"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Yhlas bilen zehin utgaşanda

Süleýman KOÇKAROWYŇgazanan üstünlikleri: ► Ýaşlaryň 25-nji Balkan matematika olimpiadasynda (JBMO — 2021) — bürünç medal;

Ýaş türgeniň üstünlikleri

Ýurdumyzda çagalaryň sport bilen meşgullanmaklary üçin ähli mümkinçilikler we şertler döredilýär. Sportuň erkin göreş görnüşi bilen meşgullanýan şeýle bagtyýar jigilerimiziň biri-de ýaşajyk türgenimiz — Azatberdi Aşyrgulyýew. Azatberdi Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 89-njy orta mekdebiň 11-nji synpyny tamamlady. Ol eýýäm birnäçe ýyldan bäri erkin göreşiň inçe tilsimlerini ele alýar. Ol heniz alty ýaşyndaka paýtagtymyzda ýerleşýän Köpetdag stadionynyň «Zähmet» türgenleşik zalyna gatnap başlaýar. 2019-njy ýyldan bäri bolsa ol «Galkynyş» bedenterbiýe-sport toplumyna gatnaýar. Bu ýerde oňa halkara derejeli sport ussady Batyr Orazgylyjow tälim berýär. Tälimçiniň ussatlygy, şeýle-de ýaş türgeniň sportuň bu görnüşine bolan höwesi, yhlasy ony ýeňişlere, üstünliklere ýetirdi. Yzygiderli türgenleşiklere gatnap, her bir ýaryşa ýokary derejede taýýarlyk gören jigimiz Türkmenistanyň çempiony bolmagy başardy. Onda-da iki gezek. Has takygy, Azatberdi 2022-nji ýylyň 23 — 25-nji dekabry aralygynda erkin göreş boýunça ýetginjekleriň arasynda geçirilen Türkmenistanyň birinjiliginde 48 kilogram, 2023-nji ýylyň 15-16-njy dekabrynda geçirilen erkin göreş boýunça 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginde bolsa 60 kilogram ag

Çeper gimnastikaçylaryň ýeňşi

Halkara sport ýaryşlarynda üstünlik gazanyp, ýaşyl Tugumyzy belende galdyrýan ýaş türgenlerimiz diýseň kän. Olaryň gazanýan şeýle üstünlikleri baradaky hoş habarlary eşidenimizde buýsanjymyz goşalanýar. Ýakynda şeýle buýsandyryjy hoş habary halkymyz bilen paýlaşmak ýurdumyzyň gimnastika boýunça milli ýygyndysynyň ýetginjek gyz türgenleriniň paýyna düşdi. Olar Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçirilen «Merry Caravan» atly halkara ýaryşynda üstünlikli çykyş etdiler. Türgen gyzlarymyz dürli derejeli medallaryň 29-yna mynasyp boldular. 6 — 16 ýaş aralygyndaky gimnastikaçy türgen gyzjagazlar bu halkara ýaryşyndan 18 altyn, 10 kümüş we 1 bürünç medallaryny gazandylar. Elbetde, bu ýurdumyzyň milli ýygyndysynyň görkezen netijeleri. Ýygyndynyň düzüminde aýratyn erjel türgen — Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň okuwçysy Mahym Gurbanowa hem bar. Mahym üç ýaşyndan bäri gimnastika bilen meşgullanyp, ýurdumyzda gimnastika boýunça geçirilen çempionatlarda öz agram derejesinde birnäçe gezek baýrakly orunlara mynasyp boldy. 11 ýaşly türgen gyzjagazymyz häzirki wagta çenli çeper gimnastika boýunça halkara ýaryşlarynyň dördüsine gatnaşdy. Mahym çeper gimnastika boýunça 2023-nji ýylyň martynda Gruziýada geçen halkara ýaryşda kümüş medal, şo

Mil­li tür­gen­le­ri­miz ha­kyn­da mag­lu­mat­lar

«7/24.tm» №32 (219) 05.08.2024 Maý­sa PAR­DA­ÝE­WA

Ynam, yhlas ýeňşe alyp barýar

«7/24.tm» №32 (219) 05.08.2024 Hal­ky­my­za sow­gat be­ren il­kin­ji ki­ta­by­ny «Ýaş­lar — Wa­ta­nyň da­ýan­jy» di­ýip at­lan­dyr­ma­gy hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýur­du­my­zyň kuw­wat­ly ösü­şi­ni we ýag­ty gel­je­gi­ni ýaş ne­sil­ler­de gör­ýän­di­gi­niň we ola­ra bo­lan uly yna­my­nyň aý­dyň be­ýa­ny­dyr. Bu uly ynam­dan ruh­lan­ýan we spor­ty aý­ryl­maz hem­ra­sy­na öwür­ýän ýaş tür­gen­le­ri­miz ab­raý­ly hal­ka­ra sport ýa­ryş­la­ry­na gat­na­şyp, ýe­ňiş mün­be­rin­de ýa­şyl Tu­gu­my­zy be­lent­de par­lad­ýar­lar.

Olim­pia­da­nyň ala­wy Olim­pi­ýa oba­syn­da

«7/24.tm» №32 (219) 05.08.2024 2024-nji ýy­lyň 26-njy iýu­lyn­da XXXIII to­mus­ky Olim­pia­da­nyň açyl­jak gü­nün­de Pa­ri­žiň Sen-De­ni et­ra­by­nyň çä­gin­de ýer­leş­ýän Olim­pi­ýa oba­sy­na ge­ti­ril­di. Se­na we Sen-De­ni ug­ry bo­ýun­ça ge­çip, Fran­si­ýa­da­ky iň soň­ky — 68-nji du­ral­ga­sy­ny ama­la aşy­ran ala­wy­ny Olim­pi­ýa oba­syn­da­ky tür­gen­ler we tä­lim­çi­ler gyz­gyn gar­şy­la­dy­lar.

Olim­pi­ýa oba­sy

«7/24.tm» №32 (219) 05.08.2024 Olim­pi­ýa oba­sy is­len­dik Oýun­la­ryň mö­hüm bir no­ka­dy. Eý­sem «Pa­riž — 2024» Oýun­la­ry­na gat­naş­ýan tür­gen­le­ri bu ýer­de bi­na edi­len Olim­pi­ýa oba­sy nä­me­ler bi­len gar­şy­la­dy?! Şu çykyşymyzda Olimpiýa obasy barada gürrüň bereris.

Leb­ron Jeýms Olim­pia­da gat­naş­ýan il­kin­ji mil­li­ar­der

«7/24.tm» №32 (219) 05.08.2024 Amerikaly basketbolçy Lebron Jeýms taryhda Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan ilkinji milliarder bolar. Muny 39 ýaşly türgeniň baýlygyny 1 milliard dollar bilen bahalandyrýan «Forbes»neşiriniň maglumatlary delillendirýär.

Beýik ösüşleriň döwri

Täze taryhy döwürde eziz Diýarymyz beýik ösüşler gazanýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzy gülledip ösdürmek hem-de halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek ugrunda täze wezipeler, belent maksatlar goýulýar. Baş baýramymyzyň – mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi hem geçen döwürde gazanylan üstünliklere baha bermek we röwşen geljege uzaýan ýolumyzdaky täze maksatlarymyzy kesgitlemekde uly ähmiýetli waka bolar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dowam etdirilýän döwlet syýasatymyzda ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni taýdan kuwwatlanmagy, halkymyzyň eşretli, asuda, abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda asyrlara barabar işler amala aşyrylýar. Bu üstünlikler amala aşyrylan çuňňur oýlanyşykly özgertmeleriň ajaýyp miweleridir.

Ruhubelentligiň gözbaşy

Parahatçylygyň, dostlugyň ilçisi, sagdynlygyň we ruhubelentligiň gözbaşy bolan sportuň meşhurlygy bütin dünýäde artýar. Eziz Diýarymyzda hem ähli ýaşdaky raýatlaryň bedenterbiýe bilen meşgullanmagy, türgenlerimiziň abraýly ýaryşlara gatnaşyp, Watanymyzyň abraýyny artdyrmagy üçin zerur şertler döredilýär. Şu günler Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde dowam edýän XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna türkmenistanly türgenleriň hem gatnaşýandygy kalbymyzy buýsanja besleýär. Bu gün ýurdumyzda bedenterbiýe we sport jemgyýeti jebisleşdirýän gymmatlyga öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwürmek ugrundaky ýadawsyz tagallalaryndan ruhlanyp, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçylary hem dürli sport bäsleşiklerine, bedenterbiýe-sagaldyş çärelerine işjeň gatnaşýarlar. Gullugyň edara binasynyň çäginde döwrebap sport enjamlary bilen enjamlaşdyrylan türgenleşik otaglarynyň bolmagy harby gullukçylaryň boş wagtlary sport bilen meşgullanmagyna uly mümkinçilikleri döredýär. Sport bilen yzygiderli meşgullanmak diňe bir bedeni berkitmek bilen çäklenmän, eýsem, harby gullukçylaryň alyp barýan işlerini ruhubelentlik bilen ýerine ýetirmegine ýardam edýär.

Paýtagtyň sport durmuşyndan

Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Aşgabat şäher bölümi, Türkmenistanyň Mekdep sport federasiýasynyň jemgyýetçilik birleşigi bilen bilelikde Gökdere jülgesinde ýerleşýän Muhammetmyrat Nyýazow adyndaky çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde bäsleşik geçirdi. «Sagdyn nesil — kuwwatly Watan» diýen şygar bilen guralan bäsleşikde çagalar küşt, şaşka, düzzüm, stol tennisi we ýeňil atletika boýunça bäsleşdiler. Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsüminde wagtlaryny gyzykly geçirmegi, ýaşlaryň berk bedenli, sagdyn ruhly, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi ugrunda ähli şertler döredilýär. Dynç alyş merkezinde guralan dabara hem aýdylanlaryň aýdyň güwäsi boldy. Bäsleşikler çekeleşikli häsiýete eýe bolup, çagalar wagtlaryny gyzykly we ruhubelentlikde geçirdiler. Ýaş nesilleriň häzirki we geljekki bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, olaryň ylymly-bilimli, sagdyn, ýokary ahlakly, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji ynsanlar bolup ýetişmegi babatda giň mümkinçilikleri döredýän, bu ugurda ähli tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, döwletli işleri hemişe rowaç bolsun!

Bedenterbiýe we sport

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sport ulgamy uly ösüşlere eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň türkmen sportuny ösdürmekde alyp barýan işleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Ruhy hem beden taýdan sagdyn ýaş nesilleri kemala getirmek döwletimiziň gaýragoýulmasyz meseleleriniň biri bolup durýar. Ýaşlarymyz sportda belent sepgitleri, uly ösüşleri gazanýarlar. Şunda bedenterbiýe we sport ýaryşlarynyň, wagyz-nesihat duşuşyklarynyň ähmiýeti aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşi Köpetdagyň gözel künjeginde ýerleşýän Gökdere jülgesindäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde sport bäsleşiklerini gurady. Gyzykly häsiýete eýe bolan ýaryşlar çagalarda ýakymly täsir galdyrdy.

Kämillik ýolunda

«Ata-babalarymyzyň merdana we ýeňişli ýollaryny mynasyp dowam etdirip, siz türkmen türgenleriniň sport ussatlygyny halkara ýaryşlara gatnaşyp, medallary gazanmak arkaly subut etmelisiňiz. Men dürli ýaryşlarda ajaýyp netijeleri gazanmak bilen, mähriban Watanymyzyň baýdagyny al-asmanda parladyp, Türkmenistanyň abraý-mertebesini gorajakdygyňyza pugta ynanýaryn» diýip, merdana türgenlerimize ýüzlenýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu belent ynamyny ödemegi sportuň ak ýoluna düşen her bir ýaş nesil öz ilkinji nobatdaky borjy saýýar. Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň Gumdag şäherçesindäki 28-nji orta mekdebiniň okuwçysy Orazgül Babanyýazowany hem şeýle ýaşlaryň hatarynda görkezmek bolar.

Welosiped – sagdyn durmuşa çagyryş

Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň sagdyn durmuş ýörelgesi we göreldesi esasynda welosiped sürmek sporty täze öwüşgine eýe boldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz sporty ösdürmekde, sagdyn jemgyýeti kemala getirmekde möhüm işleri alyp barýar. Häzirki wagtda sagdyn durmuş ýörelgesi we daşky gurşawy goramak babatda asylly işler ýola goýulýar. Eziz Diýarymyzda Bütindünýä welosiped güni dabaraly bellenip geçilýär. Her ýylda däp bolan welosiped ýörişlerine ýurdumyzyň bagtyýar raýatlary agzybirlikde gatnaşýarlar. Bu gün Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sportuň beýleki görnüşleri bilen birlikde, welosipedli gezelenjiň hem ähmiýetiniň uludygyna ünsi çekýändiklerine häli-şindi şaýat bolýarys. Bütindünýä welosiped gününde geçirilýän baýramçylyk ýörişidir beýleki çäreler eziz Watanymyzda sagdyn durmuşyň wagyz edilýändigini aýdyňlygy bilen görkezýär.

Aň-paýhas oýnunyň taryhyndan

Geçen asyryň üçünji onýyllygy Türkmenistanda küşt oýnuna aýratyn üns berlip ugralan döwrüdir. 1927-nji ýylyň ýanwarynda Aşgabatda ýurdumyzyň küşt seksiýasynyň ilkinji maslahaty geçirilip, onda küşt çärelerini guramagyň meýilnamasy işlenip düzülýär we birinji bütintürkmen küşt ýaryşyny geçirmek kararyna gelinýär. Ýaryşyň guramaçylyk topary döredilýär. Şeýlelikde, şol ýylyň aprelinde birinji bütintürkmen küşt ýaryşy guralýar. Şol wagtky Magaryf işgärleriniň klubunda geçirilen ýaryşa paýtagtymyzdan we onuň töweregindäki obalardan köp sanly küştçüler gatnaşýarlar. Täçmämmet Amanow, Babaly, Eýeberdi ýaly şol döwrüň tanymal küştçüleriniň oýunlary üns merkezinde bolýar. Ýaryşda birinji orny, garaşylyşy ýaly, aşgabatly W. Şerbakow eýeleýär. Türkmen küştçüleriniň öz mümkinçiliklerinden pes çykyş etmeklerini ýaryşyň garaşylmadyk aýratynlygy hökmünde agzamak bolar.

Azi­ýa çem­pio­na­ty­nyň al­tyn me­da­ly

16 – 24-nji iýul aralygynda Tailand Patyşalygynyň Siraça şäherinde erkin we grek-rim göreşi boýunça 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýa çempionaty geçirildi. Ýaryşa 16 döwletden 119 türgen gatnaşdy.

Taryhda şu gün

Bu Oýunlara 69 döwlete wekilçilik eden türgenleriň 4925-siniň (4407 erkek we 518 zenan türgen) gatnaşandygyny bellemek gerek. 19-njy iýul – 3-nji awgust aralygynda dowam eden Oýunlarda türgenler sportuň 17 görnüşinde medal sanawynyň 149-sy ugrunda bäsleşdiler.

Türkmen gyzy, ýeňiş seniňki bolsun!

Iki ýa­ryş­da-da is­pan­lar çem­pi­onlyk gazandy

Fut­bol bo­ýun­ça 19 ýa­şa çen­li­le­riň ara­syn­da ge­çi­ri­len Ýew­ro­pa­nyň 2 çem­pio­na­tyn­da-da, og­lan­la­ryň ara­syn­da-da, gyz­la­ryň ara­syn­da-da Is­pa­ni­ýa­nyň U19 ýy­gyn­dy­sy çem­pi­on bol­dy. De­mir­ga­zyk Ir­lan­di­ýa­da ge­çi­ri­len er­kek­le­riň ara­syn­da­ky ýa­ryş­da Is­pa­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy fi­nal­da Fran­si­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy­ny Bra­wo (41) hem-de Diao­nyň (69) gol­la­ry esa­syn­da 2–0 hasabynda ýeň­di. Bu ola­ryň 5 ýyl­dan soň ga­za­nan 12-nji çem­pi­on­ly­gy­dyr. Is­pa­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy bu ugur­da 11 çem­pi­on­ly­gy bo­lan Ang­li­ýa­dan öňe geç­di.

Garaşylýan toparlar 3-nji tapgyra çykdy

UEFA Çem­pi­on­lar Li­ga­syn­da 2-nji saý­la­ma tap­gy­ryň jo­gap du­şu­şyk­la­ry hem oý­na­lyp, 3-nji saý­la­ma tap­gy­ra çy­kan to­par­lar bel­li bol­dy. 1-nji oýun­lar­da ýe­ňiş ga­za­nan to­par­la­ryň hem­me­si di­ýen ýa­ly no­bat­da­ky tap­gy­ra çyk­ma­gy ba­şar­dy. Çem­pi­on to­par­la­ryň du­şu­şyk­la­ryn­da Weng­ri­ýa­nyň «Fe­rens­wa­roş» to­pa­ry myh­man­çy­lyk­da Uel­siň «Nýu Seýnts» to­pa­ry­ny 2–1 ha­sa­byn­da ýeň­di. Azer­baý­ja­nyň «Ga­ra­bag» to­pa­ry-da Gib­ral­ta­ryň çem­pio­ny «Lin­koln Red Imps» to­pa­ry­nyň der­we­ze­sin­den jo­gap­syz 5 gol gi­riz­di. Gol­la­ryň 3-si­ni Ju­ni­nio öz ady­na ýaz­dyr­dy. Nor­we­gi­ýa­nyň «Bu­de-Glimt», Pol­şa­nyň «Ýa­gel­lo­ni­ýa Be­los­tok», Çe­hi­ýa­nyň «Spar­ta Pra­ga», Şwe­si­ýa­nyň «Mal­mö» klub­la­ry­na jo­gap oý­nun­da-da ýe­ňiş ga­zan­mak kyn düş­me­di. Pol­ýak klu­by «Ýa­gel­lo­ni­ýa» öz meý­dan­ça­syn­da «Pa­ne­wy­ža­sy» 3–1 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Dart­gyn­ly ge­çen oýun­da pol­ýak to­pa­ry­nyň gol­la­ry­nyň iki­si­ni pe­nal­ti­den Pu­lu­lu, beý­le­ki­si­ni-de Be­ne­ta ýal­ňyş­lyk bi­len öz der­we­ze­sin­den g