Baldan süýji bala hakda

21 Awgust 2024
111

Halkymyz «Çaga eziz — edebi ondanam eziz» diýen pähime uýmak bilen, bu meselä juda inçelik bilen çemeleşýän milli ýörelgelere üns beripdir. Hut şeýle bolansoň il-ulsumyzda çagany doglan gününden däl-de, heniz ene göwresindekä terbiýeläp başlamagyň uly ähmiýete eýedigi baradaky pähim-parasatlara, aýtgylara halk döredijiligimizde näçe diýseň duş gelmek bolýar. Halkymyza mahsus milli aýratynlyga öwrülip giden çaga terbiýesi baradaky edim-gylymlar, däp-dessurlar ençeme asyrlaryň dowamynda durmuş synagyndan geçen milli gymmatlyklar hökmünde kabul edilip, halkymyzyň aňyna müdimilik ornan mukaddesliklerdir. Şeýle bolansoň, ene göwresindäki çaga diňe bir ene mähri, ene arzuwy bilen däl, eýsem, maşgalanyň agzalarynyň ählisiniň hossarlyk aladasy bilen gurşalyp alynýar. Çünki dünýä injek çaganyň edep-terbiýesi, görüm-göreldesi, ene-atasyna, dogan-garyndaşlaryna, il-gününe goýýan belent sarpa-sylagy, maşgala gymmatlyklaryna, Watan mukaddesligine wepalylygy oňa berlen terbiýe bilen ölçenilýär. Ol terbiýäniň gözbaşynda bolsa Watan söýgüsi, ene-ata, il-gün, dogan-garyndaş söýgüsi durýar. Watan, ene-ata, il-gün söýgüsi ýüreginde orun alan çagalar hakyky watanperwer şahsyýetler bolup ýetişýärler. Hut şu mizemez hakykat durmuş çelgisi hökmünde hemişe öňe sürülýär.

Halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamyndan çykan eserleriň ählisiniň içinden watançylyk terbiýesi baradaky gymmatly pikirler eriş-argaç bolup geçýär. Peder ýörelgesini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz hem özüniň taryhy çykyşlarynda ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň mynasyp nesiller bolup ýetişmekleri baradaky meselä aýratyn ähmiýet berýär. Şonuň netijesinde ösüp gelýän ýaş nesillerimiz körpelikden üns-alada bilen gurşalyp alynýar, olara mynasyp terbiýe berilýär. Ýaşlaryň häzirki zamanyň ösen ylym-biliminden ýeterlik paýly bolmagy, çylşyrymly kompýuter tehnologiýalaryndan gowy baş çykarmaklary üçin ähli zerur şertler döredilýär.

Gülşirin ÖWEZOWA,
Halaç etrabyndaky 3-nji çagalar bagynyň terbiýeçi-usulçysy, ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy.