Agzybir iliň işi rowaç

13 Noýabr 2024
273

«Garaşsyz ösüşimiziň häzirki tapgyrynda — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe demokratik we adalatly jemgyýetimizi has-da kämilleşdirmek, adam hakyndaky aladany, il-ýurt bähbitlerini ileri tutmak bilen, biz Türkmenistany ynamly öňe alyp barýarys» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ajaýyp zamanamyzda türkmen halkynyň agzybirligi, jebisligi, ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty barha berkeýär.

Häzirki wagtda beýik ösüşleriň we özgertmeleriň ýoly bilen bedew badynda öňe barýan berkarar döwletimizde durmuşa geçirilýän oňyn özgertmelerde, alnyp barylýan giň gerimli işlerde döwrüň öňe çykarýan möhüm talaplaryndan hem-de milli ýörelgelerimizden, asylly däplerimizden ugur alynýandygy aýratyn bellärliklidir. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgeleriniň rowaçlyklara beslenýändiginiň subutnamasyna öwrülen wakalaryň döwletimiziň gündelik durmuşyny gurşap alandygyna her birimiz şaýat.

Seýitmämmet TEKÄÝEW,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.