Buýsanjymyz — bagtyýar ýaşlar

31 Iýul 2024
197

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni uly üstünliklere, şanly wakalara beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygary dillerimiziň senasy, köňüllerimiziň owazy bolup belentden-belent ýaňlanýar. Ýaşlara mydama ýurdumyzyň daglaryndan güýç, derýalaryndan joş alyp, bagtyýar döwrümizden ruhlanyp ýaşamak, özlerinden edilýän belent ynamy ödemek mertebedir.

Ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleri hem-de häzirki zaman jemgyýetçilik talaplaryna laýyklykda mynasyp durmuşa geçirilmegi ýaşlaryň ähli babatda döwlet durmuşynda uly ornunyň bolmagynda aýratyn many-mazmuna eýedir. Ýaşlary hakyky watançylyk, ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk, şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, däp-dessurlaryna, maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, olaryň ylma-bilime höwesini artdyrmak häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýän, ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýar.

Umyt BAÝHANOW,
TMÝG-niň Türkmenbaşy şäher geňeşiniň başlygy.