Änew medeni mirasy özünde jemleýän taryhy şäher

26 Fewral 2024
586

Änew türki dünýäniň gadymy medeniýetini özünde jemleýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary bilen üstünliklere beslenýän şu ýylda Änew şäherini «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek boýunça degişli çözgüt Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň mejlisinde kabul edildi.

Şonuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow 4-nji ýanwarda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň 2023-nji ýyldaky ilkinji mejlisiniň barşynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaralary we çäreleri guramaçylykly geçirmek maksady bilen degişli resminama gol çekdi, şonuň esasynda guramaçylyk topary döredilip, onuň düzümi, şeýle-de geçiriljek dabaralardyr çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Serdarmuhammet MUHAMMEDOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-nyň talyby.
Beýleki habarlar