Hüşgärligi elden bermäň!

3 Fewral 2021
1145

Gyş paslynyň dowam edýän günlerinde ýaşaýyş jaýlaryny ýyly saklamak üçin gaz bilen işleýän gyzdyryjy enjamlar ulanylýar. Ýaşaýyş jaýlarynda gaz enjamlary ulanylanda, bu enjamlary ulanmaga bildirilýän talaplary gyşarnyksyz berjaý etmek gerek. Gaz bilen işleýän enjamlaryň oturdylan otagynyň penjiresinde howa çalyşmak üçin açylýan bölegi bolmalydyr hem-de köp gatly ýaşaýyş jaýlary howa çalşyjy ulgam bilen üpjün edilmelidir. Gaz enjamlaryny ýerzemin otaglarynda ornaşdyrmak gadagan edilýär.

Gaz enjamlarynyň tüsse çykarlaryny penjireden ýa-da diwardan daşyna çykaryp goýmak, örän howpludyr. Sebäbi tüsseçykaryň ujy aşak bolanda, onuň howa çekijilik ukyby örän pes bolýar. Şol sebäpden tüsseçykarlary üçegiň gyra deňinden 0,5 metr ýokary çykarmaly. Gaz enjamlaryna gaz hökmany suratda polat, demir geçirijiler arkaly geçirilmelidir.

Guwanç MYRADOW,
welaýat polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň 502-nji harbylaşdyrylan ýangyn howpsuzlyk bölüminiň müdiri, içerki gullugyň maýory.