Arkalaşygyň çägindäki gatnaşyklary ilerledip
Golaýda Minsk şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary S.Muhammetdurdyýew hem gatnaşdy. Çäkli düzümde geçirilen duşuşykda halkara gün tertibiniň wajyp meseleleri, Arkalaşygyň meýdançasyndaky özara gatnaşyklar barada pikir alşyldy, şeýle-de Geňeşiň indiki mejlisiniň geçiriljek senesi we ýeri kesgitlenildi.