Türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar

3 Dekabr 2021
1227

2-nji dekabrda Energetika ministrliginiň binasynda sanly ulgam arkaly Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň nobatdaky bäşinji mejlisi geçirildi. Toparyň işine iki dostlukly ýurduň esasy ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we işewür toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň gün tertibine bar bolan döwletara ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine hem-de Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna degişli meseleleriň giň toplumy girizildi. Şu ýylyň iýun aýynda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň Türkmenistana bolan resmi saparynyň köptaraply gatnaşyklara täze itergi berendigi aýdyldy. Taraplar gepleşikleriň çäklerinde senagat, ulag ulgamlarynda, oba hojalygynda, ýangyç-energetika toplumynda we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga özara gyzyklanmalaryny beýan etdiler. Hususan-da, ýurtlarymyzy Hazar deňzine çykalga bilen baglanyşdyrmaga gönükdirilen ulag geçelgesi boýunça bilelikdäki işleri alyp barmak barada teklipler aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy gyrgyz hyzmatdaşlara Gündogar — Günbatar — Gündogar ugry boýunça ýükleri daşamakda Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň kuwwatlyklaryny ulanmagyň mümkinçiligine garamagy teklip etdi. Duşuşygyň barşynda sport we syýahatçylyk, ýaşlar syýasaty uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Şeýle hem iki döwletiň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň işiniň netijeleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.

"Nesil".
Beýleki habarlar