"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Gözeldir, görklüdir eziz Diýarym

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde dabaraly bellenilmegi türkmen halkymyzyň, aýratyn-da, döredijilik adamlarynyň göwün guşuny göterdi. Elbetde, her bir millet, her bir halk özüniň görnükli şahsyýetleri bilen tanalýar. Akyldaryň döreden goşgularynyň dünýäniň dürli dillerine terjime edilmegi şahyryň baý döredijiligi bilen ýakyndan tanyşmaga uly mümkinçilik berýär. Ýeri gelende aýtsak, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygynda TÜRKSOÝ-nyň Hemişelik geňeşiniň 2014-nji ýyly “Magtymguly Pyragynyň ýyly” diýip yglan edendigini hem bellemelidiris. Munuň özi şahyryň döredijilik mirasynyň dünýä derejesinde öwrenilmegine mynasyp goşant boldy.

Himiýa senagaty: ösüşli gadamlar

Üstünligiň kepili Himiýa senagaty ýurdumyzyň halk hojalygynyň möhüm pudaklarynyň biri bolmak bilen, Garaşsyzlyk ýyllarynda pudagyň kärhanalarynda ýokary ykdysady görkezijiler gazanylýar. Bu kärhanalaryň önümçiligi öňdebaryjy tehnologiki enjamlar bilen enjamlaşdyrylyp, olardan netijeli peýdalanylýar. Pudagyň kärhanalarynda öndürilýän ýokary hilli önümlere döwletimiziň öz içinde-de isleg uly welin, daşary bazarlarda-da olara isleg bildirýänler köp.

Gözel binalaryň gurluşygynda

Döredijilikli zähmetiň miwesi Aslynda, gurluşykçynyň hünäri iň gyzykly hünär bolup, gurluşykçy ýagşy isleg-arzuwlar bilen dürli maksatly binalary we desgalary gurýar. Göze gelüwli ymaratlary we desgalary il-gününiň hyzmatyna berýär. Galyberse-de, gurluşykçy özünden ýagşy at galdyrmak bilen birlikde, halka hyzmatly gözel binalary ýadygär galdyrýar.

Zyban içre asalym

Bu ajaýyp sözler — 2024-nji — “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip atlandyrylan şu ýylymyzda doglan gününiň 300 ýyllygy diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, dünýä derejesinde toýlanylýan akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyraga degişlidir. Şahyr ýaşan döwründe: Il-günüme bagş etdim

Milli demokratiýamyzyň dabaralanmagy

Pederlerimizden dowam edip gelýän, agzybirligi, parahatçylygy, jebisligi, asudalygy ündeýän asylly ýörelgelerimize eýermek bilen geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilýän taryhy çözgütler ýurdumyz we halkymyz üçin örän ähmiýetlidir. Ol döwlet Baştutanymyzyň döwleti dolandyrmakda ata-babalarymyzyň tejribelerinden ugur alyp, häzirki zamanyň şertlerine laýyklykda has kämil, dünýä nusgalyk derejä çykarýandygyny görkezýän syýasy-jemgyýetçilik mekdepdir. Ajaýyp zamanada türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň jemgyýetdäki orny has-da ýokarlandy. Şu günler ýurdumyzda syýasy partiýalar we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 24-nji sentýabrda geçiriljek nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek, onuň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegine ýardam bermek, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini halk köpçüligine düşündirmek maksady bilen wagyz-nesihat işleri giň gerimde alnyp barylýar. Biz hem edara-kärhanalaryň işgärleriniň arasynda «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi — ýetilen sepgitler, giň mümkinçilikler, geljekki ugurlar» ady bilen wagyz-nesihat çärelerini guraýarys. Olarda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jemgyýet

Halkyň halaýan harytlary

«Belent sepgitler, beýik ösüşler, ilkinji nobatda, ylymly-bilimli nesliň güýji, zehin baýlygy hem-de döredijilik başarnygy bilen berk baglanyşyklydyr. Ýurdumyzda bilim ulgamyny dünýä ülňülerine, umumy ykrar edilen halkara kadalara we öňdebaryjy tejribelere laýyk kämilleşdirmek, ýaş nesillerimizi milli hem-de umumadamzat gymmatlyklarynyň esasynda terbiýelemek, olara döwrebap bilim bermek biziň alyp barýan bilim syýasatymyzyň baş maksadydyr» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ajaýyp zamanamyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda döwrümiziň gül-gunçalaryna deňelýän ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary, döwrebap bilim-terbiýe almaklary, okuw bilen dynç alşy sazlaşykly guramaklary üçin ähli şertlerdir mümkinçilikler döredilýär. Olaryň täze okuw ýylyna ähli taraplaýyn taýýarlykly barmaklary üçin üpjün edilýän amatlyklar hem ýörite bellenilmäge mynasypdyr. Tomusky dynç alyş möwsüminiň ahyrlap barýan häzirki günlerinde harytlaryny halkyň hyzmatyna bolluk bilen hödürleýän mekdep bazarlary munuň aýdyň kepili bolup, olar ýaş nesil hakynda edilýän aladanyň örän ýokarydygyny ýene bir ýola subut edýär.

Kämil kanun — berk binýat

Täze taryhy eýýamda durmuşymyzyň ähli ugurlarynda gazanylýan ägirt uly üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler täze ösüşleriň özboluşly badalgasydyr. Bu ösüşleriň kämil hukuk binýadyna esaslanmagy bolsa, ýurdumyzyň röwşen geljegini kepillendirýär. Ajaýyp zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Bu bolsa döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmekde aýratyn orun eýeleýär. Şeýlelikde, kämil kanunçylyk ýurdumyzyň ösüşleriniň ygtybarly binýadyny üpjün edýär.

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Raýat jemgyýetimiz demokratiýalaşdyrylýar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe raýat jemgyýetimizi mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmakda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, Bitarap döwletimizde konstitusion özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Döwrebap kanunlar kabul edilýär. Milli kanunçylygymyzyň kämilleşdirilmegi raýat jemgyýetimiziň ösüşli ýolunyň rowaçlanmagynda möhüm ähmiýete eýe bolýar.

Ömrümiziň rahatlygy özümize bagly

Köçe-ýollarymyzyň hadysasyzlygyny üpjün etmek derwaýys meselä öwrülýär. Sebäbi, köçe--ýollarda ulaglaryň sany artyp, olarda gatnaw ýylsaýyn ýokarlanýar. Ak ýollaryň maşgalalarymyzyň abadanlygydygy bolsa, äşgär hakykatdyr. Abadan durmuşymyzyň aladasy köçe-ýol hereketine gatnaşýan her bir raýatyň hüşgärliginden başlanýar. Şeýle wezipäniň ýerine ýetirilmeginde ýol gözegçilik gullugynyň işgärlerine uly orun degişli bolup, biz şäherimiziň köçe-ýollarynyň hadysasyz bolmagynda zerur tagallalary edýäris. Ulaglaryň bellenilenden ýokary tizlikde sürülmeginiň, ulag serişdeleriniň serhoş ýagdaýda dolandyrylmagynyň öňüni almak ýol-ulag hadysalarynyň aradan aýrylmagynda möhüm ähmiýete eýedir. Şeýle hem biz sürüjiler tarapyndan beýleki düzgün bozulmalara ýol berilmezligi ugrunda aladalanýarys. Köçe-ýollara gözegçiligem zerur welin, meseläniň bähbitli çözgüdi sürüjileriň we pyýadalaryň öz orunlarynda ýol hereketiniň howpsuzlygynyň kadalaryny berk berjaý etmeklerinde jemlenýär. Beýle diýildigi köçe-ýollarymyzyň hadysasyzlygynyň, ömrümiziň rahatlygynyň özümize baglydygyny aňladýar.

Bileniň — baýlygyň

Dünýä çöllükleri Çöllükler — bu esasy meýdanyny düzlükler tutýan, özboluşly ösümlik we haýwanat dünýäsi bolan, kähalatlarda hiç hili ýaşaýyş bolmadyk Ýer üstüniň tebigy giňişligidir. Göz öňüne getirilişi ýaly, çöllüklerde çägelikleriň ýa-da ýokary temperaturanyň bolmagy-da zerur şert däldir. Çöllükler, diýilse, hökmany derejede çägelikler bolman, eýsem, buz çöllügi, çagyl we daşlar çöllügi, dürli laý ýa-da duz çöllükleri bolup bilýär.

Ýaşlara bildirilýän uly ynam

Hormatly Prezidentimiziň: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys» diýen pähim-paýhasa ýugrulan çuň mazmunly sözleri bagtyýar ýaşlary her bir işde belent sepgitlere ruhlandyrýar. Sebäbi onuň özeninde döwlet derejesinde ýaş nesle bildirilýän uly ynam, olara goýulýan  hormat-sarpa jemlenendir. Şeýle ynamyň, hormat-sarpanyň nurana ykbally ýaşlara eçilýän egsilmez joşguny, ruhubelentligi olaryň okuwda, zähmetde gazanýan üstünliklerinde aýdyň ýüze çykýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitaby şeýle hakykatyň ajaýyp beýanydyr. Munuň özi ýaş nesliň güýç-kuwwatyny, aň-düşünjesini Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik maksat-tutumlarynyň rowaçlyklara beslenmegine gönükdirmekde uly üstünlikleriň gazanylýandygynyň güwäsidir. Şeýle üstünlik Diýarymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň çäklerinde alnyp barylýan iri möçberli taslamalarda ýaşlaryň mynasyp ýaşaýşyny üpjün etmegiň ilkinji orunda goýulýandygy bilen berk baglanyşyklydyr. Bu mizemez hakykat ýaş nesliň göwnüni ganatlandyryp, ajaýyp döwre bolan söýgüsini joşdurýar, geljege bolan ynamyny berkidýär. Ýaş nesil hakyndaky aladalaryň «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyn

Döwletli maslahatyň bosagasynda

Ýakynda TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesinde «Halk maslahaty — geňeşli iliň döwletli ýoly» atly maslahat geçirildi. Ony Daşoguz welaýat prokuraturasy, TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesi, TDP-niň Daşoguz welaýat komiteti hem-de TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşi bilelikde guradylar. Maslahatda döwletimizde ýokary wekilçilikli edara bolan Halk Maslahatynyň taryhy kökleri, häzirki wagtda jemgyýetçilik durmuşyna hem-de ýurdumyzyň ösüşlerine ýetirýän oňyn täsirleri dogrusynda  gyzykly çykyşlar edildi.  Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy kuwwatly döwlete öwürmek, halkymyzyň ýaşaýyş şertlerini, durmuş goraglylygynyň derejesini ýokarlandyrmak, milli ýörelgeleri ösdürmek babatda öňde goýan maksatlarynyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işiniň esasy özenidigi  nygtaldy.

Bir döwüm çörek ýa-da nesibe, kanagat, ynsap barada

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigine Bolaýýan zat: saçak başynda oturan ýaşulularyň biri özüniňkidir öýdüp, bilmezlikde ýanynda oturanyň öňündäki bir döwüm çörege elini uzatdy. «Seniň çöregiň bärde dur» diýip, ýaşulynyň beýle tarapynda oturan ýigit onuň egnine kakdy. «Aýyby ýok, ortada çörek bar ahyry, men täze döwüp alaýaryn» diýip, öňünden çöregi alnan ýigit sypaýyçylyk etdi. Ýaşulynyň jogaby çürt-kesik boldy: «Ýok, inim, ol — seniň nesibäň, men seniň ryskyňy alyp bilmerin».

Durmuş dogrusyndaky dürdäneler

Durmuşyň maksady — dogry ýaşamak, dogry pikirlenmek we dogry hereket etmek. Mahatma Gandi.*  *  *Halaýan käriňizi saýlaň, şonda ömrüňizde bir gün hem işlemedik ýaly bolarsyňyz.Konfusiý.*  *  *Durmuş özüňi tapmakdan ybarat däl, durmuş özüňizi döretmekdir.Bernard Şou.*  *  *Ömrümiz paýawlap barýarka, biz diňe iki zada: az söýendigimize we az syýahat edendigimize gynanarys.Mark Twen.*  *  *Ýyldyzlara ymtylýan adam yzyna öwrülmeýär.Leonardo da Winçi.*  *  *Ýüregiňizde näçeräk köp söýgi, paýhas, gözellik, hoşniýetlilik döretseňiz, olary daş-töweregiňizdäki dünýäde şonça-da köp görersiňiz.Tereza ene.*  *  *Her kynçylyk güýçlenmek üçin mümkinçilikdir.Dýuýk Ellington.

Yzgantda geçen maslahat

Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesiniň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgüniň kiçi mejlisler zalynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň guramagynda geçen maslahatyň esasy maksady ýurdumyzyň beýik ösüş-özgertmelerini, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetini wagyz-nesihat etmekden ybarat boldy. Partiýa işgärleriniň we işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda bolan maslahatda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şöhratly ata-babalarymyzyň döwleti dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesine berk eýerilýändigi, döwletli işleriň jemgyýetçiligiň, şol sanda ýaşuly nesliň wekilleri bilen maslahatlaşylyp, degişli çözgütleriň kabul edilýändigi hakda täsirli gürrüňler edildi. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, şu ýylyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyzda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde berkarar döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň jemleri jemleniler, öňde duran möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar.

Ýol abat — il abat

Balkanabat şäheriniň Gumdag şäherçesiniň polisiýa bölümçesiniň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň we Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň welaýat bölüminiň bilelikde guramaklarynda «Ýol abat — il abat» ady bilen şäherçedäki 54-nji çagalar bagynda wagyz-ündew çäresi geçirildi. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň we bilim ulgamynyň işgärleri, şol çagalar bagynda terbiýelenýän körpeler gatnaşdylar. Wagyz-ündew çäresinde çykyş edenler ýolyşygyň we ýol belgileriniň düzgünleri barada giňişleýin gürrüň etdiler. Olary çagalara sada dilde düşündirdiler. Ýollarymyzyň asudalygyny goramakda döredilýän şertlerden dogry peýdalanmagy maslahat berdiler. Munuň üçin ähli mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.

«Türkmenpoçta» ýurdumyzyň ähli künjegine ýükleriň tiz we ygtybarly eltip bermek hyzmatyny kämilleşdirýär

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy Türkmenistanyň çägine islendik ululykdaky we agramdaky ýükleri eltip bermekde amatly we ygtybarly hyzmaty hödürleýändigini ýatladýar. «Türkmenpoçtanyň» ýük bölümleriniň ulgamy tutuş Türkmenistanyň ähli ýerlerinde ýerleşmek bilen, ýaşaýjylara we edara-kärhanalara ýükleri ibermegiň we almagyň amatly hem çalt usulyny hödürleýär. Bölümleriň göni demir ýol menzillerinde ýerleşmegi logistikany ep-esli aňsatlaşdyrýar we poçta kompaniýasynyň hyzmatlaryny has-da elýeterli edýär.

Çagalar bilen öý haýwanlarynyň dostlugy hakynda

Adamzat ýaşaýşy döräli bäri adamlar bilen haýwanlaryň arasyndaky sazlaşykly gatnaşyk bar. Şol çylşyrymly gatnaşyk ylmyň, tehnikanyň ösmegi netijesinde has-da kämilleşdi. Sebäbi öý haýwanlary adamlara has ýakyn bolmak, golaý ýaşamak bilen aýratyn aragatnaşykda bolýar. Esasan hem çagalaryň ählisi itleri, pişikleri, guşlary we beýleki oňurgaly haýwanlary gowy görýärler. Olaryň janly tebigata bolan söýgüsi ir çagalyk döwründen başlanyp, uzak wagtlap dowam edýär. Öý haýwanlary hem çagalary oňat görýärler. Çagalar bilen öý haýwanlarynyň arasyndaky gatnaşygy ösdürmek janly tebigata bolan söýgüdir. Bu ysnyşykly gatnaşygyň ösmegi bolsa çagalaryň tebigata, ata Watana, ene topraga bolan söýgä öwrülmeginiň başlangyjydyr. Öý haýwanlaryny idetmek çagalara hem-de uly ýaşdaky adamlar üçin gyzyklydyr we peýdalydyr. Haýwanlara mähirli garamagy çagalara ýaşlykdan öwretmeli. Çagalara şeýle endikleri öwretmek, olaryň diňe bir haýwanlara bolan söýgüsini oýandyrman, eýsem, daş-töweregindäki uly ýaşly adamlar bilen gatnaşyklarynyň gowulanmagyna we jemgyýete uýgunlaşmaga uly täsir edýär. Öý haýwanlaryny saklaýan maşgalalarda ösen çagalar hemişe şähdaçyk, ruhubelent we bagtyýarlygy bilen tapawutlanýarlar.

Wagyz-nesihat maslahaty geçirildi

Ýakynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat, Baýramaly şäher, Baýramaly, Garagum etrap komitetleriniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat, Baýramaly şäher, Baýramaly, Garagum etrap birleşmeleriniň bilelikde guramaklarynda Baýramaly şypahanasynyň mejlisler zalynda syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalarynyň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň şäher, etrap halk maslahatlarynyň agzalarynyň, il sylagly ýaşulularyň, kümüş saçly eneleriň, ýaşlaryň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Maslahatda çykyş edenler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksadynyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikleri berkitmekden, döwletimiziň hukuk esaslaryny dünýä tejribesine laýyklykda kämilleşdirmekden, jemgyýetde demokratik däpleri pugtalandyrmakdan hem-de halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmekden ybaratdygy dogrusynda giňişleýin durup geçdiler. Şeýle hem olar şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde wajyp meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylyp, döwletli çözgütleriň kabul ediljekdigini nygtadylar.

Türkmenistanyň Halk Maslahaty: ýetilen sepgitler we geljekki wezipeler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyrýan beýik işleriniň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz ajaýyp ahalteke bedewlerimiziň bady bilen öňe barýar. Eziz Diýarymyzda uly toýlar tutulýar, şanly baýramlar bellenilýär, örän ähmiýetli çäreler geçirilýär. Bularyň ählisi taryhy wakalara öwrülip, türkmen halkynyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar hem-de mukaddes Watanymyzyň şan-şöhratyny tutuş dünýä ýaýýar. Şeýle möhüm çäreleriň biri hem Garaşsyzlyk toýumyzyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatydyr.