Kämillik ýolunda

2 Awgust 2024
138

«Ata-babalarymyzyň merdana we ýeňişli ýollaryny mynasyp dowam etdirip, siz türkmen türgenleriniň sport ussatlygyny halkara ýaryşlara gatnaşyp, medallary gazanmak arkaly subut etmelisiňiz. Men dürli ýaryşlarda ajaýyp netijeleri gazanmak bilen, mähriban Watanymyzyň baýdagyny al-asmanda parladyp, Türkmenistanyň abraý-mertebesini gorajakdygyňyza pugta ynanýaryn» diýip, merdana türgenlerimize

ýüzlenýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu belent ynamyny ödemegi sportuň ak ýoluna düşen her bir ýaş nesil öz ilkinji nobatdaky borjy saýýar. Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň Gumdag şäherçesindäki 28-nji orta mekdebiniň okuwçysy Orazgül Babanyýazowany hem şeýle ýaşlaryň hatarynda görkezmek bolar.

Aşyrberdi GURBANOW.