Demir ýol ulagy pudagynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi

20 Aprel 2024
370

“Ýyldyz” myhmanhanasynda 15 — 19-njy aprelde paýtagtymyzda geçirilen Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (DÝHG) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisi öz işini tamamlady. Ozal habar berlişi ýaly, bu wekilçilikli foruma DÝHG-ä agza döwletleriň 20-den gowragynyň, şol sanda Türkmenistanyň demir ýol we beýleki degişli edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri gatnaşdylar.

Gün tertibine laýyklykda, mejlise gatnaşyjylar bäş günüň dowamynda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň ýük daşamak, ýolagçy gatnatmak, infrastruktura we demir ýoluň hereket düzümi boýunça toparlarynyň, guramanyň maliýe we hasaplaşyk, şeýle-de kodlaşdyrmak we informatika barada hemişelik iş toparlarynyň 2023-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijelerini, düzümiň iş meýilnamalaryny, beýleki meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar hem-de makulladylar.

Beýleki habarlar