«Bütindünýä welosiped güni» Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2018-nji ýylyň aprel aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisinde esaslandyryldy. Onuň Kararnamasynyň awtordaşlary hökmünde 56 döwlet çykyş etdi. Bu Resminama iri gurama agza döwletleriň ählisi tarapyndan gyzgyn garşylandy. Häzirki wagtda dünýäniň ençeme döwletinde welosiped gününe bagyşlanyp dürli çäreler, welosipedli ýörişler guralýar, welosiped ýodalary açylýar.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli başlangyçlary boýunça Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynda welosiped sportuny ösdürmek boýunça birnäçe toplumlaýyn maksatnamalary kabul edýär. Şeýle-de, ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen döredilen Bütindünýä welosiped güni ýokary derejede giňden bellenilýär.