Ýurt garşy alsyn!

18 Ýanwar 2021
1320

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan 2021-nji ýyl turuwbaşdan şatlykly wakalara, toýdur baýramlara beslenýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň uly dabaralara beslenjek ýylynda garşy alýan her günümiz buýsançly wakalardan doly. Mary şäheriniň Nury Halmämmedow adyndaky köçesiniň ugrunda gurlan 4 gatly, 24 öýli täze, döwrebap ýaşaýyş jaýynyň 16-njy ýanwarda geçirilen açylyş dabarasy hem şeýle buýsançly wakalaryň biri boldy. Bu döwrebap ýaşaýyş jaýyny Mary welaýatynyň polisiýa müdirliginiň buýurmasy esasynda, uzak möhletleýin berilýän karz puluň hasabyna, «Marynebitgazgurluşyk» trestiniň 5-nji gurluşyk-gurnama edarasynyň gurluşykçylary bina etdiler.

Täze jaýyň açylyp, ulanmaga berilmegi mynasybetli geçirilen dabarany welaýatyň medeniýet, sungat işgärleri özleriniň ýörite taýýarlan baýramçylyk çykyşlary bilen bezediler. Dabaranyň dowamynda ýaşaýyş jaýynyň gurluşygynda has gowy zähmet çeken gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Täze jaý ýetip gelýän Watan goragçylarynyň gününe harby gullukçylara ajaýyp sowgat boldy.

Welmuhammet GALANDAROW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Şamyrat AMADOW.