"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Ylma teşne ýürek

Tomusky dynç alyşda talyplara halk arasyndaky edebi eserleri jemläp, ýazga geçirmegi tabşyrypdyk. Ynha, halkyň ruhy hazynasy jemlenen galyň-galyň depderler. Birinji depderi açýaryn, «Toý aýdymlary» diýen sözbaşy bilen şu bentler ýazylypdyr. Bentleriň dowamy tanyş, inçeden mylaýym ses bilen aňymda ýaňlanyp başlady: Meniň geze-en ýerlerime-e,

Durnukly energiýa üpjünçiligi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda guwandyryjy üstünlikler gazanylýar, uzak möhletleýin geljege we durnukly ösüşe gönükdirilen taslamalar amala aşyrylýar. Ýurdumyzda energetika pudagy şu günki gazanýan uly ykdysady üstünliklerimiziň, geljekde ýetmeli belent sepgitlerimiziň berk binýady hasap edilýär. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly gatnaşmagynda Ahal — Balkan ugry boýunça ýokary woltly täze asma elektrik geçirijisiniň uly dabara bilen işe girizilmegi halkymyz üçin ýatdan çykmajak pursatlara beslendi. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň energetika pudagyny ösdürmäge aýratyn üns berýär. Milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde hem-de ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuşynda bu pudagyň ähmiýetli orny bar.

Haçan başlamaly?

Her ynsanyň kalbynda ýüzlerçe bolmasa-da, onlarça arzuw-hyýal, etsem-goýsam mesgen tutýar. Ugrunda yhlas edilse, zähmet çekilse, şol arzuwlaryň hasyl boljakdygy ikuçsuz. Olaryň arasynda diňe özümizi ýa-da daş-töweregimizi däl, eýsem, dünýäni gözelleşdirip biljek belent hyýallaryň bardygyna hem ynanýarys. Ýöne işe başlamagyň «sähetli wagtyny» saýlap bilmezlik şol «göwne düwmeleriň» — nebir arzuwlaryň öserini çürtüp taşlamak bilen des-deňdir. Ekilmedik nahal, başlanmadyk iş bitmeýär. Aslynda, «Işiň iň kyn ýeri — başlamak, işe girişmek» diýilýär. Bir başyna barylsa, dessine abyny-tabyny alyp, gyzygyp gidýäris. Bilermenleriň maglumatyna görä, adamlar ömürleriniň agramly bölegini nämedir bir zada garaşyp geçirýärler. Arzuwlarymyzy hasyl etmek, bir işe girişmek babatda hem şeýle. Ugrunda yhlasly zähmet çekip, gowy netijesine garaşmak bolsa başga zat, emma başlamak üçin amatly wagta garaşmak düýbünden aýry zat. Şonuň üçin hem bilermenler köp ýyllara çeken tejribeleriň, pikir alyşmalaryň dowamynda şeýle netijä gelipdirler. «Eger-de ýürekleriňiz arzuw-hyýallardan püre-pür bolsa, onda başlamak üçin:

Ylmy diplomatiýanyň dünýä ykrarnamasy

Geçen ýyllarda Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň, Nusaýyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi, «Görogly» dessançylyk sungatynyň, «Küştdepdi» aýdym we tans dessurynyň, türkmen milli halyçylyk sungatynyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulmagy Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geriminiň has giňändiginden habar berýär. Şu mysalda türkmen döwletiniň alyp barýan giň gerimli medeni, ylmy diplomatiýasynyň dünýäde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasyny görýäris. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk institutynda ÝUNESKO kafedralarynyň döredilip, orta mekdeplerimiziň birnäçesiniň bu guramanyň Mekdepler bileleşiginiň düzümine girizilmegi hem Türkmenistanda alnyp barylýan medeni işleriň we ylmy diplomatiýanyň nobatdaky ykrarnamasyna öwrülýär.

Tejribeli alymdy, halypa mugallymdy

Görnükli döwlet işgäri, halypa alym Ýagşygeldi Kakaýew aramyzda ýaşap ýörenliginde 24-nji oktýabrda 62 ýaşamalydy. Türkmende «Ýagşydan at galar» diýen pähim bar. Hawa, ýurdumyzyň iri, abraýly Halkara nebit we gaz uniwersitetine Ýagşygeldi Kakaýewiň adynyň dakylmagyny muňa şaýatlyk edýän bir mysal hökmünde görkezmek bolar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkyň, Watanyň öňünde uly hyzmatlary bitiren adamlaryň sarpasy belent tutulýar. Merhum alym Ýagşygeldi Kakaýew ömrüni ýurdumyzyň nebitgaz pudagyna bagyşlan, ony ösdürmeklige önjeýli goşandyny goşan tejribeli hünärmen we ýolbaşçy bolupdy.

Nebit çykarmagyň mehanizmleşen usullary barada

Ýurdumyzyň nebit senagatynyň ösdürilmeginde «Türkmennebit» döwlet konserninde çykarylýan çig malyň möçberlerini artdyrmak maksady bilen önümçiligi toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga, täze tehnikalary we tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga yzygiderli üns berlip gelinýär. Bu babatda nebit çykarmaga ýardam berýän öňdebaryjy tehnologiýalaryň giň tapgyry önümçilikde synag edilip, senagat taýdan ulanyşa girizilýär. Nebit çykarmagyň täze usullaryny ornaşdyrmak baý tejribeli daşary ýurtly kompaniýalar bilen işjeň hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşyklydyr. Soňky 10 — 15 ýylyň içinde daşary ýurtly kompaniýalaryň hünärmenleriniň türkmen nebitçileri bilen bilelikde guýulary daşary ýurtlardan satyn alnyp getirilen enjamlaryň üsti bilen täze mehanizmleşen usullara geçirip, bol nebit çykarmaga gönükdirilen köp işler amala aşyryldy. Onuň hem sebäbi burawdan çykan guýularyň hemmesi diýen ýaly, ulanylmaga berlen ilkinji günlerinden soň, birnäçe ýylyň dowamynda gatlagynyň basyş güýji peselýänçä çüwdürim usulynda işleýär. Şonda bu guýularyň geljekki ulanyş döwrüni uzaltmakda we nebit berijiligini artdyrmakda olaryň önümli gatlaklarynyň nebit berijiligi ylmy taýdan öwrenilip, ykdysady taýdan esaslandyrylyp, häzirki zaman tehnologiýasyny ulanmak bilen degişli mehani

Sazlaşykly ösüşiň kepili

Özüniň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň toýuny uly dabara bilen bellän ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda milli ykdysadyýetimizi çalt depginler bilen sazlaşykly ösdürmäge, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmaga, ylmyň we tehnikanyň täze gazananlaryny durmuşa ornaşdyryp, ata Watanymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarmaga gönükdirilen il-ýurt bähbitli tutumly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň mundan buýana depginli ösüşini üpjün etmek üçin, ilkinji nobatda, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryny peýdalanyp, ykdysadyýetiň ähli ugurlaryny sanlylaşdyrmak bilen bagly wezipäni gysga döwrüň içinde üstünlikli çözmegiň zerurdygy barada milli Liderimiz yzygiderli nygtaýar. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda Karara gol çekmegi bilen ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň innowasion ösüşine badalga berildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2018-nji ýylyň 30-njy noýabrynda geçirilen mejlisinde kabul edilen bu Karara laýyklykda, ýurdumyzda giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändigini, şol işleriň özüniň oňyn netijesini berýändigini bellemek gerek. Bu Kon

Ylym — bilimiň gözbaşy

“Bir okana bar...” diýmek bilen dana pederlerimiz ylym-bilime uly sarpa goýup, ýaş nesilleriň sowatly bolmaklaryna uly ähmiýet beripdirler. Bu meselede kitap ylym-bilimiň gözbaşy bolmak bilen çäklenmän, onuň biziň ýakyn maslahatçymyzdygynam nygtamalydyrys. Şonuň üçinem ýurdumyzda kitaphana işi gowy ýola goýlup, Gahryman hem mähriban Prezidentimiziň ýadawsyz tagallalary bilen kitaphana işiniň hilini ýokarlandyrmakda uly işler amala aşyrylýar. Döwrebap kitaphanalar gurlup, okyjylaryň hyzmatyna berilýär. Bu ulgamda durmuşa geçirilýän bähbitli işler biziň kitaphanamyzda-da okyjylara edilýän hyzmatyň hilini ýokarlandyrmaga oňyn täsirini ýetirýär. Kitaphanamyzyň kitap gory barha baýlaşdyrylýar. Aýratynam, Arkadag Prezidentimiziň ýiti zehininden döräp, okyjylaryna guwançly sowgat bolýan kitaplary halkymyzyň ruhy gymmatlyklarynyň baýlaşmagyna ýardam edýär. Biz okyjylarymyzyň sanyny artdyrmak bilen bagly işlere uly üns berip, edebiýat agşamlaryny, kitap sergilerini yzygiderli geçirip durýarys. Mähriban Prezidentimiziň okyjylaryna peşgeş berýän gyzyldan gymmatly eserleriniň sergileri okyjylarymyzda has-da uly gyzyklanma döredýär. Belent sepgitlere, ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenýän Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylyny gowy netijeler bilen jemlemek her b

Kitap – ylymlaryň hazynasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilim almaga, ylym öwrenmäge, ýaşlary terbiýelemäge, milli ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdirmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Milli ýörelgelerimiziň esasy ugurlarynyň biri hem bilim almak, sowatly bolmakdyr. Çünki pähimdar pederlerimiz bilimli adamlara belent hormat goýupdyrlar, kitap okamagy asylly ýörelgä öwrüpdirler. Hut şonuň üçin türkmen halkynyň şöhratly taryhynda umumadamzat gymmatlygyna uly goşant goşan alymlar kemala gelipdir. Olaryň ýazan kitaplary, ajaýyp eserleri häzirki günlerde hem gymmatly golýazma çeşmesi hökmünde öwrenilip gelinýär. Gadym döwürlerden bäri taryhy kitaplar, golýazmalar saklanyp galypdyr. Olaryň içinde dilimize degişli bolan kitaplaryň hem, ylmy kitaplaryň hem, çeper döredijilige degişli kitaplaryň hem bolmagy diýseň buýsandyryjydyr. Çünki türkmen ylmynyň taryhyny şol golýazma çeşmeleriň, kitaplaryň üsti bilen öwrenip bilýäris. Görnüşi ýaly, kitap döwürleri birleşdirýär. Şunuň bilen bir hatarda kitaplar diliň baýlygyny özünde jemleýär. Mahmyt Kaşgarlynyň «Diwany lugat at-türk» eseri diliň taryhynda möhüm ylmy çeşme hasaplanylýar. Şeýle hem bu eserde dilimizde aýdylyp gelýän paýhasly sözler, nakyllar hem beýan edilýär. Munuň özi halkymyzyň ruhy baýlyklaryny öwrenmekde

Bütin dünýäniň gymmatlygy

Hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininden we jöwher paýhasyndan syzylyp çykan eserleri bu gün bütin dünýäniň okyjylarynda uly gyzyklanma döredýär. Milli Liderimiziň daşary ýurt dilleriniň birnäçesine terjime edilen kitaplary dünýäniň iň abraýly kitaphanalarynda okyjylary halkymyzyň milli medeniýeti, asylly häsiýetleri we gadymy däp-dessurlary, şeýle-de şu günki günde ýeten belent sepgitleri bilen tanyşdyrýar. Bu gyzyldan gymmatly kitaplaryň halk köpçüliginiň gyzgyn söýgüsini gazanmagynyň esasy sebäpleriniň hatarynda bolsa ol eserleriň türkmen dünýäsini Ýer ýüzüne gaýtadan açmagy, bütin adamzady gyzyklandyrýan meseleleriň gozgalmagy we kämil çeperçilik derejesi ýaly aýratynlyklary görkezip bileris.

Adam garrasa-da, beýnisi ýaş bolup bilermi?!

Bedenimiziň dolandyryjy synasy bolan beýni biziň görmegimizi, eşitmegimizi, hereket etmegimizi, duýmagymyzy, umuman, adam üçin zerur bolan ähli wezipeleri ýerine ýetirýär. Mahlasy, biz bilen bagly ähli zady ýönekeýje, bary-ýogy 1400 gram agyrlykdaky beýni amala aşyrýar. Şeýle çylşyrymly gurnalan synanyň işleýiş aýratynlyklaryna häzirler hem doly göz ýetirilenok. Alymlar: “Beýniniň näme edýänini bilýäris, ýöne näme etjegini bilmeýäris” diýip belleýärler. Dogrusyny aýtsaň, beýni älem giňişligine meňzeýär. Älem giňişligi ýaly, beýniniň hem işleýiş aýratynlyklarynyň aňyrsyna ýetme ýok. Beýni agram taýdan bäş sany almanyň ýa-da alty sany pomidoryň agramyna deňdir. Bedendäki umumy kislorodyň hem ganyň jemi 20 göterimini beýni harçlaýar. Biz okaýan kitabymyzyň haýsy sahypasynda galandygymyzy beýnimizdäki 100 müň mil uzynlykdaky 100 milliard nerw öýjükleri we protein, ýag esasynda ýatda saklaýarys.

Galyndy garynda öwrülende (Tanyş boluň, ýaş alym!)

Awtoulagyň tekerleriniň düzümindäki reziniň niçik berkdigine ýyllaryň dowamynda göz ýetirýäris. Täze satyn alan tekerimiz bizi üç-dört ýyllap dagy teker çalyşmak derdinden dyndyrýar. Şeýle-de bolsa, ýola sürtülmegi we dürli hadysalar teker näçe berk bolsa-da, onuň ömrüni gysgaldyp bilýär. Aýdaly, tekeriňiz zaýalanypdyr-da, ornuny täzesine çalyşmakçy bolýarsyňyz. Ine, şonda, könesini näme edýärsiňiz?! Ýa zibile oklaýarsyňyz ýa-da bir çete çykaryp ýakýarsyňyz. Şeýlemi?!

Gymmatly gollanma

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli kitaby lukmançylyk ylmynda uly işleriň biridir. Bu diňe bir türkmen ylmynda däl, eýsem dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginde gymmatly çeşme hasap edilýär. Bu köp jiltlik kitabyň daşary ýurt dillerine terjime edilmegi uly göwrümli ylmy işiň ähmiýetini görkezýär. Ýakynda bu ylmy kitabyň XIII jildi giň okyjylar köpçüligine gowuşdy. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli kitabynyň her bir jildi giň okyjylar köpçüliginde uly gyzyklanma döredýär we ylymda, halk lukmançylygynda gymmatly çeşme bolup hyzmat edýär. Kitabyň çap edilen bu täze jildinde-de ýurdumyzyň dermanlyk ösümlikleri babatdaky ylmy garaýyşlardyr pikirler beýan edilýär. Türkmen topragy dermanlyk ösümlikleriň bitýän ýeri hökmünde köpleriň ünsünde. Bu babatda dünýäniň lukmançylyk ylmynda ykrar edilen gymmatly çeşmelerde beýan edilýär.

Kitap okamak ömrüňi uzaldýar

«ABŞ-nyň Ýel uniwersitetiniň alymlary 12 ýylyň dowamynda 50 ýaşdan ýokary 3635 adama gözegçilik edipdirler. Olaryň ählisi ömrüň dowamlylygy boýunça uly barlaga gatnaşypdyrlar. Ýöne okamak bilen baglanyşykly okyjylara berlen sowallar has gysga bolupdyr» diýip, «The New York Times» ýazýar. Alymlar ähli pikir soralanlary üç topara bölüpdirler: hiç okamaýanlar, hepdede 3,5 sagat okaýanlar, hepdede 3,5 sagatdan has köp okaýanlar.

Bagtyýarlyk döwründe ylmyň eýeleýän orny

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyz ösüşleriň aýdyň ýoluna düşdi. Milli Liderimiziň baştutanlygynda häzirki wagtda ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar we geljekki uly ösüşleriň binýady tutulýar. Bu wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde, öňde goýlan belent maksatlara ýetmekde bilimiň, ylmyň orny örän uludyr. Diýarymyzyň ykdysady, syýasy, medeni ugurlardaky ösüşi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy köp babatda ýurdumyzda ylmyň ösüş derejesine baglydyr. Irki döwürde ýaşan merwli meşhur türkmen alymy Abu Abdyrahman Abdylla ibn Mübarek Merwezi: «Ynsan ylym bilen ynsandyr, ol ylym bilen öz hormatyna eýe bolýar» diýýär. Hakykatdan-da, ylym ynsanyň ähli ajaýyp ahlak sypatlaryny açyp görkezyär. Ylymly ynsan ruhy taýdan baý bolýar. Çünki ol dünýäniň iň uly hazynasy bolan ylmyň eýesidir.

Sarpaly mugallym, belli alym hakynda kelam

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda jemgyýetimiziň ähli ugurlarynda durmuşymyza ornaşdyrylýan düýpli özgertmeler ýurdumyzyň raýatlarynyň her biriniň ýaşaýyş şertleriniň ýokarlandyrylmagyna, bagtyýar ýaşamagyny üpjün etmegiň beýik maksatlaryna gönükdirilýär. Watanymyzyň okgunly ösüşleri bilen ýetilýän belent sepgitlerde watansöýüjiligiň, ynsan ahlagynyň we milli terbiýäniň ýörelgelerini özlerine tug edinýän bilim işgärleriniň uly goşandy bardyr. Şeýle bolansoň, mugallymçylykda ajaýyp zähmet üstünlikleri bilen yz galdyran görnükli bilim işgärleri, ussat mugallymlar hakynda söz açasyň gelip dur. Biziň bu söhbedimiz halypa mugallym, belli alym Rejep Berdiýewiň ömri we işi barada bolar. Filologiýa ylymlarynyň doktory, professor, Türkmenistanyň at gazanan mugallymy Rejep Berdiýew 1931-nji ýylda Bäherden etrabynda dünýä inýär. Orta mekdebi tamamlap, Aşgabatdaky Mugallymçylyk mekdebinde okaýar. Okuwyny dowam etdirmek maksady bilen, paýtagtymyzdaky Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine okuwa girýär. Uniwersitetde aýratyn tapawutlanyp okandygy barada mugallymyň döwürdeşleri gürrüň berýärler.

Türkmen dili ylmy esasda öwrenilýär

Dil halkyň ykbaly bilen berk baglydyr. Halkyň ykbalyny bolsa onuň diliniň taryhy bilen kesgitlemek mümkin. Munuň şeýledigini Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk taryhyndaky dilimiziň ösüşi tassyklaýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen edebi dilimize aýratyn sarpa goýup, dilimiziň aýratynlyklaryny şeýle häsiýetlendirdi: «Biziň ene dilimiz – türkmen dili dünýäniň iň baý dilleriniň biridir. Söze baý, dile çeper, sözleýşe dilewar halkymyzyň ene dili Oguz han Türkmeniň diliniň dowamydyr». Bu ene dilimiz üçin taryhy hakykatlygyna galýar, çünki gadymdan gelýän türkmen diliniň pederlerimiziň guran beýik döwletlerinde ulanylmagy dilimiziň şeýle derejä ýetmegini üpjün etdi. Türkmen edebi diliniň publisistik stili, türkmen diliniň terminologik leksikasy bilen bagly kitaplaryň, dilimiziň etnonimlerine degişli monografiýanyň hem-de adam adynyň gelip çykyşy baradaky maglumatlary özünde jemleýän sözlügiň we adam atlarynyň üç dilde ýazylyşy boýunça gollanmanyň çap edilmegi Garaşsyzlygymyzyň miwesi boldy. Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllaryndan başlap, dilimiziň taryhyna we ýazuw ýadygärliklerimiziň diline, dil biliminiň ösüş taryhyna, edebi diliň stillerine hem terminologiýasyna üns çekildi hem-de şu ugurlarda ylmy-barlag işleri geçirilip, ola

Durmuş ýörelgämiz bolar

Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän ýyly meniň üçin ýatdan çykmajak wakalara beslendi. Şu ýyl maňa Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby bolmak bagty miýesser etdi. Ýokary okuw mekdebinde bilim almaga girişen ilkinji günüm hormatly Prezidentimiziň talyplar we okuwçy ýaşlar bilen geçiren umumy okuw sapagy bütin geljegim üçin okuw hem durmuş maksatnamasy boldy. Hormatly Prezidentimiz şol okuw sapagynyň üsti bilen Watany söýmegiň beýik nusgasyny görkezdi. Biziň öňümizde hem şu göreldä eýerip, geljekde öz Watanyna wepaly ýaşlary terbiýelemek wezipesi dur. Munuň üçin bolsa köp okamaly, halypalardan öwrenmeli. Täze okuw ýylynyň ilkinji günlerinden institutymyzda döwrüň talaplaryny ödeýän hünärmenler bolup ýetişmek üçin ähli şertleriň bardygyna göz ýetirdim. Professor-mugallymlarymyz ýokary derejeli bilim berýärler, baý kitap gory bolan kitaphana hem talyplaryň hyzmatynda. Internet ulgamyndan, multimediýa serişdelerinden peýdalanmaga hem mümkinçilikler bar. Şeýle bolansoň, bize diňe gowy bahalar bilen okamak galýar.

Suwuklygy güýçli ýuwudýan guýulary sementlemek usuly

Guýulary düýpli abatlamak işleri boýunça halypanyň hünärmenlere berýän maslahatlary ýaşlar üçin örän gymmatlydyr. Şu nukdaýnazardan ýaşuly, ussat nebitçiniň guýulary sementlemekde toplan tejribesiniň ýazgysyny okyjylarymyza hödürleýäris. Tebigy taýdan gowşak sementlenen gatlaklardan uzak wagtyň dowamynda önüm alnanda, dürli sebäplere görä, olarda gowaklar, opurylmalar we kanallar ýüze çykýar. Bu hadysa gatlaklaryň guýa daşyndan berilýän erginleri, käbir ýagdaýlarda bolsa, beýleki gatlaklardan alynýan önümi ýuwutmak ukybyny ýokarlandyrýar. Birnäçe guýularda beýleki gatlakdan önümli gatlaga suw geçýär. Oňa keseki suw diýilýär. Guýularda emele gelýän şeýle näsazlyklary düzetmek üçin guýynyň suwuklyk ýuwudýan ýa-da önümli gatlaga keseki suwy akdyrýan gatlagy sement ergini bilen petiklemeli bolýar. Şunlukda, guýynyň daşyndan berilýän ergin, ilkinji nobatda, gidrawliki garşylyklary pes bolan boşluklara hem-de kanallara akyp barýar we olary dyky görnüşinde petikleýär. Bu iş göräýmäge aňsat we ýönekeý ýaly, emma ony iş ýüzünde amala aşyrmak birnäçe çylşyrymly meseleleri çözmekligi talap edýär.

Suwuň häsiýetli aýratynlyklary hakynda

Suw tebigatda giňden ýaýran himiki madda bolup, ol Ýer ýüzüniň 71%-ini gurşap alýar. Onuň esasy mukdary ummanlarda, deňizlerde, derýalarda, köllerde, howdanlarda, ýerasty çeşmelerde jemlenendir. Duzly suwly ummanlar Ýer ýüzüniň suwunyň 97%-ini, buzlar we doňaklyklar 2,4%-ini, beýleki görnüşli suwlar bolsa 0,6 %-ini özünde jemleýär. Şeýlelikde, tutuş biziň planetamyzda (ummanlarda, Ýer gabygynda we Ýer üstünde), takmynan, 1,8 milliard kubmetr suw bardyr diýlip çaklanylýar. Bu suwuň agramy Ýeriň massasynyň bir göterimine golaýdyr. Suw Ýer ýüzündäki iň täsin himiki maddadyr. Şol bir wagtyň özünde suw ýaşaýyş üçin iň zerur serişdedir, tebigatyň adamzada eçilen taýsyz peşgeşidir. Ýerde ýaşaýşyň dowam etmegi üçin gerek bolan ähli şertler suw arkaly emele gelýär. Hiç bir zat suwuň ornuny tutup bilmeýär. Suw ynsan bedenini nemlendiriji maddadyr. Uly adamyň bedeninde 42 litr suw bardyr. Beýnimiziň 95%-ini, ganymyzyň 82%-ini, öýkenimiziň 90%-ini suw emele getirýär. Adam süňküniň 20 göterime golaýynyň suwdan durýandygy lukmançylyk ylmynda mälimdir.