"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Uly höwes döretdi

TMÝG-niň etrap geňeşi Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň Meýilnamasyndan ugur alyp, netijeli çäreleri yzygiderli geçirýär. Ýaňy-ýakynda TMÝG-niň etrap geňeşi ýaş nesillerimizi kitaphanalara çekmek we olarda kitap okamaga söýgi döretmek maksady bilen etrapdaky 2-nji, 5-nji çagalar baglarynyň körpeleriniň gatnaşmagynda “Kitap meniň dostum!” ady bilen etrabyň merkezi kitaphanasyna gezelenç guradylar. Çagalary kitaphana çekmek maksady bilen geçirilen bu çärede körpe nesillerimiz kitaphananyň bölümlerindäki gyzykly kitaplar bilen tanyş boldular. Aýratynam, kitaphananyň ertekiler bölümindäki türkmen halk ertekili ajaýyp suratlar bilen bezelen kitaplar körpeleriň ünsüni özüne çekdi. Sebäbi, özlerine tanyş bolan “Böwenjik”, “Hudaýberdi gorkak” ýaly ertekileriň bezemen suratly kitaplaryny görmek körpeleri örän begendirdi we beýleki ertekileri hem okamaga uly höwes döretdi.

Wagyz-nesihat çäreleri

Gender deňligi dabaralanýar Mary şäher häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen wagyz-nesihat çäresi gender deňligine bagyşlanyldy. «Gender deňligi — bagtyýar geljegiň miwesi» diýlip atlandyrylan bu wagyz-nesihat çäresini Mary şäher we Mary etrap zenanlar bölümleri bilelikde guradylar. Çärä şäheriň we etrabyň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän gelin-gyzlar hem-de kümüş saçly eneler gatnaşdylar. Wagyz-nesihat çäresini şäher häkiminiň orunbasary, şäher zenanlar bölüminiň başlygy Bahar Torumowa alyp bardy.

Beýik akyldara bagyşlandy

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Esenguly etrap komitetiniň guramagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli döredijilik bäsleşigi geçirildi. Oňa gatnaşanlar Magtymguly Pyraga, watansöýüjilik, edep-ekram meselelerine bagyşlap ýazan goşgularyny labyzly okadylar, şeýle-de beýik akyldaryň goşgularynyň many-mazmunyny, ähmiýetini çeper dilde düşündirdiler. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan ynsanperwer syýasaty, Watanymyzyň ösüş-özgerişleri barada gürrüň etdiler.  Bäsleşige  gatnaşanlara we onuň ýeňijilerine Hormat hatlary, ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Magtymguly Pyragy — Jemşidiň jamy

Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Balkanabat şäher geňeşiniň we welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, «Magtymguly Pyragy — Jemşidiň jamy» atly maslahat geçirildi. Döredijiligi Jemşidiň jamyna deňelýän akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň eserleri, pähim-paýhasa ýugrulan dürdäne setirleri gymmatyny hiç haçan ýitirmejek bahasyz baýlykdyr. Ol eserler asyrlar geçse-de, şamçyrag deý lowurdap, durmuşymyza nur çaýýar. Şeýle ölmez-ýitmez eserleriň döremegini şahyryň ata Watanyny, ene topragyny, il-halkyny jany-teni bilen söýendigi, milletiniň özbaşdak döwlet gurup, eşretli durmuşda ýaşamagyny arzuw edendigi bilen düşündirip bolar.

Ýaş ýol gözegçileri bäsleşdiler

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Gara Altyn» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde welaýat Polisiýa müdirliginiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölüminiň we Balkanabat şäheriniň  Hazar şäherçesiniň polisiýa bölümçesiniň polisiýanyň ýol gözegçiligi toparynyň bilelikde guramaklarynda «Men — ýaş ýol gözegçisi» atly bäsleşik geçirildi. Ýol hereketiniň düzgünlerini çagalara düşündirmek, olar bilen baglanyşykly ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak maksady bilen geçirilen bäsleşige merkezde dynç alýan mekdep okuwçylary toparlaýyn gatnaşdylar. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, olar dürli oýunlaryň üsti bilen ýol hereketiniň düzgünleri, ýolyşyk we ýol belgileri boýunça düşünjelerini, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Şowhunly geçen bäsleşige gatnaşan we ýeňiji bolan çagalara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Döwletara hyzmatdaşlyk üstünlikli ösdürilýär

24-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýnsy kabul etdi Duşuşmaga wagt tapyp kabul edendigi hem-de döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, diplomat döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy hem-de GFR-iň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň, Federal Kansleri Olaf Şolsuň hormatly Prezidentimize, türkmen halkynyň Milli Liderine mähirli salamyny we ähli türkmenistanlylara bagtyýarlyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Hormatly Prezidentimiz ilçini myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan edip, jenap Bernd Haýnsy jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady hemde ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk- de ösdürmek bilen bagly ýokary diplomatik wezipesinde oňa uly üstünlikleri arzuw etdi. Nygtalyşy ýaly, Germaniýa Federatiw Respublikasy Türkmenistanyň Ýewropa sebitindäki möhüm hyzmatdaşlarynyň biridir. Häzirki wagtda iki döwlet ähli ugurlarda, hususan- da, syýasy- diplomatik, söwda- ykdysady, medeni- ynsanperwer ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlyk edýär.

Karýerasyndaky ilkinji ýeňşi

Formula 1 boýunça möwsümiň 13-nji ýaryşy Wengriýanyň Madiorod şäherindäki belli «Hungaroring » trassasynda geçirildi. 70 aýlawdan ybarat bolan ýaryşda «McLaren » toparynyň awstraliýaly sürüjisi Oskar Piastri pellehanany 1 sagat 38 minut 01,989 sekuntda geçmegi başaryp, ýeňiş gazandy. Bu onuň karýerasyndaky ilkinji ýeňşi bolup, 23 ýaşyndaky pilot bu birinjilik üçin 35 ýaryş garaşmaly boldy. Ýaryşda 2-nji ýeri Piastriniň britaniýaly topardaşy Lando Norris eýeledi. Ol 1-nji bolup bat alan ýaryşynda topardaşyndan 2,141 sekunt yza galdy. 3-nji orna başga bir britaniýaly sürüji, «Mercedes» toparynyň weteran piloty Lýuwis Hamilton mynasyp boldy. «Ferrari » toparynyň sürüjileri 4-nji hem-de 6-njy orny eýeläp, monakoly Şarl Lekler bilen ispaniýaly Karlos Saýns Junioryň arasyna «Red Bull» toparynyň niderland piloty Maks Werstappen girdi. Maks Werstappen soňky 3 möwsümiň dowamynda ilkinji gezek yzly- yzyna 3 ýaryşda ýeňiş gazanyp bilmedi. Oňa şu möwsümde 13 ýaryşyň 6-synda ýeňiş gazanmak başartmady. Wengriýa «Gran Prisinden » soň sürüjileriň sanawynda üýtgän zat bolmady. Sanawyň lideri Maks Werstappen ornuny goramagyny dowam edýär. Onuň 265 utugy bar. 2-nji ýerdäki Lando Norris 189, 3-nji orundaky Şarl Lekler 162 utuk toplady. Karlos Saýns Junior 154, Oskar Piastri 149 utuk bilen

Pogaçar taryhy üstünligiň bosagasynda

Dünýäniň iň abraýly welosport ýaryşy hasaplanýan «Tour de France» bäsleşigi tamamlandy. 111-nji gezek geçirilen ýaryşda «UAE Team Emirates » toparynyň sloweniýaly türgeni Tadeý Pogaçar ýeňiş gazandy. Ol 23 günläp dowam eden ýaryşy 83 sagat 38 minut 56 sekuntda tamamlamagy başardy. Bu onuň «Tour de France» ýaryşyndaky 3-nji çempionlygy bolup, ol 2020-nji we 2021-nji ýyllardada ýeňiş gazanypdy. 4-nji tapgyrdan soň umumy sanawyň 1-nji basgançagyna ymykly ornaşan Pogaçar jemi 6 tapgyrda pellehana hemmeden öň gelmegi başardy. Pogaçar 4-nji, 14-nji, 15-nji hem-de soňky 3 tapgyry ýeňiş bilen tamamlady. 25 ýaşyndaky Pogaçar şu möwsümde 3 uly bäsleşigiň ýene biri bolan «Giro d’Italia »-da hem ýeňiji boldy. Tadeý Pogaçar awgust- sentýabr aýlarynda geçirilen «Vuelta a España »-da hem ýeňiş gazanan ýagdaýynda bir ýylyň dowamynda uly bäsleşikleriň 3-sinde- de ýeňiji bolan ilkinji türgen hökmünde taryha girer. Ol şol bir wagtyň özünde 3 uly bäsleşikde ýeňiş gazanan 7-nji welosipedçi bolar. Ýaryşda Pogaçardan 6 minut 17 sekunt az netije görkezen «Visma– Lease a Bike » toparynyň daniýaly türgeni Ýonas Wingegor 2-nji ýere mynasyp boldy. Ol bassyr 3-nji gezek ýaryşy 2-nji bolup tamamlady. «Soudal– Quick-Step» toparynyň belgiýaly türgeni Remko Ewenepoel 3-nji orny eýeledi.

Olimpiýa oýunlarynyň gysgaça taryhy

Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň gelip çykyşy barada ençeme gürrüňler, mifiki rowaýatlar bar bolup, bu oýunlaryň haçan, nirede dörändigi hakynda anyk maglumat aýtmak juda kyn. Ýöne şol myş-myşlaryň, rowaýatlaryň arasynda iň ýörgünlisi şudur: miladydan öň 500-nji ýyllarda gadymy grekleriň arasynda yzygiderli ýeňil atletika festiwallary geçirilýärdi. Şol festiwallaryň arasynda- da iň meşhury 4 ýyldan bir gezek Olimpiýa dagynda Zeusa bagyşlanyp geçirilýän Olimpiadady. Bu Olimpiadada gysga, orta we uzak aralyklara ylgamak, pentatlon (bäş görnüşli), boks hem-de göreş ýaly sport görnüşleri bolup, ýaryşlara aglaba diýen ýaly erkekler gatnaşýardy. Miladydan öň II asyrda bu Olimpiýa oýunlary Rim imperiýasy tarapyndan ýatyrylýar. 1892-nji ýylda Pariždäki Sorbonn uniwersitetinde çykyş eden fransiýaly baron, pedagog hem-de taryhçy Pier de Kuberten halkara sport çäresini, halkara sport ýaryşlaryny geçirmek baradaky teklip bilen çykyş edýär. Ol çykyşynda sportuň peýdasy — halklary dostlaşdyrýandygyny, jebisleşdirýändigini, parahatçylygy ündeýändigini, şol bir wagtyň özünde, adamyň bedenine, saglygyna hem-de ruhuna peýdasynyň ýokarydygyny belläp geçýär. Ähli milletleri bir ýere jemlemek, zemindäki halklary bilelikde bir maksada gönükdirmek üçin Olimpiýa oýunlarynyň döredil

2-nji möwsümi awgust aýynda başlanýar

Mundan 2 ýyl ozal 1-nji möwsümi ýaýlyma berlen «Güýç ýüzükleri » (The Rings of Power) serialynyň 2-nji möwsümi tomsuň iň soňky günlerinde tomaşaçylara ýetirilip başlanar. «Prime Video»-da görkeziljek serialyň 2-nji möwsümi- de 8 bölümden ybarat bolar. J.J. Tolkieniň meşhur «Ýüzükleriň hökümdary » eseriniň ýanamasy bolan serialyň 2-nji möwsüminiň ilkinji 3 bölümi 29-njy awgustda görkeziler. Galan bölümleriň bolsa 3-nji oktýabra çenli her hepde birisi ýaýlyma berler. Serialyň 4 bölümine Şarlott Brandstrom režissýorlyk edip, bu möwsümde otrisatel gahrymanlar öňe saýlanýar. Sauronyň Orta dünýäni özüne boýun etmek isleýşi täze möwsümiň iň esasy temasy bolup durýar.

Lawrensiň täze keşbi

Oskarly aktrisa Jennifer Lawrensiň surata düşjek indiki filmi «Sen meni näme üçin söýeňok » (Why Don’t You Love Me?) atly kino bolar. Pol B. Raýnyň adybir çyzgy romany (komiksi) esasynda ekranlaşdyryljak komediýa görnüşli filmde Lawrens Kleýr atly zenanyň keşbini janlandyrar. Filmiň ssenarisini Robert Funk ýazar. Filmde Kleýr we onuň ýanýoldaşy Markyň bilelikdäki durmuşyny kynlyk bilenem bolsa dowam etdirmäge çalşyşy, maşgalanyň başdan geçirýän depressiýasy, pursatlary elden giderişi barada gara komediýa görnüşinde gürrüň berler. Filmiň režissýory öňümizdäki günlerde belli bolar

2-nji film surata düşüriler

Režissýor Dewid Frankeliň surata düşüren «Şeýtan Prada geýýär » (The Devil Wears Prada) filminiň ikinjisiniň surata düşüriljekdigi habar berildi. Ilkinjisi 2006-njy ýylda ekranlaşdyrylyp, filmde Enn Heteweý, Meril Strip, Adrian Grenier, Emili Blant ýaly belli artistler esasy keşpleri janlandyrypdy. 35 million dollarlyk býujetli kino prokatlardan 326 million dollar toplapdy. Häzirki wagtda «Disney » studiýasy bilen 1-nji filmiň ssenariçisi Alin Broş MakKennanyň arasynda gepleşikler geçirilip başlandy. Täze filmde Meril Strip bilen Emili Blantyň ozalky keşplerinde surata düşjekdigi habar berlip, Enn Heteweýiň öňümizdäki günlerde keşbine dolanmaga razylyk bermegine garaşylýar. Täze filmde žurnalyň sanly görnüşde çykýan ulgamyň garşysynda çapdan çykýan nusgasynyň pese gaçyşy barada söhbet açylar. Filmiň režissýory hem-de haçan ekranlara çykaryljakdygy häzirlikçe belli däl.

Täze film

Ady: «Dedpul we Rosomaha » (Deadpool & Wolverine); Režissýory: Şawn Lewi; Ssenariçi: Raýan Reýnolds, Rett Reese, Pol Wernik, Zeb Wells, Şawn Lewi; Prodýuseri: Kewin Faýgi, Raýan Reýnolds, Şawn Lewi, Loren Şuler Donner; Keşplerde: Raýan Reýnolds, Hýu Jekman, Emma Korrin, Mattýuw Makfadýen; Kompozitory: Rob Simonsen; Öndüriji: «Marvel Studios », «21 Laps Entertainment », «Maximum Effort »; Paýlaýjy: «Walt Disney Studios Motion Pictures »; Dowamlylygy: 128 minut; Görnüşi: uruşly, fantastik, komediýa; Ýurdy: ABŞ; Dili: iňlisçe. Bu gezek «Marvel»-iň 2 hyýaly super gahrymany – Dedpul bilen Rosomaha bir filmde bilelikde bolup, ekran eserine Şawn Lewi režissýorlyk edýär. Filmde baş keşpleri Raýan Reýnolds bilen Hýu Jekman, şol sanda Emma Korrin hemde Mattýuw M a k f a d ý e n janlandyrýar. 2 sagatdan gowrak dowamlylygy bolan ekran eserinde Rosomaha asuda durmuşda ýaşap ýören Dedpuly wajyp mesele üçin biynjalyk edýär. Olaryň ikisi güýçlerini birleşdirip, dünýäni halas etmeli bolýar...

«Paramount» studiýasy «Skydance Media» bilen birleşýär

«Hollywood »-yň meşhur studiýalarynyň biri bolan «Paramount » başga bir kompaniýa, «Skydance Media » kompaniýasy bilen birleşýär. Has takygy, «Skydance Media » kompaniýasy «Paramount » studiýasynyň paýnamalaryny satyn alar. 1912-nji ýylda esaslandyrylan «Paramount » studiýasy «Hollywood »-yň iň gadymy 2-nji, dünýäde- de iň gadymy 6-njy kinostudiýa hasaplanýar. «Skydance » 2006-njy ýylda esaslandyrylyp, 2009-njy ýyldan bäri «Paramount » bilen bilelikde filmleriň önümçiligini gurap gelýärdi. «Terminator », «Ýerine ýetirip bolmajak missiýa » (Mission Impossible) filmleriniň soňky 4 bölümi, «Top Gan: Mawerik » (Top Gun: Maverick), «Star Trek» we başga- da birnäçe ilhalar filmler bu 2 studiýanyň bilelikdäki önümleri bolupdy. CBS, «Nickelodeon », «Paramount+ » ýaly «Paramount »-yň garamagyndaky platformalar hem 2016-njy ýylda «Skydance Media » kompaniýasyna öwrülen bu studiýanyň düzümine girer. «Paramount » studiýasy esasanam «Paramount+ » sebäpli soňky ýyllarda maliýe babatda kynçylyk çekýärdi. «Paramount+ » özi ýaly «Netflix », «Disney Plus» we «Amazon Prime Video» «streaming » platformalaryndan yza galýardy we müşderi toplamakda garaşylýan netijäni bermändi.

76-njy «Emmy» baýraklarynyň dalaşgärleri mälim edildi

Telewideniýe dünýäsiniň iň abraýly baýraklaryndan bolan «Primetime Emmy » baýraklarynyň dalaşgärleri mälim edildi. Telewideniýe akademiýasy (ATAS) tarapyndan yglan edilen 76-njy «Primetime Emmy » baýraklarynda FX-iň önümi bolan «Shogun » teleserialy 25 ugurdan dalaşgär görkezildi. FX-iň başga bir ekran eseri «The Bear » bolsa 23 ugurda dalaşgär diýlip bellendi. Bu serialyň bir möwsümde 23 ugurdan dalaşgär görkezilmegi «Emmy » baýraklarynyň komediýa ugry boýunça rekorda deň boldy. Umumylykda «Netflix »-iň önümleri 107 ugur boýunça «Emmy » baýraklarynyň dalaşgärligine hödürlendi. Köpleriň söýgüsini gazanan gara komediýa serialy «The Curse » ýeke ugurdanam dalaşgär görkezilmedi. «Only Murders in the Building » serialyndaky keşbi üçin komediýa seriallarynda iň gowy aktrisa baýragyna dalaşgär görkezilenleriň biri- de belli aktrisa, aýdymçy Selena Gomes boldy. Ol bu ugurda dalaşgär görkezilen asly latyn amerikaly 4-nji aktrisa hökmünde bellige alyndy. 76-njy «Emmy » baýraklarynyň ýeňijileri 16-njy sentýabrda Los Anjelesdäki «Peacock» teatrynda geçiriljek dabarada mälim ediler. Mundan 2 ýyl ozal 1-nji möwsümi ýaýlyma berlen «Güýç ýüzükleri » (The Rings of Power) serialynyň 2-nji möwsümi tomsuň iň soňky günlerinde tomaşaçylara ýetirilip başlanar. «Prime Vi

Daşa surat çekmek

Tomus paslynyň dowam edýän günlerinde köpimiz deňiz kenaryna, dag eteklerine ýa-da tebigatyň jümmüşine gezelenje gidýäris. Gezen ýerlerimizde tebigatyň gözelliklerine, okuw wagtynda görüp bilmeýän zatlarymyza duşýarys. Köplenç deňiz kenarlarynda daşy ýylmanak dürli şekilli daşlar ýa-da balykgulaklar duş gelýär. Eýsem, daşlara suratçekip ýa-da olary reňkläp öz eseriňizi döredip biljekdigiňiz barada pikir edip gördüňizmi?! Daşa surat çekmek çotga we reňk bilen ýerine ýetirilýär. Emma şekillendiriş sungaty dersindäkiden tapawutlylykda kagyzy däl-de, daşyň ýüzüni reňklemeli bolýar. Haýsy daşa nähili surat çekjekdigiňiz öz islegiňize bagly. Häzirki wagtda daşlary reňklemek köp ýerde sungat derejesine ýetip, diňe şonuň bilen meşgullanýanlar hem bar. Çagyla surat çekmek üçin dürli ýogynlykdaky çotgalary saýlap almaly. Ýüzi ýalpyldawuk däl-de, solak reňkli daşa reňk has gowy düşýär. Surat çekmezden ozal daşy mazaly ýuwup, arassalamaly, soňra guratmaly. Reňklemäge başlamazdan ozal gara galam bilen şekiliň daşyny çyzmaly. Soňra bolsa, halan reňkiňiz bilen reňklemeli. Ak, ýasy we ulurak daşlary has gowy reňkläp bolýandygyny unutmaň! Daşyň şekiline görä, ony haýwanlara ýa-da miwedir bakja ekinine- de meňzedip bilersiňiz. Balykgulaklar hem reňklemek üçin am

Pişik ýaly pandajyk

Tebigy şertlerde ýaşaýan uly pandalar diňe Hytaýda duş gelýär. Bu pandalar aýynyň bir görnüşi hasaplanýar. Adaty pandalaryň ýaşaýan tebigatynda gyzyl panda atly ýene bir jandar ýaşaýar. Iki görnüşi bolan gyzyl panda hem ala reňkli bolup, tilkä meňzeýär. Pişikler ýaly bedenini ýalap arassalaýandygy üçin bu jandarlara «pişik pandasy » hem diýilýär. Gimalaý daglarynyň gündogar eteklerindäki tokaýlarda ýaşaýan gyzyl pandalar deňiz derejesinden has beýikdäki bambuk tokaýlarynda mesgen tutunypdyrlar. Bu jandary ilkinji gezek 1825-nji ýylda fransuz zoology Frederik Kýuwýe anyklaýar. Ol bu jandara iň owadan jandar diýip baha berýär. Şol sebäpli alym oňa latynça «ot reňkli » ýa-da «ýalpyldaýan pişik » manysyny berýän «Ailurus fulgens » diýip at dakýar. Aslynda ala reňkli adaty uly pandalar gyzyl pandalardan has giç anyklanýar. Şeýle bolansoň, ilki gyzyl panda at dakylýar. Soňra gyzyl panda meňzeşdigi sebäpli ala panda at berilýär. Gyzyl pandalaryň ululygy adaty pişik ýalyrak bolýar. Bedeniniň uzynlygy 65 santimetr, guýrugy 60 santimetr çemesi bolýar. Agramy 6 kilogram töweregi bolýan pandalar ortaça 23 ýyl ýaşaýar. Gyzyl pandalaryň possunynda ak reňkli özboluşly nagyşlary bolýar. Gür tüýli guýrugynda bolsa alty öwüşginli reňk bolýar. Bu bolsa, olaryň agaç şahal

Hemmeleriň arzyly oýunjagy

Wenger matematigi Erno Rubigiň 1974-nji ýylda oýlap tapan tapmaça oýnawajy dünýäde hiç haçan ähmiýetini ýitirmeýän güýmenjä öwrüldi. Bu oýnawajy gören uludankiçä hemmeler zehinini barlamak üçin ony biygtyýar eline alýar. Häzire çenli bu oýunjakdan 450 milliondan gowragynyň satylandygy bellenilýär. Oýunjak ilkibaşda okuw esbaby hökmünde oýlanyp tapylypdyr. Professor Rubik talyplaryna üç ölçegli jisimleri düşündirmek üçin her tarapyndan 9 kwadrat bolan we her bölegi aýratynlykda hereket edip bilýän bu oýunjagy oýlap tapýar. Kubjagazyň ilkinji görnüşleri 27 sany dürli agaçlardan ybarat bolupdyr. Soňra bolsa 54 öýjükli – merkezinde 6 sany 1 reňkli, gapdalynda 12 sany 2 reňkli we çüňkünde 8 sany 3 reňkli öýjük bolupdyr. Rubigiň tapmaçasyny ilkinjileriň hatarynda öz talyplary çözüpdirler. 1975-nji ýylda Rubik öz öndüren önüminiň patentini alýar. 1978-nji ýylda bolsa Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli «Jadyly kubik » ady bilen ilkinji ýasan kubiklerini oýnawaç hökmünde çagalara hödürleýär. 1980-nji ýylda oýnawaç kompaniýalarynyň biri bu oýunjagy öndürip satmak hukugyny satyn alýar. Şondan soň bu oýnawaçlar dünýäniň dürli ýerlerinde satylyp başlanýar. «Rubigiň kubjagazyna » başgaça «jadyjy kubjagaz » hem diýilýär. 1980-nji ýyllarda meşhurlygy dün

Dünýäniň iň uly meteoridi

Beýleki planetalardan tapawutlylykda Ýeriň aýratyn atmosferasy bolup, üstünde ýaşaýyş bar. Atmosfera gatlagy Ýeri kosmos giňişliginde gaýyp ýören ululy- kiçili daşlardan goraýar. Ýer ýüzünde 100 kilometr çemesi beýiklikde başlaýan atmosfera haýsydyr bir jisim gelip uranda, kislorod bilen galtaşyp, ýanyp başlaýar we pytraýar. Ýeriň ýüzüne çenli gelip ýetýänçä bolsa, ýanyp, bugaryp ýok bolýar. Bu bolsa, ähli janly- jandarlary, ösümlikleri, umuman Ýerdäki ýaşaýşy goraýar. Şeýle- de bolsa, seýrek ýagdaýda Ýeriň atmosferasyna giren daşlar dolulygyna ýanyp gutarman, onuň kiçiräk bölekleri ýere gelip ýetýär. Atmosfera girenden soňra ýanyp, ýok bolýan daşa meteor, ýere gelip ýetýänlere meteorit diýilýär. Kosmos giňişliginde gaýyp ýören has uly daşlara bolsa asteroid diýilýär. Dünýäde häzire çenli onlarça meteorit gaçyp, olaryň käbiri muzeýlerde ýa-da başga bir ýapyk binada saklanýan bolsa, käsi gaçan ýerinde dur. Ýere gaçan iň uly meteorit Namibiýanyň demirgazygyndaky Hrutfonteýn etrabynyň golaýyndaky Hoba diýen ýerdäki äpet daş hasaplanýar. Ýer ýüzündäki iň uly bitewi asman jisimi hasaplanýan Hoba meteoridini görmäge barýan syýahatçylar hem az däl. Bu daş has irki döwürlerde Ýere gaçypdyr. Geçirilen barlaglarda asman jisiminiň 80 müň ýyl

Göwherden gurlan jaýlar

Dünýäde gurluşyk üçin dürli materiallardan peýdalanylýar. Köplenç gurluşyk ediljek ýerdäki materiallardan peýdalanylýan bolsa, käbir gurluşyk materiallary has alys ýurtlardan getirilýär. Polat, agaç, dürli ösümlikler, daş, toprak, çäge we beýlekiler ýaşaýyş jaýlarynyň, köprüleriň we beýleki desgalaryň gurluşygynda irki döwürlerden bäri peýdalanylýar. Germaniýanyň taryhy we medeni gymmatlygy bilen tanalýan şäherçeleriniň birindäki jaýlarda bolsa, iň gymmat bahaly daşlaryň biri hasaplanýan göwher bölejikleri ulanylypdyr. Bawariýanyň Nördlingen şäherçesindäki jaýlar guşuçar belentlikden seredilende äpet tegelek oýuň içinde ýerleşýär. Şäherçäniň köçeleri hem aýlawly bolup, uly halkanyň içinde ýerleşýär. Emma ýylda müňlerçe syýahatçynyň bu ýere gelmekleriniň sebäbi köçeleriň aýlawly bolmagy däl. Syýahatçylary bu şäherçä çekýän esasy zatlaryň biri bu ýerdäki jaýlaryň diwarlarynda müňlerçe tonna örän ownuk göwher bölejikleriniň bolmagydyr. Jaýlaryň diwarlaryndaky göwher zerrejikler bolsa, 15 million ýyl çemesi ozal Ýere gelip uran asteroidiň gurluşyk materialy hökmünde ulanylmagy bilen bagly. Has gadymy taryhy bolan şäher hem şol äpet asteroidiň emele getiren jülgesiniň içinde gurlupdyr. Bu açyşy 1960-njy ýyllarda bu ýere gelen geologl