"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

We­lo­si­ped gü­nü­niň äh­mi­ýe­ti

«Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni» Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len 2018-nji ýy­lyň ap­rel aýyn­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 72-nji mej­li­sin­de esas­lan­dy­ryl­dy. Onuň Ka­rar­na­ma­sy­nyň aw­tor­daş­la­ry hök­mün­de 56 döw­let çy­kyş et­di. Bu Res­mi­na­ma iri gu­ra­ma ag­za döw­le­tleriň äh­li­si ta­ra­pyn­dan gyz­gyn gar­şy­lan­dy. Häzirki wagtda dün­ýä­niň en­çe­me döw­le­tin­de welosiped gününe bagyşlanyp dürli çäreler, welosipedli ýörişler guralýar, welosiped ýodalary açylýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly we öň­den­gö­rü­ji­lik­li baş­lan­gyç­la­ry bo­ýun­ça Türk­me­nis­tan Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­syn­da we­lo­si­ped spor­tu­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça bir­nä­çe top­lum­la­ýyn mak­sat­na­ma­la­ry ka­bul ed­ýär. Şeý­le-de, ýur­du­myz­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça BMG-­niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň Ka­rar­na­ma­sy bi­len dö­re­di­len Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni ýo­ka­ry de­re­je­de giň­den bel­le­nil­ýär.

Gül diýaryň röwşen geljegi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda çagalar aýratyn üns-alada bilen gurşalyp, olaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin zerur şertler döredilýär. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň çagalary milli hem-de umumadamzat ruhy gymmatlyklary esasynda terbiýelemäge gönükdirilýändigi aýdyň duýulýar. Ýurdumyzda geçirilýän çagalar festiwallaryna, intellektual bäsleşiklere, sport ýaryşlaryna dünýäniň köp ýurtlarynyň çagalarynyň gatnaşmagy ýaşlar syýasaty babatda halkara hyzmatdaşlygyň giň gerime eýe bolýandygyny görkezýär. Ösüşiň häzirki tapgyrynda ýurdumyzyň dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen netijeli, işjeň ykdysady, medeni, ynsanperwer gatnaşyklary barha giňelýär. 1992-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzasy bolan Türkmenistan eneligi we çagalygy goldamak babatda BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF), Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, BMG-niň Ilat gaznasy bilen işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýdy.

Bosagada — şadyýan tomus!

Döwlet Baştutanymyzyň ýaş nesil babatdaky yzygiderli aladalary netijesinde ýurdumyzda çagalar bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Olar her ýylyň tomus möwsüminde Gökderede we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, welaýatlardaky çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde dynç alyp, saglyklaryny berkidýärler. Mälim bolşy ýaly, 17-nji maýda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde hem çagalaryň we ýetginjekleriň öňde duran tomusky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alnyp, garamagynda çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri bar bolan ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan bu merkezlerde zerur abatlaýyş işleri geçirildi. Bilim ministrligi bilen bilelikde jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleridir hünärmenleri tarapyndan ýörite meýilnama esasynda Gökderede, Awazada, ýurdumyzyň welaýatlaryndaky dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde çagalaryň oňat dynç almagy üçin netijeli işler ýerine ýetirilip, tomusky möwsüme doly taýýarlyk görüldi. Şunda Milli bilim instituty tarapyndan şu ýylyň aprel aýynda Aşgabat, Arkadag şäherlerinde we welaýat merkezlerinde mekdep mugallymlarynyň, te

Ajy tüsse — eder hassa

Ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamlaryň jan saglygyny goramak hem-de berkitmek babatda taýsyz tagallalar edilýär. Her bir adamyň zähmet we dynç alyş şertlerini ýokary hilli guramak, kadaly iýmitlenmegini, sport bilen meşgullanmagyny, hemişe sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, zyýanly endiklerden daşda durmagyny gazanmak bu ugurda alnyp barylýan işleriň esasy maksadydyr. Türkmenistanda ýaş nesilleriň sagdyn ösüp kemala gelmegi, sport bilen meşgullanyp we sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, beden saglygyny berkitmegi, raýatlaryň ortaça ömür dowamlylygyny uzaltmak babatda alnyp barylýan giň gerimli işleriň berk kanunçylyk-hukuk binýady döredilendir. «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň, «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň» kabul edilmegi-de munuň aýdyň mysallarydyr. Bu maksatnama temmäkiden azat ýurt hukuk derejesini kesgitlemek boýunça milli standarty döretmäge, bu babatda syýasatyň alnyp barlyşyna we kanunlaryň ýerine ýetirilişine aýratyn üns bermek bilen, ýaramaz endiklere garşy göreşilmegini berkitmäge, ilat arasynda temmäki önümlerine bolan islegi azaltma

Hukuk maslahaty

Her ýylky esasy rugsada bolan hukuk Ýurdumyzda esasy zähmet rugsady näçe güne barabar, şeýle-de işgär ilkinji işläp başlan ýylynda esasy rugsada nähili tertipde çykyp biler?

Mynasyp goşant

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ruhubelent, ýokary ahlakly we bilimli ýaş nesli kemala getirmek hormatly Prezidentimiziň döwletimizi ösdürmek boýunça kesgitlän strategik wezipeleriniň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň: «Ýaş nesiller biziň ähli umyt-arzuwlarymyzy geljekde amala aşyrmaly. Biziň häzirki döwürde amala aşyrýan işlerimiz ýaşlarymyz üçin edilýär» diýmeginiň özeninde umman deý çuňňur many bar. Çünki biziň şu günki berýän bilimdir terbiýämiziň netijesinde ýaşlarymyz geljekde sowatly, ýokary ahlakly kämil ynsanlar bolup, eziz Diýarymyzy özgertmäge mynasyp goşantlaryny goşmalydyr. Ýaş nesilleri häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda, milli ýörelgelerimiz esasynda terbiýeläp, watansöýüji raýatlary ýetişdirmek biziň her birimiziň borjumyzdyr.

Edara-kärhanalarda türgenleşikler geçirilýär

Şu günler müdirligimiziň hünärmenleri tarapyndan welaýatymyzyň çägindäki edara-kärhanalarda adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olaryň zyýanly täsirlerini ýok etmek boýunça türgenleşikler guralýar. Şeýle çäreleriň geçirilmeginiň esasy maksady edaralaryň ýolbaşçy düzüminiň raýat goranyşy birikmeleriniň şahsy düzüminiň adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykanda ilkinji kömegi, raýat goranyşynyň güýçleriniň hereketlerini dolandyrmaga taýýarlygyny barlamakdan, aragatnaşygy guramagy kämilleşdirmekden, ýangyn söndürýän toparlaryň taýýarlygyna we ýangyn söndüriji tehnikalarynyň, serişdeleriniň guratdygyna hem-de raýat goranyşynyň şahsy gorag serişdeleriniň saklanyş ýagdaýyna gözegçiligi güýçlendirmekden ybaratdyr. Geçirilýän bu türgenleşiklere edaralaryň ýolbaşçy, guramaçylykly göçüriş toparlary, raýat goranyşynyň birikmeleri, baş hünärmenleri, işçi-gullukçylary işjeň gatnaşýarlar.

Abadan geljek ugrunda

Hojambaz etrabynyň Beşir geňeşliginde jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde okuw türgenleşigini geçirdik. Ilatyň adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygyny üpjün etmek maksady bilen geçirilen bu ähmiýetli çärä bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleri işjeň gatnaşdylar. Okuw türgenleşiginiň dowamynda ilaty adatdan daşary ýagdaýlara, tebigy betbagtçylyklara hem-de tehnogen hadysalara taýýarlamak, şeýle ýagdaýlar ýüze çykanda, halk köpçüligini wagtynda habarly etmek, olaryň taýýarlygyny ýokarlandyrmak, şol ýagdaýlarda özüňi dogry alyp barmak boýunça täsirli çykyşlar diňlenildi. Milli jemgyýetiň wekilleri we meýletinçiler tebigy hadysalarda ejir çekenlere lukmandan deslapky ilkinji kömegi bermekligiň düzgünlerini düşündirdiler.

Wagtlaýyn sergi açyldy

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli muzeýimizde «Daşky gurşawyň abadançylygy — dünýäniň abatlygy» atly wagtlaýyn sergi açyldy. Oňa Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň wekilleri, goraghanalarynyň, welaýat çagalar kitaphanasynyň, welaýat daşky gurşawy goramak müdirliginiň işgärleri, Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň hünärmenleri we talyplar gatnaşdylar. Sergide haýwanlaryň, guşlaryň gäpleri, ösümlikleriň gerbariýleri, tebigatymyzyň gözel ýerleri boýunça taýýarlanylan görkezme diwarlyklary, mineral daşlar, welaýatymyzyň belli suratkeşleriniň tebigatymyzy wasp edip çeken ajaýyp suratlary ýerleşdirildi. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ensiklopedik işleri bolsa sergä aýratyn öwüşgin berdi.

Maksat — zähmeti goramak

Kärhanamyzda welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölümi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi bilen bilelikde betbagtçylykly hadysalaryň öňüni almaga, ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý etmäge, howpsuz iş şertlerini döretmäge bagyşlanan maslahat geçirildi. Oňa kärhanamyzyň ugurdaş bölümleriniň hünärmenleri, pagta kabul ediş harmanhanalarynyň işgärleri gatnaşdylar. Maslahatda ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmäge, ýangyn söndüriji enjamlary gurat saklamaga, elektrik enjamlaryny talabalaýyk işletmäge bagyşlanan çykyşlar diňlenildi. Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň talaplarynyň, zähmeti goramaklyga gönükdirilen hukuk namalarynyň berjaý edilişi dogrusynda hem aýratyn nygtalyp, bu ugurda kärhanamyzda amala aşyrylýan işlere syn berildi. Degişli hünärmenleriň çykyşlarynda iş ýerlerinde betbagtçylykly hadysalaryň öňüni almak, şahsy arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek maksady bilen hereket edýän düzgünleri berjaý etmekligiň zerurdygyna üns çekildi.

Sport mümkinçilikleriniň şäheri

Tamamlanyp barýan aýda ýurdumyzda giňden bellenen seneleriň biri-de Aşgabat şäheriniň güni boldy. Şol şanly senä gabatlanyp paýtagtymyzda geçen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisinde Aşgabat şäherini Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri diýip yglan etmek hakynda taryhy Çözgüt kabul edildi. Bu waka halkymyzyň toý şatlygyny goşalandyrdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň baş şäheri günsaýyn özgerýär, ösýär. Aşgabatda yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýän desgalaryň hatary hem barha giňeýär. Şol desgalaryň arasynda köpugurly sport toplumlarynyň, sport ugurly beýleki desgalaryň bolmagy diýseň guwandyryjydyr.

Çagalar bagynda geçen dabara

Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Bäherden etrabynyň 1-nji çagalar bagynda etrap bilim bölüminiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda baýramçylyk dabarasy geçirildi. Şatlyk-şowhuna beslenen dabaranyň dowamynda aýdym-sazlar ýaňlandy, körpeleriň labyzly okan goşgulary diňlendi, sahnalaryna tomaşa edildi. Dabaranyň dowamynda çykyş edenler ýurdumyzy bagtly çagalygyň mekanyna öwüren Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna sagbolsunlary aýtdylar. Dabara gatnaşan çagalara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Änew — baý taryhly mekan

Änew şäheriniň üstümizdäki ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýen derejäni götermegi bilen baglylykda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň guramalarynda etrabyň ýaşlarynyň gatnaşmagynda gyzykly çäreler yzygiderli guralýar. Etrabymyzyň merkezindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýine, Seýit Jemaleddin ýadygärligine guralýan syýahatlar has-da täsirli bolýar. Milli «Ak bugdaý» muzeýinde guralan «tegelek stoluň» başyndaky nobatdaky söhbetdeşlik uly gyzyklanma döretdi. Onda Änew şäheriniň üstümizdäki ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýen derejäni götermegi bilen bagly täsirli söhbet açyldy, hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň baý many-mazmuny dogrusynda gürrüň edildi. Çykyş edenler halkymyzyň şöhratly taryhyny, baý medeni mirasyny öwrenmekde we giňden wagyz etmekde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň ähmiýetiniň uludygyny buýsanç bilen belläp geçdiler.

1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni

Körpeleriň bagtyýarlygy 1-nji iýunda dünýäniň ähli döwletlerinde bolşy ýaly, Türkmenistanda hem Çagalary goramagyň halkara güni giňden bellenilýär. Bu sene dünýä bileleşigi bilen raýdaşlygyň, Birleşen Milletler Guramasynyň çagalaryň hukuklary we bähbitleri babatda esas goýujy maksatlaryna, ýörelgelerine ygrarlylygyň beýany hökmünde ýurdumyzyň resmi baýramçylyklarynyň sanawyna girizildi.

Wagyz-nesihat çäreleri

Magtymguly, paýhasyň müň asyra aýdyň Etrabymyzdaky 12-nji orta mekdepde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli “Arzuwlan zamanaň geldi, Pyragy!” atly dabaraly çäre geçirildi. Bu dabaraly çäre etrap häkimligi, TDP-niň etrap komiteti, TMÝG-niň etrap geňeşi, etrap bilim bölümi tarapyndan guraldy. Çärä ýokarda atlary agzalan edaralaryň işgärleri, etrapdaky orta mekdepleriň mugallymlary, 12-nji orta mekdebiň ýokary synp okuwçylary gatnaşdylar. Çäre örän gyzykly geçdi. Çärede TDP-niň etrap komitetiniň başlygy Tawus Gylyjowa, TMÝG-niň etrap geňeşiniň başlygy Nagmat Hümmedow, şol mekdebiň mugallymlary Gyzylgül Berdiýewa, Bahar Mämmedowa, Annageldi Akyýew çykyş etdiler.

Wagyz-nesihat duşuşygy

Pyragy — ähli döwürleriň şahyry Golaýda etrap häkimliginiň, TDP-niň etrap komitetiniň, TMÝG-niň etrap birleşmesiniň bilelikde guramagynda etrap medeniýet öýünde akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli “Pyragy — ähli döwürleriň şahyry” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga etrap häkimliginiň jogapkär işgärleri, ýokarda ady agzalan syýasy we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet öýüniň işgärleri gatnaşdylar.

Wagyz-nesihat duşuşygy

29-njy maýda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda we Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda sagdyn durmuş kadalaryny berjaý etmek boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, şeýle-de «Türkmenistanda temmäkä garşy göreşmek boýunça 2024-nji ýylyň maý aýynyň 1 — 31-i aralygynda geçiriljek çäreleriň meýilnamasyna» laýyklykda, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde talyp ýaşlaryň arasynda zyýanly endikleriň ýaramaz täsirini düşündirmek, sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak boýunça geçirilen duşuşyk örän täsirli boldy. Bu wagyz-nesihat çäresine mugallymlar we talyp ýaşlar, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri gatnaşdylar. Wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler asuda Diýarymyzda Temmäkä garşy bütindünýä göreş gününiň giňden bellenip geçilmeginiň maksady we ähmiýeti barada aýtdylar. Şeýle-de Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda adamyň saglygyny goramak boýunça amala aşyrýan nusgalyk işleriniň uzak geljegi nazarlaýandygyny buýsanç bilen be

Aşgabat – Awaza ugry boýunça awtobus gatnawynyň petekleri «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «e.gov.tm» portalynda

Mälim bolşy ýaly, «Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 1-njy iýundan başlap, Aşgabat – Awaza – Aşgabat ugry boýunça awtobus gatnawyny ýola goýýar. Şu ugurlar boýunça şäherara awtobus gatnawlarynyň petekleri «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Döwlet hyzmalary portalynda (e.gov.tm) onlaýn satuwa çykaryldy. Munuň özi Türkmenistanda ulag we aragatnaşyk ulgamlaryndaky hyzmatlaryň günsaýyn kämilleşdirilýändigini görkezýär. Ýeri gelende bellesek, bir taraplaýyn petegiň bahasy ulular üçin 75 manada, 5 — 13 ýaş aralygyndaky çagalar üçin bolsa 37 manat 50 teňňä deňdir. Petekleriň satuwy diňe onlaýn te däl, eýsem, kassalaryň üsti bilen hem amala aşyrylýar.

«Awtomobil ulаg hyzmaty» kompaniýasy sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil ulаg hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenistanyň raýatlaryny sürüji wezipesine işe alynýandygyny yglan edýär. Dalaşgärlerden edilýän esasy talaplar «B,C,D» derejeli sürüjilik şahadatnamasynyň we awtoulag sürmek tejribesiniň bolmagydyr. Işe ýerleşmek isleýänler  Aşgabat şäheriniň Çoganly ýaşaýyş toplumynyň çägindäki Halkara awtomenziliň çäginde ýerleşýän kompaniýanyň merkezi edarasyna ýüz tutmalydyrlar, edaranyň salgysy: A.Nyýazow şaýoly, 422-nji jaý.

Ajaýyp toý sowgady

Ahal welaýatyndaky Bäherden çeper halyçylyk kärhanasynda Magtymguly Pyragynyň keşbi şekillendirilen portret halylaryň birbada ikisi dokaldy. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň giňden dabaralandyrylýan ýylynda kärhananyň çeper elli halyçylarynyň uz barmaklaryndan dörän nepisden gözel halylar ýakynda bellenilen Türkmen halysynyň baýramyna özboluşly sowgat boldy. Täze halylaryň her biriniň ini 1,30, boýy 1,65 metre deňdir. Halylaryň bir inedördül metrinde 480 müň çitim bar. Täsin göller, özboluşly öwüşgin atýan dürli reňkli çitimler, akyldar şahyrymyzyň nurana keşbi dokalan nepis halylaryň gözelligini artdyrýar.