"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

«Turkish Airlines»-iň Mary welaýatynda satuw bölümi açyldy

Mary welaýatynda «Turkish Airlines»-iň resmi satuw bölümi açyldy. Bu barada «Merw News» habar berdi.  Häzirki wagtda Aşgabat halkara howa menzilinden Stambula yzygiderli gatnawlar guralýar. Indi awiakompaniýa sişenbe, penşenbe, şenbe we ýekşenbe günleri Aşgabatdan Stambula uçuşlary amala aşyrýar. 24-nji martdan başlap bolsa uçuşlar her gün amala aşyrylar.

Daşary ýurtlular we Türkmenistanyň raýatlary üçin «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň petekleriniň bahasy deň bolar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Russiýadan Türkmenistana uçuş nyrhlaryna üýtgeşmeler girizdi. Indi Türkmenistanyň raýatlary we daşary ýurtlular üçin petekleriň bahasy bir bolar Petekler häzirki wagtda bir bahadan satylýar. 2023-nji ýylyň mart aýy üçin Moskwadan Aşgabat şäherine awiopetekleriň bahasy 30 müň 775 (2022-nji ýylyň 24-nji fewralyndaky ýagdaýa görä), Kazandan Aşgabat şäherine bolsa 29 müň 635 rubldyr.

Aşgabat — Pekin — Aşgabat howa gatnawy mart aýynda gaýtadan ýola goýlar

2023-nji ýylyň 19-njy martyndan başlap, «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat — Pekin — Aşgabat ugry boýunça yzygiderli howa gatnawlary ýerine ýetirip başlar. Bu barada «Turkmenportala» awiakompaniýa tarapyndan habar berildi. Awiakompaniýa eýýäm uçuşlar üçin petekleriň satuwyna başlady. Uçuşlar hepdede iki gezek amala aşyrylar. Ilkinji uçuş 19-njy martda (ýekşenbe) amala aşyrylar. Goşmaça uçuşlar sişenbe we anna günleri ýerine ýetiriler.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabatdan Stambula her gün gatnar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat — Stambul ugry boýunça we yzyna uçuşlaryň ýygylygyny artdyrýar. 25-nji martdan başlap awiakompaniýa bu ugurda uçuşlary her gün amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Petekler awiakompaniýanyň resmi web sahypasynda satylýar. Ozal «Türkmenistan» awiakompaniýasy bu ugur boýunça uçuşlary hepdede bäş gezek amala aşyrýardy.

Domodedowo howa menzili Türkmenistana uçuşlaryň tertibini çap etdi

Domodedowo halkara howa menzili resmi web sahypasynda 2023-nji ýylyň fewral-mart aýlary aralygynda Moskwadan Aşgabat we Türkmenbaşy şäherlerine uçuşlaryň tertibini çap etdi. Moskwa — Aşgabat we Moskwa — Türkmenbaşy aralygynda «Türkmenistan» we «S7» awiakompaniýalarynyň uçarlary uçuşlary amala aşyrýar.

Syýahatçynyň nukdaýnazaryndan

15-18-nji günler. Onunjy düşelge. Hazar şäheri. Ir bilen turdum diýsem ýalançy borun. Öýdäki hemmeler bilen sagat 11-lere dagy zordan aýaga galandyrys. Biraz ýadawlyk, ýaltalyk basdy. Balkanabatda göräýmeli ýerleri görüp boldum. Indi ugur Hazar şäherine tarap.

«S7 Airlines» ýene-de Moskwadan Aşgabat şäherine uçuşlary ýerine ýetirýär

Russiýanyň «S7 Airlines» awiakompaniýasy ýene-de Moskwadan Aşgabat şäherine gatnawlary ýerine ýetirýär diýip, Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň konsullyk bölümi habar berýär. 2023-nji ýylyň 20-nji fewralynda Moskwadan «S7 Airlines»-iň uçary Aşgabat Halkara howa menziline gonar.

Türkmenistandaky uçar gatnawlarynyň tertibi pandemiýadan öňki derejesine getiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ulag we kommunikasiýa agentliginiň baştutany Mämmethan Çakyýewe uçar gatnawlarynyň tertibi pandemiýadan öňki derejesine getirmek boýunça işleri dowam etdirmekligi tabşyrdy. Bu barada anna güni bolan hökümetiň giňeldilen mejlisiniň barşynda deglip geçildi, onda 2022-nji ýylyň işleriniň netijesine seretdiler.

Авиакомпания «Туркменистан» вводит «сквозные» тарифы на внутренних рейсах

«Туркменские авиалинии» на днях открыли продажу билетов по специальным тарифам для маршрутов внутренних направлений в пределах Туркменистана. «Сквозной» тариф позволяет пассажирам приобрести авиабилеты на весь маршрут следования с учетом пересадок и обратных рейсов и дает возможность зарегистрироваться на все рейсы в рамках своего маршрута из исходного пункта отправления, а также оформить провоз багажа по всему маршруту.

Syýahatçynyň nukdaýnazaryndan

ÝOLÝAZGY. Balkan welaýaty. On üçünji gün. 9-njy düşelge. Balkanabat şäheri.

THY gar ýagyşy sebäpli gatnawlaryny ýatyrdy

“Türk Howaýollary” (THY) awiakompaniýasy Stambulda garaşylýan ýaramaz howa şertleri sebäpli 5-6-njy fewralda jemi 238 reýsiň, şol  sanda Türkmenistana uçuşynyň ýatyrylandygyny habar berdi. Awiakompaniýanyň metbugat gullugy tarapyndan berlen beýanatda uçar gatnawlarynyň ýatyrylmagynyň Türkiýäniň Meteorologiýa adatdan daşary ýagdaý komitetiniň (MADKOM) kararyna laýyklykda kabul edilendigi bellenilip geçildi.

Syýahatçynyň nukdaýnazaryndan

Onunjy, on birinji, on ikinji günler. 8-nji düşelge. Bereket etraby 5:30-da gözümi açalak-ýumalak edip turdum. El-ýüzümi ýuwup, goşlarymy jemledim. Ýaňy bir käse çaý guýup, owurtlaýyn diýenimde, daşarda maşyn sesi eşidildi. Iýer ýaly zat taýýarlap, ýanyma salan Aýdakbibi ejeke hem onuň adamsy bilen gadyrly hoşlaşyp, «Toyota Sienna» kysymly ulaga mündüm. Sürüji menden soň ýene bäş adam aldy. Käşgä, meni iň soňunda alsady, bibimiň tagamly çaýyny içip ýetişerdim. Bähbit bolsun!

«Türkmenistan» awiakompaniýasy halkara we ýerli uçuşlaryň täze rejenamasyny çap etdi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy uçuşlaryň täze rejenamasyny mälim etdi, oňa laýyklykda 1-nji fewraldan başlap ähli halkara uçuşlar Aşgabadyň Halkara howa menzilinden amala aşyrylar. Her hepdede Aşgabatdan «Türkmenistan» awiakompaniýasy aşakdaky halkara uçuşlaryny amala aşyrar:

Kerki ― Daşoguz ― Kerki uçar gatnawy dikeldildi

1-nji fewraldan başlap, «Türkmenistan» awiakompaniýasy tarapyndan içerki uçar gatnawlaryna käbir üýtgeşmeler girizildi. Olaryň arasynda Kerki ― Daşoguz ― Kerki uçar gatnawynyň dikeldilendigi aýratyn bellärliklidir diýlip, «Türkmen gündogary» gazetinde habar berilýär. Şu hepdäniň şenbe güni Kerki ― Daşoguz ― Kerki ugry boýunça ilkinji uçuş amala aşyrylar. Bu ugur boýunça uçuş her hepdäniň şenbe gününe meýilleşdirilýär. «BOEING 737-800» kysymly uçar sagat 11:50-de Kerki şäherinden Daşoguza uçar. Uçuş 1 sagat 10 minut dowam eder. Uçar Kerki şäherine 14:00-da gaýdar.

Halkara uçarlaryň ählisi Aşgabatdan amala aşyrylar

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň amala aşyrýan halkara uçar gatnawlarynyň ählisi paýtagtymyzdan amala aşyrylar. Bu barada maglumaty awiakompaniýasynyň täze uçuş rejesinden görmek bolýar.  «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň täze rejesi 2023-nji ýylyň 1-nji fewralyndan başlap hereket edip başlady. Täze rejäni seljeren wagtymyz, «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň  2023-nji ýylyň 01-nji fewralyndan başlap  Stambul ugruna hepdede 5 gezek,  Dubaý, Kazan, Moskwa ugruna hepdede 2 gezek, Germaniýanyň Frankfurt şäherine bolsa hepdede 1 gezek uçuş gatnawyny amala aşyrjakdygyny görýäris.

«Turkish Airlines» Türkmenbaşydan Stambula we yzyna gaýdyş ugurlarynyň petekleriniň bahasyny arzanlatdy

«Turkish Airlines» Türkmenbaşydan Stambula we yzyna gaýdyş gatnawlarynyň petekleriniň bahasyny arzanlatdy diýip, «Atavatan  Türkmenistan» habar berýär. Petekler indi onlaýn satyn alnanda 351 dollar. Türkmenbaşydan (KRW) Stambula (IST) hepdede iki gezek — sişenbe we penşenbe günleri uçuşlar bar.

“Türk howa ýollary” awiakompaniýasy: Biletlerde ýene arzaladyş

Türkiýäniň “Türk howa ýollary” awiakompaniýasy Türkmenistan ugurly uçuşlarda biletleriň bahasynda ýene arzalandyş etdi.  Kompaniýanyň Türkmenistandaky şahamçasyndan “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna gelip gowşan täze maglumata görä, “Türk howa ýollary” awiakompaniýasy  Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugurly uçuşlarynda biletleriň bahalaryny arzanlady. Täze nyrhnama görä,  Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugurly uçuşlarynda biletleriň iki tarapynyň  iň pes bahasynyň 350 dollardan başlaýar.  Soňky birnäçe aýyň dowamynda Türkiýe-Türkmenistan ugurly biletleriň bahasy birnäçe gezek arzlandy. Birnäçe aý mundan ozal diňe bir taraplaýyn uçar biletleriň bahasy 700 dollardan başlaýardy.

Syýahatçynyň nukdaýnazaryndan

Dokuzynjy gün. 7-nji düşelge. Esenguly Ertir ir turmak başartmady. Ýassyk şeýle bir ýumşak, ýoluň argynlygy, ýadawlygym-da endamymdan aýrylarly däldi. Seretsem, adamlar gaýmalaşyp ýör, hiç kimem tanamok. Turup kime näme diýmelidigini bilmedim.  Myhman jaýdan adamlaryň sesi gelýärdi. Töwir edip otyrlar. Gowusy ýatan kişi bolmak. Turşuma, üst-başymy düzetmän, olara görnüp bolmaz. Gitdiler. Turup üstüme serenjam berdim. Myhman jaýa geçip, bary bilen salamlaşyp çykdym. Aýdakbibi ejeke garry hem bolsa, hasaly hem bolsa, öýde entegem soňky söz şonuňky. Gije jaýyň dizaýnyna kän üns bermedim. Emma irden turamda hemme zat göz-görteledi. Öýüň bezegi ýakymly hem kaşaň. Döwletli ojak. Bir ýandan ertirlik edinip otyryn, bir ýandan tanşyp otyryn.  Çaýkeş hökmünde aýdýan: şeýle bir süýji çaýlary bar, içip ganyp bolanok.  «Gara çaý şeýle gowy tagamly, ýakymly ysly bolup bilermi?!» diýip soradym.

Domodedowo howa menzili «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Aşgabat şäherine uçuşlarynyň tertibini mälim etdi

Domodedowo halkara howa menzili resmi web sahypasynda «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Aşgabat şäherine uçuşlarynyň tertibini çap etdi. Uçuşlar 2023-nji ýylyň 1-nji fewralynda başlar. Moskwa (DME) — Aşgabat (ASB) ugry boýunça «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň uçarlary 1-nji terminaldan çarşenbe we anna günleri uçar.

Генеральный агент «Туркменских авиалиний» в РФ начал онлайн-продажу билетов за рубли на все рейсы авиакомпании

Генеральный агент авиакомпании «Туркменистан» в России начал продажу авиабилетов за российские рубли на все рейсы авиакомпании. Соответствующее объявление размещено в официальной группе российского представительства «Туркменских авиалиний» в соцсети VK. «Туркменские авиалинии» осуществляют регулярные полёты из Ашхабада в Дубай (ОАЭ), Франкфурт-на-Майне (Германия), Стамбул (Турция), Казань (Татарстан, РФ) и Москву (РФ).