Şöhratly taryhymyzyň gadymy çeşmeleri

27 Fewral 2024
661

Adamyň ruhy-ahlak kämilliginiň kemala gelmeginde medeni miras özboluşly ähmiýete eýedir. Medeni miras nesilleri baglanyşdyrýar. Adamlaryň geçmişini, şu gününi we geljegini bir bitewülige birleşdirýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde milli medeni mirasymyzy ylmy esasda öwrenmek we onuň ösüşine täze badalga bermek üçin düýpli işler amal edilýär.

Türkmenistan gadymy, şöhratly taryha eýe bolan baý medeni mirasly künjekleriň biri hasaplanylýar. Soňky ýyllarda geçirilen arheologik barlaglar hem-de öwrenilen etnografik gymmatlyklar ata Watanymyz Türkmenistany adamzat siwilizasiýasynyň bäş sany merkeziniň biri hökmünde ykrar etmäge esas berýär.

Ogulşirin ÖRÄÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar