çeşmeleri

Adamyň ruhy-ahlak kämilliginiň kemala gelmeginde medeni miras özboluşly ähmiýete eýedir. Medeni miras nesilleri baglanyşdyrýar. Adamlaryň geçmişini, şu gününi we geljegini bir bitewülige birleşdirýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde milli medeni mirasymyzy ylmy esasda öwrenmek we onuň ösüşine täze badalga bermek üçin düýpli işler amal edilýär. Türkmenistan gadymy, şöhratly taryha eýe bolan baý medeni mirasly künjekleriň biri hasaplanylýar. Soňky ýyllarda geçirilen arheologik barlaglar hem-de öwrenilen etnografik gymmatlyklar ata Watanymyz Türkmenistany adamzat siwilizasiýasynyň bäş sany merkeziniň biri hökmünde ykrar etmäge esas berýär.

Änew medeni mirasy özünde jemleýän taryhy şäher

Änew türki dünýäniň gadymy medeniýetini özünde jemleýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary bilen üstünliklere beslenýän şu ýylda Änew şäherini «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek boýunça degişli çözgüt Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň mejlisinde kabul edildi. Şonuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow 4-nji ýanwarda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň 2023-nji ýyldaky ilkinji mejlisiniň barşynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaralary we çäreleri guramaçylykly geçirmek maksady bilen degişli resminama gol çekdi, şonuň esasynda guramaçylyk topary döredilip, onuň düzümi, şeýle-de geçiriljek dabaralardyr çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Änewli şahyr

Änew özüniň geçmiş taryhynda dürli medeniýetleri başdan geçirip, dürli döwürlerde zehinli şahsyýetleriň kemala gelmeginde tanalan mekanlaryň biridir. Şeýle zehinleriň biri hem XIX asyryň ahyrynda, XX asyryň başlarynda Änewde Kelteçynar diýlen ýerde dünýä inen Sahypjemal atly şahyr zenandyr. Sahypjemal aýdym-saza, sungata sarpa goýulýan, döwletli, abraýly maşgalanyň gyzy bolupdyr. Ol ene-mamasyndan türkmen halk döredijiligine degişli lälelerdir hüwdüleri, ertekilerdir rowaýatlary eşidip, kalbyny gandyran bolsa, kakasynyň bagşy bolandygy sebäpli, onuň ýerine ýetirýän halk aýdymlaryny hem gana-gana diňläpdir, olaryň sözlerini ýat tutupdyr. Bile bir ojakda önüp-ösen doganynyň hem ata kesbini ýöredip, bagşyçylygy saýlamagy ony söz sungatyna has-da golaýlaşdyrypdyr. Sahypjemalyň doganyna Durdy bagşy diýer ekenler. Durdy bagşy Änew topragynda tutulýan toýlaryň bezegi bolupdyr. Gulagy, göwni hemişe milli halk aýdym-sazlaryndan ganan gyzyň kalbyndan çykan sözler şygra öwrülipdir. Änew topragynyň gözelligi, deň-duşlary bilen geçiren bagtyýar pursatlary, ene-atasynyň mährinden, söwer ýarynyň söýgüsinden, perzendine bolan enelik duýgularyndan ylhamlanan zenanyň goşgulary döwürdeşlerine ruhy lezzet beripdir. Ýöne, ol sowatsyz bolup, goşgularyny ýazga geçirip bilmändir. Diňe

Beýik Seljuklaryň goşun gurluşy

Gahryman Arkadagymyz «Watan goragy mukaddesdir» atly ajaýyp eserinde: «Taryhymyzy, Watan goragynda är işini bitiren serdarlaryň, gerçekleriň, batyrlaryň, gahrymanlaryň ömri, söweş ýoly, edermenligi bilen baglanyşykly taryhy maglumatlary içgin öwreniň, olardan görelde alyň, Watanymyzyň, Ýaragly Güýçlerimiziň gahrymançylykly taryhyny baýlaşdyryň!» diýip jaýdar belleýär. Bu paýhasly sözler ruhuňy ganatlandyryp, gahrymançylykly taryhymyzyň gatbar-gatbar sahypalaryny açmaga, olary halkymyza ýetirmäge uly hyjuw döredýär. Beýik Seljuk türkmenleri kämil goşun gurluşy, adalatly dolandyryşy, giň çäklerde köp milletleri agzybir, ylalaşykly ýaşadandygy bilen taryh sahypalaryna adyny ýazdyrdy. Taryhy maglumatlara esaslansak, nähili kämil goşuny bolandygyna garamazdan, ýöne ýere gylyçlar gynyndan çykmandyr. Çünki ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik olaryň döwründe hem türkmeni beýlekilerden tapawutlandyrýan esasy taglymat boldy. Eýsem, şeýle güýçli döwletde goşun nähili bolduka? Bu sowalyň jogabyny Ibn Esiriň «Kämil taryhyndan», S.Agajanowyň «Селжукиы и уркмения в XI-XII вв.», Ö.Gündogdyýewiň «Прошлое уркмен» hem-de türk seljukşynaslary — S.Kojanyň «Selçuklular' da Ordu ve Askeri Kültür», M.A.Köýmeniň «Büyük Selçuklu Impa

Ahalteke atçylygynyň şöhratly ýolundan parçalar

Türkmenistanda ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäherinde ýerleşýän Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 10-njy fewralyndaky Karary esasynda döredildi. Bu ýokary okuw mekdebinde atçylyk; seýisçilik; weterinar lukmançylygy; weterinar we sanitar ekspertizasy; atly sport we atly syýahatçylyk; milli at üstündäki oýunlar; sirk sungaty; oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy; buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (oba hojalygynda) hünärleri boýunça bilim berilýär we bakalawrlar taýýarlanylýar.

Nebitçileriň waspçysy

Tanymal ýazyjy Şäher Borjakowyň döredijiligi bilen tanşanyňda, onuň kino sungatynda-da, terjimeçilik sungatynda-da bitiren işleriniň az däldigine göz ýetirip bolýar. Onuň edebi esasyny ýazan «Suw hakda aýdym», «Göwün-göwünden...», «Altyndan hem gymmat», «Garabogaz», «Bagt» ýaly dokumental filmleri öz döwründe tomaşaçylara ýetirildi. Ol meşhur rus şahyrlary M.Lermontowyň, N.Tihonowyň, S.Ýeseniniň, A.Twardowskiniň we beýleki doganlyk halklaryň ençeme şahyrlarynyň goşgularyny hem poemalaryny türkmen diline geçirdi. Şonuň ýaly-da, şahyryň öz eserleri hem rus diline hem-de doganlyk halklaryň dillerine terjime edildi. Ol «Deňizde dogan ýyldyzlar», «Gomlaryň arasynda» we başga-da dürli mowzuklara ýüzlenilip döredilen ençeme kitaplaryň ýazary, ýöne okyjylaryň köpüsi oňa «Nebitçileriň waspçysy» diýýärler. Sebäbi ol döredijiliginde, esasan, nebitçileriň zähmeti bilen bagly eserleri kän döretdi. Şonuň üçin merhum şahyr Şäher Borjakow hakynda ýatlama taýýarlap, «Nebit-gaz» gazeti arkaly okyjylara ýetirmegi makul bildik. Şäher Borjakow 1929-njy ýylyň 18-nji sentýabrynda Mary şäherinde gullukçynyň maşgalasynda doglan. Häzirki Türkmenbaşy şäherinde orta bilim alýar. Zähmet ýoluny 1946-njy ýylda öňki oblast gazetinde edebi işgär wezipesinden başlaýar. So

Taryh

Türkmeniň meşhur taryhy şahsyýetleri, olaryň bitiren edermenlikleri ýaş nesil üçin görelde we terbiýe mekdebidir. Redaksiýamyza gelip gowşan köpsanly haýyşlary kanagatlandyrmak maksady bilen, gazetimizde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory, taryh ylymlarynyň kandidaty Jumamyrat Gurbangeldiýewiň «Meşhur türkmen serkerdeleri» atly makalalar toplumyny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. Oguz han — türkmen milletiniň nesilbaşysy, dünýäde ilkinji türkmen döwleti bolan gadymy Oguz döwletiniň düýbüni tutujy, türkmen ruhunyň birinji eýýamynyň ruhy ýolbaşçysy. Oguz han Türkmen dünýä öz elipbiýini, ak bugdaýyny, arabany, türkmen halysyny, gözüňi gamaşdyrýan şaý-sepleri, gamyşgulak bedewini, şol wagt dünýäde deňi-taýy bolmadyk harby sungatyny beren türkmen halkynyň nesilbaşysydyr. Nesil beýany, şejeresi Nuh pygamberden gelip, kakasyna Gara han diýlipdir. Şahsyýet hökmünde ir kemala gelen Oguz han kakasy bilen gapma-garşylyga girip, kakasynyň dini ynanjyndan ýüz öwrüpdir. Täze bir ynanja gol ýapypdyr. Oguz han ýekehudaýlylyk ynanjynyň, kakasy bolsa köphudaýlylyk ynanjynyň tarapynda bolupdyr.

Gadymy çeperçiligiň syrly sazlaşygy

Milli ýadygärliklerimiz Merkezi Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň beýleki halklarynyň medeniýeti bilen aýrylmaz baglanyşykly bolup, ol sungatda öz beýanyny tapýar. Duldegşir goňşy ýurtlar bolan Türkmenistan we Eýran irki ekerançylygy hem-de ajaýyp sungat ýadygärlikleri bilen dünýä bellidir. Eýranda hem, bizde bolşy ýaly, irki ekerançylyga degişli gadymy ýadygärlikler köp. Şunda, ilki bilen, ýurduň merkezindäki, Kaşan şäheriniň günortasyndaky oazisiň çäginde ýerleşýän gadymy Sialk şäherçesiniň adyny tutmak ýerliklidir. Kaşan oazisiniň taryhynda uzak döwrüň dowamynda ýaşaýyş bolupdyr. Sialk I ýadygärliginiň gatlaklarynyň umumy galyňlygy, takmynan, 12 metre ýetýär. Ol iň gadymy ekerançylar barada düşünje berýän esasy ýadygärlikleriň biridir. Günorta Türkmenistanyň Garadepe, Göksüýri ýadygärliklerinden ýüze çykarylan nagyşly keramikanyň nusgalarynyň Eýranyň Gissar, Şahri-söhte we Seýistan ýaly ýadygärlikleriniň keramikasy bilen örän meňzeşdigi alymlarda uly gyzyklanma döredýär. Käbir ýagdaýlarda bu meňzeşlik has haýran galdyrýar. Gadymy adamlaryň ruhy dünýäsini öwrenmek arheologiýa ylmynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Gabyň ýüzüne şekil görnüşinde boýag çalynmak bilen, bezegiň ilkinji başlangyç görnüşleriniň döremegi neolit d