"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Sebit guramalary bilen giň hyzmatdaşlyk

11-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň, TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretarlaryny kabul etdi Türkmenistan – YHG: geljegi uly ugurlar boýunça pikir alyşmalar

Asylly ýörelge — dünýä görelde

Halkymyzyň tutuş taryhyň dowamynda eýerip gelen parahatçylyk söýüjilik, ylalaşyklyk hem-de ynsanperwerlik ýaly belent ýörelgeleri bu gün eziz Watanymyzyň dünýäde ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň binýadynda durýar. Asylly ýörelgelerimiziň Ýer ýüzünde gyzgyn goldawa eýe bolýandygyny 12-nji dekabryň bütin dünýäde «Halkara Bitaraplyk güni» hökmünde bellenilmegi hem tassyklaýar. 11-nji dekabrda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Maslahatlar merkezinde geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygynyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly maslahat hem bu hakykatyň tassyknamasyna öwrüldi. Baýramçylygyň öňüsyrasynda geçirilen halkara maslahata gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, milli parlamentiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şäher we welaýat häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik we konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylary ýygnandylar. Şeýle hem maslahata ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de BMG-niň we onuň düzümleriniň wekilhanalarynyň, beýleki ab

Hyzmatdaşlyk ýoly bilen

10-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, däp bolşy ýaly, Täze ýylyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik we konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de beýleki käbir ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine döwletimiziň alyp barýan daşary we içeri syýasaty bilen bagly käbir meseleler girizildi. Milli Liderimiz mejlisi açyp, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň uly baýramçylyklarymyzyň öň ýanynda günäsiniň geçilýändigini aýtdy. Beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri yzygiderli geçirip durýarys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Dostlukly gatnaşyklar pugtalandyrylýar

9-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkini kabul etdi. Myhman duşuşmaga wagt tapyp, kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň tutuş türkmen halkyna abadançylyk, gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Milli Liderimiz hoşniýetli sözleri üçin myhmana minnetdarlyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine mähirli sözlerini aýtdy we türkmen-rus gatnaşyklarynyň durnukly ösdürilýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň ýolbaşçysy gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ileri tutulýan ugurlary barada gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalaryň dowamynda özara hormat goýmak ýörelgelerinde ýola goýulýan hem-de strategik häsiýete eýe bolan netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçiligiň bardygyny kanagatlanma bilen nygtadylar. Bellenilişi ýaly, möhüm ugurlarda, şol sanda söwda-ykdysady ulgamda ýola goýlan ysnyşykly gatnaşyklar soňky wagtda ösüşiň oňat depgini bilen tapawutlanýar. Döwlet Baştutanymyz Russiýanyň ýurdumyzyň iri daşary söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Döwletara, hökümetara hem-de beýleki

Hyzmatdaşlyk ösdürilýär

9-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkini kabul etdi. Myhman duşuşmaga wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň aýdan mähirli sözlerini we tutuş türkmen halkyna abadançylyk, gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Igor Babuşkiniň belleýşi ýaly, Russiýada ýokary ykdysady görkezijileri gazanýan Türkmenistan bilen däp bolan dostluk gatnaşyklarynyň, köpýyllyk hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de berkidilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Gazçylaryň zähmet sowgady

Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň gaz senagaty milli ykdysadyýetimiziň öňdebaryjy we iri pudaklarynyň biri bolup, hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz tagallalary bilen depginli ösdürilýär. Bu pudakda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler eşret çeşmesi bolan tebigy gaz bilen üpjünçiliginde uly ähmiýete eýe bolýar. Ajap eýýamymyzda tebigy gazyň akymynyň artdyrylmagyna gönükdirilen giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Mawy ýangyja baý täze gaz ýataklarynyň üsti açylyp, olaryň senagat taýdan özleşdirilmeginde iňňän uly işler bitirilýär. “Marygazçykaryş” müdirliginiň zähmetsöýer gazçylaram çykarylýan gazyň ygtybarly akymyny üpjün etmekde yzygiderli aladalanýarlar. Müdirligiň gazçykaryjylary alynýan tebigy gazy gaýtadan işläp, onuň hiliniň ýokary talaba laýyklygyny gazanmakda döredijilikli zähmet çekýärler. Ýokary basyşly gazyň akymy bilen iş salyşmak hemişe örän jogapkärli wezipe bolup durýar. Beýle diýildigi mawy ýangyjyň ýokary basyşly akymy bilen iş salşylanda tehnologiki düzgün-nyzamyň, ýangyn howpsuzlygynyň we tehniki howpsuzlygyň kadalarynyň berk berjaý edilmelidigini aňladýar. Müdirligiň gazçylary Garagum çölüniň dürli künjeklerindäki gaz ýataklarynda tutanýerli zähmet çekip, tebigy gazyň akymynyň ýokarlanmagyna özleriniň salda

Halkara deňiz porty — logistikanyň «altyn halkasy»

Diýarymyzyň Türkmenbaşy şäheriniň içinde senagat şäherçesini emele getiren Halkara deňiz porty diňe bir ýurdumyz däl, eýsem, tutuş sebit üçin hem söwda, ykdysady, syýahatçylyk gatnaşyklarynyň täze ugurlaryna başlangyç beren döwrüň ägirt desgalarynyň biridir. Golaýda ýurdumyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen YHG-nyň 15-nji sammitinde hem hormatly Prezidentimiz Hazar sebitiniň we Ýewropanyň ýurtlaryna çykmak bilen Gara deňzi, Ýakyn Gündogar, Aziýa — Ýuwaş umman sebitleriniň arasynda üstaşyr ulag gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanda logistik we üpjünçilik ulgamlarynyň desgalaryny ulanmagyň meselelerini öwrenmegi teklip etdi. Şeýle hem milli Liderimiz biziň ýurdumyzyň YHG boýunça hyzmatdaşlaryň bähbitlerine Hazaryň kenar ýakasyndaky häzirki zaman portunyň kuwwatyny hödürlemäge taýýardygyny belledi. Munuň özi ýurdumyzyň we sebitiň ykdysady ösüşlerine bu wajyp desganyň näderejede itergi berjekdiginiň aýdyň subutnamasy bolmak bilen, Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan syýasatynyň diňe bir milli bähbitleri nazarda tutman, eýsem, sebit bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik ösüşleri nazarlaýandygynyň aýdyň mysaly bolup durýar. Şeýle-de munuň özi ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň, goňşy ýurtlar bilen ysnyşykly ga

Dost-doganlygyň mekany

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllyk baýramynyň dabaralaryna beslenýän günlerinde eziz Diýarymyzda ýaşaýan ildeşlerimiziň kalplary Watanymyzyň üstünliklerine bolan buýsançdan pürepürlenýär. Bibisenem HOJAHMEDOWA, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň mugallymy:

Dost göwni göwherdir

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda nygtaýşy ýaly, dostanalyk halkymyzyň asylly häsiýetleriň biridir. Dostlar dosty üçin mähribanlyk, hoşgylawlyk edip, birek-biregiň iň gowy häsiýetleriniň ösmegine mümkinçilik döredip bilýän adamlardyr. Gowy dost gül mysalydyr, onuň hoşroýlygy göwnüňi açar, hoşboý ysy bolsa kalbyňa ýakym çaýýar. Dost bardyr, ojak ýalydyr, ýüregindäki alawlap duran ody bilen köňlüňi ýyladar. Başga bir dost edil berdaşly çynar mysalydyr. Hiç bir güýç ony asla ýerinden sogrup bilmez. Gowy dost derdiňe tenekardyr. Dostlugy saklamak ony gazanmakdan kyndyr. Dostuna hyýanat edene, oňa aýyp ýöňkäne, äsgermezlik edene hiç haçan bil baglap bolmaz.

Halkara gatnaşyklary bilim ulgamynda

Dünýäde iň bir kuwwatly döwletleriň hatarynda özüniň has-da ýokary netijeli sepgitlerini äşgär edýän Türkmenistan döwletimiz bedew badyny gowşatman, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent şygary bilen ösüşleriň täze menzillerini nazarlaýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasaty ýurdumyzyň kuwwatly strategik ýoluny kesgitleýär. Hut şoňa görä-de, ýurdumyzyň içerki meselesini döwrüň täze belentlikleri bilen öňe alyp barýan döwlet Baştutanymyz döwletimiziň halkara derejesindäki abraýyny, onuň daşary syýasy işlerini halkymyzyň şygary astynda has-da belent sepgitli ýollara ilerletmek ugrunda giň gerimleýin işleri amala aşyrýar. Türkmenistan birnäçe abraýly halkara guramalarynyň agzasy bolmak bilen bir hatarda, ol guramalarda geçirilýän her bir maslahatdyr forumda ýokary netijeler bilen çykyş edýär. Ýurdumyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda dünýä taryhynyň täze döwrüne rowaçlyk çaýjak ösüş ýoluny ýazýar. Golaýda, has takygy, 28-nji noýabrda hem şeýle şöhratly dünýä taryhynyň wakasyna öwrülen forumlaryň biri bolup geçdi. Paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň döredijilik äheňine täze öwüşgin çaýýan işewürlik merkezi bolan «Garagum» otelinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji samm

YHG-da Türkmenistanyň başlyklygy: bilelikde geljegi gurmak üçin köpugurly tagallalar

1964-nji ýylda Pakistan, Eýran we Türkiýe döwletleri, Ösüş üçin sebitleýin hyzmatdaşlygy döretdiler. Munuň özi sebitleýin ykdysady birleşikleriň ýörgünli däldigi sebäpli, şol döwürlerde öňdengörüjilikli başlangyç boldy. Şol bir wagtda dünýäde ählumumy we sebitleýin garaýyşlaryň, olaryň umumy çözgütleriniň ýokdugyna garamazdan, Ösüş üçin sebitleýin hyzmatdaşlyk sebit derejesinde netijeli köptaraplaýyn çemeleşmelere çagyrdy hem-de merkezi utgaşdyryjy gurama hökmünde uly orun eýeledi. Umuman, bu düzümi döretmegiň maksady şol üç döwletiň taryhy taýdan ýakynlygyny we halklarynyň doganlyk gatnaşyklaryny anyk kesgitlenen köptaraplaýyn meýdança öwürmekden ybarat bolupdy. Ösüş üçin sebitleýin hyzmatdaşlyk 1979-njy ýyla çenli hereket edip, biraz wagtlyk arakesmeden soň, onuň işi 1985-nji ýylda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ady bilen gaýtadan dikeldildi. Soňra taryhy ösüşiň täze tapgyrynda Merkezi Aziýa döwletleriniň garaşsyzlygyny gazanmagy bilen, bu sebitiň ýurtlary we Owganystan hem guramanyň agzalygyna kabul edilip, 10 döwleti öz içine alan YHG-nyň düzümi has-da giňedi. Guramanyň söwda, aragatnaşyk, syýahatçylyk, energetika, medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlyk arkaly ykdysady ösüşi gazanmak bilen bagly umumy maksady öz garaşsyzlygyny saklamag

Durnukly ösüş we özara bähbitli hyzmatdaşlyk

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe baky Bitarap Watanymyz durnukly ösüş we özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk ýoly bilen öňe ilerleýär. Halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde ýurdumyzyň dünýä derejesinde energetika döwleti bolmagy bilen bagly mümkinçiliklerini üstünlikli durmuşa geçirmegiň uly geljegi bar. ýangyç-energiýa serişdelerine, esasan hem, tebigy gaza baý bolan Türkmenistanyň öz energiýa serişdelerini täze bazarlara çykarmagy ýurduň ykdysady kuwwatyny artdyrmagyň esasy çeşmeleriniň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, energiýa serişdelerini dürli ugurlar boýunça dünýä bazaryna çykarmak barada örän uly tagallalar edilýär. Bu işler ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin strategik ähmiýete eýedir. Türkmenistan garaşsyz bilermenleriň geçiren barlaglarynyň netijesi boýunça uglewodorod serişdeleriniň goruna dünýäde baý ýurtlaryň hatarynda ykrar edilýär. Ýurdumyzda gaz serişdeleriniň eksportynyň çäklerini tapgyrlaýyn giňeltmäge gönükdirilen energetika strategiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu işleriň geçirilmegi ýurdumyzyň tebigy baýlyklarynyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga, ýakyndaky we alysdaky döwletler bilen gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga, uglewodorod serişdelerini iberijiler we sarp edijiler üçin amatly şertleriň dö

Dost-doganlyk ýollary

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda häzirki zaman ulag-aragatnaşyk ulgamlarynyň döredilmegi hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Häzirki wagtda milli Liderimiziň baştutanlygynda kabul edilen we durmuşa geçirilýän iri möçberli hem-de uzakmöhletleýin milli maksatnamalaryň ulag pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, degişli düzümleri döwrebaplaşdyrmaga we ösdürmäge, ýokary derejeli işgärleri taýýarlamaga gönükdirilendigi munuň aýdyň subutnamasydyr. Ulagyň dürli görnüşleriniň kärhanalary üçin iň häzirki zaman tehnikalarydyr enjamlary yzygiderli satyn alynýar, awtomobil we demir ýollarynyň, beýleki düzümleýin desgalarynyň gurluşygy işjeň alnyp barylýar. Ulag ulgamynda netijeli köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek we giňeltmek hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Berkarar Watanymyzda demir ýollaryň, gara ýollardyr howa ýollaryň netijeli esasda ösdürilmegi hem-de olaryň halkara derejesindäki möhüm ýollara birikmegi we netijeli ulanylmagy babatda edilýän tagallalar bu ugurda aýratyn ähmiýete eýedir. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň bu babatdaky öňe sürýän dör

Asylly ýörelge — ýaşlara görelde

Ýurdumyzyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän hem-de ýokary okuw jaýlarynda okaýan gelin-gyzlaryň gatnaşmagynda geçirilýän wagyz-nesihat işleri her bir zenanyň kalbynda buýsanç duýgusyny döredýär. Bular dogrusynda TDEI-niň mugallymlarydyr talyp gyzlary özleriniň ýürek buýsançlaryny şeýle beýan edýärler. Türkmen zenany hakynda söz açylanda, arassa ahlakly, asylly, edep-ekramly, el işine ökde, zähmetsöýer, mähirli, açyk göwünli, ýüzleri nurana eneler we gelin-gyzlar göz öňüňde janlanýar. Şeýle zenanlar bolsa dünýämizi, ömrümizi bezeýär we olar ýaşlara nusgalyk görelde görkezýärler.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy

Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy­nyň ge­çen hep­de­dä­ki söw­da­la­ryn­da ge­le­şik­le­riň 20-si ha­sa­ba alyn­dy. Da­şa­ry ýurt wal­ýu­ta­sy­na Ow­ga­nys­tan­dan, Öz­be­gis­tan­dan we Gyr­gyz Res­pub­li­ka­syn­dan ge­len işe­wür­ler Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­myn­da ön­dü­ri­len su­wuk­lan­dy­ry­lan ga­zy we awia­ke­ro­si­ni sa­tyn al­dy­lar. Şeý­le-de «Türk­men­ha­ly» döw­let bir­le­şi­gi­niň kär­ha­na­la­ryn­da ön­dü­ri­len ha­ly­lar sa­tyl­dy.

Geljegi uly hyzmatdaşlyk

«Ama­zon» kom­pa­ni­ýa­sy Abu Da­bi ma­ýa go­ýum bö­lü­mi (ADIO) bi­len hyz­mat­daş­lyk edip, kom­pa­ni­ýa­nyň ug­le­ro­dy­ny azalt­mak stra­te­gi­ýa­sy­na la­ýyk­lyk­da, 2024-nji ýy­la çen­li sar­gyt ýe­ri­ne ýe­ti­riş mer­ke­zi­ni dö­re­der. Tä­ze ýe­ri­ne ýe­ti­riş mer­ke­zi­niň 2024-nji ýy­la çen­li «Ama­zon»-yň we ADIO-nyň ara­syn­da­ky gel­je­gi uly hyz­mat­daş­ly­gyň bir bö­le­gi bol­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Bu hyz­mat­daş­lyk ýa­kyn ýyl­lar­da beý­le­ki kom­pa­ni­ýa­lar bi­len iş alyp bar­ma­ga hem müm­kin­çi­lik dö­re­der.

Hyzmatdaşlygyň gerimi giňeldilýär

Golaýda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan üstümizdäki ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine we özara hyzmatdaşlykda öňde durýan wezipelere bagyşlanan brifing geçirildi. Oňa Ýewropa Bileleşigine agza döwletleriň ýurdumyzda hereket edýän ilçihanalarynyň wekilleri, guramanyň ikitaraplaýyn we sebitleýin taslamalarynyň işgärleri, ýerli metbugat hem-de internet neşirleriniň, Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy. Brifingiň dowamynda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Diego Ruiz Alonso hem-de wekilhananyň birinji geňeşçisi Renata Wrubel çykyş edip, bu gurama bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, bilelikdäki taslamalary, şol sanda ÝB-niň Merkezi Aziýa üçin strategiýasyny durmuşa geçirmegiň möhüm meseleleri barada giňişleýin durup geçdiler. Renata Wrubel 2027-nji ýyla çenli döwür üçin hyzmatdaşlygyň täze maksatnamasyna seljerme berip, golaýda Türkmenistanyň Hökümeti, halkara maliýe düzümleri, raýat jemgyýetçiliginiň hem-de işewür toparlaryň wekilleri bilen degişli maksatnama boýunça geňeşmeleri geçirendikleri barada aýtdy.

Türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar

2-nji dekabrda Energetika ministrliginiň binasynda sanly ulgam arkaly Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň nobatdaky bäşinji mejlisi geçirildi. Toparyň işine iki dostlukly ýurduň esasy ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we işewür toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň gün tertibine bar bolan döwletara ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine hem-de Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna degişli meseleleriň giň toplumy girizildi. Şu ýylyň iýun aýynda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň Türkmenistana bolan resmi saparynyň köptaraply gatnaşyklara täze itergi berendigi aýdyldy. Taraplar gepleşikleriň çäklerinde senagat, ulag ulgamlarynda, oba hojalygynda, ýangyç-energetika toplumynda we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga özara gyzyklanmalaryny beýan etdiler. Hususan-da, ýurtlarymyzy Hazar deňzine çykalga bilen baglanyşdyrmaga gönükdirilen ulag geçelgesi boýunça bilelikdäki işleri alyp barmak barada teklipler aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy gyrgyz hyzmatdaşlara Gündogar — Günbatar — Gündogar ugry boýunça ýükleri daşamakda Türkmenbaşynyň Halkara deň

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy: ýagty geljege bilelikde (Ýaş žurnalistiň sözi)

Gündogarda «Goldaşan gol ýük göterer» diýen aýtgy meşhur. Danalyk bilen çuňňur oýlanyşykly aýdylan söz. Häzirki zamanda — XXI asyrda goldaşmak, arkalaşmak we jebisleşmek, tagallalary birleşdirmek adamzady pikirlendirýän meseleleri çözmegiň möhüm talaby dälmi, eýsem?! Ýadyňyzda bolsa, bu barada hormatly Prezidentimiz şu ýylyň awgust aýynda Awazada geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda: «Biziň bilelikde çözüp bilmejek meselämiz ýokdur» diýip nygtapdy. Milli Liderimiz şeýle garaýşy indi başga meýdançada — 28-nji noýabrda Aşgabatda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitinde: «Soňky iki ýyl hemmeler üçin uly synag döwri boldy. Ol ýa-da beýleki döwletiň ýekelikde, özbaşdak pandemiýa garşy göreşde diňe wagtlaýyn üstünlik gazanyp biljekdigi örän çalt we aýdyň ýüze çykdy» diýmek bilen, özara tagallalary birleşdirmegiň zerurdygyny delillendirip beýan etdi. Munuň özi «Geljege bilelikde» şygary bilen geçirilen sammitiň çäklerinde ählumumylaşan meseleleriň dürli ugurlary boýunça öňe sürlen teklipleriň we gazanylan ylalaşyklaryň gurama agza döwletleriň çäklerinden-de giň çygyrlara ýaýrap, sebit möçberinden hem çykmak bilen, dünýä jemgyýetçiliginiň ösüş bähbitlerine sepleşýändigini hemmel

Dostlukly hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar

Öňňin Energetika ministrliginiň binasynda sanly ulgam arkaly Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň nobatdaky bäşinji mejlisi geçirildi. Toparyň işine iki dostlukly ýurduň esasy ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we işewür toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň gün tertibine bar bolan döwletara ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine hem-de Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna degişli meseleleriň giň toplumy girizildi.