"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Türkmenistan — sport ýurdy

«7/24. tm» №20 (207), 13.05.2024 Aş­ga­bat şä­he­ri­niň be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky Baş mü­dir­li­gi­niň Ýö­ri­te­leş­diri­len küşt we şaş­ka mek­de­bi­nde Türk­me­nis­ta­nyň be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti hem-de Aş­ga­bat şä­he­ri­niň be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky Baş mü­dir­li­gi­niň gur­na­ma­gyn­da ho­şal­lyk mas­la­ha­ty ge­çiril­di. Maslahatyň dowamynda 1941 — 1945-nji ýyl­la­ryň Be­ýik Wa­tan­çy­lyk ur­şun­da Ýe­ňiş gü­ni my­na­sy­bet­li uruş we­te­ran­la­ry­na, şeý­le-de uruş­da we­pat bo­lan es­ger­le­riň ýan­ýol­daş­la­ry­na Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň adyn­dan gym­mat ba­ha­ly sow­gat­la­r gow­şu­ry­ldy.

Naý­ba­şy fut­zal li­ga­sy

«7/24. tm» №20 (207), 13.05.2024 Geçen hepdede du­şu­şyk­la­ryň iki­si bi­len Türk­me­nis­ta­nyň Naý­ba­şy fut­zal li­ga­sy­na ba­dal­ga be­ril­di. Bu ba­ra­da Türk­me­nis­ta­nyň Fut­bol fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň res­mi saý­ty ha­bar ber­ýär.

AFK-nyň ku­bo­gy­nyň çem­pio­ny belli bol­dy

«7/24. tm» №20 (207), 13.05.2024 Türk­me­nis­tan­ly fut­bol­çy­lar Sü­leý­man Mu­ha­dow bi­len Teý­mur Ça­ry­ýe­wiň we­kil­çi­lik ed­ýän Gyr­gy­zys­ta­nyň «Ab­dyş-Ata» to­pa­ry bi­len se­bi­ta­ra fi­nal­da du­şu­şan «Sent­ral Kost Ma­ri­nes» (Awst­ra­li­ýa) AFK-nyň ku­bo­gy­nyň iň soň­ky eýe­si bol­dy. Yk­ly­myň ikin­ji de­re­je­li klub­la­ýyn ýa­ry­şy­nyň fi­nal du­şu­şy­gy 5-nji maý­da ge­çi­ril­di.

Talyp türgenimiziň ajaýyp üstünligi

Ýakynda Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde dzýudo boýunça geçirilen «Uly tuwulga» ýaryşynda talyp türgenimiz şowly çykyş etdi. Bu ýaryşda 66 kilograma çenli agram derejesinde bäsleşen Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ýol gurluşyk fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Serdar Rahymow bäsdeşleriniň ählisinden üstün çykyp, altyn medala mynasyp boldy. 20 ýaşly türgen altyn medala uzaýan ýolda mongoliýaly türgen Býambasuren Ulziibaýardan, kanadaly Žýulýen Fraskadordan, täjigistanly Mulorajab Halifaýewden, özbegistanly Bobur Wajiýewden we final tutluşygynda täjik türgeni Obid Jebowdan üstün çykdy. Serdaryň hasabynda ozal hem sebitleýin kubok ýaryşlarynda bir altyn, iki kümüş, açyk çempionatlarda bolsa iki kümüş medalyň bardygyny bellemek gerek.

Ka­ra­te­çi­le­ri­mi­ziň me­dal­la­ry

Türk­men tür­gen­le­ri Ür­genç­de ge­çi­ri­len «UZBEKISTAN OPEN 2024» ka­ra­te bo­ýun­ça il­kin­ji hal­ka­ra (WKF) ýa­ry­şyn­da dür­li de­re­je­li me­dal­la­ryň 23-si­ni ga­zan­dy­lar. Bäs­le­şi­ge Gyr­gy­zys­tan­dan, Tä­ji­gis­tan­dan, Türk­me­nis­tan­dan we Öz­be­gis­tan­dan 293 ka­ra­te­çi (200 og­lan we 93 gyz) gat­naş­dy. Ýa­ryş ge­çi­ri­len ýur­da meý­dan­ça eýe­le­ri hök­mün­de aý­ry-aý­ry klub­lar we­kil­çi­lik et­di­ler. Tut­lu­şyk­la­ryň äh­li gör­nüş­le­rin­de il­deş­le­ri­miz 5 al­tyn, 5 kü­müş we 13 bü­rünç me­da­la my­na­syp bol­du­lar. Türk­me­nis­ta­nyň to­pa­ry­ny bu ýa­ry­şa tä­lim­çi­ler Aý­dyň Ça­ry­ýew we Igor Ra­hy­mow taý­ýar­la­dy­lar.

Arkadagly ýaşlaryň şowly çykyşy

Sportuň giňden ýaýran görnüşlerini has-da ösdürmek, sagdyn, ruhubelent ýaşlary ýetişdirmek we güýçli türgenleri ýüze çykarmak maksady bilen, ýurdumyzyň hünär-tehniki we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda hem sportuň dürli görnüşleri boýunça sport ýaryşlary yzygiderli guralyp gelinýär. Geçirilmegi asylly däbe öwrülen «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly Spartakiada şeýle bäsleşikleriň esasylarynyň biridir. Nobatdaky XIII Spartakiadanyň çäklerinde paýtagtymyzyň dürli sport meýdançalarynda sportuň 13 görnüşi boýunça bäsleşikler örän gyzykly hem çekeleşikli alnyp baryldy. Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň ýygyndy topary 1-nji orna mynasyp bolup, ussatlyk görkezmegi başardylar.

Tennis kortlarynda

Golaýda «Aşgabat» köpugurly stadionynda tennis boýunça Aşgabat şäheriniň birinjiligi geçirildi. 14 we 18 ýaşdaky tennisçileriň arasynda guralan ýaryşa ýaş türgenleriň 150-si gatnaşdy. Netijede gyzlaryň arasynda Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdebiniň okuwçysy Ilima Guseýnowa ýaş aýratynlyklaryň ikisi boýunça ýeňiş gazandy. Kiçi ýaş toparynyň finalynda ol paýtagtyň 87-nji orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Näzli Hudaýgulyýewadan üstün çykdy, uly toparda bolsa iki setiň dowamynda Türkmenistanyň häzirki çempiony, 50-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Aişa Bikbulatowany ýeňdi.

Welaýatyň açyk birinjiligi

Balkan welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Balkanabat şäheriniň 1-nji sport mekdebinde 2010 – 2013-nji, 2012 – 2014-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda grek-rim göreşi boýunça welaýatyň açyk birinjiligi geçirildi. Ýaryşda ýurdumyzyň sport mekdepleriniň türgenleri dürli agram derejelrinde bäsleşdiler. Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 5-nji sport mekdebiniň topary hem bu bäsleşikde üstünlikli çykyş etdi.

Sport mekdeplerinde

Ýakynda Murgap etrabynyň 1-nji sport mekdebinde futbol boýunça etrabyň birinjiligi geçirildi. Ýaryşa etrabyň ezber türgenlerinden düzülen toparlar gatnaşdylar. Çekeleşikli geçen bäsleşikde 1-nji sport mekdebiň türgenleri üstünlikli çykyş edip, öňdäki orunlary eýelediler. 18-nji orta mekdebiň topary 2-nji, 5-nji orta mekdebiň topary 3-nji orunlara mynasyp boldular. Ýaryşyň ýeňijilerine guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary gowşuryldy. Nurmuhammet RAHYMOW,

Bagtyýar durmuşyň binýady

Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Sport diplomatiýasy — parahatçylygyň dialogy» atly hepdelik meýilnamasy esasynda hem-de Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň guramagynda «Sport we sagdynlyk — bagtyýar durmuşa binýat» atly dabaraly maslahat geçirildi. Bu gün Türkmenistan sporty parahatçylygyň we ösüşiň bähbitlerine gönükdirmegiň tarapdary hökmünde çykyş edýär. Olimpiýa hereketiniň belent maksatlaryna ygrarlylyk, ýokary netijeli sportuň, köpçülikleýin bedenterbiýe hereketiniň ösdürilmegi we wagyz edilmegi, ýurdumyzda häzirki zaman sport düzümleriniň kemala getirilmegi, beden taýdan berk nesliň terbiýelenmegi jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesiniň dabaralanmagy üçin möhüm binýat bolup hyzmat edýär.

Ruhubelentlige beslendi

4-nji maýda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň köpugurly sport toplumynda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIII Uniwersiadanyň we Spartakiadanyň ýapylyş dabarasy geçirildi. Mälim bolşy ýaly, türgenleriň arasynda hem, işjeň dynç alşy söýýänleriň arasynda hem her ýyl şeýle ýaryşlary geçirmek başlangyjy bedenterbiýäni, sporty ösdürmäge, milletiň saglygyna ägirt uly üns berýän Gahryman Arkadagymyza degişlidir. «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly şygar astynda başlangyç, umumybilim berýän orta, hünärment we ýokary okuw mekdepleriň, ministrlikleriň hem-de pudak edaralaryň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň toparlarynyň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýurt möçberinde her ýyl geçirilýän umumymilli ýaryşlar köpçülikleýin sporty ösdürmekde täze joşgun döretdi. Geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu ýaryşlar talyplar sportunyň hem täze derejä çykmagynda uly ähmiýete eýedir.

Sagdynlyga uzaýan menziller

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sagdyn durmuş ýörelgesini jemgyýetimize has giňden ornaşdyrmak, sportuň beýleki görnüşleri bilen birlikde, welosiped sportuny ösdürmek babatda hem ýurdumyzda dünýä nusgalyk işler alnyp barylýar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan beýik işleriniň üstünlikli dowam etdirilýändiginiň aýdyň güwäsi bolup dabaralanýar. Ýurdumyzda geçirilýän şanly baýramçylyklarda, esasan hem, Bütindünýä saglyk gününde we Bütindünýä welosiped gününde köpçülikleýin welosipedli ýörişleri geçirmegiň asylly däbe öwrülendiginiň özi sportuň bu görnüşini ösdürmekde we onuň jemgyýetimizde giňden ýaýbaňlanmagyny gazanmakda nusgalyk tutumlaryň amala aşyrylýandygynyň güwäsidir.

Sportuň hem bedenterbiýäniň sazlaşygy

Şu günler işjeň ýagdaýda dowam edýän «Sport diplomatiýasy – parahatçylygyň dialogy» atly hepdeligiň maksatnamasynyň çäginde Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebinde «Arkadagly zamanada Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki sport abraýyny has-da belende götermäge ukyply ýaşlaryň täze nesli kemala gelýär» atly bedenterbiýe-sport hem sagaldyş çäreleri ýaýbaňlandyryldy. Ähmiýetli çäreleriň giň toplumy Watanymyzda sagdyn durmuş ýörelgesiniň giňden wagyz edilýändiginiň beýanyna öwrüldi. Mekdebiň girelgesindäki giň meýdançada ýerine ýetirilen köpçülikleýin maşklar röwşen ertirimiziň eýeleri bolan ýaş türgenleriň sagdynlyga ymtylyşyny görkezse, sportuň görnüşleri boýunça ýaýbaňlandyrylan görkezme çykyşlar olaryň kämillik ýolundadygyny aýan etdi. Bu ýerde ýaşlar agyrlyk daşlaryny götermek boýunça bäsleşdiler. Tanap çekmek boýunça guralan ýaryşda mekdebiň toparlarynyň ýeňşe höwesi hem ynamy aýdyň şöhlelendi. Bu ýerde sportuň göreş görnüşleriniň hem ençemesi boýunça ýaryşlar ýaýbaňlandyryldy. Bu bäsleşikler güýçli pälwanlary ýüze çykardy.

Sport – üs­tün­lik­le­re ça­gy­ryş

Ýeň­şe bar­ýan ýol

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­myz hal­ka­ra ýa­ryş­la­ryň ge­çi­ril­ýän me­ka­ny­na öw­rül­di. Şol ýa­ryş­lar­da öz il­de­şi­ňi gö­re­niň­de, sport oý­nu­nyň haý­sy gör­nü­şi­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, ba­şyn­dan ahy­ry­na çen­li to­ma­şa edip, ne­ti­jä sa­byr­syz­lyk bi­len ga­raş­ýar­syň. Ýe­ňiş mün­ber­le­rin­de türk­men tür­gen­le­ri­ni, ola­ra me­dal gow­şu­ryl­ýanyny, Döw­let se­na­my­zyň as­tyn­da ýa­şyl Tu­gu­my­zyň be­len­de ga­lyp bar­ýa­ny­ny gö­re­niň­de öz ýa­nyň­daň, «Be­re­kel­la» diý­ýär­siň. Ine, şeý­le tür­gen­le­riň bi­ri hem Türk­me­nis­ta­nyň Içe­ri iş­ler mi­nistr­li­gi­niň ins­ti­tu­ty­nyň hu­kuk fa­kul­te­ti­niň be­den taý­ýar­ly­gy ka­fed­ra­sy­nyň mu­gal­ly­my Nur­ber­di­han Oraz­mäm­me­dow­dyr. Ol ýa­kyn­da ýur­du­myz­da ge­çi­ri­len sam­bo bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň çem­pio­na­tyn­da 90+ kg ag­ram de­re­je­sin­de ýur­du­my­zyň çem­pio­ny bol­dy.

Futbol täzelikleri

Wi­deo­du­şu­şyk fut­bo­ly ös­dür­mek­de iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy giň ge­rim­de alyp bar­mak ba­ra­da­ky me­se­le­le­ri özün­de jem­le­di. Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da dia­lo­gy yzy­gi­der­li alyp bar­mak, tä­lim­çi­lik ug­run­da tej­ri­be alyş­mak, ça­ga­lar fut­bo­ly­ny ös­dür­mek, şeý­le-de, iki ýur­duň fut­bol gu­ra­ma­la­ry­nyň ara­syn­da me­ýil­na­ma­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy alyp bar­mak ba­ra­da pi­kir al­şyl­dy.

Taryhda şu gün

Bedenterbiýe we sport

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedenterbiýäni hem-de sporty ösdürmek üçin paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde döwrüň talaplaryny ödeýän sport desgalary gurlup, ulanylmaga berildi. Şolarda sport ýaryşlary yzygiderli geçirilip, ýaş ýigitleriň we gyzlaryň arasyndan sporty söýýän, geljekde ýurdumyzyň sport abraýyny gorajak türgenleriň ýetişmeklerine oňaýly mümkinçilikler döredildi. Sporta aýratyn ähmiýet berilmegi bilen, beden taýdan berk we ruhy taýdan kämil nesiller kemala gelýär. Bu gün bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak, ýaramaz endiklerden daşda durmak ildeşlerimiziň durmuş kadasyna öwrüldi. Häzirki döwürde bedenterbiýe, sport we sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmek babatda döwlet derejesinde giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlary esasynda sport ulgamynda uly ösüşler gazanylýar. Goý, ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni mundan beýläk-de ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa ornaşdyrmak babatda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!

Halaçly woleýbolçular ýeňiji

2010 — 2011-nji ýyllarda doglan oglanlardan düzülen toparlaryň arasynda woleýbol boýunça welaýatyň birinjiligi ugrunda geçirilen ýaryşda Halaç etrabynyň topary ýeňiji boldy. Toparda etrabyň 3-nji sport mekdebiniň türgenleri çykyş edip, ýaryşa taýýarlygyň ýokary derejesini görkezdiler. Ýaş woleýbolçylar Mukam Merdanow, Gaýrat Nurýagdyýew, Mekan Batyrow, Sähet Mergenow, Guwanç Baýramow dagylara ýörite diplomlar gowşuryldy. Ýeňijileri ýaryşa sport mekdebiniň I derejeli tälimçileri Merdan Annageldiýew we Jumamyrat Jumaýew taýýarladylar. Türkmenabat şäheriniň we Çärjew etrabynyň toparlary degişlilikde ikinji we üçünji orunlary eýelediler.

Ýaryş güýçli toparlary saýlady

Sarahs etrabynyň sport mekdebinde “Biz Oguzhan nesli” ady bilen woleýbol ýaryşy geçirildi. “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi hem-de etrap bilim bölümi tarapyndan bilelikde guralan ýaryşa etrapdaky orta mekdepleriň okuwçy gyzlardan düzülen toparlary gatnaşdy. Ýaş nesli köpçülikleýin sporta çekmek we olaryň sport ussatlygyny ýokarlandyrmak babatda ähmiýetli bolan nobatdaky woleýbol ýaryşyna gyzyklanma uly boldy. Ýaş gyzlar öz aralarynda çekeleşikli oýunlary alyp bardylar. Ýaryş güýçli toparlary öňe saýlady. Şeýlelikde, etrapdaky 10-njy orta mekdebiň topary birinji, 21-nji orta mekdebiň topary ikinji, 1-nji orta mekdebiň topary üçünji orna mynasyp boldy. Ýeňiji bolan toparlar “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň hormat hatlary bilen sylaglandy.