"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

"Russiýanyň Demir ýollary" edarasy Türkmenistanyň demir ýollarynyň elektrikleşdirmegine goşant goşar

«Russiýanyň Demir ýollary» AGPJ-niň  baş direktorynyň orunbasary Wýaçeslaw Pawlowskiý Türkmenbaşydan Türkmenabat şäherine çenli esasy ugurda Türkmenistanyň demir ýol infrastrukturasynyň elektrikleşdirilmegine goşant goşmaga taýýardyklaryny mälim etdi. Bu barada ol habarçylara beren beýanatynda belläp geçdi. “Infrastruktura taslamalary nukdaýnazaryndan Russiýa tarapy, Türkmenbaşydan Türkmenabat şäherine çenli esasy ugurda demirýol infrastrukturasynyň elektrikleşdirilmegine kömek bermäge taýýardyr we elektrikleşdirmek we işgärleri taýýarlamak üçin kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny döretmek nukdaýnazaryndan toplumlaýyn çemeleşmäni teklip edýär” diýip, Wýaçeslaw Pawlowskiý aýtdy. Şeýle hem, taraplaryň Gyzylarbatdaky wagon abatlaýyş zawodynyň durkuny täzelemek meselesinde ylalaşandyklaryny aýtdy.

«Hytaý demir ýollary» döwlet korporasiýasynyň wekiliýeti Türkmenistanyň deňiz portunda saparda boldular

Baş direktoryň orunbasary jenap Çian Mingiň ýolbaşçylygyndaky «Hytaý demir ýollary» döwlet korporasiýasynyň wekiliýeti Türkmenbaşy halkara deňiz portuna iş saparyny amala aşyrdylar. Bu barada «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň resmi saýtynda habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, saparyň dowamynda myhmanlar portuň mümkinçilikleridr kuwwatlylygy, şeýle hem infrastrukturasy, tehniki enjamlary we gelejegi babatda ösüşleriniň ugulary bilen tanyşdylar.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň durmuşyndan

16-njy aprelde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Hindistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Madhumita Hazarika Bhagat bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň işewür hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar. Taraplar, hususan-da, Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň alyp barýan parasatly içeri we daşary syýasaty netijesinde Türkmenistanyň sebitiň ýurtlary bilen oňyn söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň giňeýändigini hem-de bu babatda amala aşyrylýan ähmiýetli işleriň ýurduň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde uly üstünliklere eýe bolýandygyny nygtadylar.

Hytaý Halk Respublikasynyň gümrük edaralarynyň wekilleri Türkmenistanda saparda boldular

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi hemmetaraplaýyn ösdürmekde, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmekde tutanýerli işler durmuşa geçirilýär. Soňky ýyllarda milli önüm öndürijilerimiziň hem sany artyp, importyň ornuny tutýan önümleriň dürli görnüşleri ýurdumyzda türkmen telekeçileri tarapyndan öndürilip başlandy. Söwda-haryt dolanyşygyny ýokarlandyrmakda, eksportyň möçberini artdyrmakda hem-de bu ugurda gümrük amallaryny ýeňilleşdirmekde netijeli işler durmuşa geçirilip, halkara hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy dünýäniň ençeme döwletleriniň gümrük edaralary bilen hyzmatdaşlygy ýokary derejede alyp barýar. Olaryň biri hem, Hytaý Halk Respublikasynyň Baş gümrük edarasydyr. Bilşimiz ýaly, 2023-nji ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda gümrük işlerinde hyzmatdaşlyk etmek we özara ýardam bermek hakynda Ylalaşyga hem-de 2023-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda bolsa Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Baş gümrük edarasynyň arasynda Ygtyýarly ykdysady operatorlaryň maksatnamasynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnam

Türkmen paromy rus portunda düşledi

10-njy aprelde «Deňiz söwda floty» paýdarlar jemgyýetiniň «Bagtyýar» Ro-Pax kysymly paromy 2024-nji ýyldaky Türkmenbaşy portundan Olýa portuna ilkinji saparyny üstünlikli amala aşyrdy. Oňa azyk tirkegli awtoulaglaryň 40-sy ýüklenildi. «Deňiz söwda floty» paýdarlar jemgyýetiniň gämileri çalt zaýalanýan harytlary gysga wagtynyň dowamynda eltip bermek mümkinçiligine eýedir. «Bagtyýar» paromy ýüküň howpsuzlygyny kepillendirýän häzirki zaman howpsuzlyk we nawigasiýa ulgamlary bilen enjamlaşdyrylandyr.

«RŽD» Türkmenistanyň demir ýollarynyň elektrikleşdirilmegine ýardam etmäge taýýar

«Russiýanyň demir ýollary» (RŽD) Türkmenistanyň demir ýollarynyň elektrikleşdirilmegine ýardam etmäge taýýar. Bu barada «RŽD» AGPJ-niň baş müdiriniň orunbasary Wýaçeslaw Pawlowskiniň sözlerine salgylanyp, TASS ýazýar. Pawlowskiniň aýtmagyna görä, taraplar Gyzylarbatdaky wagon abatlaýyş zawodynyň durkunyň täzelenmegi barada hem ylalaşdylar. Ol 2023-nji ýylda «RŽD» bilen «Türkmendemirýollarynyň» 2023 – 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygy ösdürmek maksatnamasyna gol çekendigini ýatlap geçdi. Bu maksatnamanyň çäklerinde eýýäm häzir Akýaýla – Inçeburun türkmen-eýran serhet geçelgesiniň üsti bilen Demirgazyk – Günorta ugry boýunça aýda 4 konteýner otlusy gatnaýar.  Şeýle-de «RŽD» öz Korporatiw uniwersitetinde türkmen demirýolçularyny taýýarlamagy meýilleşdirýär.

20 ýyllygyny belleýär

Ýaponiýa şu ýylyň awgust aýynda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen geçiriljek sammite taýýarlyk görüp başlady. Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Ýaponiýanyň gatnaşmagyndaky sammit, ähtimal, Gazagystanda geçiriler. Takyk meýilnama indi tassyklanar. Ýaponiýadan premýer-ministr Fumio Kisida gatnaşar. 2024-nji ýylda Ýaponiýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky diplomatiki edaralaryň ýolbaşçylarynyň derejesinde geçirilen dialogyň 20 ýyllygy bellenilýär. Sammitiň sebitleriň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde täze ädim bolmagyna garaşylýar.

Demir ýol ulagy pudagynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi

Aşgabat, 19-njy aprel (TDH). Şu gün “Ýyldyz” myhmanhanasynda 15 — 19-njy aprelde paýtagtymyzda geçirilen Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (DÝHG) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisi öz işini tamamlady. Ozal habar berlişi ýaly, bu wekilçilikli foruma DÝHG-ä agza döwletleriň 20-den gowragynyň, şol sanda Türkmenistanyň demir ýol we beýleki degişli edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri gatnaşdylar. Gün tertibine laýyklykda, mejlise gatnaşyjylar bäş günüň dowamynda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň ýük daşamak, ýolagçy gatnatmak, infrastruktura we demir ýoluň hereket düzümi boýunça toparlarynyň, guramanyň maliýe we hasaplaşyk, şeýle-de kodlaşdyrmak we informatika barada hemişelik iş toparlarynyň 2023-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijelerini, düzümiň iş meýilnamalaryny, beýleki meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar hem-de makulladylar.

Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy boýunça halkara maslahatynda Aşgabat jarnamasy kabul edildi

Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (OSJD) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň netijeleri boýunçaAŞGABAT JARNAMASY 2024-nji ýylyň 15 — 19-njy aprelinde Aşgabatda geçirilen Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (OSJD) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisine gatnaşyjylar, şeýle hem oňa (mundan beýläk maslahat) gatnaşan ulag-logistika kompaniýalarynyň — OSJD-ä goşulyşan kärhanalaryň wekilleri aşakdakylar barada beýan etdiler:

Demir ýol ulagy pudagynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi

“Ýyldyz” myhmanhanasynda 15 — 19-njy aprelde paýtagtymyzda geçirilen Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (DÝHG) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisi öz işini tamamlady. Ozal habar berlişi ýaly, bu wekilçilikli foruma DÝHG-ä agza döwletleriň 20-den gowragynyň, şol sanda Türkmenistanyň demir ýol we beýleki degişli edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri gatnaşdylar. Gün tertibine laýyklykda, mejlise gatnaşyjylar bäş günüň dowamynda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň ýük daşamak, ýolagçy gatnatmak, infrastruktura we demir ýoluň hereket düzümi boýunça toparlarynyň, guramanyň maliýe we hasaplaşyk, şeýle-de kodlaşdyrmak we informatika barada hemişelik iş toparlarynyň 2023-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijelerini, düzümiň iş meýilnamalaryny, beýleki meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar hem-de makulladylar.

Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (OSJD) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň netijeleri boýunça AŞGABAT JARNAMASY

2024-nji ýylyň 15 — 19-njy aprelinde Aşgabatda geçirilen Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (OSJD) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisine gatnaşyjylar, şeýle hem oňa (mundan beýläk maslahat) gatnaşan ulag-logistika kompaniýalarynyň — OSJD-ä goşulyşan kärhanalaryň wekilleri aşakdakylar barada beýan etdiler: Maslahatyň dowamynda halkara demir ýol daşamalary ulgamyndaky meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy we halkara demir ýol daşamalaryny, ilkinji nobatda, Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky gatnawlarda demir ýol arkaly daşamalary mundan beýläk-de ösdürmegiň, bu ugurda ylalaşykly ulag syýasatyny kemala getirmegiň, halkara demir ýol ulagynda kadalaşdyryjy halkara hukuk şertnamalaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň möhümdigi nygtaldy.

Demir ýol ulagy pudagynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi

Aşgabat, 19-njy aprel (TDH). Şu gün “Ýyldyz” myhmanhanasynda 15 — 19-njy aprelde paýtagtymyzda geçirilen Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (DÝHG) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisi öz işini tamamlady. Ozal habar berlişi ýaly, bu wekilçilikli foruma DÝHG-ä agza döwletleriň 20-den gowragynyň, şol sanda Türkmenistanyň demir ýol we beýleki degişli edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri gatnaşdylar. Gün tertibine laýyklykda, mejlise gatnaşyjylar bäş günüň dowamynda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň ýük daşamak, ýolagçy gatnatmak, infrastruktura we demir ýoluň hereket düzümi boýunça toparlarynyň, guramanyň maliýe we hasaplaşyk, şeýle-de kodlaşdyrmak we informatika barada hemişelik iş toparlarynyň 2023-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijelerini, düzümiň iş meýilnamalaryny, beýleki meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar hem-de makulladylar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisine gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Siziň alyp barýan netijeli daşary syýasatyňyz we abadançylygyň, howpsuzlygyň, ösüşiň bähbidine öňe sürýän başlangyçlaryňyz, anyk işleriňiz netijesinde Türkmenistanyň halkara abraýy barha belende galýar. Dünýäniň köp ýurtlary bilen dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklary ösdürýän Bitarap Türkmenistanda häzirki döwürde beýik özgertmeler amala aşyrylýar. Gözel Aşgabat şäheri bolsa Ýer ýüzüniň çar künjeginden işewürleriň, alymlaryň, jahankeşdeleriň, köp sanly myhmanlaryň gelip-gidýän, halkara maslahatlaryň, sergileriň, medeni çäreleriň geçirilýän ýerine öwrüldi. Ak mermere beslenen türkmen paýtagtynda geçirilen Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisi hem oňa gatnaşyjylara özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça tagallalary mundan beýläk-de birleşdirmegiň wajypdygyna düşünmäge mümkinçilik berdi.

Bilelikdäki tagallalar — durnukly ösüşe goşant

Düýn paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (DÝHG) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisi öz işini tamamlady. Dünýäniň 20-den gowrak ýurdunyň demir ýol we beýleki ugurdaş edaralarynyň wekillerini bir meýdança jemlän Aşgabat forumynyň dowamynda guramanyň degişli düzümleriniň, agza döwletleriniň demir ýol edaralarynyň geçen döwürde alyp baran işlerine seljerme berildi, geljekde olaryň öňünde durýan birnäçe möhüm wezipeleri ýerine ýetirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň bu iri düzüme agza bolmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli «Türkmendemirýollary» agentligine ýörite taýýarlanan ýadygärlik nyşanynyň gowşurylmagy ýurdumyzyň demir ýol pudagynda gazanan ajaýyp netijelerine, ýeten belent sepgitlerine berlen ýokary bahanyň güwäsine öwrüldi. Giň wekilçilikli çäräniň jemleýji gününde mejlisiň jemleri boýunça birnäçe degişli resminamalara, şol sanda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekildi. Şonuň bilen birlikde-de, mejlisiň jemleri

Ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmagyň ýolunda

Aşgabat, 19-njy aprel (TDH). Şu gün Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp ýaşlaryň ylmy garaýyşlary” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Utgaşykly görnüşde guralan maslahata professor-mugallymlar, şeýle-de bu bilim ojagynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda geçirilen II Açyk halkara informatika olimpiadasyna (OIOIUS — 2024) gatnaşyjylar çagyryldy. Bu gezekki maslahat we onuň çäklerinde guralan sergi “Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynda” kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda geçirilýän möhüm çäreleriň birine öwrüldi.

Halkara giňişlikde

Arkalaşygyň çägindäki gatnaşyklary ilerledip Golaýda Minsk şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary S.Muhammetdurdyýew hem gatnaşdy. Çäkli düzümde geçirilen duşuşykda halkara gün tertibiniň wajyp meseleleri, Arkalaşygyň meýdançasyndaky özara gatnaşyklar barada pikir alşyldy, şeýle-de Geňeşiň indiki mejlisiniň geçiriljek senesi we ýeri kesgitlenildi.

Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy: netijeli hyzmatdaşlyk işjeň ilerledilýär

16-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (UN-Habitat) Ýerine ýetiriji direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Mihal Mlynary kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda ýurdumyzyň we UN-Habitat-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň derwaýys meseleleri boýunça düýpli pikir alyşmalar boldy. Nygtalyşy ýaly, ýurdumyz 2023-nji ýylda UN-Habitat-nyň Durnukly şäherleşme boýunça dostlar toparyna we Şäherleri ösdürmek boýunça täze maksatnamasyna goşuldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda UN-Habitat-nyň wekilhanasyny açmak meselesiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň häzirki wagtda dowam edýän 78-nji sessiýasynda ýurdumyz üçin ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, şu ugurdaky ilkinji ädim hökmünde hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny kesgitlemek, netijede, taslamalaýyn resminamany işläp düzmek üçin BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň hünärmenlerinden ybarat bolan toparyň Türkmenistana saparyny guramagy teklip etdi.

Türkmenistan — Pakistan: dostlukly gatnaşyklar pugtalandyrylýar

16-njy aprelde döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahsan Wagany kabul etdi. Ol hormatly Prezidentimize ynanç hatyny gowşurdy. Bellenilişi ýaly, özara hormat goýmaga, birek-birege düşünişmäge we ynanyşmaga esaslanýan türkmen-pakistan gatnaşyklary üstünlikli ösdürilip, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Munuň özi, ilkinji nobatda, iki ýurduň halklarynyň taryhyň dowamynda emele gelen medeni, ruhy umumylygy bilen şertlendirilendir. Şoňa görä-de, netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda ykdysadyýetiň esasy pudaklarynda, ilkinji nobatda, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda köpýyllyk hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça pikir alşyldy. Taraplaryň gyzyklanmasyny hem-de ägirt uly kuwwata eýe bolan iki ýurduň milli ykdysadyýetleriniň ösüşini nazara almak bilen, uzak geljegi nazarlaýan söwda-ykdysady gatnaşyklara aýratyn üns berildi. Şunda diplomat Pakistanyň türkmen döwletiniň alyp barýan oňyn daşary we içeri syýasatyny, döwlet Baştutanymyzyň yklymüsti energetika hem-de ulag geçelgelerini döretmek baradaky möhüm halkara başlangyçlaryny goldaýandygyny nygtady. Şol başlangyçlar dünýä bileleşiginiň goldaw bermeginde üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Ulag ulgamynda täze gözýetimler

Demir ýollaryň logistikasy içerki we daşarky bazarlaryň harytlarynyň päsgelçiliksiz hem-de howpsuz daşalmagyny üpjün etmek bilen, ykdysady ösüşde wajyp orny eýeleýär. Daşalýan ýükleriň mukdarynyň köpelmegi, degişli düzümleriň kämilleşdirilmegi, döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde demir ýol ulgamynyň ähmiýeti artýar. Türkmenistanda hem ulagyň ähli görnüşleri bilen bir hatarda, demir ýol düzümlerini kämilleşdirmäge möhüm ähmiýet berilýär. 15 — 19-njy aprel aralygynda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisinde hem bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Häzirki döwürde köp ýurtlarda ýükleriň ýarysyndan gowragy awtoulaglar arkaly daşalýan hem bolsa, ýol-ulag çykdajylarynyň we zyýanly zyňyndylaryň mukdarynyň pes bolmagy demir ýollaryň ornunyň barha pugtalanmagyny şertlendirýär. Bilermenler tarapyndan geçirilen seljermeleriň netijelerine laýyklykda, demir ýollary arkaly ýükleriň daşalyşynyň 2027-nji ýyla çenli yzygiderli ortaça 5,9 göterim artmagyna garaşylýar. Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar üçin demir ýol ulaglarynyň ähmiýeti has-da ar

MAHMAL DIPLOMATIÝA: gatnaşyklaryň täze sahypasy

«Sözüň alşyp gitse, her kim bilenem dost bolup bilersiň» diýilýär. Sözüň alşyp gitmegi üçin dünýägaraýşymyzyň, durmuş hakdaky aň-düşünjelerimiziň, geljege gönügen maksatlarymyzyň, etsem-goýsamlarymyzyň meňzeş bolmagy, birek-birek bilen sazlaşmagy gerek. Şonuň üçinem bir günüň ýa bir ýylyň däl, müňýyllyklaryň gerdişinden gözbaş alýan mizemez dostluk hakda söz açylanda türkmen-täjik dost-doganlyk gatnaşyklary dessine hakydaňa dolýar. Taryhyň belli-belli döwürlerinde türkmen-täjik dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has pajarlamagy üçin ummasyz uly işleri amala aşyran şahsyýetlerimiz bar. Bitirilen beýik işlere taryh şaýat. Täze eýýamyň taryhynda şeýle ähmiýetli wezipäni Gahryman Arkadagymyz hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz amala aşyrýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, şeýle hem hormatly Prezidentimiz türkmen-täjik dostana gatnaşyklaryna täzeçe röwüş we öwüşgin berýär.