Ömrümiziň rahatlygy özümize bagly

14 Awgust 2024
73

Köçe-ýollarymyzyň hadysasyzlygyny üpjün etmek derwaýys meselä öwrülýär. Sebäbi, köçe--ýollarda ulaglaryň sany artyp, olarda gatnaw ýylsaýyn ýokarlanýar. Ak ýollaryň maşgalalarymyzyň abadanlygydygy bolsa, äşgär hakykatdyr.

Abadan durmuşymyzyň aladasy köçe-ýol hereketine gatnaşýan her bir raýatyň hüşgärliginden başlanýar. Şeýle wezipäniň ýerine ýetirilmeginde ýol gözegçilik gullugynyň işgärlerine uly orun degişli bolup, biz şäherimiziň köçe-ýollarynyň hadysasyz bolmagynda zerur tagallalary edýäris. Ulaglaryň bellenilenden ýokary tizlikde sürülmeginiň, ulag serişdeleriniň serhoş ýagdaýda dolandyrylmagynyň öňüni almak ýol-ulag hadysalarynyň aradan aýrylmagynda möhüm ähmiýete eýedir. Şeýle hem biz sürüjiler tarapyndan beýleki düzgün bozulmalara ýol berilmezligi ugrunda aladalanýarys. Köçe-ýollara gözegçiligem zerur welin, meseläniň bähbitli çözgüdi sürüjileriň we pyýadalaryň öz orunlarynda ýol hereketiniň howpsuzlygynyň kadalaryny berk berjaý etmeklerinde jemlenýär. Beýle diýildigi köçe-ýollarymyzyň hadysasyzlygynyň, ömrümiziň rahatlygynyň özümize baglydygyny aňladýar.