Göwherden gurlan jaýlar

26 Iýul 2024
115

Dünýäde gurluşyk üçin dürli materiallardan peýdalanylýar. Köplenç gurluşyk ediljek ýerdäki materiallardan peýdalanylýan bolsa, käbir gurluşyk materiallary has alys ýurtlardan getirilýär. Polat, agaç, dürli ösümlikler, daş, toprak, çäge we beýlekiler ýaşaýyş jaýlarynyň, köprüleriň we beýleki desgalaryň gurluşygynda irki döwürlerden bäri peýdalanylýar. Germaniýanyň taryhy we medeni gymmatlygy bilen tanalýan şäherçeleriniň birindäki jaýlarda bolsa, iň gymmat bahaly daşlaryň biri hasaplanýan göwher bölejikleri ulanylypdyr. Bawariýanyň Nördlingen şäherçesindäki jaýlar guşuçar belentlikden seredilende äpet tegelek oýuň içinde ýerleşýär. Şäherçäniň köçeleri hem aýlawly bolup, uly halkanyň içinde ýerleşýär. Emma ýylda müňlerçe syýahatçynyň bu ýere gelmekleriniň sebäbi köçeleriň aýlawly bolmagy däl. Syýahatçylary bu şäherçä çekýän esasy zatlaryň biri bu ýerdäki jaýlaryň diwarlarynda müňlerçe tonna örän ownuk göwher bölejikleriniň bolmagydyr. Jaýlaryň diwarlaryndaky göwher zerrejikler bolsa, 15 million ýyl çemesi ozal Ýere gelip uran asteroidiň gurluşyk materialy hökmünde ulanylmagy bilen bagly. Has gadymy taryhy bolan şäher hem şol äpet asteroidiň emele getiren jülgesiniň içinde gurlupdyr. Bu açyşy 1960-njy ýyllarda bu ýere gelen geologlar – amerikaly Ýujin Şumeýker hem-de hytaýly Eduard Çao edipdir. Asman jisiminiň gaçmagy netijesinde emele gelen, giňligi 26 kilometre barabar bolan uly oý Nördlingen Ris diýlip atlandyrylýar. Ýujin Şumeýkeriň açyşyndan öň, jülgäniň wulkanyň atylmagy netijesinde emele gelendigi çaklanylýardy. Alym bu ýerdäki minerallaryň aşa ýokary basyşda we gyzgyn temperaturada bolup biljekdigini subut etdi. Nördlingen Ris Ýer ýüzünde asteroidiň urmagy netijesinde emele gelip, alamatlary iň gowy saklanyp galan oýlaryň biri hasaplanýar. Bilermenler bu jülgäniň jümmüşindäki şäherçede köçeleriň halka şeklinde bolmagynyň tötänleýindigini, asteroidiň gaçmagy bilen bagly däldigini belleýärler. Şeýle- de bolsa, tegelek köçeler şäherçäni ertekilerdäki ýaly edip görkezýär. Halkalaýyn köçeleriň kaşaňlygy nazara alnyp, bu ilatly ýerde 1971-nji ýylda «Willi Wonka we şokolad fabrigi » filmi surata düşürilipdir. Şäherçäniň ýaşaýjylary ir döwürlerde hem Nördlingen Ris jülgesiniň wulkanyň atylmagy netijesinde emele gelendigini çaklaýan ekenler. Şumeýker we Çao öz geçiren barlaglarynyň netijesinde, bu krateriň asteroidiň gelip urmagy bilen emele gelendigini ýüze çykarypdyrlar. Şäherdäki binalaryň diwaryndaky ownujak göwher bölejiklerini görenlerinde bolsa nazaryýetleriniň hakykatdan hem dogrudygyna magat göz ýetiripdirler. Alymlar 15 million ýyla golaý ozal, sekuntda 25 kilometr tizlik bilen hereket edýän, diametri 1 kilometr töweregi bolan daşyň zarp bilen Ýere urandygyny öňe sürýärler. Netijede, Nördlingen Ris krateri emele gelýär. Aşa ýokary basyş hem-de gyzgynlyk bolsa, asteroidiň düzümindäki uglerody göwhere öwürýär. Jülgäniň käbir ýerinde asteroid bölekleri häzirki wagta çenli saklanyp galypdyr. Nördlingen Ris jülgesindäki krater muzeýiniň müdiri, geolog Stefan Hölsl dünýäde asteroid galyndylarynyň gurluşyk materialy hökmünde binalarda ulanylan ýerleriň bardygyny, emma şeýle köp mukdarda ulanylan ýeriniň ýokdugyny belleýär. Onuň sözlerine görä, şäherçe tutuşlygyna asteroidiň galyndylaryndan gurlupdyr. Şäherçedäki ybadathanada jemi 5 müň karatlyk gymmaty bolan göwheriň bardygy çaklanylýar. Hölsl NASA- nyň «Apollo 14» hem-de «Apollo 16» uçuşlaryna gatnaşan astronawtlaryň Aýyň ýüzünde duş gelip biljek daş bölejikleri barada maglumat almak üçin bu şäherçä gelendiklerini belleýär. Nördlingenlileriň bu göwher bölejikleri sebäpli baýap bilmejekdikleri bellenilýär. Sebäbi, şäherçäniň binalary diwaryndaky göwher zerrejikleri sebäpli ýalpyldap görünýän hem bolsa, olaryň ykdysady gymmaty ýok.