Geologiýanyň esaslary

14 Mart 2022
1524

Ýurdumyzyň çäginiň geologiýasyny öwrenmek ugrunda alnyp barylýan işleri tizleşdirmek, mineral çig mal serişdeleriň, ilki bilen hem, ýangyç-energetika gorlaryň anyklanan sanyny artdyrmak, geljegine uly umyt baglanylýan çäklerde hem-de deňiz şelflerinde nebitiň we gazyň ýataklaryny ýüze çykarmak, ýerasty suwlaryň gözleg we barlag işlerini depginli alyp barmak geologiýanyň ilkinji meseleleriniň biri bolup durýar.

Tebigy baýlyklary gazyp almaklygyň we olary sarp etmekligiň möçberiniň hemişe artýanlygy bilen baglylykda, gorlary rejeli özleşdirmek we peýdalanmak ýaly meseleleriň ähmiýeti hem örän wajyp bolup durýar. Gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň känlerini özleşdirmek ugurda işleýän hünärmenlerden gazylyp alynýan magdanlaryň gözlegi we barlagy, mineralogiýa, petrografiýa, umumy we dinamiki geologiýa ýaly geologiýanyň esaslaryny düýpli bilmekligi talap edýän, ýagny olaryň dag-ekspluatasion işleriniň ylmy taýdan esaslandyrylan usulda alnyp barylmagy netijesinde bu meseleleriň çözgütlerini tapmak bolar.

Aýna ÇARYÝEWA,
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň laboratoriýa müdiri.