Halkara uçarlaryň ählisi Aşgabatdan amala aşyrylar

2 Fewral 2023
786

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň amala aşyrýan halkara uçar gatnawlarynyň ählisi paýtagtymyzdan amala aşyrylar. Bu barada maglumaty awiakompaniýasynyň täze uçuş rejesinden görmek bolýar.  «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň täze rejesi 2023-nji ýylyň 1-nji fewralyndan başlap hereket edip başlady.

Täze rejäni seljeren wagtymyz, «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň  2023-nji ýylyň 01-nji fewralyndan başlap  Stambul ugruna hepdede 5 gezek,  Dubaý, Kazan, Moskwa ugruna hepdede 2 gezek, Germaniýanyň Frankfurt şäherine bolsa hepdede 1 gezek uçuş gatnawyny amala aşyrjakdygyny görýäris.