"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Döwletli geňeşe toý ruhy bilen

Döwlet ähmiýetli işleri, il-ýurt bähbitli meseleleri halk köpçüligi, ýaşulular bilen ara alyp maslahatlaşmak — türkmen halkynyň asyrlarboýy dowam edip gelýän asylly däbi. Şöhratly ata-babalarymyzyň döwleti dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesine daýanyp, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini çözmäge halk köpçüliginiň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmekde, jemgyýetiň agzybirligini berkitmekde, milli demokratiýany ösdürmek ugrundaky tagallalary üstünlikli durmuşa geçirmekde halkymyzyň bähbitlerini goraýan ýokary wekilçilikli edaranyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň orny örän uludyr. Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini täze taryhy zamanamyzyň belent ruhuna beslemek ugrundaky işlere giňden badalga berildi. Hut şu maksat bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary hem-de welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bolup Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek, şeýle-de ýurdumyzy hemmetaraplaýyn gülledip ösdürmek, halkyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak bilen bagly teklipleri toplamak işlerine girişildi. Her gezek däp bolşy ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň noba

Halk Maslahaty — halkyň erk-isleginiň aýdyň beýany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her gününi ägirt uly üstünliklere besleýän agzybir hem merdana halkymyz özüniň iň naýbaşy baýramy bolan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi ýokary derejede mynasyp garşylamak üçin şu günlerden ýokary derejede taýýarlyk görýär. Mukaddes baýramyň öň ýanynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi şanly toýuň dabarasyny has-da artdyrar. Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna gol çekdi. Şeýlelikde, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçiriljek nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň we ýetilen sepgitleriň jemi jemleniler, öňde durýan täze wezipeler kesgitlenip, asylly başlangyçlary hem-de taryhy tutumlary özünde jemleýän il-ýurt bähbitli çözgütler kabul ediler.

Agzybirligiň, berkararlygyň nyşany

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly şanly wakalary, ösüşleridir özgertmeleri bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhyna altyn harplarda ýazylýar. Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi hem şol şanly wakalaryň hatarynda mynasyp orun alar we milli demokratiýamyzyň özboluşly dabaralanmasyna öwrüler. Ýurdumyzyň täze taryhyndaky möhüm syýasy-jemgyýetçilik wakada kabul ediljek çözgütleriň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulanmagyna, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdiriljekdigini buýsanç bilen aýdyp bileris. Paýtagtymyzda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzda gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň jemleri jemleniler, öňde duran möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar. Mälim bolşy ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyz 12-nji iýulda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde paýtagtymyz Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine düýpli taýýarlyk görmek barada anyk tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, häzirki wagtda bu uly syýasy-jemgyýetçilik çärä taýýarlyk görmek we ony geçirmek bilen bagly iş

Awaza — mawy deňziň ajaýyp keşdesi

Awaza — Gahryman Arkadagymyzyň paýhasyndan dörän jenneti mekan. Awaza — gojaman Hazaryň ajaýyp keşdesi, dünýä syýahatçylygynyň merjeni. Ynsan kalby — deňze, onuň tämiz howasyna teşne. Aýratynam tomsuň yssy günlerinde deňziň ajaýyp kenaryny küýsäp başlaýarsyň. Tomusky dynç alşa çykan çagalaram: «Eje, haçan deňze gidýäris?» diýip günüňe goýmazlar. Onsoň nobatdaky zähmet rugsadyna çykdygyň gojaman Hazaryň kenaryna görk berip oturan melhemler mekany «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna tarap ýola düşersiň. Awtoulagyň aýnasyndan daş-töwerekdäki ajaýyplyklary synlap, nädip baranyňam duýman galarsyň. Ine-de, arassa howa, şypaly deňiz suwy, ajaýyp kenara bezeg berýän guşlaryň, deňiz tolkunlarynyň sesi. Bu ajaýyp gözellikler seni biparh goýmaýar, ýadawlygyňy aýryp, şähdaçyklyk, özüňi ýeňil duýmak ýaly duýgulary peşgeş berýär.

Buýsanjymyz — bagtyýar ýaşlar

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni uly üstünliklere, şanly wakalara beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygary dillerimiziň senasy, köňüllerimiziň owazy bolup belentden-belent ýaňlanýar. Ýaşlara mydama ýurdumyzyň daglaryndan güýç, derýalaryndan joş alyp, bagtyýar döwrümizden ruhlanyp ýaşamak, özlerinden edilýän belent ynamy ödemek mertebedir. Ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleri hem-de häzirki zaman jemgyýetçilik talaplaryna laýyklykda mynasyp durmuşa geçirilmegi ýaşlaryň ähli babatda döwlet durmuşynda uly ornunyň bolmagynda aýratyn many-mazmuna eýedir. Ýaşlary hakyky watançylyk, ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk, şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, däp-dessurlaryna, maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, olaryň ylma-bilime höwesini artdyrmak häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýän, ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýar.

Berkararlyk daragty

Geljegi barada aladalanýan millet, ilkinji nobatda, mynasyp nesli kemala getirmegiň maksady bilen ýaşaýar. Dowamatyny dowam eýlejek kämil ýaşlary terbiýelemek, ösdürmek, kemala getirmek höwesinde bolan türkmen halky öňem, häzirem şu ýol-ýörelgä eýerýär. Munuň şeýledigini häzirki günlerde has-da aýdyň duýup bolýar. Çünki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň uzak taryhyň dowamynda toplan, kämilleşdiren baý durmuş tejribesine, häzirki zaman ylmynyň, medeniýetiniň gazananlaryna daýanylyp, türkmen ýaşlarynyň bilim, ylym, medeni we ruhy ahlak taýdan sazlaşykly ösmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiz ýurduň ygtybarly daýanjy bolan ýaşlaryň kämil terbiýe, döwrebap bilim almagyna aýratyn üns berýär. Okumyş, giň gözýetimli, ahlak taýdan arassa we ynsanperwer ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, biziň her birimiziň asylly maksadymyzdyr. Bu babatda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby hemmelere nusgalyk mekdepdir. Kitapdaky: «Watanymyzyň geljegi ýaşlarymyz bilendir. Olar ata Watanymyza, halkymyza wepaly, ata-babalarymyzyň döwletlilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, zähmetsöýer, watansöýüji, päk ahlakly ýaşlar bolmalydyr. Şeýle belent adamkärçilik sypatlary bi

GÖRNÜKLI DIPLOMAT, HALYPA MUGALLYM

Her gezek halypanyň iş otagynyň gapdalyndan geçenimde, bir zada haýran galýaryn. Ol iş stolunyň üstündäki kompýuterde bir zatlary ýazyp oturandyr. Ýaşynyň birçene barandygyna garamazdan, halypa hemişe täzeçilligiň gözleginde. Pikirler ummanynda ýüzüp ýören mahalyň: «Tüweleme, munça güýç-gaýrat nireden gelýär?» diýen tolkun bilen zol-zol çaknyşýarsyň. Muňa guýmagursak zehin diýjekmi ýa-da zähmetsöýerlik... Meniň pikirimçe, Amangeldi Rahmanowa bularyň ikisi hem berlipdir. Ol 1944-nji ýylyň 25-nji iýulynda Mary topragynda, Murgap derýasynyň sapaly kenarynda dünýä inýär. Oňa goýlan at hem pederiniň Watan öňündäki borjuny birkemsiz ýerine ýetirip, sag-aman Watanyna dolanyp gelendigi bilen bagly. Belki, körpeje Amangeldi doglanda, käbesidir kyblasy öz perzentleriniň geljekde ata Watanyndan ilkinji bolup, abraýly halkara guramada işlejekdigini pikirem eden däldirler...

DÜNÝÄ ÝAŞLARA DAÝANÝAR

Abraýly halkara guramalaryň hasaplamalaryna görä, dünýä ilatynyň agramly bölegi ýaşlardan ybarat. Ýaşlar – döwrüň hereketlendiriji güýji, dünýäniň we adamzadyň geljeginiň berk binýady. Bu gürrüňsiz hakykata häzirki wagtda has hem uly ähmiýet berilýär. Ählumumy parahatçylygyň, hoşniýetli hyzmatdaşlyk arkaly ösüşiň üpjün edilmegi, ekologiýa abadançylygynyň we halklaryň arasynda ynsanperwerlik ýörelgeleriniň berkarar edilmegi ýaly döwrüň öňe sürýän möhüm syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetli meseleleri, uzak geljegi nazarlaýan başlangyçlar dünýä ýaşlaryny has-da jebisleşdirýär, olaryň arasynda ruhy we ynsanperwer ýörelgelere esaslanýan raýdaşlygy emele getirýär. Golaýda Özbegistan Respublikasynda geçirilen Bütindünýä ýaşlar festiwalynyň mysalynda muňa aýdyň göz ýetirmek mümkin. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ägirt uly tagallasy bilen hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlaryň syýasy-jemgyýetçilik başlangyçlaryny höweslendirmek, işewürlik we döredijilik ukyplaryny ösdürmek maksady bilen halkara hyzmatdaşlygyň bu ugruna möhüm ähmiýet berilýär. Bu babatda döwletleriň we abraýly halkara guramalaryň işjeň gatnaşmaklarynda ikitarap

TÜRKMEN HALKYNYŇ ASYLLY ÝÖRELGESI

Diýarymyzda jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryny ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagyna, raýat jemgyýetini pugtalandyrmaga, syýasy, ykdysady, demokratik özgertmeleri has-da işjeňleşdirmäge uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyz ynsanperwerlik we adalatlylyk ýörelgelerini ykrar edip, döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmak we şahsyýetiň ähli hukuklaryny we azatlyklaryny dolulygyna goramak ýoly bilen ynamly öňe barýar. Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri bir uly işiň başyny tutanda ýaşulular bilen maslahatlaşyp, köpi gören adamlar bilen geňeş edipdir. Pederlerimizden miras galan asylly ýörelge häzirki ajaýyp zamanamyzda hem mynasyp dowam etdirilýär. Demokratik ýörelgelere eýerilip, il-ýurt ähmiýetli möhüm çözgütler kabul edilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi halkyň bähbidiniň ileri tutulmagyny üpjün edýär. Döwletimizde halk bilen geňeşmek, halk maslahatlaryny yzygiderli geçirmek asylly däbe öwrüldi.

Resmi habarlar gysga setirlerde

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Şöhrat Annagurbanowiç Amangeldiýew başga işe geçmegi sebäpli Lebap welaýatynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. ***

Halkymyzyň dünýä nusgalyk ýörelgeleri döwrüň ruhuna laýyk ösdürilýär

Ýurdumyzda ýylyň-ýylyna mukaddes Garaşsyzlyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmek asylly däbe öwrüldi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 12-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hem hormatly Prezidentimiz döwlet Garaşsyzlygynyň bellenilýän günlerinde paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljekdigini, mejlisde berkarar döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň jemleriniň jemleniljekdigini, öňde duran möhüm wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýdyp, Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmäge häzirden düýpli taýýarlyk görüp başlamagyň zerurdygyny nygtady. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda dowam etdirilýän demokratik özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz jemgyýetçilik-syýasy we durmuş-ykdysady ösüşde täze belentliklere ýetýär. Ýurdumyzda halk häkimiýetlilik ýörelgeleri, raýat jemgyýetiniň esaslary yzygiderli berkidilýär. Halk Maslahatynyň mejlisine raýatlarymyzyň bähbitlerini üpjün etmäge, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýok

Gazanylýan ösüşler: Ahal welaýaty

Häzirki wagtda ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge niýetlenen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» hereket edýär. Bu Maksatnamalar sebitleri mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürmek, ilatyň durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin giň mümkinçilikleri döredýär. «Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça Maksatnamanyň» çäklerinde welaýatda birnäçe kärhanalar gurlup, işe girizildi. Gökdepe etrabynyň Owadandepe obasynyň çäginde «Türkmen aýna önümleri» kärhanasy, Kaka we Babadaýhan etraplarynda gurlup, ulanylmaga berlen 5 müň tonna türkmen pagtasyny gaýtadan işlemäge niýetlenen iri dokma toplumlary, Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän senagat zolagyndaky halkyň gündelik sarp edýän hojalyk harytlaryny öndürýän hususy kärhanalar häzirki wagtda ýurdumyzyň eksport mümkinçilig

Akyldaryň watansöýüjilik ýörelgeleri

Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek mynasybetli, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşi tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», şeýle hem Türkmenistanyň gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi halkymyzyň başyny göge ýetirdi. Munuň özi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaralaryň we çäreleriň halkara derejesinde giň gerime eýe bolýandygynyň nyşanydyr. Gündogaryň beýik söz ussady we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragy öz döredijiliginde watançylyk duýgularyna uly orun beripdir. Akyldar şahyryň ýürek arzuwlary häzirki ajaýyp döwrümizde wysal boldy.

Tbiliside Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan surat sergisi açyldy

Görnükli türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly belläp geçmegiň çäklerinde 2024-nji ýylyň 26-njy iýulynda «Ahundowyň öýi» muzeýinde Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy tarapyndan guralýan Magtymguly Pyragy: Gruziýanyň gözi bilen» atly fotosurat sergisi açyldy. «Magtymguly Pyragy: Gruziýanyň gözi bilen» atly fotosurat sergisiniň açylyş dabarasyna Gruziýada akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, ýurduň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, professional suratçylar, şol sanda bu ugra höwesjeňler, medeniýet we sungat işgärleri, ylmy intelligensiýasy, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Döwletlilik ýörelgelerimiziň dabaralanmasy

Eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi, içeri we daşary syýasatda gazanylýan üstünlikler, jemgyýetimiziň abadançylygy we ählumumy ruhy galkynyş Garaşsyzlyk ýyllarynda amala aşyrylan beýik işleriň ajaýyp miweleridir. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda bu hakykat has-da aýdyň duýulýar. Hormatly Prezidentimiz 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljekdigini aýdyp, oňa häzirden düýpli taýýarlyk görüp başlamagyň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, 20-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Karary kabul edilip, oňa laýyklykda, bu umumymilli forumy şu ýylyň 24-nji sentýabrynda çagyrmak we Maslahat köşgünde geçirmek bellenildi. Asylly däbe görä, şanly senäniň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde döwletimiziň ösüş-özgerişli ýolunda ýetilen sepgitleriň, gazanylan uly üstünlikleriň, bitirilen tutumly işleriň jemleri jemlener hem-de belent sepgitlere ýetmek üçin täze wezipeler kesgitleniler.

Zäh­met­sö­ýer­lik — bag­ty­ýar­lyk­dan ny­şan

«7/24.tm» №31 (218)29.07.2024 Zäh­met­sö­ýer­lik yn­sa­ny be­ze­ýän iň ýag­şy hä­si­ýet­le­riň bi­ri­dir. Hut şo­nuň üçin hem şöh­rat­ly pe­der­le­ri­miz ne­sil ter­bi­ýe­sin­de bu me­se­lä aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­rip­dir­ler. Ösüp gel­ýän ýaş­la­ryň il-gü­ne we­pa­ly, il­ha­lar yn­san­lar bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri­ni ga­zan­mak­da ola­ryň aňy­na ki­çi­lik­den zäh­met­sö­ýer­lik duý­gu­la­ry­nyň or­naş­ma­gy­ny ga­za­nyp­dyr­lar. Esa­san hem, og­lan ça­ga­jyk­la­ryň eli­ne ki­çi­lik­den pil­dir kät­men ýa­ly iş gu­ral­la­ry­ny ber­se­ler, gyz­ja­gaz­la­ra öý-içe­ri­niň iş­le­ri­niň ýa­ny bi­len boş wagt­la­ry ell­e­ri­ne iň­ňe­dir sa­pak tut­du­ryp, el iş­le­ri­ni hem us­sat­lyk bi­len öw­re­dip­dir­ler. Bu peý­da­ly en­dik­ler ýaş­la­ryň boş wagt­la­ry­ny ne­ti­je­li ge­çir­mek­le­ri­ni, peý­da­ly iş­le­re sarp et­mek­le­ri­ni, ýa­ra­maz he­re­ket­ler­den daş­da dur­ma­klaryny ga­zan­dy­ryp­dyr.

Buýsanç dö­red­ýän be­ýik iş­ler

«7/24.tm» №31 (218)29.07.2024 Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň döw­le­ti­mi­zi dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy döw­let­le­ri­niň ha­ta­ry­na ýe­tir­mek ba­ra­da­ky taý­syz ta­gal­la­la­ry­nyň Ber­ka­rar döw­le­ti­ň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de bar­ha ro­waç­la­nyp, ösüş­le­riň röw­şen ýo­lu­na dü­şen­di­gi­ni bu gün bü­tin dün­ýä yk­rar ed­ýär. Hormat­ly Prezidentimi­ziň alyp bar­ýan öň­den­gö­rü­ji­lik­li sy­ýa­sat­la­ry, be­ýik iş­le­ri biz ýaş­lar­da uly hy­juw, joş­gun we ru­hu­be­lent­lik dö­red­ýär.

XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň agzalaryna

Hormatly Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň agzalary! Gadyrly türgenler!

«Kö­pet­da­gyň ete­gin­de gal­dy bu gün ör­bo­ýu­na»

Gö­wün­ler, ýü­rek­ler, bir bo­lup baş­lar,Tart­sa ýy­gyn, erär top­rak­lar-daş­lar,Bir sup­ra­da taý­ýar ky­lyn­sa aş­lar,Gö­te­ri­ler ol yk­ba­ly türk­me­niň – diý­mek bi­len, mäh­ri­ban türk­men hal­ky­nyň bir sup­ra­nyň ba­şyn­da jem­len­me­gi­ni, ag­zy­bir­lik­de bir ber­ka­rar döw­le­te gul­luk et­me­gi­ni ar­zuw­lap ge­zen Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň äh­li ar­zuw­la­ry­nyň ha­syl bo­lan za­ma­na­syn­da ýa­şa­mak, iş­le­mek, dö­ret­mek, gur­mak bag­ty mi­ýes­ser eden bag­ty­ýar ra­ýat­la­ry­myz öz akyl­dar şa­hy­ry­nyň hor­mat-sar­pa­sy­ny tut­mak­da, at-ab­ra­ýy­ny beý­gelt­mek­de hem dün­ýä nus­ga­lyk iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýär. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri­niň hem-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len ama­la aşy­ryl­ýan, Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň ta­ry­hy­na al­tyn harp­lar bi­len ýa­zyl­ýan şol be­ýik iş­le­riň ha­ta­ryn­da paý­tag­ty­my­zyň gü­nor­ta bö­le­gin­de bi­na edi­len Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ýa­dy­gär­li­gi­ni hem-de «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» me­de­ni-se­ýil­gäh top­lu­my

Okuw-tür­gen­le­şik ýyg­na­ny­şyk­la­ry ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak tej­ri­be

2 – 19-njy iýul ara­ly­gyn­da Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­syn­da ýer­leş­ýän Bü­tin­dün­ýä We­los­port mer­ke­zin­de okuw-tür­gen­le­şik ýyg­na­ny­şy­gy­nyň gu­ra­lyp, oňa türk­men we­ki­li­ýe­ti­niň hem ça­gy­ryl­ma­gy Wa­ta­ny­myz­da spor­tuň bu gör­nü­şi­ni ös­dür­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­re ber­len ýo­ka­ry ba­ha­nyň ny­şa­ny bol­dy. Ýyg­na­ny­şy­ga Türk­me­nis­ta­nyň We­los­port fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň tä­lim­çi­si Igor Ýul­da­şow hem-de Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty­nyň spor­tuň olim­pi­ýa gör­nüş­le­ri fa­kul­te­ti­niň ta­ly­by, we­los­port bo­ýun­ça sport us­sat­ly­gy­na da­laş­gär Se­winç Gut­ly­my­ra­do­wa gat­naş­dy. Bi­ziň S.Gut­ly­my­ra­do­wa bi­len söh­bet­deş­li­gi­miz hem bu çä­rä­niň äh­mi­ýe­ti ha­kyn­da­ky gür­rüň­den baş­lan­dy: – Bü­tin­dün­ýä We­los­port mer­ke­zi­niň bin­ýa­dyn­da ge­çen okuw-tür­gen­le­şik ýyg­na­ny­şy­gy ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak tej­ri­be bol­dy. Şu­nuň ýa­ly ýo­ka­ry de­re­je­li ýyg­na­ny­şy­ga türk­men tür­ge­ni hök­mün­de gat­naş­mak me­niň üçin be­lent mer­te­be­dir. Bu çä­rä bäş ýur­