"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

«Açyk gapylar» gününe çagyrýarys!

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty 2022-nji ýylyň 30-njy aprelinde we 14-nji maýynda sagat 15.00-da 2022—2023-nji okuw ýylynda okuwa girmek isleýän ýaşlar bilen «Açyk gapylar» günlerini geçirýär. Hormatly Prezidentimiziň milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatda durmuşa ornaşdyrýan düýpli özgertmeleri, «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasyna» laýyklykda institutda alnyp barylýan işler, şeýle hem taýýarlyk ugurlary, olara degişli hünärler, alnyp barylýan okuw-usuly, ylmy-barlag, terbiýeçilik, medeni-köpçülik işleri hem-de okamak, ýaşamak, medeniýetli dynç almak, sport bilen meşgullanmak üçin döredilen şertler barada «Açyk gapylar» günlerinde ýaşlara giňişleýin maglumat berler.

Gerekdir

Bedew atyň tarypyny aýdaly, Ibrişim ýüpekden ýaly gerekdir.

Ylym — kämilligiň binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylymly-bilimli, kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek beýik geljegimizi nazarlaýan döwlet ähmiýetli wezipe bolup durýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022—2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmekde ýaşlara uly ynam bildirilýär. Hormatly Prezidentimiz wezipä girişmek dabarasynda eden çykyşynda: «Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalar ediler» diýip nygtady.

Näme üçin astronomiýany öwrenmeli? (Bilim we geljek)

10 ýaşlarymda iňlis dilinde «Professor Boffiniň saýawany» atly ýukajyk kitap okapdym. Hekaýada Boffin atly professoryň uçýan saýawany bardy. Şol saýawanyň kömegi bilen ol älem giňişligine syýahat edip bilýärdi. Beýleki planetalarda ýaşaýanlar bilen tanyşýardy. Ýene-de onuň kömegi bilen Ýere dolanýardy. Elbetde, bu hekaýadaky wakalar känbir ynandyryjy bolmasa-da, henizem gözüm bir saýawana düşse, älem giňişligine saýawanly gitmek barada pikir etmän duramok. Hakykatdan-da, Gün, Aý, ýyldyzlar biziň çagalykdan ählimiziň surat depderlerimizi bezeýän asman jisimleri. Olara göz, gaş we agyz ýasap, bize gülüp bakyp duran şekillerini çekmekden henizem hemmämiz lezzet alýarys. Ululy-kiçili ýyldyzlary bolsa hemişe Aýyň daşynda hatarlaýarys. Meşhur adamlary ýyldyzlara deňemek däbi hem, megerem, ýyldyzlaryň ähli ýerde görünýändigi, meşhurlaryň hem dünýäniň hemme ýerinde tanalýandygy bilen baglanyşyklydyr. Emma bularyň hiç biri biziň älem giňişligi barada çuňňur öwrenmegimiz üçin ýeterlik bolmaýar. Ata-ene bolanyňyzdan soňra çagaňyz sizden öz söýgüli Güneşi, Aý mamasy we ýyldyzlary barada içgin sowallary sorap başlasa, ine, şonda bular baradaky çuňňur ylym bolan astronomiýany öwrenmelidigiňizi ýatlarsyňyz. Eýsem, diňe çagalaryň sowallaryna joga

Geçmişiň daşa ýazylan şaýady ýa-da «Peleňli zaw» gaýasyndaky ýazgylar barada söhbet

Ýazgylaryň haýsy dilde ýazylandygyny, haýsy döwre degişlidigini anyklamak kyn. Ýöne geçiren deslapky barlaglarymyzyň çäklerinde, olarda Awesta elipbiýine çalym edýän şekilleri görmek bolýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan BMG-niň Ylym, bilim we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bolan ÝUNESKO bilen köptaraply gatnaşyklara uly ähmiýet berýär. Bu gurama bilen ýurdumyzyň degişli edaralarynyň arasynda okuw maslahatlary guralýar.

Gün şöhlesiniň peýdaly täsiri we onuň ýaramaz täsirinden goranmagyň tertibi

Güneşli Diýarymyzda Gün şöhlesiniň bahasyna ýetip bolmaýan uly baýlykdygyny biziň her birimiz bilýäris. Çünki, Gün şöhlesi janlyjandar üçin egsilmez güýç we ylham, bereket çeşmesidir. Tebigatymyzyň kanuny biziň barymyza we bizi gurşaýan zatlaryň ählisine deň täsir edýär. Şonuň üçin ýylyň yssy pasyllarynda howanyň aşa gyzýan Günlerinde özümizi Günüň göni şöhlesinden goramalydyrys. Günüň şöhlesinden dogry peýdalanylsa, onuň saglyga hem täsiri bardyr. Şol sebäpden Günüň şöhlesinden dogry peýdalanmagymyz hemde ondan dogry goranmagymyz zerur bolup durýar. Onuň üçin her bir raýat ýada çagalara ideg edýän terbiýeçiler we eneatalar arassa howada gezelenç etmek üçin irden sagat 1000-a çenli, öýlän 18.00-dan soň agyzburun örtükli, bellenen aralygy saklap, pasla görä geýnüwli gezelenç etmelidirler. Şeýle ýagdaýda alnan Gün şöhlesi bedenimiziň goragyny güýçlendirýär, gan aýlanyşygyny gowulandyryp, oňaýly täsir edýär. Günüň ultramelewşe şöhleleri öýjüklerde diş we süňk üçin we çaganyň dogry ösmegine ýardam berýär. D witaminiň işlenilip çykmagyna öz täsirini ýetirýär we çagalarda igleme (rahit) keseliniň, ulularda bolsa osteoporoz keseliniň, alyşçalyş hadysalarynyň bozulmalarynyň birnäçesiniň D witamin ýetmezçiligi esasynda döremeginiň

Ýazyň görki — ýaşyl baglar

Ýylyň dowamynda gök öwüsýän, bezeg üçin ulanylýan gyrymsy agaçlary köpeltmek güýz paslynyň ahyrynda – gyşyň öň ýanynda başlansa, gowy gögeriş alynýar. Sebäbi güýz aýlarynyň ahyrynda howanyň, topragyň ýylylygy aşaklaýar, kökler haýal ösýär. Ösümlige gelýän suw we ýokumly maddalar az bolýar. Bugarma hadysasynyň haýal geçmegi netijesinde gök pudaklary kesip almak, agaçlara şekil bermek işleri ýerine ýetirilýär. Kesilip alnan gök pudaklar ekmek üçin ýygnalýar, taýýarlanýar. Gök pudaklaryň uzynlary kesilýär. Alnan pudajyklarda 5–7 bogun goýulýar. Gök öwüsýän gyrymsy agaçlaryň köpeldilýän ýeri Gün düşýän, ala kölegeli meýdan ýa-da agaçlaryň aşagy bolmaly.

Tohumyň gögeriş ukyby artdyrylýar

Beýik Britaniýanyň «Tozer Seeds» kompaniýasynyň we Bangor uniwersitetiniň alymlary tohumlaryň «ösüş ukybyny güýçlendirmegiň» üstünde işleýärler. Taslamanyň çäginde olar käbir ösümlikleriň tohumlaryny lazer şöhleleri we tebigy bioişjeň birleşmeler bilen güýçlendirmegiň mümkindigini ýüze çykardylar. Şeýlelikde, güýçlendirilen tohumlar beýleki kowumdaşlaryna garanda, gögerip çykmaga has ukyply bolýar. Alymlar bu täze alnan tohumlary geljegiň tohumlary hökmünde häsiýetlendirdiler.

Ylym — kämilligiň binýady

Eziz Diýarymyzda il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ähli pudaklara ylmyň we öňdebaryjy tejribäniň gazananlarynyň giňişleýin ornaşdyrylmagy hem-de iň täze tehniki hem tehnologiki enjamlaryň netijeli ulanylmagy ýeten belent sepgitlerimizde, gazanan üstünliklerimizde möhüm ähmiýete eýe bolýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň bilim ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek üçin durmuşa geçirilýän giň gerimli we aýdyň geljegi nazarlaýan özgertmeler toplumlaýyn häsiýete eýe bolýar. Şol özgertmeleriň çäklerinde ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak wezipesi wajyp orny eýeleýär. Şonuň netijesinde dürli pudaklarda ulanylýan tehnikalar we tehnologiýalar yzygiderli kämilleşdirilýär. Täze tehnologiýalar ýurdumyzyň önümçiligine güýçli depginde ornaşdyrylýar.

Ylym-bilim — müdimi baýlyk

Ýurdumyzda ýaş nesle döwrüň ösen talaplaryna laýyk bilim we terbiýe bermekde milli ruha ýugrulan, taryhy döwürleriň içinde gaýnap, durmuşyň synaglaryndan geçip, biziň günlerimize çenli gelip ýeten milli edep-terbiýe mekdebini ýörelge edinmek, şonuň bilen birlikde, ösen döwletleriň bilim ulgamyny dolandyrmakdaky tejribesine daýanmak asylly däbe öwrüldi. Halkymyzda: «Diňe bir okan däl, okan adamlary diňlän hem bihal däldir!» diýen ýerlikli jümle bar. Bu gürrüňiň manysy şu rowaýatda has aýdyň beýan edilýär. Haktagala Jebraýyl perişdä günäsi sogaplaryndan artyk gelen bendesini ýalkamak maksady bilen şol bendäniň ömründe alymlar bilen söhbetdeş bolup görendigini bilmegi tabşyrypdyr. Ol bende ýolda alym bilen ýoldaş bolmandygyny aýdypdyr. Ýene-de bendeden:

Ylym we bilim — üstünlikleriň açary

Her döwür özüniň täzeligi, hoş habarlary bilen durmuşymyza özboluşly ýakym çaýýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň türkmen taryhynda, halkymyzyň durmuşynda aýratyn yz goýjakdygy mälimdir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu jogapkärli ýokary döwlet wezipesine täzeçe garaýyşlar, pikir-teklipler bilen girişdi, ýurdy dolandyrmak, milli ykdysadyýetimizi has-da ösdürmek, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak babatda öz öňünde belent maksatlary goýdy. Ol maksatlarda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan» ugur alynýar. Elbetde, täze maksatlar bilen diňe öňe gitmekde, esasan, ýaşlara bil baglanýar. Hormatly Prezidentimiz wezipä girişmek dabarasynda eden çykyşynda hem: «Bu ynamyň diňe özüme däl-de, eýsem, bilimli-terbiýeli, iň öňdebaryjy we innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan ähli türkmen ýaşlaryna hem bildirilen ynamdygyna düşünýärin» diýdi. Ylymly-bilimli, giň gözýetimli, maksada okgunly, täze, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek döwrüň mizemez talaby bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 25-nji martynda Ministrler Kabinetiniň sanly

Türkmenistanyň gaz pudagyny ösdürmekde ylmy esaslar

Ýurdumyzyň ählitaraplaýyn ösüşi häzirki zaman innowasiýasyna we bazar ykdysadyýetine daýanmak bilen, kabul edilen döwlet maksatnamalaryndaky öňe sürülýän ugurlaryň esasynda kesgitlenilýär. Munda nebitgaz pudagy barada aýdylanda, esasy maksatlaryň hataryna nebit we gaz känleriniň geologik ýaýraýyş kanunalaýyklygyna esaslanyp, olaryň täze ýataklaryny gözläp tapmak we barlag-agtaryşlaryny geçirmek, senagat gorlary bilen üpjün etmek, özleşdirmäge girizmek, uglewodorodlary (nebit we tebigy gaz) we olar bilen ugurdaş çykýan peýdaly maddalary talap edilýän mukdarynda we hilinde gazyp çykarmak, olary gaýtadan işlemek, içerki hem-de daşarky bazarlara ýerlemek, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak işlerini amala aşyrmakda maliýeleşdirmegi we innowasion çemeleşmeleri, degişli guramaçylyk gurluşyny we kanunçylygyny kämilleşdirmek, hünärmenleriň kär derejesini artdyrmak, taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak hem-de beýleki meseleler degişli bolup, oňyn çözülmeginiň üpjün edilmeginden ybaratdyr.

Nebit guýularynyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak

(Başlangyjy gazetiň geçen sanynda) Guýulary düýpli abatlamak işleri boýunça: guýularyň önümli gatlaklaryna täsir etmek üçin himiki serişdeleri we düzümleri almak boýunça institutyň guýularyň önümli gatlaklaryna täsir etmek laboratoriýasynda ylmy-barlag işleri doly ýerine ýetirildi. Alym-hünärmenler tarapyndan işlenip taýýarlanylan «Nebit we gaz guýularynda gatlak suwlaryny izolirlemegiň usuly» atly oýlap tapyşa Türkmenistanyň çäklendirilen patenti alyndy. Hödürlenilýän usul bolan alýuminiý gossipolýatynyň çökündisi bilen gatlak suwuny çäklendirmek işlerini geçirmek üçin zerur hasaplanylan tehnologik işleriň meýilnamasy düzüldi we 2020-nji ýylyň dowamynda Goturdepe nebitgaz käniniň 2 sany guýusynda önümçilik-synag işleri geçirildi. Geçirilen synag işlerinde netijelilik gazanylandygy göz öňünde tutulyp, ony önümçilikde giňişleýin ulanmak teklip edildi.

Zehinli ýaşlar ýüze çykarylýar

Ýurdumyzyň iň baýry ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan biziň institutymyzda häzirki günlerde talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda medeni hepdelikler dowam edýär. Gyzykly we täsirli çäräniň maksady zehinli talyp ýaşlary ýüze çykarmakdan, olarda medeni we milli mirasymyza söýgi döretmekden ybaratdyr. Ýokary okuw mekdebimiziň talyplaryna bäsleşikde öz zehinlerini, ukyp-başarnyklaryny, bilim derejelerini görkezmäge giň mümkinçilik döredilýär. Olar çykyşlarynda özleriniň hünärleri boýunça durmuşda gabat gelýän wakalary gysgajyk sahnalaryň üsti bilen janlandyrýarlar. Çykyşlaryň daşary ýurt dillerinde alnyp barylmagy bolsa geljekki bilim işgärleriniň kämilleşmegine uly ýardam berýär. Bu babatda fizika hem-de türkmen dili we edebiýaty hünärleriniň talyplarynyň çykyşlary ýatdagalyjy boldy.

Özüňi synap gör!

Pikirlenişiňizi ösdüriň! Kitaphanada iki tekjede 19 kitap bar. Täze kitaplar getirilýär we her tekjä öň näçe kitap duran bolsa ýene şonça kitap goýýarlar.

Ylym — kämilligiň binýady

Häzirki döwürde ylym esasy ugurlaryň biri bolup, oňa ösüşleriň binýady hökmünde garalýar. Şonuň üçin hem ylym-bilimli kämil hünärmenleri ýetişdirmek bu günki günüň esasy wezipesidir. Ýaş hünärmenleriň ylymly, giň dünýägaraýyşly bolmagy ösüşiň täze mümkinçiliklerini kemala getirýär. Şoňa görä-de «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzda ylym-bilime uly üns berilýär, ýaş hünärmenleriň ylymly bolmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrümizde Diýarymyzy ählitaraplaýyn ösdürmek, sanly ykdysadyýeti durmuşa ornaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryndan, täze tehnologiýalardan, dünýäde ylmyň soňky gazananlary esasynda döredilen innowasiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak wezipelerinden ugur alnyp, ýurdumyzda bu ugurlarda düýpli işler ýola goýulýar. Ýokary okuw we ýörite orta hünär okuw mekdeplerinde okadylýan derslerde innowasiýa, sanly bilim ugurlarynyň girizilmegi, umumybilim berýän orta mekdeplerde we mekdebe çenli çagalar edaralarynda bilim-terbiýe alýan ýaş nesillerde döwrebap tehnikadan we tehnologiýalardan peýdalanmak başarnyklaryny kemala getirmegiň ýola goýulmagy ýurdumyzyň innowasiýalar ýurduna öwrülýändigini aýtmaga doly es

Ynsanyýetiň baş baýlygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmeniň baý döredijilikli durmuşynyň gülläp ösýän taryhy zamany özüniň kämil derejesine ýeten ylym-bilim, medeniýet ulgamy bilen has-da pugtalanýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň özgerýän we ösýän döwründe kitaphana gaznalaryny gorap saklamagy üpjün etmek, halkymyzyň kitaba, okamaga bolan höwesini artdyrmak, ýaşlaryň ylym-bilim derejesini ýokarlandyrmak şu günki günde esasy talaplaryň birine öwrüldi. Ylym-bilimiň ösýän döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde medeni-ruhy gymmatlyklarymyzy, halk döredijilik eserlerimizi toplamak hem-de ylym-bilim ulgamynda alnyp barylýan özgertmeler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Mähriban Arkadagymyzyň yzygiderli döredijilik bilen meşgullanyp, halkymyza ajaýyp kitaplary peşgeş bermegi diýseň buýsandyryjydyr. Pähim-paýhasa ýugrulan «Paýhas çeşmesi» atly kitapda bolsa milli Liderimiz «Kitap ynsanyýetiň baş baýlygydyr, sermaýasydyr, döwürleriň, nesilleriň we medeniýetleriň arasyndaky arabaglanyşygy özünde jemleýän bilimler çeşmesidir. Kitapsyz öý ýüreksiz beden ýalydyr. Ol ynsana hormat goýmagy öwredýär, bagtyýar durmuşda ýaşamagyň ýoluny salgy berýär» diýip, kitaba adamzadyň me

Garabil kaliý duzlarynyň ýatagy

Kaliý duzy — mineral serişdeleriň metal däl toparyna degişli. Ol kaliý dökünleriniň önümçiligi üçin himiýa senagatynda çig mal bolup hyzmat edýär. Bu ýeňil ereýän duz himiki gelip çykyşly çökündi dag jynslary bolup durýar. Olar suwda ýeňil ereýän kaliý we kaliý-magniý minerallary görnüşinde emele gelýär. Kaliý duzlarynyň ýataklary Türkmenistandan başga-da Kanadada, Russiýada, Belarusda, Germaniýada, Braziliýada, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, Ysraýylda we Iordaniýada bellidir. Bu ýurtlarda kaliý duzlarynyň baha berlen millionlarça tonna deň bolan gorlary bar.

Geologiýanyň esaslary

Ýurdumyzyň çäginiň geologiýasyny öwrenmek ugrunda alnyp barylýan işleri tizleşdirmek, mineral çig mal serişdeleriň, ilki bilen hem, ýangyç-energetika gorlaryň anyklanan sanyny artdyrmak, geljegine uly umyt baglanylýan çäklerde hem-de deňiz şelflerinde nebitiň we gazyň ýataklaryny ýüze çykarmak, ýerasty suwlaryň gözleg we barlag işlerini depginli alyp barmak geologiýanyň ilkinji meseleleriniň biri bolup durýar. Tebigy baýlyklary gazyp almaklygyň we olary sarp etmekligiň möçberiniň hemişe artýanlygy bilen baglylykda, gorlary rejeli özleşdirmek we peýdalanmak ýaly meseleleriň ähmiýeti hem örän wajyp bolup durýar. Gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň känlerini özleşdirmek ugurda işleýän hünärmenlerden gazylyp alynýan magdanlaryň gözlegi we barlagy, mineralogiýa, petrografiýa, umumy we dinamiki geologiýa ýaly geologiýanyň esaslaryny düýpli bilmekligi talap edýän, ýagny olaryň dag-ekspluatasion işleriniň ylmy taýdan esaslandyrylan usulda alnyp barylmagy netijesinde bu meseleleriň çözgütlerini tapmak bolar.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty bizde myhmançylykda

«7/24.tm», № 11 (94), 14.03.2022. «AT AGYNAN ÝERDE TOÝ BOLAR»