"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Bökdençsizlik gazanylýar

Ajap eýýamymyzda milli Liderimiziň öňe süren “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer syýasatyndan ugur alnyp, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmakda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Il-gün bähbitli bu wezipelerde edara-kärhanalaryň we ilatyň tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün edilmegi derwaýysdyr. Şeýle wezipäniň çözgüdi gyş aýlarynyň häzirki günlerinde aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Şu günüň ýokary talabyndan ugur alýan “Baýramalyşähergaz” gaz hojalyk edarasynyň işgärleri tebigy gazyň sarp edijilere bökdençsiz akymyny üpjün etmekde ýadawsyz aladalanýarlar. Gyş aýlarynyň sowuk we ygally günleri edaranyň işgärlerinden ýokary jogapkärçiligi talap edýär. Möwsümiň ýokary talabyna düşünýän ady agzalan edaranyň işgärleri Baýramaly şäheriniň sarp edijilerini mawy ýangyjyň akymy bilen üpjün etmekde ähli tagallalary edýärler. Olar dürli basyşly gaz geçirijileriň, olaryň ugrundaky gaz paýlaýjy we sazlaýjy desgalaryň gurat işlemegine yzygiderli gözegçiligi ýola goýýarlar. Gaz hojalyk edarasynda sargytlary kabul edýän bölümiň işgäri Azat Çolukow, ussa Geldimyrat Pyryýew, sürüji Alty Meretdurdyýew ýaly işine ezber zähmetsöýer adamlar has tapawutlanýarlar. Bu ýerde gyş günleriniň çylşyrymly wezipelerine abraý bilen hötde gelm

Sanly ykdysadyýet — döwrüň talaby

Geljegi aýdyň ulgam Arkadag Prezidentimiziň başda durmagynda her ýylymyz döwrümiziň ösüşlerine mynasyp at bilen atlandyrylýar. Ählimiziň bilşimiz ýaly, bu ýylymyzyň hem “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylmagy hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen, biziň bagtyýar Watanymyzyň at-abraýynyň bütin dünýäde dabaralanýandygyny açyp görkezýär.

Ýürekden bir sözüm bar

Zenan buýsanjy Hormatly Prezidentimiz zenanlara uly sarpa goýýar. Milli Liderimiz syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren duşuşygynda zenanlaryň ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda zähmet çekýändiklerini, ýurdumyzyň ösüşinde uly goşantlarynyň bardygyny aýratyn belläp geçdi. Türkmen halky taryhda-da, häzirki günümizde-de enelere uly sarpa goýýar. Eneler barada aýdanyňda, ähli ynsan ene bilen özüni bagtly saýyp, enäniň ýyly mähriniň özüne berýän şatlykly günlerine guwanýar.

Gök montýorly gürrüňlerden

Bir jüýjejik soý-da... Ir döwürde Baýramaly — Ýolöten aralygyna gatnaýan awtobusda gelýärkä Gök montýor bir gürrüňiň şaýady bolupdyr. Gepiň keltesi, bir ýigit öz agasynyň ýaramaýandygyny, görkezmedik lukmanynyň, tebibiniň galmandygyny, emma hiç bäri bakybermeýändigini, indem nä alaç etjegini bilmeýändigini aýdyp, gaty zeýrenipdir. Bir hepde bäri agasynyň hasam ruhdan düşüp, çaý-nahar bilenem seriniň ýokdugyny gürrüň beripdir.

Asudalygyň goragynda

Degerli işler Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda üstünlikli amal edilýän döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli işler üstümizdäki —— Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda-da rowaçlyklara beslenýär. Şeýle ösüş-özgerişli döwrümizde il-günümiziň rahat durmuşyny üpjün etmek uly ähmiýete eýe bolýar. Sebäbi asuda ýaşaýyş halkymyzyň eşretli günlerde ýaşap, döredijilikli zähmet çekmegine mümkinçilik berýär.

Gyzyl. Sary. Ýaşyl.

Hadysasyz ýollar — maşgalamyzyň abadançylygy Hadysasyz ýollar — maşgalamyzyň abadançylygy

Welaýat häkimliginiň düýpli gurluşyk müdirligi

1. Mary şäheriniň A. Nyýazow köçesiniň ugrundaky 29, 31, 33, 37, 39, 41, 43, 45, 47, 51, 53, 55, 57, 59, 61, 63-nji jaýlaryň aralygyndaky (d-200, 160, 110, 63 mm) suw geçiriji ulgamlarynyň durkuny täzelemek; 2. Mary şäheriniň Suwhanow köçesinde suw geçirijisini gurmak;

Ýurt garşy alsyn!

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan 2021-nji ýyl turuwbaşdan şatlykly wakalara, toýdur baýramlara beslenýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň uly dabaralara beslenjek ýylynda garşy alýan her günümiz buýsançly wakalardan doly. Mary şäheriniň Nury Halmämmedow adyndaky köçesiniň ugrunda gurlan 4 gatly, 24 öýli täze, döwrebap ýaşaýyş jaýynyň 16-njy ýanwarda geçirilen açylyş dabarasy hem şeýle buýsançly wakalaryň biri boldy. Bu döwrebap ýaşaýyş jaýyny Mary welaýatynyň polisiýa müdirliginiň buýurmasy esasynda, uzak möhletleýin berilýän karz puluň hasabyna, «Marynebitgazgurluşyk» trestiniň 5-nji gurluşyk-gurnama edarasynyň gurluşykçylary bina etdiler. Täze jaýyň açylyp, ulanmaga berilmegi mynasybetli geçirilen dabarany welaýatyň medeniýet, sungat işgärleri özleriniň ýörite taýýarlan baýramçylyk çykyşlary bilen bezediler. Dabaranyň dowamynda ýaşaýyş jaýynyň gurluşygynda has gowy zähmet çeken gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Täze jaý ýetip gelýän Watan goragçylarynyň gününe harby gullukçylara ajaýyp sowgat boldy.

Bagtyýar döwrüň bagtly zenanlary

Ak bugdaý etrabynyň Berkarar şäherçesiniň Medeniýet öýünde dabaraly maslahat geçirildi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli geçirilen maslahaty Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi gurady. Oňa dürli kärde zähmet çekýän işeňňir zenanlar gatnaşdy. «Bagtyýar döwrüň bagtly zenanlary» atly dabaraly maslahaty Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň başlygynyň orunbasary, Mejlisiň deputaty Baýramsoltan Myradowa açyp, gadam basylan 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edilmegi bilen gutlady hem-de ýylyň şygary astynda geçiriljek çäreleriň ähmiýeti, üstümizdäki ýylda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň işjeň agzalarynyň öňünde durýan wezipeler barada täsirli gürrüň etdi. Onuň belleýşi ýaly, ýaşlary ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň esasynda, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň wagyz edilmegine gönükdirilen işleriň yzygiderli häsiýetde alnyp barylmagynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň işjeň agzalarynyň mynasyp orny bardyr. Şoňa görä-de, şanly ýylymyzda ýerlerde gelin-gyzlaryň arasynda baý many-mazmunly çäreleri, şol

Akyl — paýhas hazynasy

Ýakynda Kaka etrabynyň Medeniýet öýünde «Gahryman Arkadagyň kitaby — umumadamzat gymmatlygy» atly bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň düýp özenini, terbiýeçilik ähmiýetini ýaş nesillere ýetirmek, olarda halkymyzyň asylly ýol-ýörelgelerine buýsanjy artdyrmak, watançylyk duýgusyny ösdürmek maksady bilen yglan edilen bäsleşigiň bu tapgyryny Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölümi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi bilelikde gurady. Oňa dürli kärdäki we hünärdäki zenanlaryň birnäçesi gatnaşdy. Bäsleşigiň dowamynda oňa gatnaşyjy zenanlar gezekli gezegine degişli şertler esasynda çykyş etdiler. Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň milli däp-dessurlaryny dikeltmek, nesillerde milli gymmatlyklara, asyrlaryň dowamynda ähmiýetini ýitirmän gelýän asylly ýörelgelerine bolan buýsanjy artdyrmak, olary watançylyk ruhunda terbiýelemek babatdaky tagallalary hakynda söhbet açan bagtyýar zenanlar döwlet Baştutanymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndan bölekleri okadylar, ondaky rowaýatdyr hekaýatlaryň terbiýeçilik ähmiýetini açyp görkezdiler, bu gymmatly kitabyň özlerinde galdyran täsirlerini goşgudyr gazallaryň üsti bilen beýan etdiler.

Howpsuzlyk düzgünleri berjaý edilmelidir

Ýaşaýyş jaýlarynda ulanylýan elektrik geçiriji simler ähli talaplara gabat gelmelidir, ýagny olaryň ýogynlygy, daşky örtügi, gurnalyş hem-de ýüze çykýan adatdan daşary ýagdaýlardan goraýjylary talaba laýyk edilip gurnalmalydyr. Simler bildirilýän talapdan inçe bolsa ýa-da şol simlere bir wagtyň özünde birnäçe elektrik enjamlary çatylsa, şeýle ýagdaý elektrik geçiriji simleriň geçirijilik ukybyndan has artykmaç togy geçirmegine getirýär we olaryň çakdanaşa gyzmagyna, daşky örtüginiň gurap ýanmagyna ýa-da gurap, jaýryk atyp, öz goraýjylyk ukybyny ýitirmegine getirýär. Bu bolsa gysga utgaşmanyň ýüze çykyp, ýangyn döremegine sebäp bolup bilýär. Elektrik geçiriji simleriň daşky örtügi wagtyň geçmegi bilen gurap gataýar we öz goraýjylyk ukybyny ýitirýär. Şonuň üçin olaryň daşky örtügini barlap durmalydyr we bardy- -geldi, simleriň açyk ýeri ýüze çykarylsa, derrew örtgi bilen berk saramalydyr.

Taryhy günde täze bina

Hormatly Prezidentimiziň gündogar sebitde iş saparynda bolýan günlerinde Türkmenabat şäherinde Ýangyna garşy göreş gullugynyň täze edara binasy hem açylyp, ulanmaga berildi. Bu Lebap welaýatyndaky taryhy wakalaryň döwresinde ýene bir açylyş toýuna öwrüldi. Şäheriň Alty Garlyýew adyndaky köçesiniň ugrunda ýerleşýän täze bina mundan beýläk welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyna garşy göreş gullugynyň esasy dolandyryş merkezleriniň biri bolar. Munuň üçin onda ähli şertleriň döredilendigini aýratyn nygtamak gerek.

Ýüzugra edilen bellikler (Pikir ýöretme)

GABADYMDAN GÖRÜNMÄN GEÇEN GÜN Kakamyň oturýan otagynyň penjiresi pesdedi — ýerden, bolaýsa, 2-3 garyş ýokardady. Indi ýadyma düşüşine görä, ol sähel başyny galdyrsa, ýassygyny tirsekläp ýatan ýerinden hem daşarda nämeleriň bolup geçýänini görüp bilýän bolmaly. Çagalyk-da, gowur turuzman, bezzatlyk etmän bolýarmy? Penjiräniň öňünden eýläk-beýläk ötmekçi bolanymyzda, bukdaklabrak geçýärdik. Habarymyz ýok, omadaklap barsaň, has-da göze ilginç bolýanlygyndan. Beýtmegimize-de sebäp bolan zat, kakam bir gezek: «Köşek patanaklan ýaly, düňk-düňküňiz ýatmady-la...» diýip käýinipdi...

Berkararlyk nurundan ylham alýar, Aşgabat

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde bu günki gün eziz Diýarymyzda we gözel paýtagtymyzda halk bähbitli, ýurt ähmiýetli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda paýtagtymyzda dürli maksatly ajaýyp binalaryň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň sany yzygiderli artýar. Bu binalar şäher gözelligine gözellik goşmak bilen, ençeme maşgalalary täze jaýlara eýe edýär. Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda giňden bellenilýän şanly baýramçylyklar mynasybetli dürli binalary, ýaşaýyş jaý toplumlaryny açyp ulanmaga bermek asylly däbe öwrüldi. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli geçirilen ençeme binalaryň açylyş dabaralary halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Muňa mysal edip hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde gurlan medeni-durmuş maksatly iri desgalar toplumynyň, ýagny, 12 gatly, 48 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 6-synyň hem-de 72 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 10-usynyň açylyp ulanylmaga berilmegi aýratyn bellärliklidir. Bu ýerde «Türkmen alabaýy» binasynyň, «Gül zemin» söwda-dynç alyş merkeziniň, çagalar oýun meýdançalarynyň gurulmagy daş-töwereginiň ajaýyp güller, agaçlar bilen bezelmegi bu künjegiň gözelligin

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin

Hamal (guzy 21.03-20.04) Geljek hepdede hamallar geleňsizlik diýlen zady ýatlaryndan çykarmaly bolarlar. Öz üstünlikleriňizi sypdyrmaň, işleriňizi başarnygyňyza görä ýerine ýetiriň. Iş ýerlerinde olar özlerini salyhatly alyp bararlar. Şahsy durmuşlarynda hyjuwdan ýaňa özlerine ýer tapmazlar. Hepdäniň ikinji ýarymynda hünär, iş orunlarynda hamallar täze başlangyçlary öňe sürüp, işlerini güýçli depginlerde alyp bararlar.

Taryhy wakanyň ýaňy

Beýik Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň uly toýy toýlanyljak täze — Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň ilkinji günleri taryhy wakalara beslenýär. Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen dabarada täze desganyň — Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň açylyşyna ak pata berdi. Dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan bu ulgam sebitde aragatnaşyk ulgamynyň hil taýdan kämil derejelere çykarylyşyna giň mümkinçilikleri açar. Şu dabaraly waka mynasybetli welaýat häkimliginde hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahata welaýat häkimliginiň ýolbaşçylary, jogapkär işgärleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, edara-kärhanalaryň we jemgyýetçilik-syýasy guramalaryň başlyklary, saglygy goraýyş we beýleki ulgamlaryň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda welaýat häkimi Döwranberdi Annaberdiýew giňişleýin çykyş edip, döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän giň möçberli işler barada durup geçdi. Ýap-ýaňy tamamlanan dabaraly çärede milli Liderimiziň Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň ulanylmaga berilmegine ak pata berendigi üçin hoşallyk sözlerini aýtdy. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň ösdürilmeginde, innowasiýalaryň, kämil tehnol

Milli kanunçylygymyzyň ösüşiniň şanly sahypalary

(Dowamy. Başlangyjy gazetimiziň geçen sanynda). 2020-nji ýylyň 11-nji fewralynda hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň deputatlary bilen taryhy duşuşygy boldy. Onda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň hukuk ulgamyny kämilleşdirmek we milli kanunçylygymyzy döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlaryna birnäçe teklipleri we tabşyryklary berdi. Olaryň hatarynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyny, şeýle hem «Türkmenistanyň Mejlisi hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyny kämilleşdirmek, «Döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna hem-de Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda kabul edilmeli we rejelenen görnüşlerini işläp düzmek boýunça kodeksleriň üstünde durup geçmek bilen, Administratiw iş ýörediş kodeksini kabul etmegi, Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň täze rejelenen görnüşini taýýarlamagy, Arbitraž iş ýörediş kodeksiniň rejelenen görnüşini, Raýat kodeksiniň täze redaksiýasyny, Zähmet kodeksiniň rejelenen görnüşini taýýarlamagy hem tabşyrdy.

Ýaşlaryň zähmet ýolunda kämilleşmegi

Ýaşlaryň okamagy we zähmet çekmegi, olaryň durmuş taýdan goraglylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Zähmet kodeksine, «Bilim hakynda», «Ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakynda», «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda», «Ýaşlaryň zähmet çekmäge bolan hukugynyň kepillendirmesi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda düzgünleşdirilýär. Ýaşlaryň durmuş-zähmet hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, iş bilen üpjün etmek hem-de täze iş orunlaryny döretmek baradaky wezipelerinden ugur alnyp, ýurdumyzda ýaşlary zähmet bazaryna uýgunlaşdyrmak we olaryň iş bilen üpjünçiligini kämilleşdirmek Maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýar.

Deňhukuklylyk — demokratiýa

Adam hukuklarynyň goraglylygyny berkitmek gender deňligi babatda hem möhüm ähmiýete eýedir. Aýallaryň hukuklarynyň deňligi BMG-niň esas goýujy ýörelgeleriniň biri bolup durýar. BMG-niň Tertipnamasynyň girişinde ynsan şahsyýetiniň mertebesine we gymmatlygyna hem-de aýallaryň we erkekleriň deňhukuklylygyna öz ynamyny tassyklamagyň onuň esasy maksatlarynyň biri bolup durýandygy kesgitlenendir. BMG tarapyndan 1948-nji ýylyň 10-njy dekabrynda kabul edilen Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynyň girişinde kesgitlenilişi ýaly, ynsan maşgalasynyň ähli agzalaryna mahsus mertebäniň hem-de deň we aýrylmaz hukuklaryň, ýagny ynsanyň tebigy hem mizemez hukuklarynyň ykrar edilmegi azatlygyň, adalatlylygyň we ählumumy parahatçylygyň esasy şerti bolup durýar. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kämilleşdirilmegi, döwrebap kanunlaryň kabul edilmegi adam hukuklarynyň goragyny kepillendirmek bilen, ýurdumyzyň bu Jarnamanyň mizemez maksatlaryna we ýörelgelerine pugta ygrarlydygyny tassyklaýar. Çünki Esasy Kanunymyzyň 4-nji maddasynda: «Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleridir» diýlip kesgitlenilýär. Şeýle hem Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 29-njy maddasynda gender deňligi babatda: «Türkmenistanda erkekleriň we aýallaryň deň huk

Ýaşlar röwşen geljegimiz

Bedew batly ösüşlere beslenen bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ýaşlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny gorap saklamak, olaryň ýaşaýyş derejesini we durmuş taýdan goraglylygyny ýokarlandyrmak üçin zerur şertler döredilýär. Hut şu nukdaýnazardan, ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň hukuk esaslaryny, maksatlaryny, wezipelerini, ýörelgelerini, esasy ugurlaryny, çärelerini hem-de tärlerini kesgitlemek maksadynda ýurdumyzda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakyndaky» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu Kanunyň hukuk ýörelgeleri esasynda yzygiderli işler amala aşyrylýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň 8-nji ýanwarynda milli Liderimiziň Karary bilen tassyklanan Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy munuň aýdyň mysalydyr.