"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Habarlar gysga setirlerde

«7/24.tm»:№35 (222) 26.08.2024  Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň Da­şo­guz şä­her Ge­ňe­şiniň, Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Da­şo­guz we­la­ýat bir­leş­me­si hem-de Da­şo­guz şä­her Me­de­ni­ýet mer­ke­zi bi­len bi­le­lik­de gur­na­magyn­da ýaş­la­ryň gat­naş­ma­gyn­da «Küşt­dep­di — kö­ňül­le­riň joş­gu­ny» ady bi­len aý­dym-saz­ly du­şu­şyk ge­çi­ril­di. Du­şu­şy­gyň bar­şyn­da çy­kyş eden­ler YU­NES­KO-nyň iş­le­ri ba­ra­da Türk­me­nis­ta­nyň mil­li to­pa­ry­nyň Sek­re­ta­ria­ty­nyň «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly diý­lip at­lan­dy­ry­lan 2024-nji ýyl­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler dog­ru­syn­da giň­den gür­rüň ber­di­ler.

Hü­nä­re hö­wes

«7/24.tm»:№35 (222) 26.08.2024  Her bir ynsan eýýäm çagalygyndan başlap, haýsy hem bolsa, bir kesp-käri saýlap, öz ýanyndan göwün ýüwürdip başlaýar. Biri çeper filmlerde tomaşa edýän aktýorlarynyň keşbini özüçe janlandyryp, öz ýanyndan özüni şol aktýordyryn diýip pikir etse, ýene biri aýdyma zowladyp, aýdym aýdar ýörer. Deň-duşlarymyň hemmesi öz saýlan kesp-kärlerini hemme zatdan eý görüp, şol arzuwlaryna ýetmek pikiri bilen hem ýaşardylar. Hatda olaryň arasynda eýýäm şol käre durky-düýrmegi bilen berlip, «täze açyşlaryň aladasynda ýaşaýanlary» hem bardy. Özüm hakynda aýtsam welin, heniz haýsy käri saýlajagymy bilmän, göýä özümi Marsdan ýaňyja ýere düşen ýaly alyp barardym. Goňşymyzyň «r» diýip bilmeýän ogly Rejebem öz adyny «Iýejep» diýip tutsa-da, şol hem eýýäm kär saýlap, öz ýanyndan özüni ulag bejerýän güýçli ussa hasaplap ýördi.

Mil­li di­zaý­nyň döw­re­bap gör­nüş­le­ri

«7/24.tm»:№35 (222) 26.08.2024  Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň taý­syz ta­gal­la­sy ne­ti­je­sin­de eziz Wa­ta­ny­my­zyň çe­per me­de­ni­ýe­ti düýp­li esas­da öw­re­nil­ýär. Ga­dy­my dö­wür­ler­den bä­ri türk­men me­de­ni­ýe­ti çe­per se­net­le­riň ösü­şin­dä­ki naý­ba­şy esas­la­ry özün­de jem­läp­dir. Türk­men hal­ky­nyň däp-des­sur­la­ry­ny, urp-adat­la­ry­ny my­na­syp şöh­le­len­dir­ýän mil­li di­zaýn sun­ga­ty­myz mu­nuň aý­dyň my­sa­ly­dyr. Ol ga­dy­my dö­wür­den bä­ri ge­lin-gyz­la­ry­my­zyň dö­red­ýän el iş­le­ri, na­gyş­la­ry we türk­men mi­lli ly­ba­sy­nyň gör­nüş­le­ri gir­ýär. Bu ba­bat­da Türk­me­nis­ta­nyň Di­zaý­ner­ler bir­le­şi­gi­niň tej­ri­be­li ag­za­la­ry uly iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýär­ler. Şol se­bäp­li-de, türk­men hal­ky­ny tu­tuş Ýer ýü­zü­ne şöh­rat­lan­dy­ran bu sun­ga­tyň äh­mi­ýe­ti döw­let hem hal­ka­ra de­re­je­sin­de ju­da wa­jyp­dyr.

In­di­ki du­ral­ga haý­sy?

«7/24.tm»:№35 (222) 26.08.2024  To­mus pas­ly äh­li ýaş­da­ky, äh­li kär­dä­ki yn­san­la­ryň söý­gü­li pas­ly ha­sap­lan­ýar. Se­bä­bi özü­niň he­zi­llik­le­ri bi­len gö­wün­le­ri hoş­la­ýan bu pa­syl dynç alyş­lar­dyr ýa­kym­ly ýat­la­ma­la­ry bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Ýur­du­myz­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ta­gal­la­la­ry bi­len kör­pe­le­ri­miz­den baş­lap, äh­li ýaş­da­ky ra­ýat­lar üçin döw­re­bap dynç al­ma­ga, wagt­la­ry­ny hoş ge­çir­mä­ge, sag­lyk­la­ry­ny di­kelt­mä­ge giň şert­ler dö­re­di­len. Köpsan­ly ça­ga­lar sa­gal­dyş we dynç alyş mer­kez­le­ri, şy­pa­ha­na­lar öz­le­ri­niň ga­py­la­ry­ny to­mus pas­lyn­da hem giň­den aç­ýar.

Dil­de se­nam ― Türk­me­nis­tan

«7/24.tm»:№35 (222) 26.08.2024  Türk­me­nis­tan Ga­raş­syz­ly­gy­ny 1991-nji ýyl­da ga­zan­dy. Her ýy­lyň 27-nji sent­ýab­ry Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­lyk gü­nü­dir.

Sport. Saglyk. Ruhubelentlik

«7/24.tm»:№35 (222) 26.08.2024  Da­şa­guz we­la­ýa­ty­nyň be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky Baş mü­dir­li­gi­niň ga­ra­ma­gyn­da­ky Ak­de­pe et­ra­by­nyň 2-nji sport mek­de­bin­de spor­tuň 7 gör­nü­şi bo­ýun­ça tä­lim be­ril­ýär. Olar boks, ýaý­dan ok at­mak, bas­ket­bol, wo­leý­bol, fut­bol, sto­luň üs­tün­de oý­nal­ýan ten­nis, ada­ty-ka­ra­te gör­nüş­le­ri­dir. Bi­ziň mek­de­bi­miz­de us­sat tä­lim­çi-mu­gal­lym­la­ryň ýol­baş­çy­ly­gyn­da ýaş tür­gen­le­riň 500-den gow­ra­gy okuw-tür­gen­le­şik sa­pak­la­ry­ny geç­ýär­ler.

Hatly bukjalar

«7/24.tm»:№35 (222) 26.08.2024  Bo­sa­ga­da — güýz pas­ly. Bi­lim ojak­la­ryn­da mek­dep­ler­de tä­ze okuw ýy­ly­na jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry me­ýil­na­ma bo­ýun­ça güýz­de edil­me­li iş­le­riň ala­da­sy bi­len güm­ra. Sport mek­dep­le­rin­de we et­rap­dyr şä­her­ler­dä­ki be­den­ter­bi­ýe we sport bö­lüm­le­rin­de ýaş­la­ryň ara­syn­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni wa­gyz et­mek, ola­ry köp­çü­lik­le­ýin spor­ta çek­mek bo­ýun­ça gyz­ga­laň­ly işler al­nyp ba­ryl­ýar. Ýur­du­my­zyň jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň hü­när­men­le­ri bol­sa äh­li ul­gam­lar­da­ky iş­ler­de iş­jeň­lik gör­kez­ýär­ler.

Myh­man küşt­çi

«7/24.tm»:№35 (222) 26.08.2024  Onuň gel­jek ha­ba­ry oba­nyň küşt­çü­le­ri­ni, ýok, asyl oba­ny he­re­ke­te ge­tir­di. Oba­nyň küşt­çü­le­ri: «Ol adam nä­hi­li adam­ka, şeý­le ez­ber oý­na­ýar­my­ka?» di­ýip oýa bat­sa, beý­le­ki adam­lar: «Küşt­çü­le­riň oba­sy di­ýen ady­myz pü­çe­ge çy­ka­ýar­my­ka?» di­ýip oýa bat­ýar­dy­lar.

10 gün gal­dy...

«7/24.tm»:№35 (222) 26.08.2024  Ga­raň­ky gat­ly­şyp, hem­me ki­şi öz ota­gy­na çe­ki­len­soň, ba­ryp se­ne­na­manyň ýe­ne bir gü­nü­niň gu­ta­ran­dy­gy­nyň şa­ny­na ki­çi­jik bel­lik et­dim. Indi oku­wyň gu­ja­gy­ny giň­den açyp, bi­zi ýag­ny, «okuw­çy» di­ýip at­lan­dy­ry­lan ki­çi­jik, has dog­ru­sy, «özü­miz­den ki­çi­le­re gö­rel­de bol­ma­ly ul­la­kan» ýet­gin­jek­le­ri gar­şy­la­ma­gy­na hem-de tä­ze okuw ýy­ly­nyň baş­lan­ma­gy­na di­ňe­je 10 gün ga­lyp­dy. 10 gün… Köp ki­şi üçin nä­hi­li uzak wagt. As­lyn­da, 240 sa­ga­dy, 14 müň 400 mi­nu­dy, 864 müň se­kun­dy göz öňü­ne ge­tir­sek, ha­ky­kat­da­nam, az wagt ha­sap­la­ma­saň-da bol­jak. Em­ma 10 gü­nem gö­zü­ňi açyp ýum­ýan­çaň eý­ýäm ge­çip gid­ýär. Indi mek­dep­de okap baş­la­ma­ly al­ty ýaş­ly­ja ça­ga­lar­dan baş­lap, ene-ata­la­ra çen­li hem­me ki­şi okuw ýy­ly­nyň baş­la­jak­dy­gy­na be­gen­ýär­di hem-de sa­byr­syz­lyk bi­len 1-nji sent­ýab­ryň, has dog­ru­sy, bu ýyl üçin 2-nji sent­ýab­ryň gel­me­gi­ne ga­raş­ýar­dy.

Çä­ge heý­kel­ta­raş­ly­gy — geň-aja­ýyp sun­gat

«7/24.tm»:№35 (222) 26.08.2024  Çä­gä­niň we su­wuň bol ýe­ri bo­lan de­ňiz ke­nar­la­ryn­da pal­çyk­dan ki­çi­jik bi­na­la­ry, köp­lenç ga­la­jyk­la­ry ýa­sap otu­ran ça­ga­la­ryň şa­dy­ýan keş­bi sa­pa­ly to­mus pas­ly­nyň eş­ret­li gün­le­ri­ne aý­ra­tyn be­zeg ber­ýär. Kör­pe­ler üçin gy­zyk­ly bu gys­ga wagt­lyk güý­men­je hä­zir­ki dö­wür­de örän giň­den ro­waç­la­nyp, ha­ky­ky sun­gat de­re­je­si­ne gö­te­ri­len çä­ge heý­kel­ta­raş­ly­gy­nyň göz­ba­şy bo­lup dur­ýär.

Ajaýyp zamana – bagtyýar durmuş

Garaşsyzlyk – şan-şöhratymyz

«Garaşsyzlyk biziň şöhratly geçmişimizdir, bagtyýar şu günümizdir, beýik geljegimizdir. Garaşsyzlyk biziň dünýä dolan belent at-abraýymyzdyr hem-de şan-şöhratymyzdyr. Şoňa görä-de, biziň mukaddes Garaşsyzlygymyza bolan hormatymyz, söýgimiz, wepalylygymyz ebedidir we egsilmezdir» diýip, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynyň iň ösüşli zamanasynda – Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzy taryhy ösüşlere besleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz nygtaýar. Hormatly Prezidentimiziň şu dürdäne sözlerinden hem görnüşi ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyz geçmişimizi, şu günümizi, geljegimizi özünde jemläp, at-abraýymyzyň we şan-şöhratymyzyň dünýä dolandygynyň kepilidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni Garaşsyzlyk ýyllarynyň iň ösüşli zamanasy hökmünde buýsanç bilen häsiýetlendirmek bolar. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň peşgeş beren bu ajaýyp zamanasynda taryhy jähetden alanyňda, örän gysga döwürde ykdysadyýetimiziň güýçli depginde ösmegi, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy, ýurdumyzyň ynsanperwer daşary syýasatynyň halkara derejede dabaralanmasy ata Watanymyzyň Ýer ýüzündäki şan-şöhratyny täze belentliklere göterdi. Dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak, dost

Ähli zat çagalar üçin

19 – 22-nji awgust aralygynda paýtagtymyzda ýurdumyzda ilkinji gezek «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy geçirildi. Kaşaň «Garagum» myhmanhanasynyň ýanyndaky giň açyk meýdançada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we «Türkmen Ekspo» hususy kärhanasy tarapyndan bilelikde guralan sergide çagalar üçin harytlardyr hyzmatlar pudagynda iş alyp barýan ýurdumyzyň hem-de Russiýanyň, Germaniýanyň, ABŞ-nyň, Kanadanyň, Portugaliýanyň, Italiýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Singapuryň, Hytaýyň, Bahreýniň, Beýik Britaniýanyň, Gyrgyzystanyň hem-de Gazagystanyň kompaniýalary öz önümlerini görkezdiler. Foruma gatnaşyjylaryň hatarynda eneligi we çagalygy goramak, ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegi, maşgalalaryň maddy-durmuş ýagdaýynyň ýokarlanmagy, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň kämilleşdirilmegi, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň wagyz edilmegi babatda geçen ýyllarda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän maksatnamalara işjeň gatnaşýan BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) hem bar. Halkara sergi-ýarmarkasynyň açylyş dabarasynda ýurdumyzyň sport mekdepleriniň türgenleri sport görnüşleri boýunça görkezme çykyşlaryny ýerine ýetirdiler. Sergide türkmen ýaşlarynyň dürli ýaryşlarda gazanan medallarydyr kuboklary hem görkezildi, olar gatnaşyjylarda, aýratyn

Beýik söýginiň beýany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim ösdürilýär, döwrebap özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ata-babalarymyzdan gelýän ýörelgelere, milli ruhy garaýyşlarymyza uly ähmiýet berilýär. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» atly ajaýyp romanynyň ähmiýeti örän uludyr. Bu kitabyň içinden eriş-argaç bolup geçýän ynamyň hakyky gahrymanlaryň durmuşyndan alnandygy, Gahryman Arkadagymyzyň bu kitabynyň öz eziz kyblasynyň nusgalyk ömür ýoluna bagyşlanandygy onuň ähmiýetini has-da artdyrýar. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz «Älem içre at gezer» romanynda, «Mertler Watany beýgeldýär», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar», «Enä tagzym – mukaddeslige tazgym», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Ömrümiň manysy» ýaly ençeme eserlerinde mähriban pederleriň paýhasyna hormat goýmagy durmuş hakykaty bilen utgaşyklylykda anyk maglumatlar bilen subut edýär.

Milli demokratiýamyzyň dabaralanmasy

Agzybir halkymyz Türkmenistan Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllygyny dünýä ýaň saljak dabaralar bilen belläp geçmäge giňden taýýarlyk görýär. Baş baýramymyzyň öňüsyrasynda gözel paýtagtymyz Aşgabatda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi bolsa ajaýyp zamanamyzyň şanly wakasy bolmak bilen birlikde, milli demokratiýamyzyň hem özboluşly dabaralanmasyna öwrüler. Türkmenistanyň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaranyň – Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 24-nji sentýabrda geçiriljek nobatdaky mejlisinde ýurdumyzda ýetilen belent sepgitlere, geçen döwürde durmuşa geçirilen işlere seljerme berilmek bilen birlikde, geljekde gazanyljak ösüşlere ýetmegiň anyk wezipeleriniň kesgitlenjekdigini, taryhy çözgütleriň kabul ediljekdigini uly ynam bilen aýdyp bileris. Bu bolsa «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 – 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky

«Jemşidiň jamyna» dünýä hyrydar

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen türkmeniň paýhas ummanynyň şamçyragy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy diňe bir öz ýurdumyzda däl, halkara derejesinde dabaralanýar. Magtymguly Pyragy hakynda söhbet etsek, ilki bilen, 2023-nji ýylyň güýzünde hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň belent münberinden eden çykyşy ýadymyza düşýär.  Döwlet Baştutanymyz şonda 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýiniň halkara derejesinde belleniljekdigini aýdyp, ussadyň «Adamzat» diýen şygryndan şu setirleri mysal getirmegi halkymyzyň başyny göge ýetirdi:

San­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar we ter­bi­ýe

Awaza – gözel mekan

Dünýä syýahatçylygynyň merjeni hasaplanylýan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy Ýer ýüzüniň jahankeşdeleriniň uly gyzyklanma bildirýän künjegi bolup, onda dünýä ülňülerine laýyk gelýän dynç alyş, saglygy dikeldiş, sport hem-de myhmanhana toplumlarynyň ençemesi bar. Sanlyja ýyllaryň içinde gurlup, halkyň hyzmatyna berlen şol kaşaň binalar Hazaryň türkmen kenaryny jenneti mekana öwürdi. Ýokary derejeli myhmanhanalar, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri saglygy berkitmäge, bedeni taplamaga hem şert döredýär. Gözel mekanda ýahta we sport klublary döwrebap derejede hyzmat edip, olaryň gurluşygynda millilige hem aýratyn üns berlipdir. Bu ýerde iri sport çäreleri, ýaryşlary, özara duşuşyklary, türgenleşikleri geçmek üçin hem sport merkezleri, toplumlary hereket edýär. Dost-doganlyk mekany hökmünde ykrar edilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçen ýyllaryň dowamynda halkara derejesindäki forumlaryň ençemesiniň üstünlikli geçirilmegi Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarynyň dünýädäki meşhurlygynyň artmagyna itergi berdi. Ýakynda bu ajaýyp ýerde «Awaza – dostluk mekany» atly medeni-köpçülik we sport çäreleriniň üstünlige beslenip geçirilmegi, oňa Russiýa Federasiýasyndan hem mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagy diýseň begendirýär. Bu giň göwrümli çä

Bedenterbiýe we sport

Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň, TMÝG-niň Aşgabat şäher geňeşiniň hem-de Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap häkimliginiň bilelikde guramagynda Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde «Aziýanyň merjeni Aşgabat – täze sport mümkinçilikleriniň mekany» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Hoşallyk maslahatynda çykyş eden kärdeşlerimiz gözel paýtagtymyzyň sport mekdepleridir desgalary barada giňişleýin gürrüň berdiler. Sport ulgamynda ýetilen belent sepgitler we gazanylan netijeler baradaky buýsançly söhbetler maslahata gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Döwrebap sport mekdepleridir desgalarynda işlemäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp alkyş aýdýarys.

Täzelik

«Lebapgallaönümleri» önümçilik birleşiginde bugdaýy gaýtadan işläp, ondan un öndürmekde netijeli işler alnyp barylýar. Bu ýerde üstümizdäki ýylyň geçen ýedi aýynyň meýilnamasy artygy bilen berjaý edildi. Has takygy, bu döwürde kärhana boýunça 24 müň 39 tonna un, 7 müň 326 tonna kepek, 600 tonna bugdaý ýarmasy, 10 müň 295 tonna tüwi öndürildi. Degişli döwürde edilen işleriň pul hasabyndaky möçberi bolsa 74 million 829 müň 971 manatlyga deň boldy.