Türkmenistan — Pakistan: dostlukly gatnaşyklar pugtalandyrylýar

19 Aprel 2024
345

16-njy aprelde döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahsan Wagany kabul etdi. Ol hormatly Prezidentimize ynanç hatyny gowşurdy.

Bellenilişi ýaly, özara hormat goýmaga, birek-birege düşünişmäge we ynanyşmaga esaslanýan türkmen-pakistan gatnaşyklary üstünlikli ösdürilip, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Munuň özi, ilkinji nobatda, iki ýurduň halklarynyň taryhyň dowamynda emele gelen medeni, ruhy umumylygy bilen şertlendirilendir. Şoňa görä-de, netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda ykdysadyýetiň esasy pudaklarynda, ilkinji nobatda, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda köpýyllyk hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça pikir alşyldy. Taraplaryň gyzyklanmasyny hem-de ägirt uly kuwwata eýe bolan iki ýurduň milli ykdysadyýetleriniň ösüşini nazara almak bilen, uzak geljegi nazarlaýan söwda-ykdysady gatnaşyklara aýratyn üns berildi. Şunda diplomat Pakistanyň türkmen döwletiniň alyp barýan oňyn daşary we içeri syýasatyny, döwlet Baştutanymyzyň yklymüsti energetika hem-de ulag geçelgelerini döretmek baradaky möhüm halkara başlangyçlaryny goldaýandygyny nygtady. Şol başlangyçlar dünýä bileleşiginiň goldaw bermeginde üstünlikli durmuşa geçirilýär.

«Nesil».
Beýleki habarlar