Meşhur tälimçiler aradan çykdy

30 Awgust 2024
72

Ger­ma­ni­ýa­ly meş­hur tä­lim­çi Kris­tof Da­um 70 ýa­şy­nyň için­de ara­dan çyk­dy. 1953-nji ýy­lyň 24-nji okt­ýab­ryn­da Gün­do­gar Ger­ma­ni­ýa­da dün­ýä inen Da­um fut­bol­çy­lyk kar­ýe­ra­sy­ny «Aýnt­raht Du­is­burg» hem-de «Köln II» klub­la­ryn­da ge­çir­di. 1986-njy ýyl­da tä­lim­çi­li­ge baş­lan Da­um «Köln» (1986–90, 2006–09), «Ştut­gart» (1990–93), «Be­şik­taş» (1994–96, 2001–02), «Ba­ýer» (1996–2000), «Aust­ria» (2002–03), «Fe­ner­bah­çe» (2003–06, 2009–10), «Aýnt­raht Frank­furt» (2011), «Klub Brýug­ge» (2011–12), «Bur­sas­por» (2013–14) klub­la­ry­na, şol san­da Ru­my­ni­ýa­nyň mil­li ýy­gyn­dy­sy­na tä­lim ber­di. Ol 1992-nji ýyl­da «Ştut­gart» bi­len «Bun­des­li­ga­da», 1995-nji ýyl­da «Be­şik­taş», 2004-nji we 2005-nji ýyl­lar­da «Fe­ner­bah­çe» bi­len «Sü­per Li­g­de», 2003-nji ýyl­da «Aust­ria» bi­len Awst­ri­ýa­nyň «Bun­des­li­ga­syn­da» çem­pi­on­lyk­lar ga­zan­dy. Şol san­da ku­bok hem-de Su­per Ku­bok ýa­ryş­la­ryn­da ýe­ňi­ji bo­lan Da­um «Köln» bi­len 2, «Ba­ýer» bi­len 3, «Fe­ner­bah­çe» bi­len 1, «Klub Brýug­ge» bi­le­nem 1 ge­zek mil­li çem­pio­nat­lar­da kü­müş me­da­la my­na­syp bol­dy.

Soň­ky ýyl­lar­da düw­nük ke­se­lin­den ejir çe­ken Da­um tä­lim­çi­lik kar­ýe­ra­syn­da 1005 du­şu­şy­gyň 530-syn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. Da­um 2000-nji ýyl­da Ger­ma­ni­ýa­nyň mil­li ýy­gyn­dy­sy­nyň tä­lim­çi­li­gi­ne-de bel­len­mä­ge go­laý ge­lip­di. Ýö­ne ýü­ze çy­kan kä­bir wa­ka­lar­dan soň, bu we­zi­pä baş­la­maz­dan taş­la­ma­ly bo­lup­dy.