MAHMAL DIPLOMATIÝA: gatnaşyklaryň täze sahypasy

19 Aprel 2024
657

«Sözüň alşyp gitse, her kim bilenem dost bolup bilersiň» diýilýär. Sözüň alşyp gitmegi üçin dünýägaraýşymyzyň, durmuş hakdaky aň-düşünjelerimiziň, geljege gönügen maksatlarymyzyň, etsem-goýsamlarymyzyň meňzeş bolmagy, birek-birek bilen sazlaşmagy gerek. Şonuň üçinem bir günüň ýa bir ýylyň däl, müňýyllyklaryň gerdişinden gözbaş alýan mizemez dostluk hakda söz açylanda türkmen-täjik dost-doganlyk gatnaşyklary dessine hakydaňa dolýar.

Taryhyň belli-belli döwürlerinde türkmen-täjik dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has pajarlamagy üçin ummasyz uly işleri amala aşyran şahsyýetlerimiz bar. Bitirilen beýik işlere taryh şaýat. Täze eýýamyň taryhynda şeýle ähmiýetli wezipäni Gahryman Arkadagymyz hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz amala aşyrýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, şeýle hem hormatly Prezidentimiz türkmen-täjik dostana gatnaşyklaryna täzeçe röwüş we öwüşgin berýär.

Rahmet Gylyjow,
«Dünýä edebiýaty» žurnalynyň baş redaktory.
Beýleki habarlar