Haçan başlamaly?

28 Oktýabr 2021
2362

Her ynsanyň kalbynda ýüzlerçe bolmasa-da, onlarça arzuw-hyýal, etsem-goýsam mesgen tutýar. Ugrunda yhlas edilse, zähmet çekilse, şol arzuwlaryň hasyl boljakdygy ikuçsuz. Olaryň arasynda diňe özümizi ýa-da daş-töweregimizi däl, eýsem, dünýäni gözelleşdirip biljek belent hyýallaryň bardygyna hem ynanýarys. Ýöne işe başlamagyň «sähetli wagtyny» saýlap bilmezlik şol «göwne düwmeleriň» — nebir arzuwlaryň öserini çürtüp taşlamak bilen des-deňdir. Ekilmedik nahal, başlanmadyk iş bitmeýär. Aslynda, «Işiň iň kyn ýeri — başlamak, işe girişmek» diýilýär. Bir başyna barylsa, dessine abyny-tabyny alyp, gyzygyp gidýäris. Bilermenleriň maglumatyna görä, adamlar ömürleriniň agramly bölegini nämedir bir zada garaşyp geçirýärler. Arzuwlarymyzy hasyl etmek, bir işe girişmek babatda hem şeýle. Ugrunda yhlasly zähmet çekip, gowy netijesine garaşmak bolsa başga zat, emma başlamak üçin amatly wagta garaşmak düýbünden aýry zat. Şonuň üçin hem bilermenler köp ýyllara çeken tejribeleriň, pikir alyşmalaryň dowamynda şeýle netijä gelipdirler.

«Eger-de ýürekleriňiz arzuw-hyýallardan püre-pür bolsa, onda başlamak üçin:

Ataş GANDYMOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.