Arkadagyň sahawat serpaýy

26 Iýul 2024
141

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet Baştutany wezipesinde işlän ýyllarynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde, Watanymyzyň halkara abraýyny belende götermekde ägirt uly hyzmatlary bitirdi. Milli Liderimiz häzirki wagtda hem döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmekde, adamlaryň saglygyny, kanuny bähbitlerini goramakda, halkyň ynsanperwer ýol-ýörelgelerini mynasyp dowam etdirmekde nusgalyk işleri durmuşa geçirýär.

Çagalaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek, olaryň saglygyny goramak we berkitmek ugrunda hem döwletimiz tarapyndan yzygiderli alada edilýär. Eziz Arkadagymyzyň adyny buýsanç bilen göterýän Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanylyp, haýyr-sahawatly, sogaply işleriň giň gerimde alnyp barylmagy ildeşlerimiziň kalbynda çäksiz hoşallyk duýgularyny döredýär.

Gülkamar NYÝAZOWA,
Balkanabat şäheriniň ýaşaýjysy.