"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Ýaşamak üçin iň amatly şäherler

«The Economist » žurnaly dünýäde ýaşamak üçin iň amatly şäherleriň sanawyny taýýarlady. Neşire degişli bolan «The Economist Intelligence Unit» (EIU) sanawyna jemi 173 şäher girizilipdir. Sanaw taýýarlananda, esasan, durnuklylyk, medeniýet we daşky gurşaw, bilim, saglygy goraýyş hyzmatlary we infrastruktura ugurlary nazara alnyp, iň ýokary baly 100 bolan baha berilýär. Her ugurdan 30 töweregi maglumata garalýar we seljerilýär. Mysal üçin, saglygy goraýyş we bilimde berilýän hyzmatyň hiline we elýeterliligine seredilýär. Infrastruktura ugruna baha berlende, jemgyýetçilik ulaglary, ýollar, ýollaryň baglanyşygy, ýaşaýyş jaý we jemagat hyzmatlaryny göz öňünde tutulýar. Bilermenler bu ýylky ortaça balyň 76,1-e çykandygyny belleýärler. Ortaça bahanyň ýokarlanmagynda bilim ulgamynyň ösmeginiň täsiri bolupdyr. Deň baha alandygy sebäpli käbir orunlara birden köp şäher mynasyp görlüpdir. Sanawyň başynda Awstriýanyň Wena şäheri bar. Şeýlelikde, bu şäher sanawda üçünji gezek birinjiligi eýeledi. Şäher bäş ugruň dördüsinden ýokary baha mynasyp bolupdyr. Sanawyň ilkinji onlugyna girýän şäherleriň köpüsi geçen ýylkydan üýtgemedi. Ikinji orny Daniýanyň Kopengagen şäheri eýeläpdir. Üçünji ýerde Şweýsariýanyň Sýurih şäheri bar. Dördünji ýeri Awstraliýanyň Mel

Dikligine ýaýraýan tokaý

Ilkinji iňlis topary kosmosa gider

Birleşen Patyşalygyň Kosmos agentligi ilkinji iňlis astronawtlar toparyny kosmosa ugradar. Dört agzaly topara Timoti Pik serkerdelik eder. Pik 2016-njy ýylda Halkara kosmos bekedinde açyk asmana çykypdy. 52 ýaşly Pik kosmosa çykan iki iňlisden biridir. Iňlis astronawtlarynyň birnäçe günläp, ylmy tejribelere we tanyşdyrylyş maksatnamalaryna gatnaşjakdygy mälim edildi. Mundan ozal ähli agzasy iňlislerden ybarat bolan topar kosmosa uçmandy.

Tansyň saglyga täsiri

Dürli halklar irki döwürlerden bäri özboluşly aýdym- sazlary we tanslary döredipdirler. Tans etmek adamyň ruhuny göterýär. ABŞ-ly alymlaryň pikirine görä, tans adamyň saglygyna - da peýdaly. Üstesine- de diňe fiziki däl, eýsem, ruhy sagl y g y n a - d a oňyn täsir edýär. Wirjiniýa politehniki institutynyň bilermenleriniň geçiren barlagyna görä, tans nerw ulgamyny gowulandyrýar. Şeýlelikde, geplemek we ýöremek ukyby peselende, bular bilen göreşmek aňsat bolýar. Tans beýniniň içindäki utgaşyklygy üpjün edýär.

Kriptopul arkaly tölegi ýaýbaňlandyrar

Ýokary tizlikli ulaglary öndürmegi bilen tanalýan «Ferrari » kompaniýasy kriptopul arkaly kabul edilýän tölegiň çägini giňeldýär. Kompaniýa şu aýyň ahyryndan başlap Ýewropadaky ähli söwda nokatlarynda kriptopul arkaly töleg kabul etjekdigini mälim etdi. Şeýle hem kompaniýa ýylyň ahyryna çenli kriptopullaryň kanun taýdan kabul edilýän ähli ýurtlarynda şeýle mümkinçiligiň dörediljekdigini habar berdi. Italýan brendi geçen ýyl ABŞda kriptopul birlikleri arkaly tölegleri kabul edip başlapdy. Kompaniýanyň ýaýradan beýanatynda Ýewropada bu mümkinçiligiň döredilmeginiň ABŞ-da bu ugurda oňyn netije gazanylmagy bilen baglydygy aýdyldy.

Kosmos ykdysadyýeti ösýär

Soňky ýyllarda kosmos pudagynda has köp hususy kompaniýa işläp başlady. Indi kosmos giňişligi diňe bir ylmy tejribeleriň geçirilýän ýa-da aragatnaşyk antennalarynyň uçurylýan ýerine däl, eýsem, syýahatçylyk maksady bilen gidilýän ýere hem öwrülýär. Şeýle bolansoň, bu pudaga has köp maýa goýum gönükdirilýär. Bütindünýä ykdysady forumy bilen «McKinsey & Company » bu barada maglumat t a ý ý a r l a d y . Maglumatda 2035-nji ýyla çenli kosmos ykdysadyýetiniň 1,8 trillion dollara ýetjekdigi bellenilýär. Geçen ýyl bu görkeziji 630 milliard dollar bolupdyr. Bilermenler hususy kompaniýalaryň goşulmagynyň kosmosyň özleşdirilmegine itergi berendigini belleýärler. Ilon Mask, Jeff Bezos we Riçard Branson ýaly işewürler kosmos pudagyna has köp maýa gönükdirýärler. Netijede, kosmosa adam we ýük gatnatmagyň bahasy görnetin arzanlady.

Köneürgenç – Merkezi Aziýanyň derwezesi

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen häzirki döwürde ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň taryhy geçmişi giňden öwrenilýär. Köneürgenç, Merw şäherleri, Nusaý galasy öz döwründe dünýä medeniýetiniň we ylmynyň ösmegine uly goşant goşupdyrlar. Köneürgenjiň baý taryhy gadymy ýadygärlikleri, dürli döwürleriň eksponatlary, özboluşly milli mirasy uzak ýyllardan bäri dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň alymlaryny, taryhşynaslaryny hem-de dünýä arheologlaryny gyzyklandyryp gelýär. Şäherde belli alymlar, syýasatçylar, serkerdeler, zergärler hem-de ökde ussalar ýaşapdyr. Şähere çar künjekden myhmanlar gelipdirler, täjirleriň we söwdagärleriň, syýahatçylaryň gelim- gidiminiň yzy üzülmändir. Hytaý imperatorlarynyň biri öz ilçisi Çžan Szýany Merkezi Aziýa ýurtlaryna syýahatçylyga ugradýar. Ilçi il arasynda «Hytaý Geredoty » ady bilen tanalypdyr. Bu hytaý alymy «taryhyň atasy » hasaplanypdyr. Hytaý ilçisi Merkezi Aziýa ýurtlarynda geçiren ekspedisiýasynyň netijesinde ýurtlaryň geografiki ýerleşişini, içerki resurslaryny, daglary we derýalary öwrenipdir. Bazarlara baryp görüpdir, harytlaryň bahalary bilen gyzyklanypdyr hem-de köp zatlar bilen tanşypdyr. Ilçi syýahatedýän wagty halklaryň medeniýeti, däp-dessurlary, ösen maldarçylyk pudagy we senetçil

Sanly ykdysadyýet – ösüşleriň girewi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly hem-de öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty barha artýar. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 - 2025- nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda alnyp barylýan işleriň netijesinde ähli önümçilik pudaklaryna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy Sanly ykdysadyýetimiziň binýadyny barha kämilleşdirýär. Muňa maýa goýum syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylyp, önümçilik pudaklaryny, durmuş we hyzmatlar ulgamyny ösdürmek üçin köp möçberde serişdeler gönükdirilmegi, Arkadag şäheriniň dabaraly açylmagy we bu «akylly » şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna badalga berilmegi aýdyň subutnamadyr. Sanly ykdysady ulgam bagtyýar raýatlarymyzyň ýaşaýyş- durmuş derejesiniň hil we mukdar taýdan kämilleşmegine itergi berýär. Täze we döwrebap önümçilik- hyzmat desgalarynyň döredilmegi bir tarapdan ilatymyzyň iş bilen üpjünçiligine oňaýly şert döredýän bolsa beýleki tarapdan täze hünärleriň döremegine hem-de döwrebap hünärmenleriň kemala gelmegine itergi berýär. Bu bolsa kemala gelen bilim, hünär we tejribe ulgamyndaky döwreb

Ýurdumyzyň energetika kuwwaty artýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ösüşleriň täze belent sepgitlerine gadam basýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş- ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy », «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 – 2028-nji ýyllarda durmuş- ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy », şeýle hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş- durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy » kabul edildi. Görnüşi ýaly, bu maksatnamalary amala aşyrmak üçin giň gerimli işleriň täze tapgyryna badalga berilýär, örän ähmiýetli taslamalar durmuşa geçirilýär. Şol durmuşa geçirilýän ähmiýetli taslamalaryň biri hem Diýarymyzyň energetika kuwwatynyň ösüşi bolup durýar. Ýurdumyzda ýangyç- energetika toplumyny ösdürmegi çaltlandyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hasaplanýar. Energetika babatda döwlet syýasaty energetiki garaşsyzlygy we howpsuzlygy üpjün etmäge, energetikanyň daşky gurşawa ýaramaz täsirini azaltmaga gönükdirilendir. Bu wezipeleri üstünlikli çözmek üçin ekologiýa taýdan arassa energetikany, onuň mundan beýläk hem howpsuzlygyny, ene

Awazanyň seýilgähleri we suw çüwdürim

Ajaýyp zamanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik tutumlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz ykdysady, syýasy we medeni taýdan gülläp ösýär. Güneşli Diýarymyzda syýahatçylyk ulgamynda hem uly ösüşler gazanylýar. «Awaza » milli syýahatçylyk zolagyndaky myhmanhanalarda, sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde, kottejler toplumlarynda ýokary derejeli hyzmatlary ýola goýmakda öňdebaryjy tejribeler ornaşdyrylýar. Şu günler gojaman Hazaryň kenary köp adamly. Bu ýere saglygyny bejertmek we dynç almak maksady bilen gelýän myhmanlaryň sany yzygiderli artýar. Myhmanhananyň işgärleri «Awaza » milli syýahatçylyk zolagyna dynç almaga gelýän myhmanlara uly höwes bilen ýokary derejede hyzmatlary berýärler. Balkan welaýat häkimliginiň web saýtynda berilýän maglumatlara görä, häzirki wagtda «Awaza » milli syýahatçylyk zolagynda bir wagtyň özünde dynç alýanlaryň 10 müň 117- sini kabul edip bilýän 18 sany myhmanhana, 8 sany dynç alyş we sagaldyş merkezleri, şol sanda 1 müň 380 orunlyk çagalar üçin lagerler hem-de 9 sany kottejler toplumy hereket edýär. Dynç alýanlaryň hyzmatynda 4 sany seýilgäh bolup, olardan 2 sanysy oýun attraksionly seýilgählerdir. Geliň, sözümiz gury bolmaz ýaly,

Şu gün Parižde XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna badalga berler

Arkadagyň sahawat serpaýy

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet Baştutany wezipesinde işlän ýyllarynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde, Watanymyzyň halkara abraýyny belende götermekde ägirt uly hyzmatlary bitirdi. Milli Liderimiz häzirki wagtda hem döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmekde, adamlaryň saglygyny, kanuny bähbitlerini goramakda, halkyň ynsanperwer ýol-ýörelgelerini mynasyp dowam etdirmekde nusgalyk işleri durmuşa geçirýär. Çagalaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek, olaryň saglygyny goramak we berkitmek ugrunda hem döwletimiz tarapyndan yzygiderli alada edilýär. Eziz Arkadagymyzyň adyny buýsanç bilen göterýän Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanylyp, haýyr-sahawatly, sogaply işleriň giň gerimde alnyp barylmagy ildeşlerimiziň kalbynda çäksiz hoşallyk duýgularyny döredýär.

Döwürleriň ylham çeşmesi

Magtymguly Pyragynyň umman ýaly döredijiligi ynsan durmuşynda ýüze çykýan çylşyrymly meseleleriň çözgütlerini salgy berýändigi bilen, ähli döwürlerde öz ähmiýetini saklap gelýär. Şahyryň akyl-paýhasa, ýokary çeperçilige ýugrulan eserleri watansöýüjilige, belent adamkärçilige, ruhy päklige esaslanýar. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna beslän Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin iň belent buýsançlaryň biridir. Uzak ýyllaryň dowamynda dana Pyragynyň şygyrlary ençeme dillere terjime edilip, halklary dostlaşdyryp, doganlaşdyryp gelýär. Dünýäniň ençeme ýurdunda şahyryň heýkelleri dikildi. Häzirki wagtda bolsa beýik söz ussadymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, halkara ylmy maslahatlar, duşuşyklardyr dabaraly çäreler geçirilýär.

Hereket howpsuzlygy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan Watanymyzyň rowaçlygy, halkymyzyň bagtly geljegi üçin döwletli işler amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy hormatly watandaşlarymyza, ýurdumyzyň mähriban raýatlaryna tomsuň sapaly, gyzgalaňly dowam edýän günlerinde döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan aýdyň ýörelgelerinden ugur alyp, köçe-ýol hereketiniň kadalaryny ýatladýar. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň beýik başlangyjy netijesinde «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly şygar bilen geçirilmegi asylly däbe öwrülen çäreler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli tagallalary bilen dowam etdirilýär.

Sebitiň şypaly künjegi

Döwletimiziň tebigy gurşawy goramaga, rejeli peýdalanmaga gönükdiren tagallalarynyň sazlaşygy ajaýyp Awazanyň ykdysady ugurly düzümleriniň döredijilikli ösdürilmeginiň mysalynda aýdyň görünýär. Bu, ilkinji nobatda, Bitarap Türkmenistanyň dünýä ekologiýasyny goramaga goşýan goşandynyň, ikinjiden bolsa adamzat we onuň eşretli durmuşy, saglygy we medeniýetli dynç alşy babatda döredýän ägirt uly mümkinçilikleriniň alamatydyr. Hazar deňzi öz gadymylygy bilen türkmen topragynyň taryhyna-da ençeme asyr bäri şaýat bolup gelýär. Gadymy halkymyz üçin örän uly baýlyklary bagyş eden bu deňiz öz kenaryndaky halkyň tebigy hemrasydyr. Ol nebite we gaza örän baýdyr. Ortaça çuňlugy 208 metr hasaplanylýan, ululy-kiçili aýlaglary, elli töweregi adalary bolan bu deňiz tebigy baýlyklary, ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen tapawutlanýar. Onuň tebigy gurşawy özboluşly kenarýaka ýaşaýyş medeniýetini emele getiripdir. Küştdepdi tansynyň dörän ýeri bolan Hazaryň türkmen kenarynda gadymy milli sungatymyzyň aýrylmaz bölekleri emele gelipdir. Halkymyzyň Hazarýaka ruhy joşguny türkmen halylarynyň nagyşlarynda, gazallarynyň owazlarynda, milli aşpezçilik däplerinde we lybaslarynda öz beýanyny tapýar. Bu sebit syýahatçylaryň we ylym adamlarynyň ünsüni hemişe özüne çekýä

Ot bilen oýun etmäň!

Sahnanyň bir gyrasynda Bilgirjäniň öýi, beýleki gyrasynda, Bilmezejigiň öýi. Iki öýüň arasynda gurjak oýnalýan sahna. Bilgirje jaýynyň ýokarsyndaky «Bilgirje» atly ýazgyny aýryp, «Ýangyn howpsuzluk bölümi» diýen ýazgyny asýar. Bilmezejik jaýyndan çykyp, Bilgirjäniň bu hereketini görüp, geň galýar. Bilmezejik. Bilgirje! Sen näme, üçin öz jaýyň ýokarsynda (Bogunlap okaýar). «Ýan-gyn howp-suz-lyk bö-lü-mi» diýen ýazgyny asdyň. Bu saňa nämä gerek boldy?!

Döredijilik duşuşygy geçirildi

Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsüminiň üçünji tapgyry dowam edýär. Dynç alyş merkezlerinde dynç alýan çagalaryň arasyndaky geçirilýän ýaryşlar, bäsleşikler, döredijilik duşuşyklary ýokary netijä eýe bolýar. Şeýle çäreleriň biri hem Ahal welaýat häkimliginiň Gökderedäki «Bagtyýar nesiller» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde geçirildi.  Döredijilik duşuşygyny Türkmenistanyň Bilim we Medeniýet ministrlikleri bilelikde guradylar. Ýurdumyzyň belli ýazyjy, şahyrlary we žurnalistleri bilen guralan bu çärä Gökderedäki merkezlerde dynç alýan çagalar gatnaşdylar. Döredijilik duşuşygynda çagalar halypalaryň çykyşlaryny, goşgularyny we maslahatlaryny üns bilen diňlediler. Döredijilik bilen meşgullanýan çagalar öz ýazan goşgularyny we halaýan şahyrlaryň goşgularyndan ýatdan okadylar. Çagalar dutar, tüýdük, skripka saz gurallarynda milli heňleri çaldylar. Watan, dost-doganlyk hakyndaky aýdymlar oňa gatnaşanlarda aýratyn täsir galdyrdy.

Jemgyýetçilik kabul edişligi

2024-nji ýylyň 3-nji we 17-nji awgustynda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Baş prokuraturasynyň, Ýokary kazyýetiniň işgärleriniň we Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzasynyň gatnaşmaklarynda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçirilýär. Kabul edişlik Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 150-nji jaýynda, ýagny Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasynda sagat 09:00-dan 12:00-a çenli geçirilýär.  Habarlaşmak üçin telefon belgileri:         

Jem­gy­ýet­çi­lik sag­ly­gy we iý­mit mer­ke­zi­ne hil gü­wä­na­ma­sy

Go­laý­da Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň Döw­let aras­sa­çy­lyk we ke­sel­le­riň ýaý­ra­ma­gy­na gar­şy gö­reş­mek gul­lu­gy­nyň Jem­gy­ýet­çi­lik sag­ly­gy we iý­mit mer­ke­zi­ne hil ul­ga­my­nyň la­ýyk­lyk gü­wä­na­ma­sy be­ril­di. Mu­nuň özi mer­kez­de ge­çi­ril­ýän bar­lag­ha­na-sy­nag iş­le­ri­niň «Hil me­nej­men­ti­niň ul­ga­my» di­ýen ugur bo­ýun­ça TDS ISO 9001 stan­dar­ty­nyň bel­le­nen ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­ýän­di­gi­ni tas­syk­la­ýar. Ýe­ri ge­len­de, Ar­ka­dag şä­he­ri­niň bir ýyl­ly­gy­nyň bel­le­ni­len gü­nün­de «Ar­ka­dag Me­di­si­na Klas­te­ri Me­nej­ment» kär­ha­na­sy­na hem Türk­me­nis­ta­nyň ser­ti­fi­kat­laş­dy­ryş ul­ga­my ta­ra­pyn­dan şeý­le gü­wä­na­ma­nyň ber­len­di­gi­ni nyg­ta­mak ýa­kym­ly­dyr. Mä­lim bol­şy ýa­ly, Gahryman Arkadagymyzyň gat­naş­ma­gyn­da 2016-njy ýy­lyň iýu­lyn­da açy­lyp ulan­ma­ga ber­len Jem­gy­ýet­çi­lik sag­ly­gy we iý­mit mer­ke­zi ila­ta hyz­mat­la­ry hö­dür­le­ýän döw­re­bap mer­kez­le­riň bi­ri­dir. On­da ge­çi­ril­ýän bar­lag­ha­na-gö­zeg­çi­lik iş­le­ri­niň kä­mil­leş­di­

Watanymyzyň ösüşlerinden ruhlanyp

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň guramagynda welaýatyň etraplarynda Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň, işgärleriniň we işjeň agzalarynyň arasynda dürli mazmunly çäreler yzygiderli häsiýetde geçirilýär. Häzirki günlerde geçirilýän maslahatlarda zähmetkeşleriň arasynda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasaty wagyz-nesihat edilýär, işleri döwrüň ruhuna laýyklykda guramagyň ähmiýeti düşündirilýär, tehniki howpsuzlyk we zähmeti goramak bilen bagly gürrüňe hem üns çekilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda” nobatdaky Kararynyň kabul edilmegi bilen baglylykda, bu resminamadan gelip çykýan wezipeleri ilata düşündirmekde, şeýle-de Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini wagyz etmekde hem mynasyp tagalla edilýär.