"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Aşgabadyň gözel keşbi

Mähriban Arkadagymyz ýurdumyzyň paýtagtyny ösdürmek meselesini hemişe berk gözegçilikde saklaýar. Aşgabadyň keşbinde Watanymyzyň ýokary durmuş-ykdysady derejesi, intellektual kuwwaty, halkymyzyň baý taryhy we medeni däpleri aýdyň beýanyny tapýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp binagärlik toplumynyň üsti her ýyl täze we özboluşly binalardyr desgalar bilen ýetirilip, halkymyzyň aýratyn buýsanjyna, ýurdumyzyň depginli ösüşiniň görkezijisine öwrülýär. Ýaşaýşyň ýokary ölçeglerini üpjün etmäge gönükdirilen tagallalaryň görülmegi netijesinde, Aşgabat dünýäniň owadan we ýaşamaga iň amatly şäherleriniň biri, iri çäreleri geçirmek hem-de köp sanly daşary ýurtly myhmanlary mynasyp garşylamak üçin ähli şertler döredilýän sebit we halkara hyzmatdaşlygynyň ykrar edilen merkezi derejesini has-da pugtalandyrýar. Döwlet Baştutanymyz dürli maksatly desgalaryň gurluşygynda işleriň ýagdaýy, täze ýaşaýyş, dolandyryş, senagat toplumlarynyň, ýol-ulag we durmuş düzümlerine degişli desgalaryň iri möçberli taslamalarynyň durmuşa geçirilişi bilen giňişleýin tanyşmak üçin wagt tapyp, täze gurluşyklary yzygiderli gözden geçirýär. Milli Liderimiz ähmiýetli gurluşyk taslamalarynyň başyny başlap, olary durmuşa geçirmeg

Watançy gerçekleriň bäsleşigi

­­­ Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby bölümlerinde «Watançy gerçekler» atly çeper-döredijilik bäsleşigi geçirildi. Her ýyl Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy, şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan guralýan bu bäsleşik Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne mahsus Watan goragçylaryny terbiýeläp ýetişdirmek, olaryň Watana wepalylyk hem-de merdanalyk bilen ak ýürekden gulluk etmeklerini gazanmak, hormatly Prezidentimiziň öwüt-nesihatlaryny we watançylyk sargytlaryny, eserleriniň many-mazmunyny şahsy düzümiň aňyna çuňňur ornaşdyrmak, şeýle hem harby bölümlerde giň dünýägaraýyşly, öz hünärine ökde, geljekde ykbalyny serhet goragyna bagyş etjek sungata höwesli serhetçi esgerleri ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýär.

Watan goragçylarynyň buýsanjy

Ýakynda podpolkownik Röwşen Aýazowyň ýolbaşçylyk edýän garnizonynda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli garnizonyň çäginde ýerleşýän harby bölümleriň we edara-kärhanalaryň harby gullukçylarynyň gatnaşmaklarynda aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabaranyň dowamynda ýurdumyzyň asudalygynyň goragynda durup, özleriniň gulluk borçlaryny ýerine ýetirmekde aýratyn tapawutlanan merdana Watan goragçylaryna döwlet sylaglary we harby atlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Sylaglara mynasyp bolan harby gullukçylar ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goranmak kuwwatynyň has-da berkemegi ugrunda durmuşa geçirýän giň gerimli başlangyçlary üçin hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallyklaryny aýtdylar.

Täze sepgitleri nazarlap

Golaýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, geçiriljek ekiş möwsümine taýýarlyk görmek meselelerine möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna garaldy hem-de welaýatlaryň ýolbaşçylarynyň hepdäniň dowamynda alnyp barlan işler baradaky hasabatlary diňlenildi. Milli Liderimiz degişli ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňläp, welaýatlaryň «ak altyn» ekiljek meýdanlaryny ekiş möwsümine talabalaýyk taýýarlamagyň, sürüm we tekizleýiş işlerini bellenen möhletlerde geçirmegiň möhümdigini nygtady. Şunuň bilen bir hatarda, gowaça ekişini agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirmek üçin ulanyljak tehnikalar we gurallar abatlanylyp, möwsüme doly taýýar edilmelidir, pagtaçylary tohum bilen doly üpjün etmek üçin ekiş möwsümine çenli zerur bolan gowaça tohumlary taýýarlanylmalydyr.

Özgertmeler — döwrüň talaby

Golaýda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça işleriň barşy bilen tanyşdy. Wakanyň bolan ýerinde milli Liderimizi Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary garşyladylar.

Resmi habarlar gysga setirlerde

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Meredow Myratgeldi Resulowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy. * * *

Harby özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär

1-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça işleriň barşy bilen tanyşdy. Wakanyň bolan ýerinde milli Liderimizi Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary garşyladylar.

Parahatçylygyň gözbaşy

Bedew batly Diýarymyz ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly barmak bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň mejlislerinde parahatçylygyň, asudalygyň, halklaryň abadançylygynyň, ählumumy howpsuzlygyň höküm sürmeginiň hatyrasyna möhüm halkara başlangyçlary öňe sürýär. Hut şu nukdaýnazardan Bitarap Türkmenistan indi diňe bir parahatçylyksöýüji däl, eýsem, parahatçylygy dörediji, ony berkidiji we muňa dünýä döwletlerini çekiji ýurt hökmünde hem ykrar edilýär. Soňky 30 ýyla golaý taryhy döwrüň içinde eziz Diýarymyz ylalaşdyryjy merkez hökmünde sebitde we dünýäde hoşniýetli hyzmatdaşlygy goldamakda, goňşy Owganystanda abadan durmuşyň höküm sürmegine ynsanperwer we doganlyk kömegini bermekde dünýä nusgalyk işleri bitirdi. Dünýä jemgyýetçiliginde milli Liderimiziň bu ugurda öňe sürýän ählumumy we umumadamzat başlangyçlaryna ýokary baha berilse, ýurdumyzyň alyp barýan açyk we aýdyň syýasaty bolsa beýleki döwletleriň bize ynamdar we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmagyna esas döredýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanyň teklibi esasynda 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmegi-de ählumumy parahatçylyga daýanýan özboluşly daşary syýasatymyzyň ornuny we ähmiýetini has hem berkitdi

Durmuş-ykdysady ösüşlere giň gerim berilýär

Geçen duşenbe güni welaýat häkimliginde maslahat geçirildi. Oňa etrap, şäher häkimleri, olaryň orunbasarlary, welaýat edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary, iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri çagyryldy. Maslahatyň barşynda hormatly Prezidentimiziň 1-nji fewralda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda häzirki günlerde welaýatymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak hem-de möwsümleýin oba hojalyk çärelerine giň gerim bermek barada kesgitlän wezipelerini günübirin ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Harby gullukçylara döwrebap şertler

1-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça işleriň barşy bilen tanyşdy. Wakanyň bolan ýerinde milli Liderimizi Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary garşyladylar. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy 27-nji ýanwarda geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak, harby gullukçylar üçin ýurdumyzyň howa şertlerine laýyk gelýän we ýokary ýakymlylyk ölçeglerine kybap gelýän harby lybaslaryň täze nusgalaryny taýýarlamak barada tabşyryklary berdi.

Parahatçylykly ösüşiň ýoly bilen

Döwlet Baştutanymyzyň goldamagynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararyna laýyklykda, 2021-nji ýyl — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyryldy. Munuň milli Liderimiziň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlisinde “2021--nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen sazlaşykly utgaşýandygy bellenilmäge mynasypdyr. Hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanyp ýöredýän öňdengörüjilikli daşary syýasaty sebitde we bütin dünýäde rowaç alýar. Sebäbi bu syýasat parahatçylyk söýüjilikli, ynanyşmak, özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmek, ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan syýasatdygy üçin dünýä jemgyýetçiliginde uly goldaw tapýar. Üstümizdäki — Türkmenistan — — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň ilkinji aýynyň şanly wakalary Beýik Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň uly dabara bilen baýram ediljek ýylymyzyň hem geçen ýyllar ýaly, belent sepgitler, uly ýeňişler bilen şöhratlanjakdygyna güwä geçýär. Sebäbi türkmen halky Gahryman Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýagty geljegine, eşretli ertirine ynamly gadam urýar. Bu aýdyň ýol bolsa uly üstünlikleriň, guwançly wakalaryň menzilleridir.

Döwletli işleriň dowamy

Bagtyýar halkymyzyň ýeten belent derejesini, berkarar döwletimiziň dünýä nusgalyk ösüş-özgerişini özünde jemleýän Arkadagyň ajap eýýamynda — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda her bir günümiz üstünliklere we zähmet ýeňişlerine beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eýelenýän belent sepgitler baky Bitarap döwletimiziň bedew bady bilen ynamly öňe barýandygyna şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gurmak we döretmek arkaly milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegi, durmuş düzüminiň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy babatda amal edilýän uly işler biziň gazanýan üstünliklerimiziň gözbaşy bolup durýar.

Ylmy-döredijilik bäsleşikleri

Ezberler öňe saýlandylar Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan döwletimiz heniz görlüp-eşidilmedik ösüşlere beslenýär. Dünýäde dost-doganlygyň, parahatçylygyň ýurdy hökmünde tanalýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimizde bolup geçýän taryhy wakalar, oňyn ösüş-özgerişler täze üstünliklere itergi berýär. Ýaş nesilleriň döwrebap bilim alyp, Watanymyza wepaly ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

Hüşgärligi elden bermäň!

Gyş paslynyň dowam edýän günlerinde ýaşaýyş jaýlaryny ýyly saklamak üçin gaz bilen işleýän gyzdyryjy enjamlar ulanylýar. Ýaşaýyş jaýlarynda gaz enjamlary ulanylanda, bu enjamlary ulanmaga bildirilýän talaplary gyşarnyksyz berjaý etmek gerek. Gaz bilen işleýän enjamlaryň oturdylan otagynyň penjiresinde howa çalyşmak üçin açylýan bölegi bolmalydyr hem-de köp gatly ýaşaýyş jaýlary howa çalşyjy ulgam bilen üpjün edilmelidir. Gaz enjamlaryny ýerzemin otaglarynda ornaşdyrmak gadagan edilýär. Gaz enjamlarynyň tüsse çykarlaryny penjireden ýa-da diwardan daşyna çykaryp goýmak, örän howpludyr. Sebäbi tüsseçykaryň ujy aşak bolanda, onuň howa çekijilik ukyby örän pes bolýar. Şol sebäpden tüsseçykarlary üçegiň gyra deňinden 0,5 metr ýokary çykarmaly. Gaz enjamlaryna gaz hökmany suratda polat, demir geçirijiler arkaly geçirilmelidir.

Magtymgulynyň huzurynda

Hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 14-nji ýanwarynda Türkmenabatda geçiren giňişleýin göçme mejlisinde Magtymguly Pyragynyň heýkeli bilen bagly aýdanlary şahyryň şygyrlary ýaly bolup, köňüllere röwşenlik çaýdy. Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy hem-de akyldar şahyryň 2024-nji ýylda belleniljek 300 ýyllygy mynasybetli, şahyryň Köpetdagyň eteginde gurulýan ýadygärligi Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, häzirki nesilleriň beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň baý döredijilik mirasyna uly sarpa goýýandygynyň nobatdaky nyşanyna öwrüler. Şol bir wagtda ol şahyryň heýkel keşbini döredijiniň dünýäsine bolan gyzyklanmany hem artdyrýar. Öz döredijiliginde şahyryň heýkel keşplerine birnäçe gezek ýüzlenen heýkeltaraşlaryň biri hem Türkmenistanyň halk suratkeşi Saragt Babaýewdir. Diňe heýkelini ýasamak üçin däl, eýsem, ýedinji gezek Magtymgulynyň ruhuna ýüzlenmek, her gezekde hem onuň paýhas dünýäsini özboluşly açmak üçin şahyryň döredijiligine ýakyndan belet bolmaly. Şol eserleriň derejesinde kämillige ymtylmaly, şonuň dünýäsinde ýaşamaly. Öz sungatyň bilen ussat halypalyga ýeten bolmaly. Esasy zat döredilýän işiň hiline bagly, mazmun şonda gowy açylýar. Ony bolsa w

Harby özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, Watan goragçylarynyň durmuşy, gulluk etmegi üçin ähli şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiz Harby doktrinadan gelip çykýan bu wezipeleriň üstünlikli çözülmegini hemişe üns merkezinde saklaýar. 1-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça işleriň barşy bilen tanyşdy.

Rowaç menzilleriň gözbaşy

«Parahatçylyk» ynsan kalbyna iň ýakyn sözleriň biri. Şonuň üçin parahatçylyk, asudalyk hakynda gürrüň etmegem ýakymly. Aýratyn-da, kalbymyza mähir çaýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylymyzda bular dogrusynda söz açsaň has-da ruhlanýarsyň. Şu ýerde ilki bilen bir zada ünsi çekmek isleýäris. Eziz Watanymyzyň parahatçylykda gülläp ösmegi, düýpli özgertmeler netijesinde şäherdir oba-kentlerimiziň keşbiniň has-da gözelleşmegi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy, ýurdumyzyň abraý-mertebesiniň dünýä dolmagy — bularyň bary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň beýik işleri bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Ösüşli menzilleriň gözbaşy hakynda oýlanýarsyň. Elbetde, ynsan bagtly durmuşyň gujagynda döwran sürende, onuň bütin dünýäsini gözellikler gurşap alýar. Parahat durmuşda ähli zat ajaýyp, birek-birege bolan mähribanlyk has-da artýar. Ine, şundan çen tutsaň, ynsan dünýäsi parahat durmuşa, gözellige, mähre teşne. Hut şonuň üçin-de, her bir adam ýaşaýan öýüni, ýurduny ajaýyplyklar bilen bezemäge, berkarar etmäge çalyşýar. Şeýle durmuşy gurmak üçin ilkinji nobatda özygtyýarlylyk zerur. Muňa eziz Watanymyzyň ýurt Garaşsyzlygyny gazanmagy bilen geçen 30 ýylyň do

Türkmenistanyň Prezidenti harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylyşy bilen tanyşdy

AŞGABAT, 1-nji fewral (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça işleriň barşy bilen tanyşdy. Wakanyň bolan ýerinde milli Liderimizi Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary garşyladylar.

Bagtyýar zenanlar — Watan buýsanjy

Welaýat häkimliginde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi tarapyndan 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň we jemgiýetçilik guramalaryň jogapkär wekilleri, iri edara-kärhanalaryň ilkinji zenanlar guramalarynyň başlyklary, talyp ýaşlar we kümüş saçly eneler gatnaşdylar. Maslahatda Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy bilen zenanlar barada döwlet derejesinde edilýän aladalar, ýurdumyzda hemmetaraplaýyn gazanylýan ösüşlere gelin-gyzlaryň goşýan saldamly goşandy dogrusynda giňişleýin söhbet edilip, geçen ýylyň dowamynda zenanlar birleşiginiň welaýat, etrap-şäher bölümleri tarapyndan alnyp barlan işleriň netijesi seljerildi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň jemgyýetçilik guramalarynyň öňünde goýýan wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatda edilen çykyşlarda ýaş maşgalalary goldamak üçin döwlet tarapyndan döredilýän oňyn şertler we amatly mümkinçilikler dogrusynda hem giňden durlup geçildi. Halkymyzyň maşgala ojagynyň mukaddesligini goramak, onuň abadançylygyny gazanmak babatda nesilden-nesle geçip gelýän ajaýyp däp-dessurlarymyzyň

Yhlasly zähmete ruhlandyryş

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komitetinde üstümizdäki ýylda ýaýbaňlandyrylýan giň gerimli özgertmeleriň durmuşa geçirilişine bagyşlanan maslahat geçirildi. Oňa partiýanyň etrap we şäher komitetleriniň ýolbaşçylary, işjeň agzalary, öňdebaryjy kärendeçiler bilen birlikde Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary hem gatnaşdylar. Maslahatda milli Liderimiziň başlangyjy bilen welaýatymyzda durmuşa geçirilýän hem-de Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşine we obasenagat toplumynyň döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilýän maksatnamalaryň, wezipeleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabatlar diňlenildi. Hasabatlarda ýurdumyzda oba hojalyk önümçiligini bazar gatnaşyklaryna geçirmek, ýeriň hakyky eýelerini tapmak, daýhanlar üçin amatly iş şertlerini döretmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijelerine giňişleýin seljerme berildi. Partiýanyň agzalary ýyl-ýyldan gerimi giňeldilýän bu işleriň oba hojalyk toplumyny ylmy esasda düýpli özgertmäge giň şertleri döredýändigini uly buýsanç bilen bellediler. Olar hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan wajyp wezipelerinden we tabşyryklaryndan ugur alnyp oba hojalyk işgärlerini we daýhanlary höweslendirmek, olaryň çekýän zähmetiniň netijeliligini gazanmak ugrunda alnyp barylýan işleriň