"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Watana hyzmat etmegiň beýik nusgasy

Täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ýeten belent derejeleri taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Eziz Diýarymyzyň at-abraýy, şan-şöhraty dünýä ýaýylýar. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlandyrylýar. Diýarymyzda jemgyýetiň kadaly we durnukly ösüşiniň üpjün edilmegini gazanmak babatda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň çar künjüne uzaýan ýollaryň gurulmagy, ulanmaga berilýän zawoddyr fabrikleriň, mekdeplerdir çagalar baglarynyň, hassahanalardyr saglyk öýleriniň, sport mekdepleriniň  täze binalary, ýaşaýyş jaýlary we beýleki ymaratlar döwlet Baştutanymyzyň amala aşyrýan oňyn özgertmeleriniň netijesinde halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň barha ýokarlanýandygynyň aýdyň güwäsidir.

Berkarar döwletiň buýsanjy ýaşlar

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 25-nji maýynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi we «Biziň esasy wezipämiz ýokary bilimli, hakyky watançy nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekden ybaratdyr» diýip, ýaş nesli terbiýelemegiň möhüm wezipeleri hakda aýratyn belledi. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» (rejelenen görnüşi) Türkmenistanyň Kanunyny tassyklady. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, bu Kanunyň maksady Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmekden ybaratdyr. Ýaş nesilleri watançylyk, ynsanperwerlik we zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek üçin has amatly hukuk şertlerini döretmek bilen baglanyşyklydyr. Bu Kanun ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň hukuk binýadyny has-da pugtalandyrýar hem-de ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikleri giňeltmäge ýardam berýär.

Halk Maslahaty — beýik işlere badalga

Milli demokratiýanyň dabaralanmagy Il-günüň, ata Watanyň ykbalyna, döwletiň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyna dahylly wajyp meseleleri, ýerine ýetirilmegi möhüm wezipeleri halk bilen maslahatlaşmak, olar barada halka sala salmak ýaly asylly dessur merdana pederlerimiziň asyrlaryň dowamynda kemala getiren döwletlilik ýörelgelerinden gözbaş alýar. Täze taryhy döwürde bu asylly däbiň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy gurluşynyň esasy ýörelgeleriniň birine öwrülmegi halk demokratiýasynyň milli kökleriniň döwrebap görnüşde kämilleşdirilýändigini alamatlandyrýar.

Röwşen geljege aýdyň ýol

Hepdäniň habarlary

Dabaraly maslahat Golaýda «Daşoguz» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda dabaraly maslahat geçirildi. Daşoguz şäher häkimliginiň, TDP-niň şäher komitetiniň bilelikde guramagynda «Halk Maslahaty — döwletli ýörelgelere badalga» diýen at bilen geçirilen maslahata dürli ugurlarda zähmet çekýän partiýa işjeňleri gatnaşdylar.

Giň dünýäniň geň habarlary

Älem obserwatoriýasy Ýewropanyň kosmos agentliginiň hem-de ABŞ-nyň NASA milli älem gullugynyň hyzmatdaşlyk etmeginde «LISA» atly älem obserwatoriýasyny döretmek babatdaky taslama durmuşa geçirilýär. «LISA» üç sany emeli hemradan ybarat bolup, olar biri-birinden iki ýarym million kilometr aradaşlykda ýerleşdiriler. Olaryň özara lazer şöhleleri arkaly emele getirýän täsin üçburçlugyna aralaşan grawitasiýa tolkunlaryna gözegçilik etmek bilen, galaktikada häzirki wagtda bolup geçýän ewolýusiýa hadysalaryny ylmy taýdan öwrenmeklik göz öňünde tutulýar.

Baldan süýji bala hakda

Halkymyz «Çaga eziz — edebi ondanam eziz» diýen pähime uýmak bilen, bu meselä juda inçelik bilen çemeleşýän milli ýörelgelere üns beripdir. Hut şeýle bolansoň il-ulsumyzda çagany doglan gününden däl-de, heniz ene göwresindekä terbiýeläp başlamagyň uly ähmiýete eýedigi baradaky pähim-parasatlara, aýtgylara halk döredijiligimizde näçe diýseň duş gelmek bolýar. Halkymyza mahsus milli aýratynlyga öwrülip giden çaga terbiýesi baradaky edim-gylymlar, däp-dessurlar ençeme asyrlaryň dowamynda durmuş synagyndan geçen milli gymmatlyklar hökmünde kabul edilip, halkymyzyň aňyna müdimilik ornan mukaddesliklerdir. Şeýle bolansoň, ene göwresindäki çaga diňe bir ene mähri, ene arzuwy bilen däl, eýsem, maşgalanyň agzalarynyň ählisiniň hossarlyk aladasy bilen gurşalyp alynýar. Çünki dünýä injek çaganyň edep-terbiýesi, görüm-göreldesi, ene-atasyna, dogan-garyndaşlaryna, il-gününe goýýan belent sarpa-sylagy, maşgala gymmatlyklaryna, Watan mukaddesligine wepalylygy oňa berlen terbiýe bilen ölçenilýär. Ol terbiýäniň gözbaşynda bolsa Watan söýgüsi, ene-ata, il-gün, dogan-garyndaş söýgüsi durýar. Watan, ene-ata, il-gün söýgüsi ýüreginde orun alan çagalar hakyky watanperwer şahsyýetler bolup ýetişýärler. Hut şu mizemez hakykat durmuş çelgisi hökmünde hemişe öňe sürülýä

Möhüm ähmiýetli mesele

Gözelligiň göwher gaşy

Hormatly Prezidentimiz: «Döwrebap desgalary bilen haýrana goýýan paýtagtymyz bütin dünýäde parahatçylygyň, ylalaşygyň, halklaryň arasynda dostlugyň hakyky merkezi hökmünde ykrar edildi» diýip belleýär. Bu gün oňyn Bitaraplyk syýasatyny öňe sürýän eziz Diýarymyz halklary birleşdirýän dostluk ýolunyň ýüregine öwrüldi. Häzirki wagtda paýtagtymyzyň binagärlik keşbi has hem gözelleşýär. Halk arasynda «Ak zat alnyňa ýagşy» diýlişi ýaly, aklyga bürenen şäherimiziň döwrebap binalarynyň keşbi, bagy-bossanly seýilgähler, ýaşaýyş jaýlary, aýna ýaly köçelerdir şaýollar göreni haýrana goýýar. Ajaýyp desgalarda ýaşamak, döredijilikli zähmet çekmek, oňaýly dynç almak üçin ähli amatly şertler döredilen.Ak mermere beslenen paýtagtymyzyň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna altyn harplar bilen ýazylmagy her bir türkmenistanlyda uly buýsanç duýgusyny döretdi. Munuň özi ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraýyny ýokarlandyrmak bilen, tutuş dünýäde Türkmenistan döwletine bolan gyzyklanmany artdyrdy. Halklary birleşdirýän medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegi netijesinde, her ýylda ýurdumyzda geçirilýän dürli konsertlerdir festiwallarda dünýä ýurtlaryndan gelýän myhmanlar gözel paýtagtymyzyň täsinlikleriniň janly şaýady bolýarlar. Gündizlerine Gün bilen b

Eýýamyň şuglasy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni şanly wakalara, beýik işlere, bagtyýarlyga beslenýär. Mähriban halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33  ýyllyk toýuna uly zähmet üstünlikleri bilen barýar. Mukaddes Garaşsyzlyk bilen ilimiz diline, dinine, milli däp-dessurlaryna, şöhraty eýýamlara ýaň salan ata-babalarymyzyň edim-gylymlaryna, görüm-göreldelerine eýe boldy. Şu günler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda sentýabr aýynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine giň gerimli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Tutuş ýurdumyzy gurşap alan taýýarlyk işleriniň gerimi ýokary wekilçilikli edaranyň jemgyýetçilik durmuşymyzdaky möhüm ornuny açyp görkezýär. Çünki Halk Maslahatynyň her bir mejlisi jemgyýetçilik gurluşynyň hem-de milli demokratiýanyň kämil däpleriniň dünýäniň bu babatda gazananlary bilen sazlaşykly utgaşdyrylyp, döwrebap röwüşde dowam etdirilýändiginiň özboluşly subutnamasyna öwrülýär.

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin!

Hamal (guzy 21.03-20.04) Geljek hepdäni işjeň ýagdaýda geçirseler, hamallar has uly öňegidişlikleri gazanarlar. Elbetde, bu ýagdaý sizden biraz artykmaç zähmeti talap edip biler. Tejribe meselesinde özüňizi kämilleşdirmek ýakyn geljekde size has uly maksatnamalaryň gapysyny açar.

Abadan durmuşy nazarlap

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy Türkmenistanyň çägindäki eýeçiligiň görnüşine garamazdan binalardyr desgalaryň we olaryň çäklerinde ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini pugta berjaý etmäge çagyrýar. Binalardyr desgalaryň we olaryň çäklerinde önümçilik galyndylaryny, zir-zibilleri ýakmak gadagandyr. Geçelgeleriň we halas ediş ýollarynyň ugurlarynda päsgelçilik döredijileri goýmak bolmaýar, şeýle hem jaýlaryň üçeklerinde dürli goşlary we ýanyjy çig mallary saklamaly däl. Işiň ahyrynda işjeň ýagdaýdaky elektrik enjamlary, gurallary we elektrik kabul edijileri gözegçiliksiz galdyrmak gadagandyr. Ýeňil tutaşýan, ýanyjy suwuklyklar bilen otaglary arassalamak, näsaz we döwlet ülňülerine gabat gelmeýän dürli elektrik enjamlary ulanmak düzgüne laýyk däldir. Üçek örtüklerini ýylatmak üçin ýanyjy çig mallary düşemek, jaýlary bellenilen kadadan çykyp, goşlardyr çig mallar bilen doldurmak gadagandyr. Edaranyň çäginde ýaşaýyş jaýlaryny gurmak we raýatlaryň wagtlaýyn ýaşamagyna ýol bermek kada laýyk däldir.

«Aşgabatgaz» müdirligi ýurdumyzyň esasy baýlyklarynyň biri bolan tebigy gazdan rejeli we tygşytly peýdalanmak baradaky haýyş bilen Aşgabat şäheriniň ähli ilatyna ýüzlenýär

Sarp edilen tebigy gaz üçin tölegleriň hasaplamalary gaz ölçeýji enjamyň görkezijileri boýunça alnyp, onuň 1000 (bir müň) kub metr gazyň bahasy 20 (ýigrimi) manada deň. Tölegler nagt we nagt däl görnüşinde elektron töleg terminallar we mobil telefon arkaly «Milli paý» we «Milli ÝJH» programmalaryň üsti bilen töleg geçirip bolýar. Tölegler şu salgylar boýunça kabul edilýär: Köpetdag etrabynyň G.Burunow köçesiniň 7/2-nji jaýy, telefon belgisi: 92-67-18.

Ösüş-özgerişiň aýdyň ýoly

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ähli ulgamlar bilen bir hatarda bilim ulgamy hem barha rowaçlanýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda uly ösüşlere eýe bolan bilim ulgamy ýaş zehinleri ýüze çykarmakda uly orny eýeleýär. Üstümizdäki ýylda bilim ulgamynda ençeme işler durmuşa ornaşdyrylýar. Döredilýän giň mümkinçiliklerden, döwrebap tehnologiýalardan peýdalanyp, yhlas bilen okaýan ýaş nesillerimiz dürli bäsleşiklere gatnaşyp, ýurdumyzyň at-abraýyna mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Olaryň ençemesi halkara olimpiadalaryna gatnaşyp, üstünlik gazanmak bilen ata Watanymyzyň halkara giňişligindäki ornuny has-da pugtalandyrýar. Munuň bilen olar ýurdumyzda ýaşlaryň bilimli, sowatly bolmagy üçin taýsyz tagallalaryň edilýändigini subut edýärler. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýaş nesillerimiziň ukyp-başarnyklarynyň, zehinleriniň ýüze çykmagy ugrunda ençeme işler durmuşa ornaşdyrylýar. Bu bolsa, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlar hakynda edilýän bimöçber aladalardan nyşandyr. Bilim ylma barýan ýoldur. Binýady bilimden berk tutulan ýurdumyzda beýik işler ýola goýulýar. Peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahrym

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk

Milli ýörelgämiz rowaç alýar Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz ösüş-özgerişli döwri başdan geçirýär. Muňa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyllarynda ýetilýän belent sepgitler, gazanylýan ýokary görkezijiler doly şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda gazanylýan zähmet üstünlikleri jemgyýetimiziň durmuşynda bolup geçýän şanly wakalar bilen sazlaşykly utgaşýar. Halkymyzyň maddy hal-ýagdaýyny gowulandyrmakdaky uly tagallalar ýerine düşýär

Beýik ösüşleriň zamanasy

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ajap eýýamymyzyň her bir güni şatlyk-şowhuna, toýdur-baýramlara beslenýär. Diýarymyzyň ähli pudaklary döredijilikli zähmet üstünlikleri bilen barýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyz hem ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenýär. Çünki, bu ýyl türkmen halky akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýylygyny ýokary ruhubelentlik bilen toýlaýar. Çünki, Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy halkymyzyň buýsanjy, köňül daýanjydyr. Şahyryň ajaýyp şygyrlary ata-babalarymyzyň arzuwlan azatlygynyň, erkinliginiň, özbaşdaklygynyň mizemez nyşanydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar il-günümizi şeýle eşretiň goýnunda ýaşadýan, okamaga, işlemäge, döretmäge giň mümkinçilikleri açan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaç alsyn!

Pedagogik işgärleriň maslahaty

Ösüşleriň beýany — üstünligiň hemrasy Hemmämize mälim bolşy ýaly, her ýylyň awgust aýynda pedagogik işgärleriň usuly-amaly okuwlary we maslahaty ýokary guramaçylykda geçirilýär. Etraplarda, şäherlerde geçirilýän usuly-amaly okuw maslahaty pedagogik işgärler, esasan-da ýaş mugallymlar üçin has-da ähmiýetlidir. Ýakynda welaýat baş bilim müdirliginiň guramagynda Mary şäherindäki ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdepde welaýatyň öňdebaryjy işgärleriniň maslahaty geçirildi. Täsirli geçen maslahata welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň we hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri hem-de bilim işgärleri gatnaşdylar.

“Ýaňlan, Diýarym!” — 2024

Aýdym-saza beslenýän Watan “Medeniýet halkyň kalbydyr” diýýän Gahryman Arkadagymyzyň ýola goýan beýik başlangyçlary bu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda mynasyp dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eziz Diýarymyzda türkmen medeniýetiniň, sungatynyň arşa göterilmegi üçin taýsyz tagallalar edilýär. Gadymdan gelýän däp-dessurlarymyzy, milli tansymyzy, türkmen aýdymlaryny, bagşyçylyk sungatyny dünýä tanatmak ugrunda hem ençeme işler ýola goýulýar. Şeýle-de, ýaş zehinleri ýüze çykarmakda dürli döredijilik bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär. Ýylyň-ýylyna geçirilýän Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly döredijilik bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigi munuň aýdyň mysalydyr.

Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy

Ýagşylygy ündän akyldar Türkmeniň dünýä belli şahyry Magtymguly Pyragynyň şahyrana dünýäsine syýahat etmek hemmeleriň arzuwy. Çünki, şahyryň poeziýasy ynsanyň ruhy hazynasy hasaplanylýar. Akyldaryň parasada ýugrulan dürdäne eserleri ynsan kalbynyň aýnasydyr. Onuň aňyrsyna göz ýetmeýän giň umman ýaly döredijiligi durmuşyň ähli öwrümlerini öz içine alýar. Magtymguly Pyragy öňdengörüjiligi, weliligi, dana pikirleri, nakyla öwrülen setirleri bilen meşhurlyk gazanan beýik şahsyýetdir.

Biziň ruhy dünýämiz

Geçmişimiz — buýsanjymyz Türkmen halkynyň şöhratly taryhy biziň her birimiziň buýsanjymyzdyr, milli guwanjymyzdyr. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda şöhratly taryhymyzy öwrenmäge we wagyz etmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Berkarar döwletiň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde gadymy, taryhy binalarymyz öwrenilýär we dikeldilýär. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde hormatly Prezidentimiziň “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly dürler hazynasy ajaýyp kitaby Türkmenistan Watanymyzyň çäklerinde şeýle gadymy taryhy medeniýete eýe bolan ýadygärlikler barada gymmatly edebi çeşme bolup bize ruhy goldaw berýär.